13:05 Saýrylaşma ýa-da tomzaklaşma | |
SAÝRYLAŞMA ÝA-DA TOMZAKLAŞMA
Edebi makalalar
I. Adamyñ her gün özüni täzeden gözükdirmäge, ugur-ýoluny kesgitlemäge mejbur bolýan jemgyýetlerinde saýrylaşman galmagy mümkin däl. Sözi ýerde galmaýan, erkin, sylanýan raýat bolmak üçin öz şahsy aýratynlygyñy ýa-da aýratynlyklaryñy yzygiderli ýagdaýda "emma welinler" bilen aýlawly gep-gürrüñlerden halas etmegiñ gaýgysynda gezýän şahsyñ wagtyñ geçmegi bilen şahsy aýratynlyklarynyñ ýitmegini ýa-da saýrylaşmagyny gutulgysyz ýagdaýa getirýär. "Men çepçidirin, ýöne kommunist däl". Ýa-da "men musulman, ýöne yslamçy däl". Ýa bolmasa, "men nasionalist, ýöne milletçi däl". Soñy başyny inkär edýän kesgitleme jümleleri çäklendirmek bilen birlikde ýoýulmagyna-da sebäp bolýar. Bu gaýgy-ünji aslynda sylagly kişi bolma ülñüsini döredenleriñ testlerinden gaçma endişesinden we gaýgysyndan emele gelýär. Adam gitdigiçe öz asyl nusgasyndan utanýan ýagdaýa getirilýär. Žan Bodriýýar: "Zamanabaplyk adamyñ öz orginallygyndan utanmagydyr" diýýär. Ülñiniñ eýesi bolan medeniýet we medeniýetiñ bölümleri öz warwarlygyny döretmekde örän ukyp-başarnykly bolanlygyndan wagtyñ geçmegi bilen warwar diýlip baha berilenem ugruny ýitirip hojaýynyna öwrülmek üçin ynanyp bolmajak tagallalara ýapyşýar. Çünki gulyñ hojaýynyna meñzemekden başga arzuwy ýok. Ahyrynda häzirkizaman adamlaryny garaýagyz bolmakdan utanýan hebeşileriñ, köp çagaly bolmakdan utanýan obalylaryñ, aksentsiz iñlisçe gürlejek bolup enesiniñ dilinde gürlemeýän hindileriñ añ dünýäsine çaltlyk bilen gönügen birmeñzeşleşme problemasy gysyp-gowurýar. K.Marks synpy gatlaklaryñ bolmadyk jemgyýetini gurmagyñ arzuwyny edipdi, emma ol hemmeleriñ biri-birine meñzejekdigini nirden bilsin... Häzirkizaman durmuşynyñ düşündirilmeginde ulanylýan saýrylaşma düşünjesine dürli formalarda seredip bolar. Ozalybetinde adamyñ jemgyýetçilik durmuşyna, tebigy daşky gurşawyna, özüne, öz şahsyýetine çapraz ýagdaýa gelmegine diýip bileris. Adamyñ öz zähmeti bilen öndürenleriniñ özüne ýalan şahsy aýratynlyk hökmünde täzeden boýnuna dakylmagy-da adamy ýalñyzlyga iterýär, adam öz degişli jemgyýetine we jemgyýetiñ medeniýetine duşman bolup bilýär. Bulam gitdigiçe adamyñ gymmatlyklardan, sferasyndan, jemgyýetçilik toparyndan we özenlerinden daşlaşma netijesini döredýär. Käbir etnologlar adamy sogana meñzedipdir. Şoña laýyklykda soganyñ ortasynda "soganyñ çüýjügi" diýilýän inçejik özeni şahsyñ özüdir. Soñra onuñ üstünden bir gat örülýär we çüýjügi goraýar. Bu ikinji gat adamyñ maşgalasy. Soñra üç gat gelýär, olam adamyñ dogan-garyndaşy. Dördünji gat tire-taýpasy, altynjy gat kowmy, ýedinji gat halky, sekizinji gat ymmaty, dokuzynjy we iñ soñky gatlak bolsa tutuş adamzat. Aslynda adam bu gatlaklaryñ gurşawy we goragy astynda howpsuz ýaşaýar. Şu gatlaklaryñ emele getiren şahsy aýratynlyklarynyñ hiç biri-de beýlekisi bilen çapraz häsiýet götermese-de, saýrylaşmagyñ metodikasyna laýyklykda şahsy aýratynlyklar manysyzlaşdyrylanda adam sogan metaforasynda sanalan gatlaklaryñ howpsuzlygynyñ daşyna itilýär we ähli gatlaklaryndan çetleşdiriljek görnüşde tersine sypyrylyp, ortada bir özi galdyrylýar. K.Marks "Kapitalda" kapitalistik jemgyýetde üýtgeşme gymmatynyñ ulanyş gynmatynyñ üstündäki agalygyny we diñe pula kowalaşýan gatnaşyklaryñ beýgeldilmegi aekaly adamy gatnaşyklaryñ we ulanmazdan dörän peýdanyñ ýok bolmagy faktoryna "meta fetişizmi" diýip baha beripdir. Lewis A.Koser saýrylaşmagy şeýle kesgitläpdir: "Saýrylaşma adamyñ õz döreden güýçleri tarapyndan döredilen we ahyrynda özleriniñ keseki saýry (keseki) güýje öwrülen ýagdaýydyr". Koseriñ pikiriçe saýrylaşma ahyrynda döredilen döredijiniñ baştutany ýagdaýyna gelýär. Käbir ylmy-barlagçylar butparazlygyñ gözbaşyny-da adamyñ öz döreden närsesiniñ boýunturugy astyna girmegi hökmünde baha berýär. Many ierarhiýasy bozulanda manysyzlyk boýna dakylýar. Manysyzlyk saýrylaşmagyñ iñ başky alamatydyr. Çünki önümçiligi we söwdany fetişe öwren kapitalistik jemgyýet we bu jemgyýetiñ edaralarynyñ egin-egne berip kemala getiren "işe ýaramly asam" tipologiýasy şahsyñ öz durmuşy we geljegu boýunça söz sözleme ýa-da ugur kesgitleme hukugyny elinden alyp, asany önümçiligiñ närsesine öwürýär we bulambadamyñ özüni we hemmeleri manysyz we absurd görme netijesini döredýär. Bu many ýitgisi adamda wagtyñ geçmegi bilen ykbalynyñ başgalaryñ elindedigi we özünden başga güýçler tarapyndan kesgitlenýändigi gümanyny ýa-da duýgusyny güýçlendirmekde güýçsüzlik sindromyna öwrülip, birtüýsli häzirkizaman zorlukly logikasyny döredýär. Munuñ iñ gowy mysalyny Alber Kamýu "Sizif hakynda ertekisinde" agzaýar: "Hudaýlar Sizifi harsañ daş bölegini dagyñ çürbaşyna çenli togarlap çykarmaga mejbur edipdiler. Sizif daşy dagyñ depesine çenli getirse-de, daş ýene öz agramyna täzeden aşaklygyna gaýdýardy. Peýdasyz we umytsyz tagalladan has gorkunç jeza ýokdugyny pikur edipdiler. Pikirlerinde jan ýoksuz hem däldi". Aýratynam ekzistensial filosoflar adamyñ ekzistensiniñ öñünde ýeliñ ugruna gaýmalaýan gury ýaprak ýaly bir zatdygyny subut etjek bolanlarynda, sizifli ertekä ýüzlenýärler. Hemme zat biderek, hemme zat absurd ýaly düşündirilip bilinuek bu düşünje bilen birlikde düzgünsizligi, ahlak we jemgyýetçilik düzgünlerini-de ret etmegi döredip bilýär. Muny iki mysalyñ üstünden düşündirmek mümkin. Birinjisi Alber Kamýunyñ "Saýry" romanynyñ, ikinjisi Frans Kafkanyñ "Öwrülme" hekaýasynyñ üstünden. Alber Kamýu ýaş gahrymany Mersaultyñ (Mýorso diýibem okalýar) daşky dünýäni kabul etmeginiñ we köpugurly dünýälere saýry galmagynyñ üstünden XX asyr adamynyñ saýrylaşmagynyñ üstünde durup geçýär. Çünki Kamýunyñ öñe süren şeýle pikiri bar: "Adam näme bolsa, şodugyny ret edýän ýeke-täk haýwandyr". By sözüniñ mazmuny we gurşawy hakda aýdyp biljeklerimizi we Kafkanyñ tomzagyny makalamyzyñ ikinji bölümine goýup, Ismet Özeliñ şu setirlerini dykgatyñyza ýetirmek isleýäris. Näme diýseñizem, hakykatyñ özi ony aýdandan has möhüm hasaplaýanlygymyzdan! Serseriniñ biri men, şuny bilsin adamlar Ruhumyñ söbüginde ýansakçylar, maliýe. Gara ruhly diýr maña, işini bökdemeýän kim bolsa, Laboratoriýada işleýänlerden sorsañyz, Ruhum ýasama, Öýi Nepalda galan, Slowakiýaly balykgulakdyr ruhum. Synplary parran kesip, Hakykatlary gören ýaşlaryñ gözünde. Eýse kim bilýär dogrusyny? Hatda men gyra-bujaga alyp gaçýan ruhumy Hamana men nämä düşünýän? II. Kapitalizm üçin öndürişiñe görä gymmatly, sarp edişiñe görä ähmiýetlisiñ. Şeýle bolansoñ, ruhy bilen ýüzbe-ýüz bolmaýan, ruhuna aýdara sözi bolmadyk öndüriji bindi bilen öndüren harydyñ sereşlenýän şou-rumyñ arasy ýaly azatlyk distansiýasyna eýesiñ. Edil Kafkanyñ tomzagy ýaly-da... Kafkanyñ "Öwrülme" hekaýasynyñ sýužeti-de şoña meñzeş. Gregor Zamsa irden iriziji düýşlerden ýaña hopugyp oýananda özüniñ ullakan tomzaga öwrülip ýatanyny görýär. Ilkibada düşen ýagdaýyna ynanasy gelmeýär. Emma bir ýerde işläp ýören bolsañ, ýeriñden turup işe-de gitmeli. Her gün irden ertirligini edinenden soñ otla ýetişmeli. Gün tertibi ir sagat altyda ýöreýän otla görä düzülen Gregor ir sagat bäşde turaýmaly. Düşeginden turmak üçin gymyldan badyna özüniñ ullakan tomzaga öwrülendigine ynanmaly bolýar. Üstesine her gün bäşde örmäge werzişnl edinen Gregor sagadyñ ýediden geçendiginem duýmaýar. Turjak bolanda-da, oña ýardam edýän öñki berdaşly aýaklarynyñ ýerinde hersi aýry-aýry hereket edýän bir topar aýajyklaryñ bardygyny görýär. Ejesi Gregor entek oýanan däldir öýdüp, ony oýandyrmak üçin otagynyñ gapysyny kakýar. Gregor turandygyny aýdyp, ejesini başdan sowýar, emma onuñ sesi öñküsinden üýtgeşik çykýar. Ejesi ogluny syrkawlandyr öýdýär. Gregor zordan ýerinden turýar, täze bedenine öwrenişmäge synanyşýar. Sagat sekiz töweregi başlygy örän gaharly ýagdaýda öýe gelýär. Ol Gregora birnäçe sorag berýär, emma ol indi adam şekilli gürläbem bilmeýär. Sesi haýwanyñ sesi ýaly çykýar. Gapyny zordan açýar. Başlygy ony gören badyna jany çykan ýaly gaçýar, ejesi essinden aýylýar. Kakasy ony elindäki taýagy bilen urup, otagyna yza salýar. Uýasy Greta Gregora iýer-içer ýaly zat getirýär. Ýöne indi Gregor yslanyp başlan zatlary iýesi gelýär. Ejesi onuñ ýüzüni-de göresi gelmeýär. Kakasyndan telim gezek taýak iýen Gregoryñ endamy mazaly tapdan gaçýar. Endamynda uly ýaralar emele gelýär. Iýip-içmäge-de mejaly bolmaýar. Bir gün maşgala agzalary üýşüp, ahyrsoñunda Gregory öýden zyñmagy makul bilýärler. Hyzmatkär gyz maşgala şeýle diýýär: - Biderek arrygyñyzy gynamañ. Gregor öldi. Ýañy men ony zibile atdym - diýýär. Şu sözden öñ hyzmatkär gyz maşgala çagalaryny zibile zyñandygyny buşlap aýdýar. "Hatlar ýazylyp durka gündeçi aýal gidip barýandygyny aýtmak üçin içerik girdi. Sebäbi ol ir bilen etmeli işlerini edip dynypdy. Hat ýazýan wagty ilki aýala seretmezden, doly manyda kellesini öñe egmek bilen çäklendi, emma aýal barybir gitmänsoñ, gahar bilen kellesini galdyryp seretdi. Jenap Zamza: - Näme boldy? - diýip sorady. Gündeçi aýal gülümsiräp gapyda durdy. Hamana onuñ maşgala berjek ullakan buşlugy bar ýalydy, emma ol muny diñe özüne gowy üns berlen ýagdaýynda bermekçidi. Şlýapasynyñ üstünde dikgerip duran we aýal işe girişenden bäri jenap Zamzanyñ nerwisine degen kiçijik düýeguş peri ýuwaşjadan sallanyp durdy. Janym Zamza: "Nämr gerek?" diýip sotady. Aýalyñ öýde iñ köp sylaýan adamy-da şody. "Neme" diýip, jogap berdi aýal, birden pyñkyryp goýberdi-de, zordan geplemäge ýarady: "Şu gapdaly otagdaky ýakymsyzyj bärden nädip çykaryljakdygyny pikir edip oturmañ diýjekdim. Onuñ işi dynandyr". "Öwrülme" hekaýasynda Gregoryñ ölümine sebäp bolan almanyñ gürrüñi edilýär. Kakasy Gregory bolan ýigrenjine bäs gelip bilmän birnäçe almany oña tarap aýlap salýar. Şol almalaryñ biri Gregoryñ arkasyna çümüp, onuñ içinde kem-kemden çüýreýär we onuñ ölümine sebäp bolýar. Eýsem-de bolsa bu alma nämäniñ añladýar? "Mukaddes kitabyñ" "Tekwin" babynda alma akyl-paýhasyñ we bilimiñ simwoly hökmünde görkezilýär. Ýa-da ol bilim agajynyñ miwesi. Adam ata we How ene bu gadagan edilen miwäni iýip, jennetden kowulýarlar. Alma eserde hiç kimsäniñ bejerip bilmejek agyry-ynjylaryñ we Gregoryñ ölüme iterilmeginiñ sebäbi bolup çykyş edýär. "Diýmek, bärde kakasy Gregory ölüme iteren, onuñ durmuşyny jennetden dowzaha öwren we bitmez ýaralar salan adam hökmünde görkezilýär. Hatda onuñ kakasy Adam atany we How enäni gadagan edilen miwäni iýmelerine yran şeýtan bilen deñ görülýär. Gregoryñ arkasyndaky almany hiç kim aýyrmaga milt edip bilmändigi üçin almanyñ bir bölegi tä ölýänçä Gregoryñ ýagyrnysyna çümülgi ýagdaýda galýar. Alma akyl-paýhasyñ simwoly hasaplanýandygy üçinem Gregoryñ arkasynda göterip gezen alma bölegine onuñ janyny awudyp duran hakykat hökmünde hakykat hökmünde garap bolar. Bu hakykat Gregoryñ maşgalada üýtgäp duran pozisiýasy we maşgala tarapyndan döredilen şahsy aýratynlygydyr. Gregor bu hakykaty diñe alma endamyna sünjülenden soñ duýýar. Hekaýanyñ soñky bölüminde maşgalasynyñ özüni öýde görmek islemeýändigine düşünen Gregoryñ ömri şeýle çekip-çydap bolmajak hasrat bilen soñlanýar”. (Aýşe Jumhur Özkaýa). Häzir hyýaly dünýämizde Gregoryñ, hakyky durmuşda bolsa Frans Kafkanyñ tomzaklaşmagyna sebäp bolan täsirleriñ üstünde durup geçeliñ, başgaça aýdanda Kafka bilen gahrymanynyñ arasyndaky meñzeşlikleriñ üstünden saýrylaşmagy döredýän täsirlere göze aýlalyñ: a). Kafka aslynyñ jöhitdigine garamazdan, jöhit-iudeý ynançlaryna we däp-dessurlaryna ýat adam. Bulam onuñ arasyndan çykan halkyna saýrylaşdyrypdyr ýa-da jöhitleriñ ony tomzakdyr mör-möjek bilen deñ görmelerine sebäp bolupdyr. b). Ýewropada milletparazlygyñ, aýratynam antisemitizmiñ ýaýran döwründe ýaşan Kafka milletiniñ jöhitdigi sebäpli nemes nasionalistleriniñ gözünde gereksiz mör-möjek hökmünde görlen bolmaly. w). Pragada ýaşaýan we nemes dilinde ýazýan jöhidiñ çeh nasionalistleriniñ gözüne-de o diýen ýakymly görünip biljekdigini pikir edip bolmaýar. g). Almaly gürrüñde aýdyşymyz ýaly, awtoritar we wekilçilik edilen ilkinji günä kulty eseriñ merkezinde ýerleşen kakanyñam gözünde Gregor ýa-da şahsy durmuş kyssasyndan öwrenişimiz ýaly Kafkanyñ kakasynyñam gözünde ogly mör-möjekden enaýy däl. Çünki maşgalanyñ gazanjyna ep-esli goşant goşup duran adamyñ birdenkä işden-güýçden galyp ýatuwly ýagdaýa düşmegi atanyñ ilki günäsi bilen dörän maddy-medeniýet otagynda gazanjak paýy dije mör-möjek bolup biler. Bu ýagdaý Gregoryñ ejesi we uýasy üçinem şeýle bolmagynda galýar. d). Gaharly we sabyr-takatsyz başlyk, ýagny kapitalizm üçinem Gregoryñ myşsa ýa-da beýin güýjüni mundan beýläk başlyga pul gazandyrmakdan halas edendigi üçin işe ýaramsyz mör-möjekden tapawutly ýeri ýok. e). Terjimehalyndan öwrenişimize görä, Kafka inçekesele ýoluganda adaglysy ony taşlap gidýär, muña-da onuñ adaglysy tarapyndan tomzakdan enaýy görülmändigi görnüşinde düşünip bolar. Aslynda ata, başlyk, arasynda ýaşap ýören faşizmi, ierarhiýa hemmesi gullary gowy görýär. Köplenç özbaşdak we azat bolmagy başaranlar bu gatançlaryñ ýa-da güýçleriñ gözünde gymmatsyz we gereksiz bolup görünýär. Kafka muny çykyşlarynyñ birinde şeýle gürrüñ beripdir: "Hemmeler öz ýany bilen göterip ýören gözeneginiñ añyrsynda ýaşaýar. Häzir haýwanlar barada şunça zat ýazylmagynyñ sebäbi-de şu. Azat we tebigy ýaşaýşa duýulýan küýsegiñ nyşany. Ýöne şuña düşünmeýärler. Düşünjegem bolmaýarlar. Adam şekilli ýaşamak juda kyn, şonuñ üçin iñ bolmanda hyýaly derejede mundan halas bolma islegi bar... Haýwana dolanyp gelinýär. Bular ýaly bolanyñ adam ýaly ýaşandan has añsat. Hemmeler sürä goşulandygyndan ötri agaýana şäher köçeleriniñ arasyndan geçip işine, garbanmaga, keýp etmäge gidýär. Edil edarada bolşy ýaly çäkleri mazaly kesgitlenen durmuş. Bular ýaly durmuşda mugjyzalar däl-de, diñe ulanyş görkezmeleri, doldurmaly ýüzlenme formalary we normatiwler bar. Azatlykdan we jogapkärçilikden gorkulýar. Şonuñ üçinem adamlar öz ýazan gözenekleriniñ añyrsynda demigip galanlaryny gowy görýärler". (Ahmet Jemal, 2010) Kamýunyñ "Saýrysyna" geçmezden öñ Hilmi Ýawuzyñ "Kilit" şygyryny dykgatyñyza ýetiresim geldi: Hemme zadyñ kilde, bir kilde öwrülen gününde Hemmeleriñ maña närse deýin sereden gününde. Kilitle meni, Eý meniñ närse bakyşly söýgülim! Köne hoz sandygy ýaly zyñylan ýerinde öli şahyryñ, Lawr ýapraklarynyñ arasynda şeýdip durmagy Hem hiç kimsäñ oña ýüz bermeýşi ýaly Ýatlama gününde... Kitabymy Ýalñyzlyga inderen günlerinde; Yşklaryñam men geçende egilen günlerinde; Derýalaryñ bir legene gysylyp galan günlerinde; Ser orta jüpbäñi jüneýit, Jüpbäñi ser. Meni kilitle jüneýit, Meni kilitle... Barmagynyñ ujy bulen lawr ýapragyny owýan şahyr; Eli bilen uly agajy yrgyldadýan şahyr; Özüni doglan günüdir öýdýär bu şäheriñ, Öli doglan şäheriñ doglan güni ýaly duýýar Ýatlama gününde... Degme, duýsun. Meni kilitle! Je suis un vieux boudoir plein de roses fanées Çekerler açyk dursun, Çekerdäki solup giden gülleri kilitle! Hem sandyyy suwa taşla, degme aksyn o sandyk. Ony bar eden uly hoz agajyna sary aksyn, Hemmeleriñ maña närse deýin sereden gününde... Kilitle, şygyryñ içindäki çuññur ýara kilitle... III. Saýrylaşma gylyk-häsiýetiñi üýtgedýän täze hilli kolonializmi-de öz ýany bilen alyp gelýär. Eksplitatirlenýär ekspultatorlaryñ medeniýetine integrasiýalaşanda öz orgunal medeniýetlerine buýr-bulaşyk ýigrençli duýgy bilen seredýärler. Bulam eksplutatoryñ (kolonizatoryñ) goýýan ülñüsiniñ aşygy bir wagtyñ özünde şol ülñiniñ we medeniýetiñ janköýerini hem-de gizlin duşmany bolan intelligenti dünýä inderýär. Bular ýaly görnüşli intelligent ýerlerde saklanyp galmandyr, emma Amerikaly-da däl, belki-de, indeýleriñ arasyndan çykyp biler. Amerikada akýagyzlaryñ medeniýetini kabul eden ýagdaýynda-da "olaryñ özi ýaly" bilup bilmedik afrikaly garaýagyzam bolup biler. Balzagy bilşi ýaly Maarini bilmeýän alžirli edebiýat mugallymy-da... Bu mesele öz halkyna we halkynyñ medeniýetine saýrylaşan intelligentiñ jemgyýeti üýtgedip gurmaga girişip, halky zor bilen başga ugra gönükdirmäge synanyşmak ýaly intelligent depotizmi isteriýasyna özüni aldyrmagyny-da öz ýany bilen alyp gelýär. Muny häzirki döwürde ilki bilen asly afrikaly amerikan garaýagyzlar başdan geçirdi. Bilnişi ýaly Amerikanyñ açylan gününden gulçulygyn resmi taýdan gadagan edilen gününe çenli Afrikadan Amerika altmyş milliona golaý afrikaly gul ýesir edip äkidildi. Käbir çeşmeleriñ aýtmagyna görä, gul edililmäge äkidilenleriñ 26 milliona golaýy gul söwdagärleriniñ erbet çemeleşmeleri we ýokanç keseller zerarly Amerika barmanka ýarpy ýolda ölüpdir. Piter Otonyñ "Dünýäniñ gurşawyny üýtgeden syýahatlar" kitabynda Afrikadan Amerika sary ýola çykan gämide Aleksandr Falkonbrij atly britan lukmanynyñ öñki syýahatlaryndaky ýatlamalary bilen birlikde şulary-da aýdýar: "...Lomberleriñ (diregleriñ) ýapylmagy we howalandyrma setkalarynyñ üstüniñ örtülmegi garaýagyzlaryñ arasynda içgeçmeleri we gyzgyn galmalary döretdi. Olar şu ýagdaýdaka men kärimiñ talabyna eýerip zol aşak düşüp durýardym we olaryñ bolýan ýatan ýerlerindäki gyzgynlyk dine azajyk peselýänçä münüp-düşüp durmaly bolýardym. Emma olaryñ ýagdaýlaryny çekip-çydap bolmaz ýaly ýagdaýa getiren diñe jokrama yssy däldi. Ýatýan ýerleri içgeçmeden dörän ganlardan, ganly gakylyklardan, gusuklardan ýaña gassaphanany ýatladýardy. Şundan gorkunç ýa-da ýigrenji ýagdaýy suratlandyrmaga adamyñ çeper fantaziýasy ýetmese gerek. Essinden aýypan köp sanly kaýuta çykarylýardy we bularyñ köpüsi çykarylan ýerinde ölüp galýardy. Ölmän galanlary-da çyr-çytyr bolup huşlaryna getirilýär. Bu iş tas meniñem ölmegine sebäp bolupdy..." (Serediñ: "Post-kolonial işlere ugurdaşlykda afro-amerikan edebiýatyndan nusgalar (1890-1950)", Ilknur Şahiniñ dissertasiýasyndan, Ankara-2019). Ýokarda aýdylan şertlerde Amerika äkid8len afrikaly gullar birnäçe ýüz ýyla çeken bendilikden soñ azatlygyna gowuşdy ýa-da gowuşdyryldy. Indi bu garaýagyzlaram Şekspiriñ pýesalarynda oýnap, Mosartyñ sazyny diñläp, Folkneriñ eserlerini okap bilýärdiler. Senagatyñam, söwdanyñ nämedigini öwrenipdiler... Zawod-fabrikleri-de ýöredip bilýärdiler, fordizmiñ gerekleýän önümçilik çarhyny-da. Häzirkizaman medisinasyny-da özleri oýlap tapan ýaly bilýärdiler! Indi bu ýerlerde eglenmegiñ geregi barmydy? Şol progressiwleşen gahrymanlar Afrika dolanyp barmakçydylar. Ýüzlerçe ýyllap eksplutatirlenip gelinen halklaryny medeniýete ýetirjekdiler. Şeýtdilerem-dä. Afrikanyñ käbir ýerlerine ýerleşdiler. Seretdiler welin, halk ýerli güýmenje oýunlaryny Şekspiriñ pýesalary esasynda sahnalaşdyrylýan spektakllardan has gowy görýär. Tamtam mukamy Mosartyñ sazyndan halkyñ gulagyna has ýakymly eşidilýärdi. Halk tebipçiligi ýa-da jadygöý-tebibiñ berýän derman-därileri-de Günbataryñ ösen medisinasyndan has ýörgünlidi. Sahy tebigatyñ sahylygy bilen gündelik iýjegini janyny gynaman tapyp bilýän halkyñ zawod-fabriklerde işläsi gelenokdy. Çünki garaýagyzlaryñ Afrikasy afro-amerikan garaýagyzlarynyñ kellesindäki Afrika bilen bir däldi. Bu progessiwleşen gahrymanlar öñki babadaşlaryna akýagyz hojaýynlarynyñ Amerikada özlerine çeken jebir-jepalaryndan has beter horluklary çekdirdiler. Seretseler, garaýagyz bolmak reñk däl-de, añ-düşünje meselesi eken. Afrika gitmek: "Hany, ýörüñ, obamyza gideliñ, Patmanyñ toýunda küşt depeliñ" - aýdymyna meñzänokdy. Afrikalylar bilen reñkdeş bu saýry garaýagyz intelligentleriñ akyl-huşy, pikir-düşünjesi indi akýagyzlaryñky bilen meñzeşdi. Frans Fanon muña "Gara ten, ak nikap" diýip atlandyran adybir kitabynda şeýle diýipdir: "Ekspiltatirlenýän halk, başgaça aýdanda öz ýerli-orginal medeni çeşmelerine gum sürülmek ýa-da ýere gömülmek arkaly ruhunda düzedip bolmauak kemsinme buýr-bulaşyklygy döredilen halk nirde bolanda-da, özüni ýaşap ýörenliginiñ şerti hökmünde özge we täze siwilizasiýanyñ agitatory hökmündäki il-ulsuñ dili bilen, ýagny metropol medeniýeti bilen döşme-döş hasaplaşygyñ içinden tapýar. Eskplutatirlenýän adam mundan beýläk baş ýurduñ, metropoliýanyñ medeni ülñülerini kabul edip biliş derejesinde jeññele mahsus şeýle başlangyç, del statusynyñ üstünde beýgelip bilýär. Ýüzüniñ we dünýäsiniñ garalygyndan, jeññeliñ alagarañky medeniýetinden daşlaşyp bilen derejesinde akýagyzlaşyp, hakyky adam hasabyna görülýär". Şonsuzam turuwbaşdan Malkolm Iks ýaly adam hukuklary boýunça garaýagyz aktiwistler bular ýalylara "Tom akga" diýipdiler. Emma azatlygyñ ozalybetinde añ-düşünje hereketidigine düşünmek gerek. Nämüçin azat bolmalydygyna añ etmeýän şahsyñ zor bilen azatlyga iterilmegi ony azatlygy hudaýlaşdyrýaj marjinal pikirlere we hereketlere nöker bolma netijesinden başga ýere äkitmez. Adam görnüşiniñ azatlygy jedele açmaly däl temadygyna garamazdan, düşünjeleri gyşardyp öz degirmeniñe suw akytjak ýagdaýa getiren ornaşykly zulum industriýasynyñ önümçilik çarhynyñ döredýän fason añlarynda häzirem özgäni we özgäniñ azatlyk kwotasyny kesgitleme samsyklygyna özüni aldyran saýrylaşan intelligentleriñ yzyny görmek mümkin. Karl Popper meşhur "Açyk jemgyýet we onuñ duşmanlary" kitabynda bulara "açyk jemgyyetiñ duşmanlary" diýipdir. Başga halkyñ garañkylygyny özüniñ şowakörlügi sebäpli öz halkynyñ boýnuna progressiwlik diýip dakjak bolýan intelligentsumaklarymyz üçin şu ýerde Jahit Koýtagyñ "Konserwlenen söýgi" şygyryna ýüzlenesim gelýär: "Pulty zyñyp alypbaryjy gyzyñ ýüzüne Bir zad-a etmeli diýýän. - Ýöne näme? "Afrika gideli" diýýär aýalym içerden, "Kofe iceli, muhallebi* iýeli" Diýýän ýaly päk niýetli, Gündelik iñirdisi bilen Afrika gideli, Ýygnaly-da goş-golamy. Çagalary, kitaplary, garry enemi, Ýazgylary, albomlary, namazlyklary Ýygnaly-da egin-eşikleri Kir ýuwýan enjamy. Egin-eşik enjamyny, Inkubatory, Gürleme enjamyny. Gülme enjamyny, aglama enjamyny. Afrika gideliñ, Kofe içeliñ. Muhallebi iýeliñ, Afrika, Afrika. Taryhyñ añasty Üç tekerli welosipediniñ üstünde Hebeşi soltanynyñ Öküz ýylanlaryny we halkyny Ýyrşaryp ýuwdýan ýeri, Göze ýakymly Dünýä". IV. Basybalyjylar basyp alan ýerleriniñ halkynyñ orginallygyny bozanlarynda öz medeniýetlerindenem birnäçe gymmatlygy ýitirmäge mejbur bolýar. Ýa-da şeýle metisleşmekde kimiñ näme ýitirendigi boýunça düýpli ylmy-barlag işlerini geçirmeli bolýar. Alber Kamýunyñ gahrymany-da şeýle hapa metisleşmegiñ netijesi ýa-da gurbany. Mersault fransuz koloniýasy Alžirde ýaşaýan ýönekeý döwlet gullukçysy. Ejesini garrylar öýüne ugradan Mersaultyñ Mariýa atly halaşýan gyzy bar. Roman Mersaultyñ ejesiniñ aradan çykandygy barada ölüm habaryny almagy bilen başlaýar. Romanyñ başynda eýýäm Mersaultyñ içinde gymmatlygyny we şahsy aýratynlygyny ýitiren adamyñ alamatlary bar... Onuñ ejesiniñ ölümini eşidende özüni alyp barşy-da birgeñsi, mehaniki ýagdaýda. Ol şeýle diýýär: "- Şu gün bir eje ölüpdir. Belkäm düýn, bilemok. Garrylar öýünden telegramma gelip gowuşdy: "Ejeñiz aradan çykdy. Jynazasyna baryñ. Hormatlamak bilen". Mundan hiç zada düşünip bolabok. Belkäm düýn ölendir. Garrylar öýi Alžirden segsen kilometr daşlykdaky Morengoda ýerleşýär. Sagat ikide awtobusa münerin, öýleden soñ şol ýerde bolaryn. Gijesi bilen başynda otyraryn, ertir agşamam yzyma gaýdyp gelerin. Başlygymdan iki gün rugsat soradym. Bular ýaly bahanam barka ol ýok diýip biljekmi. Ýöne onçakly keýpi-de kök görnenokdy. Hatda oña "munda meniñ günäm ýok" diýdim. Jogap bermedi. Şoñ üçin beýle diýmelem däl ekenim diýip pikir etdim. Aý şonsuzam ötünç sorar ýaly zat ýok-la. Asyl onuñ maña "yzy ýarasyn" diýmegi gerekdi. Başga bir gün meni gara geýimde gören wagty diýse gerek". Mersault hiç zat bolmadyk ýaly durmuşyna dowam edýär. Ol ejesiniñ ölendigini eşidende ölümiñ ýa-da ejesiniñ ölüminiñ gynanjyny añynda aýlamagyñ ýerine, howul-hara depin işlerinden gaýdyp gelip ýas eşigini geýende ejesiniñ ölendigini başlygyna subut etmek ýaly samsyklaç detallaryñ pikirinde gezýär. Mersault söýgini we aýralygy diñe werzişlere baglanyşdyrmakda men-menligine-de manyly tutaryklar tapýar. Ölüm-depin işleri dowam edip durka ölüm bilen ýüzleşmeli ýerinde ölümden başga her dürli zatlaryñ pikirini edýär. Hatda ejesiniñ tabydynyñ başynda çilim çekýär. Ejesiniñ ölümine biperwaý garap, hatda negözel gününi açyk howada gezim edip geçirmändigine gynanýar. Ejesini jaýlan badyna öýüne dolanýar we hepdäniñ ahyryny Mariýa bilen geçirýär. Emma Mariýa bilen gatnaşygynda-da gahrymanymyz doly gymmatlyk ýitgisinde saýrylaşmagyny dowam etdirýär: "Agşam Mariýa meni almaga geldi, özüne öýlenmek pikirimiñ bardygyny-ýokdugyny sorady. Maña tapawudynyñ ýokdugyny, eger özi islese öýlenip biljekdigimi aýtdym. Mundan soñ ol söýýänimi ýa-da söýmeýändigimi sorady. Ýañam jogap berşim ýaly, munuñ maña bildirýän ýeriniñ ýokdugyny, ýöne söýýändirin öýtmeýändigimi aýtdym. "Onda näme sebäpden maña öýlenjek?" diýdi. Munuñ hiç hili ähmiýetiniñ ýokdugyny, ýöne ol beýle höwes edýän bolsa, öýlenäýmeli boljakdygymy aýtdym". Bir gün Mersault goñşusy Raýmontdyr söýgül8si bilen deñziñ gyrasyna gezim etmäge giden Raýmont bilen düşünişmezligi bolan araby öldürýär. Sud edilende onuñ ejesine bolan perwaýsyzlygy, tabydyñ başynda çilim çekişi ýaly detallara-da ýer berilýär. Gahrymanymyz araby öldürmeginiñ sebäbini ýüzüne gün düşendigi sebäpli bolan görnüşinde absurd düşündiriş berýär. Ol özüniñ araby öldürendigi üçim däl-de, ejesiniñ tabydynyñ başynda çilim çekendigi üçin sud edilýändigini aýdýar. Şonsuzam sud kollegiýasy Mersaultyñ ejesiniñ ölümine bolan biperwaýlygyny ahlak çagşamasy hökmünde görýär. Bu çagşamanyñ jemgyýete ýaýramazlygy üçin onuñ gilotina bilen öldürilmegi makul bilinýär. Soñky günlerinde ýanyna türmäniñ popy gelende Mersault Hudaýy inkär edýär we özüniñ her bir işiniñ dogrudygyny öñe sürýär. "Saýry" romanyny birnäçe wariantda okap bolýar. Gahrymanyñ awtora meñzeşligi nukdaýnazaryndan okalanda Kamýunyñ durmuşyna degişli birnäçe detallara gabat gelip bolýar. Alber Kamýy 1913-nji ýylyñ 7-nji noýabrynda Alžiriniñ Mondowi şäherçesinde dünýä inipdir. Kakasy fransyz, ejesi bolsa ispan. Kakasyndan juda ir - birinji jahan urşy ýyllarynda bolup geçen Marne söweşinde jyda düşüpdir. Alžir uniwersitetinde filosofiýa ugrundan okapdyr. "Garahassa" ýaly birnäçe romanynda onuñ Alžirde geçiren ýyllaryndan yzlary tapmak mümkin. Kamýunyñ gahrymanynyñ ýeten absurdy we umutsyzlygy pelsepewi taýdanam pozizisiýasynyñ kanunalaýyklygydyr. "Kamýunyñ pikirleri Kýerkegor, Nişse, Dostoýewskiý bilen nemes ekzistentiallatynyñ täsiri astynda formulirlenipdir. Kamýunyñ pelsepesiniñ baş temasy adamzadyñ ýaşaýyş-durmuşynyñ manysydyr. Býurokratik-buržuaz jemgyýetiñ içinde kemala gelen häzirkizaman şahsyñ öwrenilişi bilen öz ýaşaýşy boýunça hiç hili säwligi bolmadyk intelligentiñ añ-düşünje dünýäsindäki çaprazlyklarynyñ çözülişinden ýola çykan Kamýu adamyñ ýaşaýşynyñ bolgusyzdygy netijesine gelipdir we "bolgusyz" kategoriýasyny özvpelsepesiniñ baş prinsipine öwrüpdir. Kamýunyñ pikiriçe adamzat ýaşaýşynyñ manysyzlygy soñsuza çenli ýene täzeden aşak togalanýan harsañ daşy ýokaryk itip çykarmaga mejbur edilen mifiki gahryman Sizifiñ obrazynda elementleşýär. Bu manysyzlyga uwnup-çydap bilmeýän adam "aýaga galýar" - adamyñ içindäki şeýlekin "Sizifiñ ýagdaýyndan" öz-özünden çykalga tapmaga synanyşýan dowamly "aýaga galmalar" we deginmeler şu ýerden gelip çykýar. Kamýu "guramaçylykly", "taýýarlykly" rewolýusiýany öz dünýägaraýşyna garşy görşi ýaly, rewolýusiýany adamyñ içindäki ahwaldan çykalga hökmünde gören ähli adamlary-da ýalñyşdyryjy hasaplaýar. Kamýunyñ düşünjesi "bolgusyz" dünýä içre ýalñyzlykdan halas bolma umydy bolmazdan ýaşaýan adam düşünuesi bolup, bu düşünje aslynda häzirkizaman kapitalistik jemgyýetdäki adamkärçilige sygyşmaýan ýagdaýyñ özüne mahsus formada agzalmagydyr" (Frolow 1991: 76). Başgaça göz bilen seredilende, ýagny sosial nukdaýnazardan seredilende, Mersaultyñ araby öldürmegi we soñra özüniñem ölüm jezasyna höküm edilmegi özeninde Fransiýa bilen Alžiriñ arasyndaky gandöküşikli gyrgynçylyklardan doly gatnaşygyñ umuman alanda fransuz kolonializminiñ çagşamagynyñ progressiw filosof tarapyndan subut edilişi hökmünde-de görüp bolar. Hawa, fransuz bir araby öldürýär, emma onuñ özü-de aslynda öz ölüm permanyna gol çekýär. Ýene bir göz bilen seredilende, Mersault araba öwrülip gidiberenok, emma fransuzlugyna-da galmaýar. Hem onuñ şahsynda eksplutatirleýän, eskplutatirlenýäne gönükdiren ýaragynyñ yzyna göçmegi bilen özüni-de öldürýär. Şonsuzam Kamýunyñ sosial hadysalara hemişeki gyzyklanma bildirişini-de göz öñüne tutanda, "Saýry" romanynyñ diñe pelsepewi triller däldigi belli bolýar. Ýöne Kamýunyñ Alžirde öldürilen bir ýarym million arap üçin giñ tutumly pozisiýada durup, bitarap intelligent ýaly hereket edebdigini-de aýdyp bolmaýar. Meselem, Žan-Pol Sartryñ Parižiñ köçelerinde Alžirde bolýan gyrgynçylyklar sebäpli hökümetiñ garşysyna listowka ýaýradýan ýa-da "Biziñ hemmämiz ganhor" eserinde fransuz kolonial-faşizmine aç-açan garşy çykýan wagtynda, Kamýunyñ jenaýata uçran adamyñ gözünden däl-de, ganhoryñ gözünden çemeleşmegi makul bilmegi diýseñ täsin. Mutluhan Izmir bu barada şeýle diýýär: "1957-nji ýylyñ Nobel baýragynyñ eýesi Alber Kamýunyñ "Saýry" romany bizi şu tarapdan düýpli gapma-garşylyga düşürýär. Romanyñ gahrymany alžirli fransuz bolan Mersault alžirli araby piñine saýman öldürýär. Özü-de alžirli fransuz bolan Kamýu romanyñ pelsepesini nämüçin öldürilen arabyñ ykbalynyñ üstünde däl-de, öldüren fransuzyñ üstünde gurýar? Kakasynyñ kimdigini bilmän ulalan, biçäre, ýagşylykperwer, sylagly fransuz agressoryñ ähli adamkärçilikli taraplary bizi sarsgyna saltp biljek serejede berilse-de, öldürilen biçäräniñ arapdygyny bilmekden başga adamkärçilik duýgyñy oýandyryp biljek hiç bir tarapy romanda görkezilmändir. Okyja onuñ ölümi hakda pikir etmäge pursat berilmeýär, inkär edikilikli nukdaýnazar bilen ölen görgüli şobada ýatdan çykarylýar. Ýazan romanynyñ gahrymany ýaly kakasynyñ kimdigini bilmän ulalan Kamýunyñ bu eseri ýazan 1942-nji ýylyndan üç ýyl geçensoñ, Fransiýa 1945-nji ýylda Alžirde 1,5 million arabyñ ölümi bilen gutaran Garaşyzlyk hereketini basyp ýatyrmaga girişýär. Romanyñ bir ýerinde sud mejlisine gatnaşýan prokuror "birden bu adamda gabat gelen görnüşdäki ýüreksizlik jemgyýeti öz içine iterjek gorpa öwrüläýse näme?" diýýär. Hakykatdanam hamana romandan üç ýyl soñ romanyñ gahrymanynyñ ýüreksizligi jemgyýeti öz içine iterjek gorp ýagdaýyna gelýär duruberýär we şondan bir ýyl öñ basybalyjy nemesleriñ golastyndan çykan fransuzlar 1,5 million alžirli arabyñ öldürilmegine sesini çykarmaýar, Kamýu hem şolaryñ arasynda". Sezai Karakoçyñ kiçijik gyz çagajygyñ gözünden fransuz kolonizatorlarynyñ nähili görünýändigi barada naşyja setirleri bilen sözünizi jemläliñ: "...Ejemi, kakamy bulaşdyrmañ işiñ içine Ynanmasañyzam olaryñ çigit ýalja-dan Hawa, çigit ýalja-da degişli ýerleri ýok. Men siziñ gümüñizi çekip gitmegiñizi isleýän. Ine, bar bolany. Aly hem şony isleýär, ýöne aýtmaga çekinýär. Siz şonda-da adam öldürip durmarsyñyz-a, şeýlemi? Gidiñ, başga gelmişekleri-de öz ýanyñyz bilen äkidiñ. Birgeñsi şlýapalaryñyzy-da äkidýäñiz gerek? Boýnuñyzdaky uzyn we bezemen şarflaryñyzy-da. Tagta serlip goýlan kirli eşikleriñizi-de Goýman äkitmegiñizi haýyş edýärin. Ýalbarýan, haýyş edýän, eý Medeni Adam! Siz bilýänem dälsiñiz, Size aýdasymam gelenok. Doganym Aly köýnegiñizi hökman geýesi geler. Şonda-da jenap Fransuz men siziñ köýnegiñizi, Hatda Matmauzel Nikolyñ şo gyzyl reñkli köýnegini, Hany, etegi şolar ýaly lowurdap dur-a, Bileje geýesim gelenok, geýmenem. Öýümiziñ tagtadandygyny bilýänsiñizm Kükürt ýaly biri-biriniñ içinden geçýän tagtadan. Hem şu bilýän zadyñyza-da hajat ýok. Depesi demirden esgerleriñiz kakamy äkitmeseler, Siz şonda görersiñiz, Jenap Gelmişek, Agaçlaryñ depesine çykyp biljekdigimizi". Mehmet ÇELIK, professor. Duşenbe, 12.04.2021 ý. _____________________ *Muhallebi - puding, iýmit-tort önümi | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |