20:47 Resuly-Ekremiñ gubrunyñ müjewürleri: "Agalar" | |
RESULY-EKREMIÑ GUBRUNYÑ MÜJEWÜRLERI: "AGALAR"... KYSSALARY BIR DÜÝŞ BILEN BAŞLAP, BIR FETWA BILEN SOÑLANDY
Taryhy makalalar
Hebeşistandan, Türkiýeden, Buharadan geldiler. Olaryñ kyssasy şindizem eşdenleri haýrana goýýar. Harameýni-Şerifeýn agalarynyñ 800 ýyldan gowrak wagt öñ 1161-nji ýylda (hijri 557) musulman hökümdaryñ düýşi bilen başlanan kyssasy 1979-njy ýylda bir yslam alymy tarapyndan soñlandyryldy we şeýlelikde Harameýni-Şerifeýne ýüzlerçe ýyllap hyzmat eden jemgyýetiñ sözleridir süýji ýatlamalaryndan doly sahypa düýrülip zyñyldy. Mekge-Medinede "harem agalary" diýip bir zat eşitseñiz, olar Mesjidi-Haramyñ we Mesjidi-Nebewiniñ hyzmatyny edýän hem-de "hadym edilen" (biçilen) kişilerden ybarat bir jemgyýetiñ gürrüñi gidýär. Bulary egin-eşiklerinden we edýän işlerinden tanap bolýar we togap edilýän ýeriñ howlusynda ýa-da mesjidiñ käbir sütüniniñ ýanynda durarlardy. Beýleki bir bölegi-de Pygamberimiziñ (s.a.w) ýaşan otagyny arassalaýar, ak eşik we saryk geýip, aýratyn manysy bolan guşak dakynyp, jumga hutbasyny okamak üçin münbere ýönelen ymama ýoldaşlyk edýär. Käbirleri olary "et-tawaşiýe", ýagny, "hadym" diýip atlandyrardy. Häzir gözden ýitdiler. Kyssalary-da 45 ýyl öñ kem-kemden soñlanmaga başlady. • Pygamberimiziñ göwresini ogurlamaga edilen synanyşyk Taryhy çeşmelere we Ümmül-Kura uniwersitetinde akademik Seher Dadanyñ, "Halijiýe" telekanalynda kärdeşi Abdylla el-Müdeýfer bilen harem agalarynyñ taryhy hakda aýdanlaryna görä, "harem agalary" pikiri 1174-nji ýylda aradan çykan Soltan Nureddin Zeññiniñ döwründe Hezreti Muhammediñ mübärek bedenini ogurlamaga edilen synanşykdqn soñ orta atyldy. Rowaýata görä Nureddin Türkmen düýşünde Pygamberimizi (s.a.w) görýär, Ol soltana iki sany saryýagyz çypar adamy görkezip, "Meni şu iki adamdan halas et" diýipdir. Ol bir gijäniñ dowamynda şol bir düýşi üç gezek görýär. Mundan soñ ukusyndan açylyp, kazylary çagyrýar. Kazylar oña Medine-Münewwere gitmegi maslahat berýär. Ol gidende medineliler üçin dürli-dümen sowgatlary alyp barypdyr, adamlary üýşüripdir, olara getiren sowgatlaryny paýlapdyr, emma düýşünde gören iki adama gözi düşmändir. "Sadaka alman galan barmy?" diýip soranda, "ýok" diýdiler. Olara gowja pikirlenmegi aýdanda, adamlar Andalus (Ispaniýa) halkyndan bolup, Medinä velen we pygamberimiziñ (s.a.w) gubruna goñşy barjamly we dindar iki adamyñ bardygyny aýtdylar. Zeññi ol ikisiniñ getirilmegini buýurdy. Olary gören badyna düýşündäki adamlardygyny bildi. Olara nirden gelendiklerini soranda "Magryp ýurdundan gelen hajylar" diýip jogap berdiler. Ol myhmanlaryñ bolýan ýerine gidip barlap görende, puldan we kitapdan başga zat tapmady. Emma palasy galdyranda pygamberiñ ýatan ýerine tarap gazylyp başlan köwegiñ üstünden bardy. Ol iki adam pygamberimiiziñ (s.a.w) mübärek göwresini ogurlamak maksady bilen haçparazlar tarapyndan (haçly ýörişler wagtynda) ugradylypdy. Nureddin Zeññi hiç kim Pygamberiñ (s.a.w) gubruna el ýetirmäge het edip bilmesin diýip, mübärek guburyñ daş-töweregine çukur gazdyryp, galyñ gurşun diwaryny guýmagy buýurdy. Ýanyndakylar oña guburyñ başyna müjewür goýmagy teklip edende, ol "Menden öñ hiç kimiñ etmedik zadyny nädip edeýin?" diýdi. Ýöne ol soñ Mesjidi-Nebewä müjewür we hyzmatçy edip 12 sany hadym ugratdy. Soñ-soñlar bu däbe öwrüldi we çalşyp duran hökümdarlar bu däbi dowam etdirdi. • Düzgünleşdiren Selahaddin Dadanyñ habar bermegine görä, Selahaddin Eýýuby döwründe Mesjidi-Nebewidäki agalaryñ wezipesi düzgünleşdirilip, aýlyk hak-heşdek bellenenden soñ sany 24-e ýetirildi. 1176-njy ýylda Medine-Münewwerdäki agalaryñ sany 120-den kemeldildi. Häzir olaryñ bary-ýogy alty sanysy bar, bularyñ üçüsi Medine-Münewwerde, beýleki üçüsi-de Mekge-Mükerremde. Hemmesi togsan ýaşdan geçen we indi hiç iş edenoklar. Dadanyñ habar bermegine görä, ilkibaşlarda Kurany-Kerimi ýat tutmak we birkemsiz ybadat etmek ýaly şertler bolupdyr. Emma soñabaka bular şeýle bir azaldy welin, osmanly döwründe jahylyýet bilimden rüstem geldi we şertler agalaryñ çalşygy, gije nobatçylyga durmak ýaly ýönekeý düzgünlerden ybarat boldy. Dada aga kultunyñ ilki soltanlaryñ köşgünde aýallara ýoldaşlyk etmek üçin ýola goýlandygyny, has soñra hyzmat etmek üçin Haremeýn-Şerifeýne geçendigini aýdýar. • Biçilendigine anyk göz ýetirilmegi Saud dinastiýasy döwründe agalar döwleti esaslandyryjy patyşa Abdyleziziñ ünsüne düşdi. Patyşa agalar gullugyny öñküligine galdyrmak üçin perman çykardy. Has soñra hijri 1335-nji ýylda Şura Mejlisi 42 maddalyk "Haremeýn agalary hakyndaky düzgünnamasyny tassyklady we bu düzgünnama agalaryñ ähli içerki işlerinde gollanma öwrüldi. Agalar jemgyýetine degişli ähli jikme-jiklikleriñ yzyny yzarlaýan kitap ýazan Dada agalaryñ saudlar ýaly aýratyn sylag-hormata eýedigini aýdýar. Agalaryñ şeýhi we iki şaýat tarapyndan biçilendigine anyk göz ýetirilenden soñ olara raýatlyk berilýär we agalar gullugyna kabul edýän resminamalar Haj we umra ministrligine ugradylýar. 1979-njy ýyldan (hijri 1399-njy ýyl) bäri Haremeýne aga bellenmedi. Galyberse-de, şol ýeriñ müftüsi Şeýh Abdyleziz bin Bazyñ gulagyna Hebeşisran ýaly yslam ýurtlaryndaky halkyñ çagalaryny Haremeýne aldyrmak üçin hadym etdirýändigi (biçdirýändigi) barada habarlar eşidildi. Onuñ fetwasyna görä, beýtmegiñ özi adam mertebesini kemsidýän hereketdigi üçin yslamda ýok zatdy. Şonuñ üçin ol patyşa Fahd bin Abdylezize telegramma ugradyp, şeýle zadyñ ýatyrylmagyny we täze agalaryñ gelmegini togtatmagy talap etdi. Agalara pygamberiñ otagy bilen münberiñ açary tabşyrylýar. Käbäniñ açaryna bolsa Käbäniñ garawullary jogapkär. Bu garawullara arassaçylyk, düzgün-tertip, tüsseletme we beýleki işlerden ybarat kyrka yolaý ýumuş tabşyrylardy. • Hemme milletden bar Saud dinastiýasy döwründe olaryñ wezipe borjy patyşany we onuñ ýanyndaky topar bilen daşary ýurtly resmi delegasiýalary Mesjidi-Nebewidäki Babüssalamda garşylamak we olary Rawzaýy-Şerife äkitmek, Mesjidi-Haramda patyşa Abdyleziz gapysyndan togap edilýän ýere çenli olara ýoldaşlyk etmek we zemzem suwuny içirmekden ybarat ýagdaýa geldi. Nepaga çykylýança-da şeýle dowam edýär. Ýogsam bolmasa, şumatky arassaçylyk işleri boýunça firmalaryñ Harameýnde edýän işleriniñ köpüsini şolar edýärdi. Hebeşistan (Efiopiýa), Sudan, Buhara (Özbegistan), Malaýziýa ýaly dürli ýurtlardan we milletlerden bolsalaram, aýratyn hormata eýediler Häkim bilen bile oturşyp-turuşýardylar, Haremeýn-Şerifeýne hyzmat edýändikleri üçin hajylar olaryñ elini öpýär, saud patyşalary bilen görüşmekleri ücin olaryñ adyna resmi saparlar gurnalýardy. Hadym bolmak bir hatarda birnäçesi geçen asyrlarda dul galan ýa-da aýrylyşan aýallara öýlenip, ol aýallaryñ çagalaryny ekläp-saklap ulaldypdyr we olar bilen maşgala bolup ýaşapdyr. Aşa baýdyklary bu babatda olaryñ işini hasam añsatlaşdyrýardy. Galyberse-de, nijeme asyrdan bäri şindizem goralyp saklanýan fondlary bar we bu fondlar olara ummasyz uly möçberde girdeji getirýär. Olaryñ Mekge-Medinedäki baýlygy ýüz millionlarça dollara barabardygy çak edilýär. Saud Akademiýasynyñ resmi çeşmelere salgylanyp berýän habaryna görä, gürrüñi gidýän fondlaryñ girdejisi agalar aradan çykandan soñ ýylda ýüz millionlarça dollar dolanşygy bolan Haremeýn-Şerifeýniñ hasabyna geçiriler. Nejla REŞAD. Penşenbe 13.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |