09:37 Ýylgyryş / hekaýa | |
ÝYLGYRYŞ
Hekaýalar
Halaýyk irden sagat bäşde, horazlar heniz ala-zenzele turzup ýetişmänkä, uly meýdançada hatara düzüldi. Daş-töwerek, ýykan-ýumran bolan binalaryň aralaryna deňiç ähli ýeri buluda çalymdaş goýy ümür büredi, emma sagat ýedä golaýlaberende töwerek-daş ýagtyldy, howanyň ýüzi açyldy, duman syryldy. Bu gün baýramçylyk, üstesine-de dynç güni bolansoň, adamlar entegem ikiläp-üçläp nobata goşulýardy. Oglanjyk özara gygyryşyp gepleşýän iki kişiniň yzynda nobat belledi. Olaryň göçgünli sesi arassa, aňzakly howada has batly ýaňlanýan ýalydy. Oglanjyk duran ýerinde gezekli-gezegine aýagyny tarpyldadyp, sowukdan ýaňa gyzaran ellerini üfläp-üfläp ýyladaýjak bolýardy, birem gapdalyndaky, sallam-sajak eşikli adamlara, bir-de öňdäki uzyn hatarda gysmyljyraşyp duranlara nazar aýlaýardy. — Eşidýäňmi, jijim, ir bilen sen bärde näme işleýäň? — diýip, yzdakylaryň biri oglanjygyň üstüne azgyryldy. Olam: — Bu meň ýerim, nobat belledim, — diýip, dogumly jogap berdi. — Bar, göterilsen-aýt bärden, özüňden ululara ýol ber-dä. — Ýigide azar berm-eý! — diýip, öňde duran pyýadalaryň biri ara goşuldy. — Näme, oýun etmegem bolanokmy? — diýip, jabjynan kişi indi oglanjygyň başyny sypan boldy, ýöne çaga onuň elini gahar bilen kakyp goýberdi. — Geň galýan-da, çaga diýeniň bular ýaly wagt öýünde ýatmazmy? — Bu gerçek sungata düşünýändir, — diýip, oglanjygyň arkasyny alan pyýada ýylgyrdy. Onuň familiýasy Grigsbi. — Adyň näme, körpe? — Tom. — Tomumyz göni ýüzüne tüýkürmäge ökde ýigitlerdendir, şeýle gerek, Tom? — Dagy näme! Setirlenişip duranlaryň arasynda gülki sesleri ýaňlandy. Beýleräkde bir adam moý atan bulgurlara gyzgyn kofe guýup satýardy. Tom şol tarapa ser saldy. Ol ýerde ot ýakylgydy, oduň üstünde-de poslap giden, içi lakyrdap duran suwly piti bardy. Ýok, ondaky hakyky kofe däl. Ony şäheriň etegindäki baýyrlyklardan ýygnalan haýsydyr bir miwelerden taýýarlap, ýylanasy gelýän adamlara her bulgurjygyny bir penniden satýardylar, ýöne, dogrusy, ony satyn alyp barýanam ýokdy, hiç kimden kör-köpük tapyljak däldi. Tom has öňe, birçak berbat bolan jaýdan galan uly daş diwara, harabalyga, nobatyň gutarýan ýerine göz aýlap, ahyryn dil ýardy: — Ol aýal ýylgyrýarmyş diýýärler. — Elbetde, ýylgyrýar, — diýip, Grigsbi jogap berdi. — Özem boýag bilen kendir matadan ýasalanmyş. — Dogry, şoň üçin men-ä onuň asyl nusgasydygyna ynanamok. Hakykysy, eşidişime görä, gadym zamanda tagtanyň ýüzüne çekilen bolmaly. — Aýdyşlaryna görä, oňa dört ýüz ýyl dagy bolanmyş. — Ondanam köpdir. Beý diýjek bolsaň, bu wagtam takmynan näçinji ýyldygyny hiç kim anyk aýdyp bilenok ahyryn. — Iki müň altmyş birinji! — Şeý diýäýýärler, jigim, diýýärler. Jypdyrýarlar! Mümkin, üç müňünjidir? Mümkin, bäş müňünji ýyldyr? Sen nä bilýäň? Bulam-bujarlygyň özi näçe ýyl dowam etdi… Şonda-da alan galamyz bolmady. Olar aýaklaryny tapbyldadyp, daş düşelen sowuk köçede haýaljykdan öňe süýşüp barýardylar. — Bahymrak görübiläýsek… — diýende, Tomuň sesi gamly çykdy. — Ýene birnäçe minutdan uzaga çekmez. Onuň daşyna diwar aýlapdyrlar, özünem mahmal ýüplerde asypdyrlar, hemme zat taýýar, hiç kim golaýyna barmaly däl. Ýadyňda sakla, Tom, daş zyňaýmagyn, olar muny gadagan edendirler. — Bolýar, jenap. Gün has ýokary galyp, ýylysyny paýlap başlady, erkek kişiler üstki hapa kendir eşikleri bilen kirli papaklaryny çykaryndylar. Tom biraz oýa batyp: — Düşünemok, biz bäri näme üçin ýygnanyşdyk? — diýip sorady. — Näme üçin biz oňa tüýkürmelikäk? Grigsbi oňa tarap bakmady, ol Güne garap, wagty anyklajak bolýardy. — Eý, Tom, onuň sebäbi kän. Ol aljyrap, bir wagtky endigine görä elini jübsüne uzatdy, ýöne sowa geçdi, sebäbi ne-hä eşigindäki jübsi, ne-de ondaky çilimi bardy. Tom bu hereketi öň hem müň ýola görüpdi. — Bary ýigrenç sebäpli — diýip, Grigsbi sözüni dowam etdi. — Geçmiş bilen baglanyşykly zatlaryň ählisine bolan ýigrenç sebäpli. Sen maňa aýt, biz şu günümize nädip düşdük, hä? Şäherler — haraba, ýollar bomba yzlaryndan ýaňa oýuk-oýuk, byçgynyň dişleri ýaly, meýdanlar gijelerine ýalpyldaýar — radioaktiwli… Tom, bu barypýatan naýynsaplyk dälmi, eýse? — Hawa, jenap, siz mamla. — Näsin aýdýaň… Adam ömrüni kül eden, janyny ýakan zatlary ýigrenýär. Ynsan tebigaty şeýle. Akmaklykdyram welin, adamyň ýasawy şeýle-dä. — Biziň ýigrenmeýän adamymyz ýa zadymyz barmyka beri? — diýip, Tom uludan dem aldy. — Ine, ine! Munyň gaty rast gürrüň. Barysam geçmişde döwran süren bir süri tentek zerarly! Indi bolsa şu ýerde daňdandan bäri irikgä bolup durus, ýüz-gözümizi, içimizi sowuga aldyrdyp, dişimizi şakyrdadyp — tüýs ilkidurmuş adamlaryň bar-da. Çilim çekibem bolanok, içibem, hiç hili hezillik ýok, şu zeýilli baýramçylykdan başga. Tom! Bu biziň bayramymyzdyr… Tom soňky ýyllarda gatnaşan ähli baýramçylyk çärelerini birin-birin aňynda aýlady. Meýdançada kitaplary ýyrtyp ýakyşlaryny, her kimiň serhoş ýaly hahahaýlaşyp gülşüni ýatlady. Bir aý öň bolan ylym baýramy! Ol gün şähere iň soňky ulagy getiripdiler, soňam bije atyşdylar. Ýeňenler maşyny bir gezek ýekedaban bilen urmak hukugyny gazanýar. — «Ýadyňa düşýärmi?» diýip soraýaň, Tom. Dagy näme! Men onuň öň aýnasyny kül-owram etdim ahyryn, öňki aýnasyny! Hudaý jan-eý, sesi bir zada degýär-ä! Gümp! Pagyş-ş-ş!!! Tom çyndanam aýnanyň döwlüp, bölejikleriniň ýylp-ýylp edip, pytrap gaçyşyny eşiden ýaly boldy. — Bill Hendersona bolsa motoryny döwmek miýesser etdi — diýip, Grigsbi ýatlamalara berildi. — Zaňňar, gaty ökde eken-aýt! Güt-güt!.. Hasamm täzeden uçar çykarmaga girişen zawody ýumranymyzda hezil bolupdy-laý. Baý, içimizi sowatdyg-a! Soňam çaphananyň hem ok-däri ammarynyň üstünden bardyk, ikisinem bile partlatdyk. Göz öňune getir, Tom! Tom göz öňüne getirdi. — Bäý-bä! Günorta çagy. Derbi-dagyn bolan şäheriň çaň-tozany gyzgyn howany zäherleýärdi, harabalykda birhili howsala höküm sürýärdi. — Ýöne, biz ony ömürlik ýitireris ahyry — diýip, Tom pikirini daşyna çykardy. — Nämäni, siwilizasiýanymy? Kime gerek-aýt ol? Maňa-ha gerek däl! Saňa gerekmi şo? — Men-ä garşy bolmazdym, — diýip, öň hatardakylaryň biri seslendi, — onuňam ýakymly taraplary bardy… — Biderek samahyllamak nämä gerek? — diýip, Grigsbi gygyrdy. — Bary biderek! — Sabyr ediň, adamlar! — diýip, hatardan ýene bir kişi gürrüňe goşuldy. — Aramyzda ýene-de akylly-başly bir adam peýda bolar, bar zady düzeder. Şu sözümi ýatlarsyňyz. Päk ýürekli adam çykar bir ýerden. Grigsbi: — Çykmanjyk geçäýse nädersiň — diýip, başyny ýaýkady. — Hökman çykar. Gözelligi duýup bilýän ynsan tapylar ahbetin. Ol bize köne siwilizasiýany gaýdyp bermez, ýok, ol täze, öz çäkleri bolan siwilizasiýa döreder, şonda biz bir çukura tüýkürip ýaşarys, asudalyk bolar. — Onsoň göz açyp-ýumasy salymda ýene-de uruş başlanar. — Näme üçin? Belki, bu gezek başgaça bolar. Ahyry bular hem uly meýdança gadam basdylar. Edil şol wagt şähere çapar gelip ýetdi, onuň elinde kagyz bardy… Daşyna germew aýlanan ýer giň meýdançanyň merkezindedi. Tom, Grigsbi hem beýlekiler owurtlaryny tüýkülikden dolduryp, öňe omzaşyp barýardylar. Olar taýýardy, möwç alýan hyruçdan ýaňa göreçleriniň owasy giňäp gidipdi. Tomuň ýüregi gürs-gürs edýärdi, ýer onuň ýalaňaç aýaklaryny bişirip barýardy. — Hany, Tom, häzir gezegimiz ýetýär, ahmal galaýma! Meýdançanyň dört tarapynda hem polisiýa işgärleri durdy, olaryň goşarlaryna sary bagjyk daňylgydy — bu olaryň köpçüligiň üstünden agalyk sürýändiginiň alamaty. Olar daş zyňylmazlygyna gözegçilik etmelidi. — Bular her kim bir gezekden artyk tüýkürmezi ýaly esewan edýär, — diýip, Grigsbi oglanjyga düşündürdi. — Eşidýäňmi, Tom? Ýeri, bol hany! Tom surata seredip, doňup galdy. — Tüýkür-dä! Oglanjygyň bogazy gurady. — Bol, Tom! Bahymrak! — Ýöne… — diýip, Tom zordankynlyk bilen dillendi, — …Ol owadan ahyryn! — Bolýar-da, seň ýeriňe özüm tüýküräýerin! Grigsbiniň gakylygy Günüň altyn şöhlesine ýalpyldap gitdi. Suratdaky zenan syrly hem gamgyn ýylgyrýardy. Oňa gözi düşen badyna Tomuň ýüregi böküp başlady, gulagynda ajaýyp saz ýaňlanyp ugrady. Oglanjyk ýerinden butnap bilmän: — Ol owadan-a… şeýlebir owadan… — diýip, gaýtalady durdy. — Ýöre, ýogsa polisiýa… — Adamlar! Nobatdakylar tapba sesini kesdi. Ýap-ýaňyja olar Toma: «Agzyny öweldip, aňkaryp dur» diýşip sögünýärdiler, indi bolsa ählisiniň gözi-gulagy ýaňky çaparda. — Onuň ady näme? — diýip, Tom dymyk sesi bilen sorady. — Suratyňmy? «Mona Liza» öýdýän… Hawa, «Mona Liza». — Bildirişi diňläň! Üns beriň! — diýip, çapar elindäki kagyzy bulaýlady. — Hökümet täze karar çykardy. Bu gün günortan meýdançadaky duran portret ýok etmek üçin ýerli ilatyň eline berilýär… Tom gözünem gyrpyp ýetişmänkä mähelle ony uly gopgun turzup, idirdikledip surata tarap äkitdi. Kendiriň ýyrtylyşynyň ýiti sesi… Polisiýa işgärleri ýazzyny berdiler. Köpçülik güňleýärdi, dumly-duşdan zomaýan eller suraty, göýä aç guş kimin çokalajak bolýardy. Tom özüniň çarçuwanyň içinden zyňlyp goýberilenini bildi. Beýlekileriň hereketini görüp, ol hem elini uzatdy, ýalpyldap duran surata ýapyşyp, eline ilen ýerini bölüp aldy-da, büdräp ýykyldy, märeke ýolmalaşygyň içinden ony pyzyp çykardy. Ýüzi-gözi sypjyrylan, sal-sal eşikdäki Tom garry aýallaryň kendiriň parçalaryny çeýneýşini, adamlaryň çarçuwany döwüşini, suraty depeläp, ony kiçijik bölejiklere bölüp, ýyrym-ýyrym edilişini synlady. Tomuň ýeke özi bir çetde bu bulam-bujarlyga goşulman durdy. Ol eline seretdi. Ýyrtyp alan surat bölejigini görüp, dessine ony gursagyna gysdy. Gizledi. Grigsbi: — Eý, Tom, sen näme işleýäň! — diýip gygyrdy. Tom sesini çykarman, gözlerinden ýaş akdyryp, hyrra yzyna öwrüldi-de ylgap gitdi. Şäherden çykyp, kä çöküp, kä beýgelip gidýän ýoluň ugry bilen, baýyrlardan, ýalpak derýajyklardan aşyp, säginmän, yzyna garaman ylgady, düwülgi ýumrugy bolsa keltekçesiniň kisesindedi. Iňrik garalanynda, Tom bir kiçeňräk oba ýetdi, emma bu ýerde-de saklanman, badyna ylgap geçdi. Sagat dokuzda ol ýykan-ýumran bolan ferma bardy. Bu harabanyň ýeňsesinde, bassyrmanyň aşagynda ony maşgalasynyň — ejesiniň, kakasynyň, agasynyň ýatandygyny mälim edýän ses garşylady. Tom ýuwaşlyk bilen darajyk gapydan içeri ätledi-de, haş-haş edip özüni düşege oklady. — Tom? — diýip, garaňkydan ejesiniň ünjüli sesi ýaňlandy. — Näme, eje? — Nirelerde kaňkap ýörsüň? — diýip, kakasy iňirdedi. — Ýatyber bakaly, irden temmiňi alarsyň… Tüm garaňkylykda biri Tomy depip goýberdi. Bu onuň bütin gün ekinde ýeke özi işlemeli bolan agasy. — Ýat! — diýip, ejesi ýuwaşlyk bilen käýedi. Agasy ýene bir gezek aýagyny aýlady. Tom demini dürsedi. Daş-töwerek ýene ümsümlik. Elini döşüne berk gysyp, ýarym sagatlap gözüni mäkäm ýümüp ýatdy. Soňra ol bedenine täsin, sowuk, ak ýagtylygyň galtaşýanyny duýdy. Gök ýüzünden Aý ýüzüp barýardy, kiçijik dörtburç şöhle Tomuň endamyndan gyrmyldap geçdi. Indi ol biraz elini gowşatdy. Ýatanlaryň sesine diňşirgenip, seresaplyk bilen elini galdyrdy. Soňra säginip, agyr-agyr dem aldy, ýumrujagyny açdy-da, ondaky reňklenen kendir matanyň ýygyrtlaryny ýazdy. Dünýä Aýyň yşygynda ymyzganypdy. Tomuň eliniň aýasynda Ýylgyryş bardy. Oglanjyk oňa ýarygijäniň ak yşygynda seredip ýatyrdy. Özi bolsa içinden zol-zol: «Owadan, gözel ýylgyryş…» diýip gaýtalaýardy. Bu ýylgyryş bir sagatdan, surat bölejigini ýuwaşlyk bilen epläp, gizläp goýanyndan soň hem Tomuň hakydasyndan gitmedi. Ol gabaklaryny ýumanynda-da, tümlükde göz öňünde ýene-de şol Ýylgyryş peýda boldy. Mähirli, mylaýym, gözel Ýylgyryş! Ol oglanjyk uka batansoňam ýitip gitmedi, dünýä bolsa ümsümlige duwlandy. Aý bolsa ilki ýokary galyp, soňra aşaklygyna inip, täze säheri garşylamak üçin ümmülmez sowuk asmany gulaçlap barýardy. Reý BREDBERI. Terjime eden: Maksat BÄŞIMOW. | |
|
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||