19:52 Olar siziñ üçin ýas tutarmyka? | |
OLAR SIZIÑ ÜÇIN ÝAS TUTARMYKA?
Publisistika
Şu gün syýasy temadan ýazmakçydym. Şonuñ üçin Mejlisiñ zallarynda aýlañ-çaýlañ edip, kulis toplamak isledim. Emma lapykeçlige uçradym. RHP toparynyñ içinde jan ýok ýalydy, ýüzleri salykdy. Mejlisiñ esasy ýygnak zalynyñ açyk sagatlarynda häkimiýet kulisi jynaza bolýan ýere meñzeýärdi. Içerdäki az sanly deputatdan başga kulislerde bäş-üç sany deputat we birküç sany geñeşçidir goragçy bardy. Oppozisiýanyñ kulisinde az-kem hereketlilik baram bolsa, Mejlisiñ heýjanly günlerinden nam-nyşan ýokdy. Birküç sany gürrüñe goşuldym welin, hemmeleriñ Reisi üçin yglan edilen ýas hakda pikir alyşýandygyny duýdum. Birnäçesi Reisi üçin ýas tutulmagyna garşy çykýardy. Menem Mejlisden çykyp barýarkam, öçügsi syýasat ýazgysyny ýazanymdan, Reisi üçin ýas yglan edilmegi barada ýazmagy makul bildim. * * * AKP-lilerden, Prezident Erdogandan çynym bilen soraýaryn: Türkiýede prezident ölende Eýran döwleti milli ýas yglan edýärmi? Türkiýede prezident ölende Saud Arabystany döwleti milli ýas yglan edýärmi? Ýeri, Bülent Ejewit çepçi diýeli, onuñ üçin ýas tutup bilmezler. Eýse, Turgut Özal, Nejmetdin Erbakan, Süleýman Demirel üçin Eýran ýas yglan etdimi? Saud Arabystany ýas yglan etdimi? Gözledim. Ýöne geçmişde muny tassyklap biljek ýeke mysala duş gelmedim. Taryhda-da beýle zat bolup geçmändir. Mundan soñam bolmajagyby çaklamak kyn bolmasa gerek. * * * Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, eýran halkynyñ özem ýas tutmak babatda ikä bölünup durka biz näme nämüçin "döwlet derejesinde" ýas yglan edýäris? Eýran halkynyn bir bölegi liderleri üçin ýas tutup biler. Türkiýäni dolandyrýanlaram Eýranyñ prezidenti üçin ýas tutup biler. Emma türk halkynyñ Eýranyñ prezidenti ýa-da Saud Arabystanynyñ patyşasy üçin tas tutmagy haýsy mantyk bilen düşündirilip bilner? "Siz tutmasañyz tutmañ!" diýip bilersiñiz. Şonsuzam tutamzok, ýöne kabul edilen karar döwlet derejesinde bolansoñ we raýatlaryñ gündelik durmuşyna täsir edensoñ ýeke sözde "siz tutmañ" diýeniñiz bilen bolaýanok. Bir tanşym bilen gürleşip durdym. Özem häkimiýeti goldaýan tanşym. Stambulda düýn agşam Jem Ýylmazyñ çykyşyna gitjekçimişm emma prezident Erdogan Reisi üçin bir günlük ýas yglan edendigi sebäpli çykyş ertire goýlupdyr. "SÖZCÜ TV" teleýaýlymynyñ tomaşaçysy biz şu meseläni göni efirde gürleşip durkak ugradypdyr: "Gyzymyñ okaýan mekdebinde düýn 19-njy maý mynasybetli medeni çäre bar eken. Emma ýas yglan edilendigi üçin Ýaşlar we sport ministrligi 19-njy maý çäresini ýapyk zala geçiripdir we medeni çäräniñ gyzygyny gaçyrypdyr. * * * Reisi üçin ýas yglan edenlerden soramak isleýärin, bize aýtsynlar: Biz Reisi üçin näme sebäpli ýas tutmaly? Ol Türkiýe üçin näme peýdaly iş edenmiş? Türkiýe beýlede dursun, öz halky üçin näme edenmiş? Hiç zat! Tersine, 2024-nji ýylyñ 24-nji ýanwarynda Ankara gelende ýurdumyzyñ düýbüni tutujy öñbaşçymyz Atatürküñ guburyna zyýarat etmek sypaýylygyny-da görkezmedi. Tersine, ol öz ýurdunda eline gan bulaşdyran adam. Ýadyñyza salyñ, 22 ýaşly ýaşajyk gyz Mahsa Amini saçyny hökümetiñ talap edýän formasynda ýapmandygy bahanasy bilen tussag astyna alynypdy we polisiýa bölüminde gynalyp öldürilipdi. Reisi adam hukuklaryny bozýan ähli gullukçylaryny gorag astyna alanyny az görýän ýaly hukuk bozulmalaryny ýazgaryp köçä çykan eýranly ýaşlaryñ köpüsini türmeden çykaran köpçülikleýin tutha-tutluk çäresini başlatdy. Käbir ýaşlar protest demonstrasiýalaryna gatnaşdy diýip, beýlekileriñ gözüniñ oduny aljak bolup şäher meýdanlarynda awtokranlarda asylyp öldürildi. * * * Reisiniñ gurbany diñe Amini we onuñ üçin protest demonstrasiýalaryna gatnaşanlarmydy? Elbetde ýok. Ýigrimi ýaşyndan bäri prokuraturada we beýleki ýolbaşçy wezipelerde işläp gelen Reisi 1988-nji ýylda Tähranyñ golaýyndaky "Ewin", "Gohardaşt" türmelerinde ýatan tussaglary hem ölüm jezasyna höküm edenleriñ esasylarynyñ biridi. Başda-da aýdyşym ýaly, islän kişi Reisiniñ ýasyny tutubersin. Hiç kimiñ oña garşylygy bolup bilmez. Islän kişi Reisi üçin bir günläp telewizora seretmesin, aýdym-saz diñlemesin, tans etmesin. Emma men-ä ýas tutup biljek däl. Hiç kimiñ "döwlet derejesinde ýas" yglan edip, halkymyzy ýas tutmaga mejbur etmesi bilenem ylalaşyp biljek däl. Reisi ölenmiş diýib-ä, ýaşlaryñ "Atatürki ýatlama güni, Ýaşlar we sport baýramy" mynasybetli geçirilýän medeni çäreleriñ ýatyrylmagyny, ýapyk zallarda sessizje bellenmegini dagy hemişe ýazgaryp gezerin. Deniz ZEÝREK. "SÖZCÜ" gazeti, 22.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |