21:52 Sallançak | |
SALLANÇAK
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gör, nijeme ýylyň içidir, obada sylagly bolmandyr. Zürýat zaryny çekýän är-aýalyň bu jelegaýlarda görünmedik tebibi, ýykylmadyk öwlüyäsi galmandyr. Allanyň gudraty bilen bir gün "eje" sözüniň zary bolan zenan düýş görüpdir. Düýşünde onuň ogul perzendi dünýä inýärmiş-de, bäbejigi ýerde goýsa-ha, ogrular ogurlamaga taýyn bolup duranmyş, asmanda goýsa-da, guşlar alyp gitjek bolup duranmyş. Düýş herhal oraşan bolup çykypdyr. Aýy-güni dolup, ogul perzent dünýä inýär. Emma gören düýşündäki ýagdaý enä ynjalyk bermändir. Ol Tañra delalat isläp ýalbarypdyr: - Ýa Alla, ýalňyz balama göze görünýän howp bolmasa-da, ýerde goýsam pos boljak, asmanda goýsam ys boljak. Maňa bir kömek ber, balamy neneň edip saklasam, ýüregim ynjalyk taparka?! Allanyň gudraty bilen şol gün agşam ene ýene-de düýş görüpdir. Gara öyüň dulunda iki ýüp çekilipmiş-de, oňa halyça atylyp, çaga ýatar ýaly edilip goýlanmyş. Daň säherde oýanan ene düýşünde görşi ýaly edip ýüp çekipdir-de, oňa halyça atyp, çagasyny şoňa ýerleşdirenmiş. Ine, şeýdibem sallançak döränmiş diýýärler. Arslan HUDAÝBERGENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |