22:05 Şahmeran rowaýaty / mistiki hekaýat | |
ŞAHMERAN ROWAÝATY
Mistika we fantastika
Rowaýata görä Şahmeran ýüzlerçe ýyl mundan öñ Tarsus diýilýän ýerde ýaşap geçen ýylan sypatly, aýal kelleli bir jandar bolupdyr. Erem bagyna gaýra dur diýdirýän bagynda dürli nazy-nygmatlar we zer-zynatly egin-eşikler baram bolsa, adam aýagynyñ ýetjek ýerinden daşda we ýeriñ astynda ýaşaýan Şahmeranyñ bolýan ýerini tä Jamsab diýen garyp oglan üstünden barýança hiç kim bilmändir. Günlerde bir gün Jamsab tokaýda aýlanyp ýörkä agzyna çenli dolup duran bally guýynyñ üstünden barýar. Bal almak üçin guýa sallanan Jamsab ähli baly gowa bilen ýokaryk ugradypdyr. Jamsabyñ açgöz ýoldaşlary işleri bitensoñ, ony guýudan çykarman taşlap gidýärler. Baly boşap galan gurruk guýynyñ içinde ýeke galan Jamsab dady-perýat edip gygyrsa-da, oña kömege gelen bolmandyr. Ähli umydy kesilip, lapykeçlige özüni aldyran pursatynda, guýynyñ diwaryndan iññäñ gözüniñ ululygynda ýagtylyk inýändigini görýär. Hasyr-husyr jübüsindäki pyçagy çykaryp, deşigi ulaldan Jamsab ýatsa-tursa düýşüne girmejek owadan bagyñ içine düşýär. Bu bagda deñsiz-taýsyz owadan gülleriñ ortasynda ýerleşen suwly howuzyñ gyrasyndaky oturgyçlarda bir topar ýylan dynç alyp ýatanmyşyn. Howuzyñ başynda gurlan tagtyñ üstündäki adam kelleli ap-ak tenli bir ýylan Jamsaba adam dilinde: - Hoş geldiñ, sapa geldiñ, eý adam ogly adam! Bu ýatan ýylanlardan gorkma, sen indi biziñ myhmanymyz! - diýipdir. Şahmeran Jamsaba her dürli nazy-nygmatlar mürähet edip, ondan bu ýerlere nirden we nädip düşendigini sorapdyr. Jamsab başyna düşenleri başdan-aýak gürrüñ beripdir. Jamsaby diñlän Şahmeran kellesini saga-çepe owsun atdyryp: - Adam ogly diýeniñ gadyrbilmez we hilegär bolýar. Ownuk bähbitler üçin ummasyz zyýana galmaga razy bolýar - diýipdir. Şahmeranyñ ynamyna giren Jamsab birnäçe ýyllap bu bagda ýaşaberýär. Günlerde bir gün Şahmeran bilen özara söhbet edip oturan Jamsabyñ göwni dogan-garyndaşlaryny, maşgalasyny küýseýär. Jamsab oña: - Gaýrat et-de meni hossarlaryma gowşar ýaly et! - diýip, zarynlap ýalbarmaga durupdyr. Garyp ýigide nebsi agyran Şahmeran onuñ bu islegini bitirjekdigini aýdypdyr. Ýöne ol bu ýer barada hiç kimiñ ýanynda dil ýarmajakdygyna we hiç haçan suwa düşmejekdigine söz bermegi talap edipdir. Sebäbi Şahmerana duş gelen adam kim bolsa bolsun, tapawudy ýok, eger hammama gitse, endamyna pul örýärmişin. Şahmerana äht edip maşgalasyna gowşan Jamsab birnäçe ýyllap beren sözünde durup, Şahmeranyñ bolýan ýeri barada hiç kimiñ ýanynda dil ýarmandyr we bir gezegem suwa düşmändir. Günlerde bir gün Jamsabyñ ýaşaýan ýurdunyñ patyşasy Keýhysrow syrkawlaýar. Wezir keseliñ dermanynyñ Şahmeranyñ etini iýmekdigini aýdyp, raýatlaryñ ählisiniñ hammama salynmagyny buýrupdyr. Gitmejek bolsa-da zor bilen hammama äkidilen Jamsabyñ tenine suw degen badyna tutuş endam-janyna pul örýär. Ol gynamalara çydaman janyny halas etmek üçin ahyrsoñy guýynyñ ýerleşýän ýerini aýdýar. Derhal guýynyñ ýerleşýän ýerinr barylýar we Şahmeran daşaryk çykarylýar. Jamsaba gözi düşen Şahmeran: - Gördüñmi, Jamsab?! Meniñ ganyma galanam sen bolduñ. Men adama ynanmaly däldigini öñ bilýärdimem. Nätjek, boljak işe çäre ýok eken. Aldanaýdym-da... - diýipdir. Ol ölüme barýarka Jambaza: - Meni bir gezek gaýnadyp suwumy saña içirjek bolarlar. Zäherlidir, birden içäýmegin. Soñ ýene ikinji gezek gaýnadarlar, şonda suwumy iç, iç goşumy-da hökümdara iýdir - diýýär. Şahmeranyñ aýdanlaryny gylyny gymşatman ýerine ýetiren Jamsab Şahmeranyñ etiniñ gaýnadylan ilkinji suwuny wezire içirip, ikinjisini özi içýär. Etini bolsa hökümdara iýdirýär. Wezir ölüpdir. Patyşa hem az wagtyñ içinde sagalýar we Jamsaby öz weziri edip alýar. Rawylaryñ aýtmagyna görä, Şahmeranyñ öldürilendigini ýylanlar bilenokmyşyn. Eger onuñ öldürilendigini duýaýsalar, Tarsusa ýylanlaryñ çozjakdygyny rowaýat edýärler. Terjime eden: H.Türkmen. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||