02:03 Russiýa ädimme-ädim nädip "şeýtanlaşdyryldy"? | |
RUSSIÝA ÄDIMME-ÄDIM NÄDIP "ŞEÝTANLAŞDYRYLDY"?
Publisistika
Ukraina konflikti metbugat organlarynyñ hapa ýüzüni hemmelere peçan etdi. Günbataryñ propoganda mehanizminiñ nähili işleýändigini ýene bir gezek uly ile äşgär etdi. ABŞ bilen Ýewropa döwletleriniñ habar beriş serişdeleriniñ Russiýany "şeýtanlaşdyrmak" üçin dil birikdirip niçiksi herekete geçendigini her gün diýen ýaly görüp durus. "Sosyalist Enternasyonal"-yñ "World Socialist" web saýtynda paýlaşylan bir makalada Žosef Kişor we Dewid Nort Günbataryñ jeñbazçylykly mehanizmini herekete geçiren medýa propogandasyny şeýle paş edýär: • MAKSAT JEMGYÝETÇILIGI GORKY ARKALY MAÝYL ETMEK "Wakalara dahylly habarlar ýeke-täk görnüşli wakalaryñ yzygiderliligini berýär. Russiýanyñ ýöredýän doktrinasy şeýtany işleriñ mysalynda görkezilýär. Russiýanyñ Prezidenti Wladimir Putin bolsa, şeýtanyñ jismany görnüşi. Russiýanyñ alyp barýan işleriniñ astynda ýatan taryhy meýilnama, ykdysady bähbitler, syýasy baglanşyk we geostrategik hasaplar görmezlige salynýar. Meýilnamalaşdyrylan signala päsgel berip biljek hiç nukdaýnazara idin berilmeýär. Hiç bir ýalan artykmajy bilen bolgusyz ýa-da gülkünç bolup bilmez. Bu propaganda kampaniýasynyñ maksady jemgyýetçiligi boýun etmek däl, emma ony gorky arkaly maýyl etmekdir." Žosef Kişor we Dewid North bu maýyl etme strategiýasyny şu mysallar bilen açyp görkezýär: "New York Times" gazetiniñ nukdaýnazary baş sahypasynda "Russiýanyñ bihaýaçylykly hüjümi "Sowuk urşuñ" tamamlanmagyndan bäri ilkinji gezek Ýewropanyñ jümmüşine uruş howpuny abandyrýar" diýen "Wall Street Journal"-yñ Obama hökümetiniñ “Russiýanyñ Ukrainany okkupirlemeginiñ netijelerini açyk aýtmaga" çekinmedik "Washington Post" gazetiniñ we "Nation" žurnalynyñ (žurnalyñ daşary syýasat boýunça habarçysy we öñki "Larouche" hereketiniñ agzasy Robert Dreyfuss “Wladimir Putin yza ädim ätmeli” diýip ýazdy) nukdaýnazary bilen birmeñzeşdir." Emma... Günbataryñ aýyplamalaryna garamazdan "Sowuk uruş" döwrüni we ondan soñky döwri ýakyn taryhyñ süzgüjinden geçirenimizde düýbünden başgaça ýagdaý orta çykýar. Göz aýlalyñ... • SSSR-iñ HRONOLOGIÝASY SSSR 1917-nji döredildi we 1991-nji ýylda dargady. Ol bary-ýogy 74 ýyl ýaşap bildi. SSSR on bäş respublikadan ybaratdy: Ermenistan, Azerbaýjan, Belorussiýa, Estoniýa, Gürjüstan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Latwiýaa, Litwa, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina we Özbekistan. Garaşsyzlygyny jar eden bu döwletleriñ on ikisi (Ukrainadan, Türkmenistandan we Gürjüstandan başgasy) häzir Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) agzasydyr. "Sowuk uruş" döwründe (1947-1991) SSSR ýaranlary bilen birlikde Günbatar ýaranlygyna, ýagny NATO harby bileleşigine garşy Gündogar bloguny-Warşawa paktyny döretdi. • WARŞAWA PAKTY WE OÑA AGZA ÝURTLARDAN GALANLAR Ýewropada Polşa, Rumyniýa, Bolgariýa, Wengriýa, Çehoslowakiýa we Germaniýa Demokratik respublikasy (GDR) bilen birlikde Mongoliýa Halk respublikasy, Koreýa Halk Demokratik respublikasy, Hytaý Halk respublikasy, Wýetnam Halk respublikasy we Kuba SSSR-iñ dünýädäki beýleki ýaranlary bolup durýardy. Yrak, Liwiýa, Owganystan, Siriýa ýaly käbir ýurtlar Warşawa paktyna gönüden-göni agza bolmasalar-da, Gündogar bloguna ýakyn durýan ýurtlardy. Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow häkimiýete gelenden soñ bar zat bulaşdy. Gorbaçýow "Üýtgedip gurmak" ("Glasnost i Perestroyka") syýasatyny yglan edip, meýdany doly boşatdy. Günbatara ýapylan gapylar açyldy. Günbatar äpet SSSR-iñ dargamagyna-da garaşyp durman, Gündogar bloguny dessine nyşana almaga başlady. • NATO-nyñ OLJASY 1990-njy ýylda Germaniýa Federatiw respublikasy (GFR) Gündogar blogunyñ içindäki iñ güýçli ykdysadyýete eýe bolan GDR-y ýangyndan mal gaçyrýan ýaly gapyllykda awlady. Günbatar Germaniýa Gündogar Germaniýanyñ halkyny Gelmut Kolyñ "Ösen oblast" ("Blühende Landschaften") toslamasyna ynandyryp, özüne birikmäge maýyl etdi. Bu barada jemgyýetçilige söz aýtma hukugy beýlede dursun, garşy çykmaga-da maý bermediler. Garalama propogandalaryndan ýaña bizar-peteñi çykan SSSR ahyrynda iki Germaniýanyñ "birleşmesine" sessiz-sedasyz razylyk berdi. Gündogarda olja yzyna olja edinmegiñ kül-külüne düşen Günbatar 2004-nji ýylda ýedi guşy birden awlap neneñsi ýalmawuz hajymelikdigini ýene bir gezek görkezdi: 2004-nji ýylda Estoniýa, Latwiýa, Litwa, Polşa, Slowakiýa, Çehiýa, Wengeriýa doly ýagdaýda imperialistik bähbitlere çapylyp, Ýewropa bileleşigine (ÝB) dahylly edildi. • RUSSIÝANYÑ SABYR KÄSESINI DOLUP-DAŞYRAN IÑ SOÑKY DAMJA Russiýa ýene sesini çykarmady. 2007-nji ýylda demokratik we ykdysady kriteriýalar görmezlige salynyp, Bolgariýa we Rumyniýa hem ÝB-ne agza edildi. 2013-nji ýylda gezek Horwatiýa gelende, Russiýa ýene sesini çykaranokdy. Emma: bütin bulara sesini çykarmadyk Russiýa Gündogar Ýewropany raketa galkany bilen gurşap alan Günbatardan diýseñ ynjalyksyzlanýardy. ABŞ 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda uçran terrorçylykly hadysalaryny bahana edip, Kawkaza raketa-goranyş sistemasyny ýerleşdirmegi makul bilipdi. Has soñra NATO-nyn goldawy bilen Gündogar Ýewropada hem raketa galkany ýerleşdirildi. Daş-töwereginiñ şular ýaly derejede gurşalyp alynmagyna, burnunyñ aşagyna çenli dykylan ýarag galkanyna garşylyk bildiren Russiýany äwmelidirem öýtmediler. SSSR-den aýrylan Çehiýa, Wengeriýa, Polşa, Bolgariýa, Estoniýa, Latwiýa, Litwa, Rumyniýa, Slowakiýa, Sloweniýa ýaly Gündogar Ýewropa ýurtlarynyñ Günbatara ýakynlaşmagyndan kän bir biynjalyk bolmadyk Russiýa bu ýurtlara ýerleşdirilen raketa-gorag sistemasyny özüne gönükdirilen howp hökmünde görýärdi. 2010-njy ýylda NATO sebitleýin raketa sistemasyny mundan beýläk ýaranlygyñ hökmany ugry hökmünde kabul etdi. Şobada raketa goragynyñ geriminiñ giñeldilmegine badalga berildi. Bu aslynda Russiýanyñ näderejede mamladygynyñ subutnamasydy. (Goşmaça maglumat üçin seret: "Howp bosagada" http://www.odatv4.com/n.php?n=tehlike-kapida-2403141200). Ahyrynda... • SIRIÝANYÑ ÄHMIÝETI Siriýa Günbataryñ açgözçülikli kolonial syýasatyny parahatçylykly ýagdaýda synlap duran Russiýanyñ sabyr käsesini dolup-daşyran iñ soñky damja boldy. Siriýa - ýokarda-da aýdyp geçişimiz ýaly - haýsydyr bir öz ugry bilen ýörän ýurt däldir. Siriýa "Sowuk uruş" döwründe-de, ondan soñam hemişe Russiýanyñ tarapynda bolupdy. Ol hem edil Yrak we Liwiýa ýaly Warşawa paktyna ýakyn duran ýurtdur. Yrakda we Liwiýada sesini çykarmadyk Russiýa Siriýanyñam Günbatara şam bolmagyna razy bolup bilmezdi. Russiýanyñ sessizligine öwrenşen Günbatar Russiýanyñ bu tutumyny bagyşlap bilmän, bu gezek Ukraina ümzügini öwürdi. 2013-nji ýylda Ukraina ÝB bilen "Umumy hyzmatdaşlyk" ylalaşygyna ýanaşmansoñ, ABŞ we ÝB Ukrainadaky hökümete garşy gidýän toparlara pul berip Russiýanyñ üstüne küşgürmäge başlady. Ukrainadan ders çykaran ÝB Gürjüstan we Moldowa bilen 2014-nji ýylyñ awgustynda gol çekilmegi meýilleşdirilen umumy hyzmatdaşlyk şertnamalaryny iýuna goýup, Russiýanyñ degnasyna degmegi dowam etdirýär. (Goşmaça maglumat üçin seret: "Ukrainadan soñ gezek bu iki ýurtda" http://www.odatv4.com/n.php?n=ukraynadan-sonra-sira-bu-iki-ulkede-2103141200). Russiýa indi şuny magat bilýärdi: Siriýada sesini çykarman bolsa, Ukraina doly elden gidýärdi. Günbatar indi Gürjüstany we Moldowany-da gapyl awlap bilermikä? Aslynda "New York Times" we Günbataryñ beýleki esasy habar beriş serişdeleri “bihaýaçylykly hüjümi bilen "Sowuk urşuñ" soñlanmagyndan bäri ilkinji gezek uruş howpuny Ýewropanyñ jümmüşine" abandyran Russiýa däl-de, eýsem ABŞ-nyñ we onuñ Ýewropadaky ýaranlarydygyny gowy bilýärler. Maksat belli – propaganda we dezinformasiýa. • GÜNBATARYÑ IŞDÄSINI AÇAN BEÝLEKI ÝURTLAR SSSR-iñ dargamasy netijesinde Günbataryñ açgöz garnyna şam bolan ýurtlary sanap geçdik. Oña şam bolman näçe ýurt galdyka? Olary-da sanalyñ... Belorussiýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan. Bolany. Bulara-da Günbatar maslykçy guş deýin tiñkesini dikmän duranok. Ellerinden gelse Ermenistany-da bireýýäm ÝB-ne agza ederdiler. Günbataryñ şular ýaly ýalmawuzlygy aç-açan görnüp durka, olaryñ Russiýany "bihaýa hüjümçi" ýaly görkezmekleri ylalaşar ýaly zat däl. Eger şeýle bolýan bolsa, şu soraglary berip göreliñ... Russiýa häzire çenli haýsy döwletiñ ýeñinden çekip, NATO-nyñ hataryndan çykardy? Ýa-da Russiýa şol ýurtlaruñ haýsysyna goşun saldy? Atilla JOŞKUN. 10.04.2014 ý, ODATV. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |