19:00 "Sebitde uruş turarmy?" | |
"SEBITDE URUŞ TURARMY?"
Publisistika
Soñky döwürlerde eşidýän iñ biderek soragymlaryñ biri şu bolsa gerek. Sebitde uruş haçan soñlanypdyr, indi ýene täzesi turar ýaly? Liwany bilýäñiz. 1975-nji ýylda başlan graždanlyk urşy 1990-njy ýylda resmi taýdan gutaranam bolsa, ýurt birnäçe bölege bölünen ýagdaýda. Bir tarapda resmi hökümet, beýleki tarapda "Hizbullahyñ" kellekeserleri. Yragy bilýäñiz. 2003-nji ýyldan bäri ýaraglaryñ duran wagty ýok. Amerikan okkupasiýasy, graždanlyk uruşlary, şaýy-sünni dartgynlylygy, TALIBAN, YŞYD, PKK... Siriýany bilýäñiz. 2011-nji ýylda başlan graždanlyk urşy häzirem dowam edýär we ýurt üç bölege bölünen ýagdaýda. Ýerlerinde özünden başga dört-bäş aýry ýurduñ esgerleri bar. Bahreýnde we Ýemende bolup geçýän wekilçilikli uruşlar doly dowam edip dur. Ysraýylyñ basybalyjylykly syýasaty we Palestina eden hüjümleri bolsa 7-nji oktýabrdan bäri diñe görnüşini üýtgetdi. Gyrgynçylyga we gandöküşlige öwrüldi. Eýran bolsa Yrakda, Liwanda, Siriýada, Ýemende, Bahreýnde ideologiki we mezhep oñşuksyzlyklaryna esaslanýan uruşyñ içinde. Ol bu uruşda hem-ä öz militarist toparlaryny ulanýar, hemem "Hizbullah", "Hamas", "Enserullah" ýaly toparlaryñ üstünden wekilçilik uruşyny alyp barýar. Eýranyñ çäkleriniñ daşynda gulluk edýän generallarynyñ sany öz ýurdundaky generallarynyñ sanyna deñleşdi. Eýran goşulan ähli çaknyşyklarynda özüni ABŞ, Ysraýyl ýaly duşmanlaryñ üstünden ruhlandyrýar. Emma hakykatda sebitdäki sünni-musulman ýurtlara has köp duşmançylyk edýär. * * * Ýokarda aýdylanlara salgylanyp soñky bolup geçen wakalara baha bermeli bolsa, häzirki çylşyrymly we çaknyşykly prosesde üýtgeşmeleriñ bolmajagyny görýäris. Ysraýyl Eýranyñ Damaskdaky konsullygyny bombalandan soñ Eýranyñ öz ýurdundan Ysraýyla kamikadze dronlaryny ugratmagyny bekli bir derejede "garşylyklaýyn jogap" hasaplamaly. Eýranyñ aç-açan görkezip diýen ýaly we añsatlyk bilen öñüniñ alynjagyny bilip durka-da eden bu hüjümi "konsullykda ölen raýatlarymyzyñ aryny ýerde goýmadyk" görnüşini bermekden başga zat däldi. 7-nji oktýabryndaky "Hamas" hüjüminden soñ ABŞ tarapyndan "sebitleýin çaknyşygyñ bolmagyny islämzok" diýlip aýagy duşaklanan Ysraýylam Eýranyñ ýeke gezeklik jogap bilen çäklenjegini gowy bilýärdi. * * * Anadolyda "Däli dälini görende taýagyny bukar" diýilýän söz bar. Ysraýyl bilen Eýrana sebitiñ biri-birlerini urup-ýenjäýjek ýaly bolup görünýän, emma başa-baş galanlarynda ýanlarynda dawa edere adam görmeseler taýaklaryny bukýan iki dälisi diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ikisem çyny bilen hemle urmanka, ilki töwereklerinde dawalaryna goşulaýjak kim barka diýip ýaltaklap başlaýar. Eýran dünýäden gelen nägilelikleri gören we ýeke galan badyna taýagyny bukup ýetişdi. ABŞ hem Ysraýyla "Eýran bilen çaknyşjak bolsañ, arkañda durmaryn" diýdem welin, Ysraýyl taýagyny bukdy. * * * Şuny unutmazlyk gerek: Ýakyn Gündogarda soñky ýarym asyrda bolup geçen dartgynlylyklaryñ barsy şular ýaly ýagdaýda dowam edýär. Eýran bilen Ysraýyl biri-birlerine diş gyjamagyny dowam etdirýär. Emma ikisi-de sebiti oda saljak uruşyñ turmagyna sebäp bolup bilmez. Şu ýerde Türkiýäniñ nirde durmalydygynyñ, näme etmelidiginiñ gürrüñini edip bileris. Türkiýäniñ nirede durmalydygy belli. Ýolgörkezijimiz Atatürk "Ýurtda parahatçylyk, jahanda parahatçylyk" diýip, ol çägi goýup gidipdir. Sebitde bizden daşgaryn bolýan harby çaknyşyklar boýunça ätjek haýsydyr bir oýlanyşyksyz ädimimiz türk ykdysadyýetiniñ bilini oñrar. Şuny ýatdan çykarman hereket etmek gerek. Häkimiýet çäklerimiziñ, ýurdumyzyñ, raýatlarymyzyñ howpsuzlygyny gorsmakdan başga-da, başgalaryñ uruşynda rol oýnamaly däl, tersine parahatçylyga çagyrýan çykyşlary köp etmeli. Şeýle döwürdr ýurdumyzy çaknyşyklaryñ içine çekmäge synanyşýan ýurtlardyr toparlaryñ prowokasiýalaryna-da üns bermek gerek. * * * Sebitde uruş-a turmaz welin, turaýanda-da Türkiýäniñ uruşy bolmaz. Şonuñ üçin Türkiýäni dolandyrýanlar sebitdäki konýukturadan peýdalanyp, geçmişde edişi ýaly "bir goýup üç ýasajak bolma", "Yrak uruşynda front bolma" ýaly ýalñyşlyklara düşmejek bolmaly. Atatürküñem aýdyşy ýaly, halkyñ ykbalyna howp abanmaýan bolsa, uruşa girmek jenaýatdyr, betbagtlykdyr. Şonuñ üçin ýurdumyzy bular ýaly bela-beterlerden daşda saklajak bolmaly. Deniz ZEÝREK. "SÖZCÜ" gazeti, 15.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |