12:57 Şeýh Şamiliñ sözlerinden | |
◆ Soñuny pikirlenen gahryman bolup bilmez. ◆ Aýdyñ ol Rus patyşasyna! Tabynlygymdaky bu gahryman ýigitlerimiñ kalbyndaky kök uran ýeñişiñ imany kökünden gazylyp zyñylmasa, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli esgerlerimiñ iñ soñky oky galýança iñ soñky demine çenli bu mübärek watany iñ soñky dagyna, obasyna we bir garyş topragyna çenli goramakdan hiç bir güýç meni saklap bilmez. Munuñ üçin tutuş maşgalamy, çagalarymy gylyçdan geçirseñizem, iñ soñky müridimi ýok etseñizem ýalñyz başyma ýene-de ölýänçäm siziñ bilen söweşerin. Iñ soñky aýtjak sözüm budur!... ◆ Ýoldaşyñy bagyşla, bagyşlanyñy ýatlama we ýatlatma.. ◆ Ýok bolsun masgaraçylykly baknalyk! Ýaşasyn şan-şöhratly we abraýly ölüm! ◆ Watanymyzy basyp almaga gelenlere garşy baş galdyranlaryñ ezilen başlary meniñ üçin ybadata meşgul takwalaryñ dik başlaryndan gowudyr. ◆ Eý Allanyñ gullary! Eý meniñ bu watanymyñ daglarynyñ bezegi bolan goçaklarym! Bu watan Siziñkidir, ebedilik hem Siziñki bolup galar... ◆ Patyşalar ölüp gider... Emma Kawkaz şübhesiz azat ediler we erkana ýaşar. Alla adalat we watan üçin göreşenleri öz penasynda aman saklasyn... ◆ Ölüme söýgüliñize gujak açan deý gujak açyñ. Watan üçin janyny bermäge, şehit bolmaga taýýar adamy boýun egdirmäge çalyşmak örän biderek we gülkünçdir... ◆ Duşmana garşy diri pişik ölen ýolbarsdan oñatdyr. ◆ Watanyñ azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda merdanalyk we göreşmek gerekdir. ◆ Azatlygymyz zulum-sütemiñ we zalymlaryñ döken ganlary arkaly gazanylýandyr. ◆ Bizden nesillerimize galjak iñ beýik miras: Azatlyk üçin göreşmek, Hak ugrunda jan bermekdir. Nesillerimiz erkinlik we garaşsyzlyk ugrunda alynyp barylan göreşleriñ guýrugy däl-de başy bolmalydyr. ◆ Göreşimiz patyşalaryñ, onuñ ruhanylarynyñ, basybalyjylaryñ, garakçylaryñ halkymyzyñ elinden alan haklaryny yzyna gaýdyp alýança dowam eder... ◆ Men musulman, her bir musulman özüni bakna etmek isleýän basybalyjylara garşy göreşmäge borçludyr. ◆ Patyşalary beýik görenleriñ Allatagala şirk goşanlardan tapawudy ýokdur. ◆ Eý halkym! Siz Allatagalanyñ öñünde edýän günäleriñiz ummasyz köp.. Siz dini öldürýärsiñiz. Namazlaryñyz we orazalaryñyz peýdasyzdyr. Edýän ybadatlaryñyzy Oña takwasyrap görünmek arzuwyndan başga hiç zat däldir. Elbetde, namaz okañ, oraza tutuñ, emma unutmañ iñ beýik ybadat Watanyñ azatlygy üçin göreşmekdir. Basybalyjylar topraklarymyzy depeleýärler, men size halas bolmagyñ ýeke-täk ýolunyñ watany goramakdygyny aýtjak bolýaryn. Basybalyjylara ölüm! ◆ Mundan beýläk basybalyjylara rehim-şepagat etmek ýok, olary ýok etmeli. Bütin Kawkazyñ derýalary, kölleri basybalyjylaryñ ganlary bilen boýalan wagtynda Siz hem doly azat bolarsyñyz. ◆ Watan üçin jan alyñ, jan beriñ. ◆ Kawkazlylar! Birnäçe ýyllap döş gerip eden göreşlerimiziñ aýgytlaýjy pursady gelip ýetendir. Elimizden geljek bir iş bar, olam duşman bilen başydik we gorkysyz-ürküsiz söweşmekdir. Bugüne çenli söweşmek abraý we watanyñ öñündäki borç bolup geldi Emma bugün ol borç hemmämiz üçin parza öwrüldi. Kawkazyñ azatlygy üçin iñ soñky oky galýança, iñ soñky demine çenli göreşmedik kapyrdyr. Ikiýüzliligiñ we dönükligiñ jezasy ölümdir. ◆ Bir ýolbaşça eýermek üçin ondan artykmaçlyk gözlemäñ. Onuñ diñe Hakyñ we adalatyñ ýolunda ýöreýändigini görmek ýeterlikdir. ◆ Göwündäki öýke-kinäni çykarmak beýik daglary iññe bilen gazmakdanam agyrdyr. ◆ Eý Dagystanyñ we Çeçenistanyñ halklary! Meni üns berip diñläñ... Taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||