20:10 Şam türkmenleri | |
ŞAM TÜRKMENLERI
Taryhy makalalar
Saparmyrat Türkmenbaşynyň "Ruhnama" kitabynda görkezilişine görä, Seljuk türkmeni Atabeg Imadeddin Zeňňi 1127-nji ýylda Yraga hökümdar bellenýär. Şol ýylda öz welaýatyna Bagdat bilen bilelikde Mosuly, Sanjary, Jeziräni we Harrany, soñra (1128 ý.) Halaby birikdirýär. Ol musulmanlary haç göterijilerden goramakda aýratyn tapawutlanýar. Imadeddin aradan çykandan sonra onuñ hökümdarlygy ogullary haç göterijileriň ýiti garşydaşy Şamy (Şamny) dolandyran Nureddin Mahmydyň we Mesopotamiýa bilen Mosula hökümdarlyk eden Seýgeddin Gazynyň arasynda bölünýär. Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň köp sanly çykyşlarynda türkmenleriň Şamda we beýleki golaý Gündogar ýurtlarynda taryhyň her hili döwürlerinde ýaýrandyklaryny we olaryň uly taryhy, syýasy we medeni ähmiýete eýe bolandyklaryny belläp geçýär. Gulluk borçlaryma görä, men arap ýurtlarynda, şol sanda Şamda hem, ömrümiñ ep- esli wagtyny eziz Watanymyza hyzmat edip geçirdim. Adamzat taryhynda Şam meşhur hyzmatlary bitiripdir. Bu ýurt hakynda ýurt ösüşleriniň ilki dörän Ýeri diyip aýdýarlar. Onuň sebäbi, adamzat medeniýetinde gazanylan we soñra bolsa bütin äleme ýaýran meşhur üstünlikleriň gözbaşynyň gadymy Şamda bolmagyndadyr. Alymlaryň görkezmegine görä, köp dini we pelsepe ýörelge-ugry esasy, söwdanyň, şäher gurluşygynyň we diplomatiýanyň başlangyjy, medeni hyzmatdaşlygyň endikleri Şamda ýüze çykýar. Golaý Gündogarda bolan Şam bilen tanyşmak bu adamzat taryhy bilen daş asyryndan häzirki zamana çenli tanyşmakdyr. Yeri gelende aýtsak, bu yurt jahankeşdeler üçin hem möhüm merkezdir. Bu toprakda geçmişiň gaýtalap bolmajak suratlary-ybadathanalar, arap galalary, metjitler, köşkler gyzygy olardan pes bolmadyk häzirki döwür bilen utgaşyp gidýär. Bu gözel ýurtda asly türkmenler köp, emma öz dilini ýatda çykarmadyklaryň sany bir milliondan geçýär. Olar diýsiň gyzgyn ýürekli we Garaşsyz hem-de baky Bitarap Türkmenistana uly mähir bilen seredýärler. Oña buýsanýarlar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli, halk bahbitli işlere haýran galyjylyk bilen guwanýarlar. Şamdaky kowumlaryň arasynda türkmenleriň sany boýunça ikinji yerde durýar. Ýerli türkmen alymy Ybraýym Salyhyň öýünde köp gezek boldum. Onuň esasy baýlygy-kitap iki gatdan durýan öyünde uly kitaphanasy bar. Alymyň aytmagyna görä, maşgalaň harajatlaryndan artyan puluň hemmesine ol kitap alýar. Onda-da diñe Şamda çap edilen däl, eýsem beýleki ýurtlarda, öwletlerinde neşir edilen türkmene we beýleki Gündogar halklaryna degişli maglumatlary ýygnaýar. Ibragim akyl-paýhasy bilen türkmenlere özüni aldyrypdyr. Ol araplaryň arasynda uly hormata eye bolupdyr. Bu alymyň maglumatyna görä, batyrgaý, merdana we söweşjeň, türkmen atlylar 1064-nji ýylda Beýik Alp Arslanyň döwründe Şama tarap myrat (Yewfrat) derýasyny kesip geçýärler. Olar ýurduň demirgazygyndan başlap, onuñ hemme künjegine ýaýraýarlar. Şam ýurtlarynyň ilkinji şäheri bolan Halapda türkmenler öz häkimligini gurýarlar. Sonra öz ýeňiş baýdaklarynyň astyna Şamyň ýurtlaryny bütün Şamy, Iordaniýany, Palestinany we Liwany birikdirýärler. Türkmenler bu sebitde köp ýyllaryň dowamynda agalyk edýärler we ol yerde yaşap, göreşip, gurup, ýeňiş gazanyp, özleri hakynda köp ýadygärlikleri galdyrýarlar. Häzirki nesiller üçin olar şöhratly geçmişiň bu günki buýsanjydyr. Bäş millionly Şamyň paýtagty Damaskyň (Dymşygyň) Muhajirin diyen yerinde bir myhmansöÿer türkmen maşgalasy ýaşaýar. Uly ýoluň gyrasynda ýerleşýän bu jaý şäheriň in gadymy hem gözel yerinde bolup, mähirli seredýän gapysynyň mydama açyklygy bilen tapawutlanýar. Bu öýe gelýän täjirleriň, arap diplomatlarynyň, şahyrdyr pelsepeçileriniň yzy üzülenok. Olary hormat bilen garşylap, çaý-suw hödür edip, degişli meseleler boýunça pikir alşyp kabul etmek bu öyüň däp-dessuryna öwrülipdir. Maşgalada mähir-edeplilik ýaly adamkärçilikli sypatlar mydama duyulýar. Bu öyüň eyeleri Abdyrahym, Kemal, Muhammet, Emir, Wesim, Ak Sonkarlar tutanýerli we edermen yigitler bolup, özleriniň golaý Gündogarda XII asyrda hökümdarlyk eden, asly türkmen topragyndan gelip çykan Seljuk türkmenlerinden bolan Nureddin Mahmyt Ben Zeňňí Ak Sonkaryň asyrlar boyy hormatlanylýan maşgalasynyň dowam etdiriji nesilleridigini höwes bilen gürrüň berdiler. Bu arap topraklarynda ady belli, adyganlygy, bilimi, akyl-huşy we batyrlygy bilen özüni tanadan Nureddin Mahmyt Ben Zeňňi Ak Sonkar 1118-nji ýylda Şamyň Halap şäherinde dogulýar. Ol kakasy Imadeddin aradan çykansoň, otuz ýaşynda Halap ýurdunyň emiri bolýar. Az wagt geçenden soň, ol daşky duşmanlardan araplary azat etmek üçin Dymşygy hem öz şalygyna birleşdirýär. Nureddin Mahmyt yslam dinine hyzmat etmekde, araplaryň agzybirligini gazanmakda uly bir serkerde bolýar. Özüniň adyllygy, akyl-paýhaslylygy bilen hem ol yerli millete özüni aldyrýar. Arap akyldarlary bu serkerdäniň bitirýän işlerini göz öňünde tutup, onun asyl adyna Mahmyda Nur ed Din "Diniň nury" diýen lakamy goşupdyrlar. Arap we musulman raýdaşlygynyň baýdagyny belent göteren, akyl-parasatlylygy bilen tapawutlanan, öz döwrüniň beýik döwlet işgäri bolan, adyl şa adyny alan Nureddin Mahmyt sonra öz şalygyna Mosuly, Diyarbekiri, Saud Arabystanyny, Müsüri, Demirgazyk Afrikanyň arap ýurtlaryny we Ýemeniň bir bölegini birleşdirýär. Söweşlerde, has-da haçparazlara garşy göreşlerde Nureddin esgerleriň in önki tapgyry bilen gidip, aýratyn şahsy batyrlygyny hem görkezipdir. Ol döwlet işlerine we halkyň hal-ýagdaýlaryna uly üns beripdir. Yerli milletleri her hili töleglerden boşadypdyr. Haja gidilýän ýollarda musulmanlar üçin degişli hyzmatlar, dynç alyş nokatlaryny döredip, uly alkyşlara eye bolupdyr. Şonuň üçin Medine şäherinde namaz wagtlary onun şanyna dogalar okalypdyr. Nureddin halkyň parahat yaşamagy üçin uly işleri bitirýär. Ol Şamyň Damask (Dymşyk), Halap, Hama we Liwanyň Baalbek şäheriniň daşlaryny gala bilen berkidipdir. Halkyň aň-düşünjesini ýokary galdyrmak üçin metjit-medreseler saldyrypdyr. Şamda iň ilkinji saglygy goraýyş jaýyny gurdurypdyr. Nureddin mähirli hem nurana adam bolupdyr. Ol alymlar bilen gatnaşyk edip, olar bilen dürli meseleleri çözer ekeni. Ol Şamda ilkinji adalat jaýyny saldyryp, halka degişli meseleler çözülende hut özi gatnaşar ekeni. Nureddin Allatagala, Muhammet pygambere golay adam hasap edilipdir. Ol bir gün düýş görýär. (Ol barada "Medinänyň taryhy" diyen kitapda beyan edilýär. Kitabyň awtory Muhammet ibn Matari). Bir nurana adam gelip, oňa: "Mahmyt, sen meni iki sany sary adamdan halas et" diýýär. Mahmyt oýanýar, ýerinden turup, namaz okap, ýene-de ýatýar. Emma bu düýş üç gezek gaýtalanýar. Öz gezeginde Mahmyt hem bu nurana adama ýüzlenip: "sen kim, kimden seni goramaly?" diýip soraýar. Onda nurana adam: "Men Muhammet pygamber, Allanyň Resuly. Bu iki adam gelip, meniň jesedimi ogurlamak isleýärler" diýip, olaryň daşky sypatlaryny beyan edýär. Nureddin Mahmyt bu üç düýşden soňra akyldar wezirini çagyryp, oňa görenlerini aýdyp berýär. Wezir bu zatlary kellesinde aylap: "Eý, meniň parasatly Soltanym, Muhammet pygamberiň şäherinde (Medinede) bir uly iş gopýar, onuň çözgüdini Sizden başga hiç kim başaryp bilmez" diýýär. Nureddin Medinä gitmek üçin hyzmatkärlerine goşuny taýýarlamagy boýurýar. Parasatly serkerde Nureddin öňünden habar bermän, duýdansyz Medinä gelýär. Ol uly sadaka berip, şäheriň hemme ilatynyň gelmegini, olar bilen salamlaşjakdygyny aýdýar. Özüniň emri yerine ýetenson, Nureddin "Hemme adam geldimi?" diýip, ýene bir gezek soraýar. Onda oña, şäherde diñe iki alym adam galdy. Olar "Sadaka barjak dal, bizi isleýän bar bolsa, onda onuň özi gelsiň" diýýärler diýip, habar berýärler. Nureddin Mahmyt bu habary eşidip, olaryň ýanyna barýar. Ol "alymlary" görüp, olary düýşünde eşiden adamlarynyň daşky sypatlary bilen deňeşdirýär. Olaryň hut şol düýşünde Pygamberiň aýdan adamlarydygyna anyk göz ýetirensoň, Nureddin olaryň kimdiklerini soraýar. Olar: "Biz Muhammet pygamberiň metjidine goňşy bolmak üçin "haçparazlaryň" ýurdundan gelen musulman alymlary" diýip jogap beripdirler. Nureddin olaryň sözlerine ynam etmän, assyrynlyk bilen myhmanlaryň öýlerini barlamagy tabşyrýar. Barlap görseler, ol öyün içinden Muhammet pygamberiň gabryna garşy ýeriň astyndan kürüm gazylypdyr. Bu iş aýan bolansoň, Nureddin olara dogrusyny aýtdyrýar. Onda ol iki adam, ähli musulmanlara ahyrýet gününe çenli ahmyr çekdirmegi maksat edinip, Muhammet pygamberiň jesedini ogurlamak wezipesi bilen gelendiklerini beyan edýärler. Nureddin bu sözlerden netije çykaryp, halkyň öňünde olary jezalandyrýar. Bu ýerde toplanan märeke bolsa Nureddine alkyşlar aýdýarlar. Öwlüýäni goramak üçin yene bir iş etmegi serkerdeden haýyş edýärler. Nureddin oýlanyp, Muhammet pygamberiň guburynyň dört tarapyny üç metrlik çuňlukda gazdyrýar. Oña berklik üçin gurşun guýdurýar. Nureddin bu ýagdaýdan soň ýene bir haýyr işin birinji Kubla hasap edilýän Kudus şäherini "haçparazlardan" azat etmek meselesiniň ýolunda bolýar. Emma onuň bu hyjuwy başa barmaýar. Sebäbi, ol agyr demgysma keseli bilen keselläp, 1174-nji ýylda Dymşyk şäherinde aradan çykýar. Yöne bu möhüm wezipe hem Nureddiniň şagirdi we ýetişdiren dini adamsy, arap serkerdesi Salah hudin Aýýubi tarapyndan türkmen göreşijileriniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilipdir. Nureddiniň ýogalany baradaky habar būtin Yslam älemini sarsdyrypdyr. Dürli yurtlardan gelen musulmanlar onuň alnyna dogalar okap, Nureddini öz Dymşykda saldyran medrese-metjidinde jaýlaýarlar. Ol şäheriň merkezinde meşhur "Hamidiýa" bazarynyň köp gelim-gidimli çetinde yerleşýär. Asly türkmen bolan Nureddin guburyna zyýarat eden adamyň doga-islegi kabul bolýar diýip, arap dini-taryhy kitaplarynda yöne ýerden aýdylmandyr. Ýokarda atlary agzalan Nureddiniň nesilleri Türkmenistany asyl Watanymyz diýip bilýärler. Olar ykdysady taýdan ýagdaýlarynyň oňatdygyny, (firmalarynyň) bölümleriniň Amerikada we Yewropa ýurtlarynda hem bardygyny aýtdylar. Türkmenleriň köpüsi Dymşyk, Halap, Hama, Latakiýa, Homs şäherlerinde we olaryň eteklerinde yaşaýarlar. Türkmenler bu yerlere sekizinji asyrdan başlap, taryhyň dürli döwürlerinde gelipdirler. Olar Türkmenistana guwanç duýgysy bilen seredýärler. Onuň bilen öz umyt-arzuwlaryny baglanyşdyrýarlar. Ýurduň paýtagty Dymşykda türkmenler esasan hem Meýdan, Jüber, Garadaşly, Barza, Muhajirin diýen ýerlerde tohum görnüşinde ýaşaýarlar. Jüberde bolsa olaryň aýratyn öz metjitleri hem bar. Ondan başga-da Dymşygyň eteginde iki türkmen obasy bar. Türkmenleriň uly bölegi Halap şäherinde, onuň demirgazagynda Türkiýä golaý yerlerde yaşaýarlar. Olar her hili senetçilik, söwda, oba hojalygy we başga ulgamlarda işleýärler. Latakiýa şäheri we Ortaýer deňziniň Şamdaky kenary türkmenleriň sany boýunça ikinji ýeri eýeleýär. Bu şäher bilen Türkiýäniň serhedine çenli aralykda 56 sany türkmen obasy ýerleşýär. Türkmenleriň sany boýunça üçünji ýeri ýurduň merkezi böleginde bolan Homs şäheri eyeleýär. Ondan başga-da, olar şäheriň töwereginde yerleşýän 35 obada ýaşaýarlar. Ýerli milletiň aýtmagyna görä, Homs şäheriniň 40 göterimine golaýy türkmenlerden ybaratdyr. Bu şäherde geçen döwürlerden galan "Türkmen derwezesi", "Türkmen köçesi" we "Türkmen mähellesi" diýen ýerler saklanyp galypdyr. Şäheriň ilatyna seredeninde, olaryň köpüsiniň nurana keşbi, mähirli garaýyşlary türkmen milletiniň adamlaryny ýatladýar. Kuneýtra welaýatynyň Golan belentlikleri türkmenleriň sany boýunça dördünji ýeri eýeläpdir. Olar on dört obada ýaşap, bu belentlikler 1967-nji ýylda basylyp alnanyndan soň, Dymşyk şäherine göçüpdirler. Bulardan başga-da, türkmenler Hama şäherinde we onuň eteginde sekiz obada ýaşaýarlar. Türkmenler özleriniň adatlary we milli eşikleri boýunça beýleki kowumlara garanda, araplar bilen köp derejede gatyşypdyrlar. Emma olar maşgala meselesinde özleriniňkiden gyz alyp, ogul öýerip, olara hem gyz bermegi gowy görýärler. Türkmenler syýasy, ykdysady, harby, medeni, söwda we beýleki ulgamlarda zähmet çekýärler. Olaryň arasynda harby we medeni gullukda we döwlet işlerinde uly wezipelerde işleýänleri bar. Şam Osman imperiýasyndan azat bolansoň, onuň birinji goranmak ministri Ýusup Al-Azma damaskly türkmen bolup, ol fransuz ezijilerine garşy göreşde Dymşygyň eteginde wepat bolupdyr. Onuň uruşda gahrymanlygyny we şahsy göreldesini göz öňünde tutup, Şamyň hökümeti her ýylda onuň ýogalan güni Yusubyň guburyna gül desselerini goýup gelýär. Şam Garaşsyzlygyny alandan soň, ýurduň Pzeridenti wezipesine üç sany türkmen hem saýlanypdyr: damaskly Şukry Kuwwatly we Homsly Haşim al-Atasy we Nureddin al-Atasy. Şamyň birinji wise-prezidenti A.H.Haddam bilen bolan duşuşuklarda ol maňa: "Goý, siziň alymlaryňyz gelip, biziň ýurdumyzdaky türkmeniň taryhyna dahylly maglumatlaryny öwrensinler" diýip aýtdy. Dogrudan hem, bu dostlukly ýurtda biziň Garaşsyz baky Bitarap Diýarymyzyň alymlaryny, ýazyjylarydyr žurnalistlerini gyzyklandyryp biljek Türkmenistanyň taryhyna dahylly maglumatlar köp. Gurban WELIÝEW. "Türkmen dünýäsi" gazeti, 15.11.2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |