22:34 Şadyýar hatyn | |
ŞADYÝAR HATYN
Zenan şahsyýetler
• Ýada Mamlýuk türkmen döwletiniñ ilkinji hökümdary Soltan Şejer ed-Dür ("Dürleriñ daragty") hakynda Şadyýar hatyn (Şejer ed-Dür), Mamlýuk türkmen soltanlygynyñ ilkinji soltany. Doly ady Patma El-Melike ed-Din Ümmi Halyl Şejerüd-dür. Şadyýar hatyn, ýedinji haçly ýörişleriñ dowam edýän döwründe haçparazlaryñ Müsüriñ Mansure şäherini gabaw astyna alan wagtynda Eýýuby türkmen soltany Salyh Eýýubyñ söweşiñ iñ jygba-jygly pursadynda wepat bolmagy bilen tagta geçen Muazzam Turanşa Türkmeniñ hem janyna kast edilmegi 1250-nji ýylyñ 2-nji maýynda mamlýuk emirleriniñ Şadyýar hatyny soltan diýip yglan etmegine sebäp boldy. Şeýlelikde ol yslamyñ umumy taryhynda Müsürde hökümdarlyk eden ýeke-täk zenan hökümdardyr. Ýöne kän wagt geçmänkä zenan patyşanyñ musulman jemgyýetçiliginde o diýen bir halanyljak zat däldigi mälim boldy. Sebäbi tabynlygyndaky halkdanam, başga ýurtlaryñ musulman hökümdarlaryndanam nägileligini bildirýänleriñ sany gitdigiçe artýardy. Aýratynam Bagdatda oturan abbasy halyfy Mustasym Billahyñ aýyplaýjy sözler bilen ýazylan haty köşgi diýseñ çykgynsyz ýagdaýa salypdyr. Halyfyñ hatynda: "Içiñizde soltan bolmaga erkek ýok bolsa, size Bagdatdan bir erkek ugradaýaryn" diýen kemsidiji jümleler ýazylypdy. Şonuñ üçin Şadyýar hatyn mamlýuk emiri Aýbek Türkmene äre çykyp, tagty oña bagyş edýär. Şeýlelikde Mamlýuk türkmen döwletiniñ gurulandygy resmi taýdan yglan edilýär. Şadyýar hatynyñ haýsy dinastiýadan gelip çykandygy hernäçe jedelli bolsa-da, onuñ aslynyñ türkmendigini yslam taryhçylarynyñ birnäçesi öz işlerinde belläp geçýärler. • Şadyýar hatynyñ Müsüre gelişi Şadyýaryñ añyrsynyñ kawkazly türkmenlerdendigi we onuñ Müsüre getirilip gul-gyrnak edilip satylandygy çaklanylýar. Eýýuby türkmen soltany Kämil ibn Adylyñ ogly Salyh Eýýup ony gyrnak hökmünde satyn alypdyr. Taryhçylar Şadyýaryñ juda görmegeý, akylly we takwa zenan bolandygyny aýdýarlar. 1239-njy ýylda Salyh Eýýup Nablusda agasy tarapyndan tussag edilende, onuñ ýanynda gyrnagy Şadyýar we mamlýuk hyzmatkäri Rukneddin Beýbars (Soltan Beýbars däl, bu Beýbars onuñ atdaşy -t.b.) bar eken. 1240-njy ýylda Salyh Eýýup Müsürde soltanlyk edýän Adyl II-ni tussag eden mamlýuk emirlerini goldawyny alyp Müsürdäki Eýýuby türkmen döwletiniñ tagtyna çykýar. Şadyýar hatyn adamsy Soltan Salyh Eýýup bilen Kairdäki köşk rezidensiýasyna ýerleşýär. Şol ýyl olaryñ bir ogly dünýä inýär we onuñ adyna Halyl dakýarlar. Halyl mundan beýläk Mälik el-Mansur ady bilen tanalmaga başlaýar. Oglunyñ dünýä inmegi bilen Soltan Salyh Eýýup şol wagta çenli gyrnagy bolan Şadyýary nikalap alýar. • VII haçly ýörişi we haçparazlaryñ Dimýat galasyny basyp almagy Fransiýanyñ koroly Luis IX-niñ gurnan ýedinji haçly ýörişiniñ ugry Orta ýer deñziniñ gündogar kenarlaryna gönükdirilipdi. Esasanam Kipr olaryñ üns merkezindedi. Eýýubylaryñ Siriýadaky hökümdary Salyh Eýýup bolsa haçparaz goşunlarynyñ Akkada düşläp Ierusalime gitmegine garaşýardy. Emma soltan inçekeselden ejir çekýärdi we saglyk ýagdaýy barha ýaramazlaşýardy. Kiprden gelen habara görä haçparazlar gämilleriñ üsti bilen Palestinadaky Akkada däl-de, Müsürde labyryny taşlamalydy. Soltan Salyh Eýýup gyssagly ýagdaýda Müsüre ýola düşdi. 1249-njy ýylyñ aprelinde ol eýýäm Dimýat galasynyñ golaýyndaky Asnum-Tanahda haçparazlaryñ labyr taşlaryna garaşýardy. Näsaglygy zerarly ol bärik at üstünde gelmän, zemmerde (nosilkada) getirilipdi. Bäşinji haçly ýörişe uzak wagtlap goranyp halys surnugan Dimýadyñ emiri Fahreddin Ýusubyñ ýolbaşçylygyndaky müsürli watan goragçylary iýun aýynyñ başynda haçparazlary gören badyna, entek olar kenara golaýlaşmanka Dimýat galasyny boşatdylar, yzyndan şäher ilaty hem galany taşlady. Haçparaz basybalyjylar Dimýaty garşylyk görmezden eýelediler. Muña sebäp hökmünde Fahreddin Ýusubyñ soltanyñ agyr hassa ýatandygyny bilýändigi we Asnum-Tanahdan hiç hili habar gelmezligini soltanyñ ölme ähtimallygyna ýorandygy görkezilýär. Bu haçly ýörişiñ hristian hronikaçy-taryhçysy Joinwill şeýle diýýär: "Musulmanlar soltan üç aýry habarçy kepderi bilen Korol Luisiñ labyr taşlandygyny habar berdiler. Soltan agyr hassa bolandygy sebäpli, olar hiç hili jogap alyp bilmediler. Şonuñ üçin olar soltany ölendir öýdüp, Dimýat galasyny terk etdiler. Türkmenler bu galany terk edenlerinde gaýyklardan düzülen köprini weýran etmän, uly ýalñyşlyk goýberdiler. Eger gaýyk köpri ýykylan bolsa Nil derýasynyñ aýagynda haçparazlar gury ýere ýetmek üçin ep-esli kynçylyk çekjekdiler". (Joinville, II bölek, VI bölüm 72-nji paragraf) • Soltan Salyh Eýýubyñ ölümi Soltan bu gezegem zemmerde Asnum-Tanahdan has ygtybarly berkitme bolan Mansure galasyndaky köşge göçürildi. Ol ýerde onuñ aýagy şikesli bolup çykdy we lukmanlar munuñ emini tapyp bilmediler. Soltanyñ aýagynyñ kesilmegi makul bilindi. Megerem operasiýa agyr düşen bolmaly, Salyh Eýýup kän wagt geçmänkä, 1249-njy ýylyñ 22-nji noýabrynda aradan çykdy. Ol Müsüriñ soltany bolup on ýyl hökümdarlyk sürüpdi. Soltan Salyh Eýýubyñ jesedi gizlinlik bilen Nil derýasyndaky mamlýuk esgerleriniñ dynç alýan Rauda galasyna (Kalat-y Ruda) galasyna äkidilýär we ol ýerde gizlin mazarda jaýlanylýar. (Haçparaz howpy sowulandan soñ tagta geçen Aýbek Türkmen Salyh Eýýubyñ guburyny Kairde gurduran medresesiniñ ýanyndaky kümmede göçürýär). Dimýat galasy goranyşsyz haçparazlaryñ eline geçenden soñ, haçparazlar ýüzlerini Mansure galasyna gönükdirýärler. Mansure galasynyñ öñündäki "Bahr-El-Saghir" atly kanaly Nil derýasynyñ möwsümlik daşmagy bilen galanyñ öñünde hasam daşypdy. Mansure galasy eýýuby türkmen goşuny tarapyndan goralýardy. Haçparazlar galanyñ öñündäki kanalyñ gaýrasynda karargählerini gurýarlar. Kanalyñ suwy çekilişýänçä tutuş alty aýlap haçparazlar galanyñ öñüni saklap ýatýarlar. Ilkibaşda haçparazlar bilen ownuk-uşak çaknyşyklar bolup geçýär. Eýýuby goşunyndaky düýpli kemçilikler goşunyñ mamlýuk serkerdeleri tarapyndan doly düzedilýär. Emir Fahreddin Ýusup başlyklaýyn, müsürli watan goragçylarynyñ mamlýuk türkmen emirleri müsürlileriñ goranyşyna üstünlikli ýolbaşçylyk etdiler. Jygba-jygly pursatda goşunyñ serkerdebaşysy Soltan Salyh Eýýubyñ aradan çykmagy goşuny moral taýdan ruhdan gaçyryp biljekdigi gümansyzdy. Şonuñ üçinem Şadyýar hatyn köşk işlerinden jogapkär hadym Tawasy Jemaleddin Muhsiniñ we goşunyñ serkerdesi Emir Fahreddin Ýusubyñ maslahaty bilen Salyh Eýýubyñ ölümini gizläp saklamagy makul bilýär. Müsür goşunyny elde saklaýan az sanly mamlýuk emirleriñ goldawy bilen Soltan Salyh Eýýubyñ dul galan aýaly Şadyýar hatyn adamsynyñ ölümini gizläp saklaýar. Salyh Eýýup yzynda belli bir mirasdüşer goýmandy. Emma onuñ uly ogly Muazzam Turanşa Türkmen Al-Jazira welaýatynyñ häkimi hökmünde welaýatyñ merkezi Hasankeýfde oturýardy. Salyh Eýýup gyssagly ýagdaýda ogly Muazzam Turanşany Müsüre getirmek üçin bahry mamlýuklarynyñ emiri Faryseddin Aktaý Türkmeni Hasankeýfe ugradýar. Muazzam Turanşa haýdan-haý Müsüre tarap ýola çykýar. • Şadyýar hatynyñ wagtlaýyn dolandyran Müsür soltanlygy we haçparazlaryñ derbi-dagyn edilmegi Muazzam Turanşa Müsüriñ Mansure galasyna gelýänçä Şadyýar hatyn effektiw ýagdaýda Müsür soltanlygyny dolandyrdy. Soltan Salyh Eýýup operasiýa edilmänkä birnäçe boş kagyzyñ aşagyna öz möhürini basypdy. Şadyýar hatyn we Emir Fahreddin Ýusup soltanyñ adyndan buýruk taýýarlanlarynda, şol möhürli boş kagyzlar ulandylar. Soltanyñ gol çekmesi hökmany resminamalara bolsa Sohail atly bir hyzmatkär soltanyñ goluny "ýasaýardy". Şadyýar hatyn şeýdip hemmeleri soltanyñ heniz ölmändigine we heniz syrkaw ýatandygyna ynandyryp bildi. Ol her gün soltan üçin nahar taýýarladýardy, taýýarlanan iýmitler soltanyñ çadyryna getirilip, yzyna boş-gaçlar we agyzdan galan nahar galyndylary ugradylýardy. Soltan Salyh Eýýup hiç hili wesýetnama taýýarlamandy. Şonuñ üçin ol ogly Muazzam Turanşany Müsüre çagyranam bolsa, onuñ soltanlyk tagtyna oturmalydygy barada hiç hili resmi esas ýokdy. Şeýle-de bolsa, Şadyýar hatyn Turanşanyñ tagta geçmelidigi barada galp resminamany taýýarlap, ýokary wezipeli emeldarlaryñ, mamlýuk emirleriniñ Salyh Eýýubyñ "permanyna" uýup, onuñ ogly we mirasdüşeri Muazzam Turanşaha boýun sunmaklaryny üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, Salyh Eýýubyñ ýogalma ähtimallygy Mansuredäki birnäçe müsürli emeldarlar we harby gullukçylar tarapyndan çak edilmän duranokdy. Soltanyñ kömekçisi hökmünde onuñ ölümini gizlän Emir Husameddin bir buýrugy (hökümdaryñ goly diýip Sohailiñ goly çekilen) okanda, buýrukdan şübhelenip, bu barada iñ ýokary wezipededäki ýolbaşçysyna habar berende, ol soltanyñ aradan çykandygyny bilip galdy. Birnäçe mamlýuk türkmen emirleri we atabegleri Emir Fahreddin Ýusubyñ göýä hökümdar kimin özüni alyp barmasyny, onuñ hemme bolýan zatlardan (soltanyñ ölüminden) habarlydygyna ýorulýardy. Birnäçe kişi Muazzam Turanşanyñ yzyndan Emir Faryseddin Aktaýyñ Hasankeýfe ugradylmagyny soltanyñ ýogalmagy sebäp boldy diýip çak edýärdi. Bu habarlar haçparazlaryñ lagerine-de ýetmän duranokdy we haçparazlaryñ Dimýatdaky ýokary wezipeli serkerdeleri hem soltanyñ aradan çykandygyna ynanyp başladylar. Edil şol wagtlar hem Ýewropadan Luis IX-niñ dogany Alfonso Poito Kuntunyñ baştutanlygyndaky ikinji uly goşmaça güýç Müsürdäki haçparaz goşunyna gelip goşuldy. Ýeterlik mukdarda güýç toplan haçparazlar gönüden-göni Kairiñ üstüne ýöriş edermen boldular. Goşundan bölünip aýrylan uly haçparaz goşun birligi Fransiýanyñ koroly Luis IX-niñ beýleki bir dogany Robert Artoislynyñ garamagyna berildi. Bu goşun birligi Asnum (häzirki Albagr Alsaghir) kanalyndan geçip Mansuräniñ üç kilometr uzaklygynda bolan Gidelladaky müsür goşunynyñ ştabyna hüjüm edýär. Mamlýuk goşunynyñ serkerdesi Emir Fahreddin Ýusup bu duýdansyz hüjüme garaşmandygy üçin ýeterlik goragy ýokdy. Ol eşiklerini geýip durka haçparazlar tarapyndan şehit edildi. Haçparazlar indi öñe süýşüp Mansure şäherine çozuş gurnap başlaýarlar. Soltan Şadyýar şol wagt öz inisiatiwasy bilen müsür goşunynyñ serkerdeligini ele alan Emir Beýbarsyñ maslahatyny kabul edip, Mansure galasyny üstünlikli gorap başlaýar. Çozuşy gurnan haçparaz goşun birligi Mansure şäherinde ýiti garşylyga uçrady. Goşun birliginiñ serkerdesi Robert Artoisly öldürildi, haçparazlar uçdantutma ýok edildi. Müsür goşunyñ haçparazlaryñ hüjüminden gaçan az sanly böleginden we şäheriñ ýaşaýjylaryndan düzülen bu şanly ýeñiş Emir Faryseddin Aktaý Türkmene degişlidi. Ýeñişiñ gazanylmagynda eýýubylar bilen birlikde şol wagtdan başlap uzak wagtlap Orta Ýer deñzini gorap saklan Beýbars Bundukdary, Muizziddin Aýbek, Kalawun el-Alfy ýaly türkmen emirleriniñ hem uly goşandy bardy. 1250-nji ýylyñ fewralynda merhum Soltan Salyh Eýýubyñ ogly Muazzam Turanşa ahyryn Müsüre gelip ýetipdir. Müsüriñ kazysy Bedreddin el-Sinary Turanşa Türkmeni garşylamaga Gazzä gidýär. Gazzede Muazzam Turanşa soltanyñ kömekçisi Husameddin bilen duşuşýar. Täze wezipäni kabul eden Muazzam Turanşa demirgazyk Müsürde Nil derýasynyñ deltasynyñ gündogarynsaky El-Salhiýä (häzirki Şarkiýe welaýatynda) gelýär. Haçparazlaryñ Mansurede bolmagy Kaire gitmäge mümkinçilik bermändir. Şol ýere gelen Şadyýar hatyn Turanşa Türkmene resmi ýagdaýda kakasy Soltan Salyh Eýýubyñ ýogalandygyny habar berýär. Müsüriñ ýokary wezipeli emeldarlary El-Salhiýä gelip, täze soltana boýun sunýandyklaryny mälim edýärler. Turanşa öz hormatyna guralan dabarany sowansoñ Mansurä ýöneldi. Ol Mansurede goşuna we ýurds kakasynyñ ölüm habaryny mälim etdi. 1250-nji ýylyñ 6-njy aprelinde Mansuräniñ golaýynda bolan Fariskur söweşinde haçparazlar müsürliler tarapyndan derbi-dagyn edildi. Farikur söweşinde haçparazlaryñ serkerdesi bolan Fransiýanyñ koroly Luis IX musulmanlara ýesir düşdi. • Turanşanyñ garşysyna bolan çaknyşyklar we onuñ dildüwşük guralyp öldürilmegi Ýedinji haçly ýörişiñ goşuny çym-pytrak edilip, Fransiýanyñ koroly Luis IX ýesir alynandan soñ täze soltan Muazzam Turanşadyr Şadyýar hatynyñ we mamlýuk serkerdeleriniñ arasynda Müsürde häkimiýetiñ kimiñ eline geçmelidiginiñ üstünde syýasy oñuşmazlyklar döräp başlady. Ýewropaly basybalyjylara garşy şanly ýeñişiñ gazanylmagyna Muazzam Turanşanyñ ata pendine eýermegi sebäp bolupdy. Turanşa kakasynyñ ölüminden soñ ýurda agalyk sürmäge dalaşgärlik edýän Şadyýar hatyndyr mamlýuk emirleri barka, özüniñ Müsürde ine-gana soltanlyk sürmejegine göz ýetirdi. Şonuñ üçin ol kakasynyñ elinde işlän emeldarlary wezipeden çetleşdirmäge, olaryñ ýerine bolsa Hasankeýfde kömege gelenleri belläp başlady. Özüniñ ilki gul hökmünde satyn alan mamlýuklaryna we özüne Al-Jazirada wezipe berenlere möhüm wezpeleri ynandy. Mysal üçin, biçilen bir garaýagyz guluna "hökümdarlyk saraýynyñ wekilharjy" (ussadar) wezipesini berdi. Başga bir biçilen garaýagyz guluny-da "Hökümdaryñ goragçylary" gwardiýasynyñ başlygy Emir Jandary wezipesinden boşadyp ýerine goýdy. Kakasyna goldaw beren kömekçi soltan Emir Husameddini wezipesinden boşatdy, onuñ ýerine öz adamy Jamaeddin Akuşy belledi. Onuñ bu syýasaty täsirliligi güýçli bahry mamlýuklaryny özüne garşy öjükdirmekden başga zada ýaramady. Mundan soñ ol Müsüri halas eden eneligi Şadyýar hatynyñ garşysyna duşmançylykly hereketleri edip başlady. Oña kakasynyñ gyrnagyndan başga zat däldigini, şonuñ üçinem kakasynyñ gönüden-göni mirasdüşeri hökmünde özüniñem gyrnagy bolýandygyny aýtdy. Mertebesine dil ýetirlen Şadyýar hatyn muña diýseñ ynjady we mamlýuk serkerdelerine hat ýazyp, özüni Turanşadan goramaklygy towakga etdi. Turanşa Şadyýar hatyn Ierusalimde gezip ýörkä, yzyndan çapar ugradyp, merhum kakasynyñ aýalyna beren gymmatbahaly şaý-seplerini we eşiklerini gaýdyp bermegi talap etdi. Bu nämuwapyk hereket Şadyýary hasam beter ynjytdy. Ol sözi geçginli mamlýuk emirlerine öweý oglunyñ üstünden arz etdi. Mamlýuk emirleriniñ iñ täsirli ýolbaşçylaryndan Faryseddin Aktaý muny eşdip, Turanşanyñ bellisini etmegi belli-külli niýetine düwdi. Faryseddin Aktaý ondan öñem Turanşanynyñ daşyndan dişini gyjap ýördi. Çünki Turanşa Hasankeýfdekä oña Müsür emirligini wada beripdi. Emma ol Müsüre gelensoñ beren wadasynda tapylmandy. Turanşa üstünden edilen ýene bir şikaýat bolsa onuñ şerap içmegi, içip serhoş bolansoñam töweregindäkilere, hususanam kakasynyñ hyzmatyny edenlere her dürli hapa-paýyş sözleri aýtmagy, haýbat atmagy ýaly oñlanylmajak hereketleri edýänligidi. Mamlýuk emirleri ony bu bolgusyzlyklaryndan dändermäge çalyşsalar-da, Turanşa gepe-söze gulak salarly däldi. Hat-da ol serhoş wagty gylyjyny bulaýlap, mamlýuk emirleriñ atlaryny tutup gygyryp "Ynha, görüñ, bahry mamlýuk emirlerini eýderin, beýderin" diýip gygyrmakdanam gaýtmandy. Mamlýuk emirleri Dimýat galasy haçparazlaryñ elinden alnan wagtyndan başlap, Turanşanyñ öwzaýynyñ üýtgejegini añypdylar. Bahry mamlýuklaryndan Beýbars Bundukdary (soñra soltan bolan) soltanyñ garşysyna dildüwşik gurap ony öldürmegi makul bildi. 1250-nji ýylyñ 2-nji maýynda Farispur söweşinde ýesir düşen haçparaz serkerdeler boýunça geçirilýän gepleşikleri gutarmanka Soltan Turanşa Nil derýasynyñ kenarynda gurlan han çagyrynda uly zyýapat berdi. Bu zyýapatyñ soñunda Beýbars we onuñ ýanyndaky mamlýuk esgerlerinden düzülen topar Turanşanyñ üstüne hüjüm etdiler. Soltan Turanşa agyr ýaralandy. Zarp bilen urlan gylyçlaryñ biri onuñ bir elini ikä bölüp taşlapdy. Soltan Turanşa ýaraly halda Nil derýasynyñ boýundaky galalaryñ birine özüni atdy we goranmaga başlady. Dildüwşikçi topar onuñ söbügine mündi. Galanyñ diñleri oda berildi. Soltan diñde tutaşan güýçli ýangyndan gaçyp gutulmak üçin aşak düşmäge mejbur boldy. Yzyndanam Nil derýasyna tarap gaçyp ugrady. Emma atylan naýzalaryñ biri onuñ gursagyna çümdi. Gursagy naýzaly soltan süýrenip diýen ýaly Nil derýasyna özüni atdy. Dildüwşüge gatnaşýanlar derýasynyñ kenaryndaky gorag haýatlaryna çykyp ony oka tutdular. Turanşa diri galmak üçin olara ýalbarmaga durdy. Eger janyny bagyşlasalar soltanlykdan el çekjekdigini aýtdy. Beýbars derýanyñ gyrasyndan ok atyp ony öldürmegiñ kyn boljakdygyny bilip hut özi derýa girdi we Turanşany gylyçlap öldürdi. Başga bir çeşme dildüwşügi gurnanyñ Beýbars däl-de, Faryseddin Aktaýdygyny we soltany onuñ öldürendigini ýazýar. • Müsürde soltanlygyñ Şadyýaryñ eline geçmegi Turanşanyñ öldürilmeginden soñ mamlýuk emirleri soltanyñ otagynda (arapçasy "dihlis") ýygnandylar we Şadyýar hatyny täze soltan diýip yglan etdiler. Mamlýuk emiri Muizziddin Aýbek Türkmeni-de atabeg edip bellediler. Şadyýar hatyn şol wagt Kair galasyndaky soltanyñ köşgündedi. Ol öz ýanyna ugradylan çaparlara bu jogapkärli wezipäni kabul etjekdigini mälim etdi. Döwlet ýolbaşçylarynyñ ähli şahsy düzümi Şadyýar hatyna boýun sunýandyklaryny yglan etdiler. Şadyýar hatyn soltanlyk ünwany hökmünde "El-Malike Ismeteddin Umm-Halyl Şejer-üd-Dürr", "Maliket-el-Müslimin", "Walidat El-Melik El-Mansur Halyl Emir El-Möminin" ünwanlary berildi. Metjitlerde okalan juma hutbalarynda ady "Umm El-Melik Halyl" we "Sahibat El-Melik Es-Salyh" (ýagny "Soltan Halylyñ ejesi we Soltan Salyhyñ aýaly") diýip tutuldy. Bu ünwanlar bilen pul zikgelendi. Soltanyñ permanlaryna we resminamalara "Walidat Halyl" ady bilen gol çekdi. Şeýtmek bilen ol gönüden-göni özüniñ däl-de merhum adamsynyñ we heniz ýaşy kiçi oglunyñ atlaryna goldanyp hökümdarlyk edýändigini görkezmek isläpdi. • Ýesir saklanýan Luis IX-niñ fidýe alynyp boşadylmagy Täze soltanyñ işe başlap, ilkinji eden işi haçparazlaryñ serkerdesi bolan Fransiýanyñ koroly Luis IX hakynda belli karara gelmek boldy. Luis IX Fariskur söweşinde ýesir düşüp Mansure galasynda saklanýardy. Korol dezinteriýa keseline ýolugypdy. Arap hekimleriniñ biri onuñ ugruna seredip saglygyny dikeldipdi. Haçparazlar häzirem Dimýat galasyny ellerinde saklaýardylar. Ýesir saklanýan korolyñ azat edilmegi üçin 800.000 wizantiýa altyny (Bezant) ýa-da 500.000 fransuz altyny (livres tournois) fidýe tölenmegini we Dimýat galasynyñ boşadylmagyny talap etdiler. Ýesir korol boýunça gepleşikleri Turanşanyñ wezipeden boşadan emiri Husameddin alyp barýardy. Şertleri kabul eden Luis IX Dimýatdaky haçparazlara habar iberipdir. Şadyýar hatyn soltan yglan edilensoñ, 800.000 wizantiýa altynyny Dimýatda jemlemegiñ kyn düşjekdigi üçin talap üýtgedildi. Haçparazlaryñ boýnuna bu fidýäni iki tapgyrda tölemeklik goýuldy. Birini tapgyrda tölenmeli pul tölenensoñ korol azat edilmeli we ol Dimýata gidip, ol ýerdäki haçparaz goşuny alyp Palestina çekilmelidi. Şol ýerde-de fidýäniñ galan bölegini tölemelidi. Korolyñ fidýesi buthana rysarlaryndan karz alyp tölendi. Dimýatdan tölegiñ birinji bölegi gelen badyna korol we beýleki haçparaz ýesirler boşadyldy. Azat edilen ýesirler Dimýata gitdiler. 1250-nji ýylyñ 8-nji maýynda Luis IX bilen bile musulmanlara ýesir düşen 12 müñ haçparaz esger Dimýatdaky galan-gaçan haçparazlar bilen birigip galany boşatdylar we Palestinanyñ Akka şäherine çekildiler. • Şadyýaryñ hökümdarlygyna bildirilen nägilelik Şadyýaryñ Müsürde häkimiýeti ele almagy we Müsürdäki eýýuby türkmenleriñ döwlet dolandyryşyndan çetleşdirilmegi Müsürde o diýen bir nägilelik döretmändir. Emma haçparazlaryñ serkerdesi bolan fransuz koroly Luis IX-niñ goýberilmegine welin garşy çykanlar köp bolupdyr. Şadyýar hatynyñ soltanlyk tagtyna oturdylmagyna Siriýadaky eýýubylar we Bagdatdaky abbasy halyfy doly garşy çykýandyklaryny mälim etdiler. Soltan Turanşanyñ janyna kast edilip öldürilendigi we onuñ ýerine Şadyýar hatynyñ Müsür hökümdart diýip yglan edilendigi baradaky habar Siriýa çalt ýaýrady. Siriýadaky emirlerden Şadyýara boýun sunmaklyk talap edildi. Siriýadaky emirler boýun sunmakdan ýüz dönderdiler. Soltanyñ kömekçisi bolan Krak galasynyñ emiri bolsa Kairdäki Şadyýar garşy aýaga galýandygyny yglan etdi. Siriýaly emirler Siriýanyñ soltanlygyny eýýuby hanedanlygyndan bolan Halap emiri Nasyr Ýusuba berdiler. Muña jogap hökmünde Müsüri dolandyryjylae Müsürde eýýubylara ygrarly bolup galýandygyny mälim eden ähli emirleri tussag astyna aldylar. Şol bir wagtyñ özünde Bagdatda oturan abbasy halyfy Mutasym aýal maşgalanyñ musulman ýurda hökümdarlyk etmeginiñ ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny aýtdy. Halyf Mutasymyñ Kaire ýollan hatynda şeýle diýilýärdi: "Eger sizde hökümdar bolmaga erkek galmadyk bolsa, onda biz bärden erkek ugratmaga taýýar" Abbasy halyfynyñ Şadyýar hatyny Müsüriñ hökümdary hökmünde ykrar etmezligi oña goldaw beren bahry mamlýuklaryna ýokuş degdi. Müsüriñ dowam edýän döwlet ýörelgesine laýyklykda hökümdaryñ kanuny taýdan ykrar edilmegi üçin Bagdatdaky abbasy halyfynyñ razylygy gerekdi. Müsür soltanlary dini ünwanlary göterenokdy, şol sanda dini taýdanam abbaylara garaşly däldi. Muña garamazdan täze soltanyñ abbasy halyfy tarapyndan makullanmagy hökmany şert hasaplanýardy. Müsürde agalyk sürýän mamlýuk emirleri halyfy razy etmek üçin başga çärä ýüz urdular. Şadyýar hatyn soltanlykdan el çekýändigini mälim etdi. Bahry mamlýuklarynyñ iñ abraýly serkerdeleriniñ biri we döwletiñ atabegi Emir Aýbek Türkmen Şadyýar bilen nikalaşdy. Soltanlyk tagtyna Aýbek Türkmen oturdy. Şeýlelikde, Şadyýar hatynyñ altmyş güne çeken soltanlygy resmi ýagdaýda soñlandy. Şol sanda Müsürde eýýubylar hanedanlygynyñ höküm sürmegi-de doly tamamlandy. Täze Mamlýuk türkmen döwletiniñ binýady tutuldy. Ýöne Soltan Aýbegiñ aýaly bolandygy sebäpli Şadyýaryñ adamsyna sözi geçýärdi. Bu bolsa onuñ Müsürde ýene-de häkimiýetde esasy rol oýnamaga dowam edendigini görkezýär. • Şadyýar hatynyñ Soltan Aýbek bilen bilelikdäki döwlet dolandyryşy we ölümi Emir Aýbek Müsüriñ hökümdary bolanda "Melik Muiziddin Aýbek" tagt adyny aldy. Soltan Aýbek eýýuby soltany Salyh Eýýubyñ guludy. Munuñ üçin "salyhyýa mamlýuklary" adyny alan beýleki dört emir (Faryseddin Aktaý, Beýbars Bundukdary, Seýfeddin Guduz, Bilban el-Rasidi) bilen bile Müsürde agalyk sürmäge başlady. Soltan Aýbek abbasy halyfyny razy etmek üçin özüni halyfyñ Müsürdäki wekili diýip yglan etdi. Siriýaly eýýubylary razy etmek we häkimiýetiñ kanunylygyny görkezmek üçin bolsa, eýýubylar hanedanlygyndan bolan Soltan Kämil ibn Adylyñ agtygy alty ýaşly Eşrep Musany gözlük üçin Müsürdäki eýýubylaryñ soltany diýip yglan etdi. Syýasy atmosferany kadalaşdyemak üçin Müsüriñ soltany diýip yglan edilen Aýbek Türkmen syýasy atmosferany kadalaşdyrmak üçin wagtlaýyn (bir hepdelik) soltanlykdan el çekdi. Şeýle-de bolsa Aýbek soñra "şärikdeş hökümdar" hökmünde Eşrep Musanyñ dört ýyllyk "hökümdarlyk" döwründe Müsüri özi dolandyrdy. Siriýaly eýýubylar muña-da nägilelik bildirdiler. Siriýaly eýýubylaryñ soltany Nasyr Ýusubyñ ýolbaşçylygyndaky goşun we beýleki eýýubylaryñ hökümet ýolbaşçylarynyñ birigen güýji Müsüre ýöriş etdiler. Mamlýuk türkmen emirleriniñ ýolbaşçylygyndaky müsürliler bilen Kairiñ eteginde Salyhyýa söweşi diýen gandöküşikli söweş bolup geçdi. Müsür mamlýuklary söweşden ýeñiji bolup çykdy. Siriýaly eýýubylaryñ goşuny yza serpikdirildi. Yzysüre bolup geçen Kora söweşinde mamlýuklar siriýaly eýýubylary doly çym-pytrak edip, Müsürden kowup çykardy. Soñky ýyllarda mamlýuklar döwletiñ çäklerini giñeldip, Palestinanyñ we Siriýanyñ günorta sebitlerini eýelediler. Siriýaly eýýubylar mamlýuklaryñ Siriýany doly basyp almasyndan gorkup başladylar. Dogan dogany gyryp ýörkä, Bagdatdaky abbasy halyfyny şol wagt demirgazykdan we demirgazyk-günbatardan abanýan mongol howpy ünjä goýýardy. Şonuñ üçin ol Müsürdäki mamlýuklar bilen siriýaly eýýubylaryñ arasynda ýaraşyk baglaşmak üçin araçy bolup çykyş etdi. Baglaşylan ýaraşyk şertnamasyna laýyklykda Müsüriñ täze Mamlýuk döwleti öñki Müsür Eýýuby döwletiniñ çäklerinden has giñ territoriýany öz golastyna aldy. 1254-nji ýylda Aýbegiñ Müsürdäki agalygyna garşy öz içinden howp abanyp başlady. Bahry mamlýuklarynyñ ýolbaşçysy Emir Faryseddin Aktaý we oña garaşly emirler (Beýbars Bundukdary, Kalawun el-Alfy we başgalar) "döwlet içinde döwlet" emele getirip, Soltan Aýbegiñ hökümdarlygyna howp abandyrýardylar. Müsüriñ iñ soñky eýýuby soltany Salyh Eýýubyñ gullary bolandygy üçin "Salyhyýe mamlýuklary" at berilen bu toparyñ ýolbaşçysy Faryseddin Aktaýdy. Emir Faryseddin Aktaý eýýubylaryñ Hama emiri Mansuryñ gyz doganyna öýlenensoñ Kair galasynda ýaşamak üçin Aýbekden idin sorapdyr. Soltan Aýbek Emir Aktaýyñ eýýuby melikesine öýlenmek bilen özüni kanuny taýdan eýýuby soltany hökmünde yglan etmeginden gorkdy. Aýbek, Seýfeddin Guduz we beýleki mamlýuklar dildüwşük gurnap Faryseddin Aktaýy soltanyñ köşgünde öldürdiler. Emir Faryseddiniñ ýakyn dostlary Emir Beýbars Bundukdary, Emir Kalasun el-Alfy we olaryñ tabynlygyndaky mamlýuklar Karaga, soñam Siriýa gaçdylar. Soltan Nasyr Ýusup olary yzyna - Müsüre ugratmady. 1255-nji ýylda Siriýanyñ soltany Nasyr Ýusup gaýtadan Müsüriñ serhedine goşun ugratdy, olaryñ arasynda Müsürden gaçan "salyhyýa mamlýuklary-da" bardy. Bu gezegem ýow üstünlik bilen gaýtaryldy. Aýbek Türkmen siriýalylary ýene derbi-dagyn etdi. Aýbek Türkmen siriýaly eýýubylara garşy urşup ýören wagty döwlet dolandyryşy ýene Şadyýar hatynyñ elinde galdy. Ýöne Şadyýaryñam adamsy Aýbek bilen arasy bozulyp ugrapdy. Çünki Şadyýar hatynyñ döwlet dolandyryşynda kabul eden kararlaryny we eden işlerini adamsyndan gizländigi aýdylýar. Soltan Aýbegiñ Şadyýardan öñem Ümmi Aly atly aýaly bardy. Onuñ Ümmi Alydan Mansur Aly atly ogly dünýä indi. Şadyýar hatyn gabanjañlygyna bäs gelip bilmän, bu adamsyny bu aýalynyñ talagyny bermäge mejbur edipdi. 1257-nji ýylda Soltan Aýbek Siriýa gaçan mamlýuklara garşy güýç birikdirmek üçin eýýubylaryñ Mosuldaky emiri Bedreddin Lulunyñ gyzy bilen nikalaşmagy müwessa bildi. Taryhçy El Makriziniñ berýan habarynda, Bedreddin Lulunyñ Soltan Aýbege Şadyýar hatynyñ Şamdaky eýýuby soltany Nasyr Ýusup bilen gizlin hat alyşýandygyny we oña sowgat-peşgeş iberip, Aýbegi öldürtmekçi bolýandygyny, soñam Nasyr Ýusup bilen nikalaşyp, ony Müsüriñ soltany etjek bolýandygyny habar berýär. El Makriziniñ pikirine görä, ýagdaýdan habardar bolan Aýbek Şadyýary öldürtmegi makuk bilýär. Şeýle-de El Makrizi Şadyýar hatynyñ adamsy Aýbegiñ özüni öldürtjegini duýup öñürtiländigini ýazýar. Ol agşam hammama girende hyzmatkärlerine Aýbegi öldürme emrini berýär. Soltan Aýbek hyzmatkärleriñ tüýsüniñ bozuklygyny görüp, eýgiligiñ ýokdugyny añýar we aýaly Şadyýary kömege çagyrýar. Şadyýar hatyn adamsyna dözmän ony ölümden alyp galmaga-da synanyşýar, emma şol wagt Muhsin el-Jorgi atly hyzmatkär "Eger ony diri galdyrsañ seni-de, bizi-de öldürer" diýip gygyrmasyndan soñ adamsynyñ öldürilmegine göz ýumýar. Ertesi Şadyýar Müsüri ýedi ýyllap dolandyran Aýbek Türkmeniñ garaşylmadyk ýagdaýda hammamda aradan çykandygyny halka mälim edýär. Emma Soltan Aýbegiñ emirleriniñ ýolbaşçysy Emir Seýfeddin Guduz we merhum soltan Muizziddin Aýbegiñ adyny göterýän "Muizziýe mamlýuklary" muña ynanmaýar. El Makrizi Şadyýaryñ merhum adamsynyñ ýüzükli barmagyny kesip Izzeddin Aýbek el-Halaba ugradandygyny we oña Müsüriñ soltany bolmagy teklip edendigini ýazýar. Emma Izzeddin Aýbek el-Halaby muña razy bolmandyr. Ibni Taghri bolsa kesilen ýüzükli barmagyñ ilki Izzeddin Aýbek el-Halaba, soñra Emir Jemaleddon ibni Aýdgudä iberilendigini, ýöne olaryñ ikisiniñem Müsüriñ soltany bolmakdan ýüz dönderendiklerini ýazýar. Muizziýe mamlýuklarynyñ topary Şadyýar hatyny we onuñ hyzmatkärlerini tussag astyna alýarlar. Hyzmatkärler gynamalara tutulansoñ eden etmişlerini boýun alýarlar. Şadyýar hatyn muizziýe mamlýuklary tarapyndan öldürilmek islenýär. Munuñ tersine salyhyýa mamlýuklary ony goramaga çalyşýar. Şadyýar hatyn Kair galasynda Kämil ibn Adyl döwründe gurlan Gyzyl diñde tussag astynda saklanýar. Muizziýe mamlýuklary toparynyñ, hususan-da Emir Seýfeddin Guduzyñ sözi bilen Soltan Aýbegiñ birinji aýalyndan bolan ogly Mansur Aly on üç ýaşynda Mamlýuk türkmen döwletiniñ soltanlyk tagtyna çykarylýar. Ýaş soltan Mansur Aly ejesi Ümmi Ala onuñ talagynyñ berilmegine we kakasynyñ ölümine sebäp bolan aýaldan ar almak üçin Şadyýar hatyny masgaralap öldürmäge idin berendigi aýdylýar. Ümmi Aly hyzmatkär gullary bilen bile Şadyýar hatyny Gyzyl diñden çykaryp onuñ eşiklerini sypyrýarlar we öñki melikäni ýalañaç ýagdaýda urup-ýenjip, gamçylap öldürýärler. Ertesi gün Şadyýar hatynyñ urlup öldürlen ýalañaç jesedi Kair galasynyñ golaýyndaky hendekden tapylýar. Soltan Aýbegiñ ölmüne sebäp bolan Muhsin el-Jorgi we kyrk hyzmatkär hem ölüme höküm edilýär. Şadyýar hatyn Kairiñ Ibni Tulun metjidiniñ golaýyndaky türbede jaýlanypdyr. Bu türbäniñ arhitektura gurlusy yslam arhitekturasynyñ iñ gowy nusgalarynyñ biri hasaplanýar. Türbäniñ içindäki mährap Konstantinoldan ýörite getirilip, mozaika ussalary tarapyndan sünnälenip ýasalan "ömür agajy" mozaikasyny şekillendirýär. Türbäniñ içindäki agaç sütünleriñ ýüzüne ýazylan kufy ýazgylar hem käbir ýerleri zaýalanandygyna garamazdan hatdatlyk sungatynyñ iñ ajaýyp nusgalarynyñ biri bolup durýar. • Şadyýar hatyn Müsür folklorynda Şadyýar hatyn Müsüriñ uzak ýyllaryñ dowamynda ýazylan folklor eseri "Syrat El-Zagir Baýbars ("Beýbarsyñ ömür beýany)" atly dessanyñ baş gahrymanlarynyñ biridi. Bu dessan göwrümi taýdan uly bolup, müñlerçe sahypa ýetýär. 1923-nji ýylda Kairde neşir edilen bir redaksiýasynda dessanyñ sahypasy 15 müñ sahypa ýetipdi. Bu eser Mamlýuklar döwründe ýazylyp başlanypdyr, Müsüriñ Osmanly türkmen döwletiniñ düzüminde bolan ýyllary hem dessanyñ ýazylmagy dowam edipdir, iñ soñky görnüşini bolsa biziñ döwrümize golaý döwürde alypdyr. Dessan käte realistik, käte hyýaly epizodlarda beýan edilmek bilen birlikde, müsürlileriñ Beýbarsdyr Şadyýar hatyna bolan asyrlara çeken içgin gyzyklanmasyny şaýatlyk edýär. Dessanyñ hyýaly epizodlarynda Şadyýar hatyn (Şejer-ud-Dürr) halyf Muktediriñ "Patma Sarajat-El-Dürr" atly gyzy diýip görkezilýär.* Halyf Muktediriñ döwründe halyfyñ mülklerine mongollar çozupdyr. Sarajat-El-Dürr ("Dürleriñ daragty") ady oña kakasynyñ dürler bilen bezelen eşikleri geýdirendigi sebäpli döräpdir. Sarajat-El-Dürr Müsüriñ melikesi bolmagy arzuw edendigi sebäpli kakasy ony Salyh Eýýuba durmuşa çykarypdyr. Salyh Eýýup hem häkimiýeti öz elinde saklap galmak üçin halyfyñ gyzyna (ýa-da gyzlygyna) öýlenipdir. Çagaka Müsüre gul edilip getirilen Beýbarsy Sarajat-El-Dürr diýsem gowy görüp, ony öz çagasy kimin ulaldypdyr. Aýbak el-Türkmeni erbet niýetli adam we ol Müsüriñ agalygyny Sarajat-El-Dürdir Salyh Eýýubyñ elinden almak üçin gelipdir. Sarajat-El-Dür Aýbaky gylyçlap öldürýär, emma onuñ ogly tarapyndan kowalanýar we ondan gutuljak bolup galanyñ diwaryndan gaçyp ölýär. ___________________________________ * Dessanyñ käbir wersiýalarynda Sarajat-El-Dürr halyf Muktediriñ kakasy Kamil Billahyñ gyrnagyndan bolan gyzydyr we Muktedir ony özüne gyzlyk edinýär. # Esas: wikipediýa | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |