SAZA ÖRKLENEN ÖMÜR
1995-nji ýylyñ maý aýynyñ ortalary bolsa gerek. Saýadyñ "Alpan" obasyna toýa çagyryldyk. Oba giräýenimizden şowhun-şagalañ göwnümizi göterip, toýuñ tutumynyñ uludygyndan haber berdi. Törki jaýlaryñ birinde dutarly bagşylaryñ hem aýdym aýdýanlygy gulagymyza degdi. Dessine şol öýe ýöneldik. Öýüñ törüni bezäp oturan bagşylary görüp, göwnüm galkyndy. Olar kileñ meniñ tanyş hem söýgüli bagşylarym ~ ýolötenli Aşyrgeldi hem Sadyk Berdiýewler, Hangeldi Baýramow, Azat Ýazweliýew, sarpaly sazandamyz Muhammet Rejebow dagydy ahyryn. Asyl bular köne tanyş bolsalar nätjek! Dutaryny bir gulakdan düzen bagşylar sähere çenli "gidişdiler". Aýdym bary aýdyldy. Säher çagy şirwandan şirwana, belentden belende tutulan heñler kiparlady. Bagşylaryñ ekabyry Aşyrgeldi Baýryýew:
- Adamlar, "Gulagyñ garny bolmaz, siñegiñ erni" diýipdirler. Wagtma bir çene bardy. Indi aýdym-sazy bes edäýsek nädýär? - diýip, göwnündäki teklibini sypaýylyk bilen töweregindäkilere ýetirdi. Sakarly gojalar oña ýan bermediler.
- Inim, biziñ illere siziñ ýaly saryk bagşylary çärýek asyrda, ýarym asyrda bir düşýär. Argyn bolmasañyz, dowam ediberiñ - diýdi. "Indi biraz daz diñläýsek kem bolmazdy" diýenlerem tapyldy. Bu teklibe öñden bäri garaşyp oturan Derýa aga göwnündäkini orta atdy.
- Garşy bolmasañyz, Muhammedi diñläýsek niçik bolar?..
Dumly-duşdan goldaw tapan teklipden soñ, Muhammet dutaryny gabyndan çykardy. Säheriñ sergin şemalyna goşulyp çalynýan goşa taryñ owazy şowhuny suw sepilen ýaly etdi. Sazandanyñ perdeden perdä bökýän nepis barmaklary "Söýgüli jenana" tutdurdy. Soñ "Gülüm, Öwezjan" ýola düşdi. Dutaryñ zaryn owazy Derýa aganyñ kalbyna-da gozgalañ saldy. Onuñ gözünde nem göründi. Ol:
"Guzyma meñzetdim mälişiñ seniñ,
Balama meñzetdim nalyşyñ sesiñ..."
diýip, zaryn perdeleriñ owazy bilen deñ gopup gygyryberdi. Sazanda sazhon diñleýjilerinde "kasty" bar ýaly barha bat alyp, sazyñ şol bir düşürimini bir çalybam goýmady, telim ýola gaýtalady. Oturanlar: "Göwnüm bolduñ-da, göwnüm bolduñ" diýşip, öñe-yza gozganyberdiler.
- Tüweleme, Hudaý eçilibilipdir, saña. Babagammar ýaranyñ bolsun! El göreniñ, halypa ben tirkeşeniñ bes-belli-dä... Onsoñam bu saz Oraz jany ýadyma saldy.
- Haýsy Orazy?
- Oña Oraz Bagybekow diýýärler. Döwletimiziñ at gazanan bagşysy özem. O neresse häzir dünýäden gitdi. Ýanynda oturyp telim diñläpdim neressäni. Mende onuñ sazlaru uñ üç lenta ýazgysy miras galdy. - Ol şeýle diýdi-de öýüñ töründäki köneje sandygyna ýöneldi. - Ine, inilerim, meniñ baýlygymam şular, aýlygymam. Içim gysanda ýazgylary diñläp, göwnümi açaýýan - diýip, içi kassetaly tümmek iki öýme ýaglygy orta goýdy. Derýa aganyñ aýdym-sazyñ halys janköýeridigini eşitsemem, onda saz mirasyndan munça hazyna bardyr öýdüp, kelläme-de getirmezdim. Hazynaly bukjalarda näme ýok! Gurt Ýakup diýjekmi, onuñ halypasy Rozy bagşy diýjekmi, guşguly Atamyradyñ, halypalar Garly bagşylaryñ, Ödenyýaz Nobadyñ, Agamyrat Ýagmyryñ, Bazar Sähediñ, garaz, saz bary bar!
Ol Oraz Bagybegiñ üç lentasyny-sa elinde gysymlap, "Ine, şulary men onuñ hut öz öýünde ýazyp alypdym. Ömri gysga ekeni, neressäniñ. Ondan saz ummanynda üýtgeşik bir ýol galsa-da, şägirt galmandyr diýip ýördüm. Asyl, ýola eýe galan bar eken. Sag bol, Muhammet jan, eliñ-ýüzüñ dert görmesin! Halypaña yhlasyñ zor eken. Oraz handan galan heñleriñ suratynh çekibildiñ..."
Ilkinji ýola duşup, soraşmasyz, ideşmesiz onuñ halypasynyñ kimligini sazyny diñläp duýup bilen goja sazşynasa haýran galdyk.
* * *
Çärjew (häzirki Türkmenabat -t.b.) şäherinde bagşysy köp bolan toýuñ galdyran ýakymly täsirlerini hem ýatlasym gelýär. Toýuñ agyr keşgini çekmek iki bagşynyñ pendili-tagtabazatly Agamyrat Baýramow bilen Allaşükür Çaryýewiñ paýyna düşdi. Biri bagşyçylygyñ saryk ýolundan, beýlekisi damana ýolundan ýöreýän iki ussat toýuñ dabarasyna şowhun goşuberdi. Ozal biri-birini tanamaýan iki bagşy bäsdeşlik şekilinde bolan bu aýdyşykda özlerine bolan talaby berkidip, jogapkärçiligi artdyrdylar. Bu ýagdaý, elbetde, bagşylary tijedi, joşgunyna joşgun goşdy. Barha ýokary dyrmaşýan heñlerden lezzet alýan diñleýjileriñ göwni bitdi.
Muhammedem toýuñ hormatly myhmanydy. Ol saza ezberem bolsa, sypaýylykdan, ýygralykdan iki paý alan ýalydy. Saz çalmaga höwesli bolsa-da, sazandalygyny bildirmän, bagşylary diñläp dañy atyrdy. Aýdym tamamlanyp, ilat örlemek bilen boldy. Öýde uzakdan gelen birlän-ikilän myhman galan bolaýmasa, içeri boşaberipdi. Muhammedem myhmanlaryñ arasynda galdy. Nirden soñrak örlänleriñ biriniñ nazary dulda duran dutarda eglendi.
- Bu kimiñki?
Birbada hiç hili jogap bolmady. Ýañky sowal ikinji gezek berlende Muhammet dymyp bilmedi:
- Meniñki.
- Senem bagşymydyñ?
- Ýok, men sazanda.
- Onda näme çalmadyñ.
- "Çal" diýenem bolmady.
- Nireli özüñ?
- Ýolötenli.
- Onda boş dälsiñ. A-how, adamlar, hany, birsalym aýak çekiñ. Bir bagşy diñlenmän galan ýaly-la. - Ol şeý diýdi-de, sazanda ýüzlendi:
- Hany, inim, bir geñ et, eliñi göreli.
Ozalam uzakly gije gezek ýetmän dişini gysup oturan Muhammet aýdylana mähetdel senedine elini ýetirdi.
"Ýapbyldap, tapbyldap, pessaý heñ edip, ilaty ýolundam goýup durmaýyn" diýen niýet bilen bolsa gerek. Ol dessine "Hoş gal indiniñ" perdesinden indi.
- Bo-how, gudrat-a munda bar eken-ow - diýşip, aýak üstünde duranlar çök düşdi, daş çykanlaryñam birentegi gaýdyp geldi. Ýene toý dowam etdi. Diñleýjiler öñki oturan orunlaryna ornaşdylar. Saz yzyna saz ýañlandy. Jadyly heñleriñ tirkegi bilen günortanyñ bolany-da diýulmady. Sazanda saz çalyp, muşdaklar saz diñläp, göwün solpusyndan çykdylar. Alkyşdan, serpaýdan ýüki ýeten Muhammet göwnühoş bolup, öýle çaglary öz iline ýola rowana boldy. Sazyñ humaryndan aýñalyp ýetişmedik diñleýjiler: "Bä-ä, älemde goşa tara dil bitirip bilýän beýle-beýle ezberlerem bar eken-ow" diýip, başlaryny ýaýkaberdiler.
Muhammet Rejebowyñ durmuşynda bolsa, şeýle ajaýyp pursatlar häli-şindi gaýtalanyp dur. Kesbiñden kemal tap, söwer sazandam!
Agamyrat GYLYJOW.
# edebiyatwesungat
Aýdym-saz sungaty