16:18 "Sary towuk saman seçer..." / satiriki hekaýa | |
"SARY TOWUK SAMAN SEÇER..."
Satiriki hekaýalar
Raýon sowetiniñ sessiýasynda magaryf bölüminiñ müdiri Sypaýy Sypjykowa söz berilýär. Epeý-epeý ädip münbere çykan müdir petekesini gaýşardyp, nazym bilen söze başlaýar: - Ýoldaşlar! Biziñ raýon magaryf bölümimiz ýaşlara bilim hem edep-terbiýe bermekde bahasyna ýetip bolmajak sogap iş alyp barýar. Ýöne işimiziñ heniz ilerlebermeýänini boýun almaly, ýoldaşlar! Onuñam bize bagly bolmadyk sebäpleri bar. Biziñ öz işimizi has göwnejaý guramagymyz üçin ýagty klaslar ýetmezçilik edýär. Bar bolan mekdep jaýlarymyzam düýpli remonta mätäçliginden ýaña, ýediñ enesi ýaly ebtini agdaryp dur. Gurluşykçylaryñ biagyrlygy zerarly men diýen mugallymlarymyz göz-gülban bolup duran klaslara girip bilmän, bialaç öz hojalyk işlerine mübtela bolmaly bolýar, ýoldaşlar. Ýañky däninim, klaslar weýran bolup ýüzüñe seredip dursa, olañ içinde wagt ýitirip ýörmän, öz melleklerimizde işlesek, halkymyz üçin has peýdaly ahyry. Has dogrusy ol ýurdumyzyñ Azyk programmasyna biziñ goşandymyzdyr. Düýpli remonta başlanylýança biz, ine, şeýle halk bähbitli işlere ýüz urmaga mejbur bolduk. Biziñ işimiziñ işini görýän zatlaryñ ýene-de biri, olam däninim, ýoldaşlar, ene-atalaryñ biagyrlygy. Şolar bizi kän ýerde ýüñsakal edýär, ýoldaşlar! Birinjiden-ä, olar öz çagalaryna sowat öwredenoklar. Heý öz çagasyna sowat öwretmeýänem ene-ata bormy?! Gynansagam, şeýle ene-atalar bar eken, ýoldaşlar! Onda-da biziñ raýonymyzda kän eken. Biri-ikisi däl, hemmesi şeýle. Biriniñem çagasy zat bilenok. Näme sorasañ, ýetim tokly ýaly, boýnuny burup dur. Iñ bärkisi mugallymlarynyñ adynam bilenoklar. Heý, beýlede bir biagyrlyk bomy? Toba-essagpyrylla! Ikinjidenem däninim, edep-terbiýe berenoklar. Edep-terbiýe dagy ene-atalañ çep elinden gelýän zat bolmaly ahyr. Ýöne mekdebe diklenäýmeli däl-ä. Mugallymlar onsuzam şäher ilatyny gök-önüm bilen üpjün etmek ýaly il bähbitli işiñ hötdesinden zordan gelýär. Terbiýeçilik işlerini bir olañ üstüne atmalyñ-a! Bu ýerde komsomolyñam, medeniýet bölüminiñem günäsi az däl. Okuwçylar bile mekdepden daşary terbiýeçilik çäreleri geçirmeli şolar ahyr, näme işleri barmyş başga?! Işimizi bökdeýän kemçilikleriñ ýene biri: kitapdyr depder ýetmezçiligi. Kitap-depder bolmasa çagalary nädip okadaly biz. Ýa gadymky edilişi ýaly haty daşyñ ýüzüne ýazdyralymy?! Üstesine spesialistlerimizem ýetenok biziñ. Bir dilçi haýsy pirtmete ýetsin. Ýoldaşlar, biz özümize bagly zatlaryñ hemmesini edýäs. Öñem nygtaýşymyz ýaly, bize bagly däl sebäpler kän. Şolaryñ iñ esasysam okuwçylaryñ özleri. Asyl belañ körügi şolarda. Okanoklar-how! Onsoñ mugallym pahyr nätsin?! Olañ özi öñ ony-muny görüp, zordan okuwy gutaran adamlar. Gelibem bärde zehiniñi ýakmaly bolsa, bolmaz-a! Oglan diýeniñ bir okar, öwrener. Bular beýle däl. Tüýs bir äjit-mäjit. Ogullary weýenniden hat ýazyp bilmese, ýene mugallym pahyr günäkärmiş. Görşümiz ýaly, ýoldaşlar, raýon boýunça ýetişigiñ pesligi diñe bize bagly däl eken. Bizde jinnek ýaly günä ýok. Şu zatlarda siziñ ýardam etmegiñizi haýyş edýän, ýoldaşlar! Esasanam, şu okuwçylary bir okadeweriñ! Wiý, bagyşlañ, okar ýaly edeweriñ. Magaryf bölüminiñ müdiri moýmudyklap münberden düşenden soñ güwwüldili el çarpyşmalar zaly göçürere getirdi. Müdiriñ çykyşyndan elheder alyp, ýek-tük ýakasyny tutup oturan bolaýmasa, näme diýilenine-de, näme üçin el çarpýanyna-da düşünmän, ýöne keýpine şärik bolup oturanlardy, zaldakylaryñ köpüsi. Aglabasy bolsa, beýle çykyşy ilkinji gezek diñlemeli däl. Olaryñ ýyllar boýy eşidýäni şu zeýilli çykyşlardy. "Kim özünde günä goýsun?!" Iş başarmaýandyklaryny boýun alaýsalar boljak welin... Eger-eger... Birem boýun almaz. Gassap bolsa, goýny günäkärlemek, başlyk bolsa, howany günäkärlemek ganyna ornan-a bulañ. Sypjyk zaññaryñ özünde günä goýmaýşyny görýämiñ. "Oglan okadybilemizok" diýenok, gaýta, bar günäni çagalañ üstüne atdy oturyberdi" diýip, häliden bäri eşiden zatlaryna haýran galyp, başyny ýaýkap oturan ak mapraç, gartaşan aýal eşidiler-eşidilmez hüñürdedi. Sessiýany alyp baryjy ýerinden turdy-da: - Onda näme ýoldaşlar, magaryf meselesine degişli ýörite kamysa düzeliñ. Goý, ýagdaýy gowy öwrensinler, olara kömek etmek gerek - diýip, ol müdire minnetdarlyk bildirdi. Aýnagözel GELDIÝEWA. "Tokmak" žurnaly, 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |