12:09 Selaheddin Eýýubynyñ guburyny depgilän iñlis ofiseri | |
SELAHEDDIN EÝÝUBYNYÑ GUBURYNY DEPGILÄN IÑLIS OFISERI
Taryhy makalalar
Iñlis generaly Edmund Allenbiniñ "Tur, Selaheddin, tur! Biz ýene gelendiris!" diýendigi barada eşdipmidiñiz? Geliñ, Selaheddin Eýýubynyñ mübärek guburyny depgilän iñls ofiseriniñ eden bu gabahat hereketiniñ hekaýaty bilen tanşalyñ. Saýty yzygiderli okaýan okyjylarymyzyñ ýadyndadyr, birküç günlükde Osman Gazynyñ kümmedini ýumruklan grek ofiseri baradaky (http://www.kitapcy.ga/news/osman_gazynyn_kummedini_yumruklan_grek_ofiseri/2020-03-28-11029) gynandyryjy täsin wakany dykgatyñyza ýetiripdik. Şeýle-de, birinji jahan urşunyñ ahyrynda imperialist döwletler Fatih Soltan Mämmede bolan ýigrençlerine bäs gelip bilmän, Stambula girenlerinde ak atly girip, meşhur türkmen soltanyna bolan garaýyşlaryny açykdan-açyk görkezipdir. Umumy türkmen taryhyna garşy edilen bu edepsizlik hakynda ýeri gelende, aýratyn makalada durup geçeris. Bu gezekki "öliden ar alma" däbi - meşhur eýýuby türkmen serkerdesi Selahedddin Eýýubynyñ mübärek guburyna edilen terbiýesizlik hakynda söz açalyñ. 1917-nji ýylyñ 11-nji noýabry. Ierusalim. Osmanly türkmen döwletiniñ dargap barýan ýyllary. Osmanly döwleti 401 ýyllap dolandyran Ierusalim şäherini elinden gidermegiñ öñüsyrasynda. Osmanly goşuny iñlis basybalyjylarynyñ garşysynda ýeñlişe uçraýar... Şeýdibem Ierusalim iñlisleriñ golastyna geçýär. Aradan ýüz ýyl geçse-de, müñ ýyl geçse-de haçparazlar köýüp giden arlaryny unutman ekenler. Olar "ar alýandyrys" öýdüp, Selaheddin Eýýubynyñ mazaryny depgilemek ýaly gabahatlyga çenli bogunlary ysypdyr. Iñlis generaly Edmund Allenbi Selaheddin Eýýubynyñ guburuna aýagyny bilen depip "Tur, Selaheddin, tur! Biz ýene gelendiris!" diýip, özüniñ näderejede pes adamdygyny görkezipdir. Hawa, meşhur azerbaýjan syýasatçysy Ebulfeýz Elçibeý aýtmyşlaýyn: "Sen türklügiñi unutsañam, duşman undanok!" Edil şolar ýaly, biz öz türkmençiligimizden, milliligimizden hernäçe daşlaşsagam, daş-töweregimizi gallap duran duşmanlar biziñ kimdigimizi özümizden gowy bilýärler. @ Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||