10:46 Şehan Karunatilaka | |
ŞEHAN KARUNATILAKA
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Şehan Karunatilaka 1975-nji ýylda Şri-Lankanyň günortasyndaky Gallede doglupdyr. Ol Kolomboda önüp-ösüp, Täze Zelandiýada okapdyr, Londonda, Amsterdamda, Singapurda ýaşapdyr we işläpdir. Onuň ilkinji 2010-njy ýylda neşir edilen “Hytaýly: Pradip Metýu hakynda rowaýat” atly romany Brita Hyzmatdaşlygynyň baýragyna, DSC baýragyna, Gratiýeniň baýragyna mynasyp bolupdyr. Onuň ikinji romany “Maali Almeýdaň ýedi Aýy” 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda 2022-nji ýyl boýunça Halkar Buker baýragynyň laureaty diýlip yglan edilipdir. Şehan Karunatilaka özüniň ilkinji (debýut) romanyny çap etdirmezden öň “The Guardian”, “Newsweek”, “Rolling Stone”, “GQ”, “National Geographic”, “Conde Nast”, “Wisden”, “The Cricketer”, “the Economic Times” neşirleri üçin makalalary ýazypdyr hem-de “McCann”, “Iris” we “BBDO” şereketlerinde mahabat işi bilen meşgullanypdyr. Ondan başga-da ol Şri-Lankaň rok-saz toparlary “Independent Square”, “Powercut Circus” hem-de “Brass Monkey” toparlarynda bas-gitaraçy sazanda bolupdyr. Ýazyjyň “Maali Almeýdaň ýedi Aýy” atly romanynyň sýužeti, Şri-Lankada bolup geçen raýatlyk urşunyň wakalarynyň içinde bolup geçýär. Romanda özüniň öldürilmeginiň syryny açmak tabşyrylan harby fotograf – Maali Almeýdaň aladalary, meseleleri hem-de ahlak dilemmalary hakda gürrüň berýär. Bu roman o dünýäde jahankeşdelik edýän we ajalyň duzagyna düşen salgym-ruh hakynda gürrüň berýär. Ol özüniň dirilikdäki durmuşyny seljerýär, öz işine, öz ölümine salgym-ruhuň gözi bilen seredýär (1990-njy ýylda “Paramount Pictures” kinoşereketinde režissýor Jerri Suker tarapyndan düşürilen, Patrik Sueýzi bilen Demi Muryň baş rollarda oýnaýan “Salgym-ruh” atly meşhur çeper filmi ýada düşüp gitdi). Çeşmesi: https/en.wikipedia.org/wiki/Shehan_Karunatilaka. 20.10.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |