01:37 Samsyk şeýtan / ýumoreska | |
SAMSYK ŞEÝTAN
Satiriki hekaýalar
Günlerde bir gün ýaş zenan şeýtana kiçijik kömek edipdir. Näme, şeýtana-da biri ýardam etmeli ahyry. Şeýdip, dünýäde hiç zatdan gorkyny-ürkini bilmeýän aýal şeýtanyň göwnünden turupdyr. Şeýtanam muňa begenmek begenip, minnetdarlyk baryny ýagdyryp ugrapdyr: - Eden ýagşylygyňy hiç haçan unutmaryn! Näme, islegiň bolsa, aýt, ýüzüniň ugruna ýerine ýetireýin! Zenan iňkise gidip, näme gerekdigini beýnisinde ölçerip-dökmäge durupdyr. Emma hiç zat kellesine gelmändir. Şeýtanyňam oňa kömek edesi geleniniň çynydy. "Görgüliň ejir çekäýşini. Aýalyň saçy uzynam bolsa, akyly kelte" diýleni-dä. Näme gerekdigini bada-bat pikir edip bilenok-da. Dogrudanam, aýal iň gerek, iň zerur zat nämekä?" Şeýtan şu oý-pikirleri serinde aýlapdyr-da, zenana şeýle diýipdir: - Seň görmekli bolasyň gelýämi? Aýtdygyň gutardygy. Derrew kaddy-kamatly, zyba zenana öwreýin! Şol pursatyň özünde güýçli şarpygyň sesi ýaňlanyp gidipdir: - Utançsyz, bihaýa! - diýip, zenan bokurdagyna gyrara getirip haýkyrypdyr. - Men näme özüme ýeterlik görmegim ýokmy eýsem? Laslo FELEKI, Wengriýa. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |