19:54 Şeýh Şamil | |
Dagystanyñ Bürgüdi: ŞEÝH ŞAMIL
Taryhy şahslar
Ymam Şamil. Demirgazyk Kawkaz halklarynyñ awar kökenli syýasy we dini ýolbaşçysy. Kawkaz uruşlarynda rus basybalyjylaryna garşy garaşsyzlyk ugrunda söweşenleriñ lideri we Dagystanyñ, Çeçenistanyñ üçünji ymamy. Hamzatdan soñra Kawkaz söweşijileriniñ serkerdesidir we şol bir wagtyñ özünde Nagyşbendi şyhlaryndan bolan Seýit Jemaleddin Kumukynyñ şägirtlerindendir. 1797-nji ýylda Dagystanyñ Gimri obasynda dogulýar. Kawkazyñ garaşsyzlygy ugrunda göreşen kumyk asylly bu lider dogduk watany Dagystanda, Kawkaz ýurtlarynda we bütin yslam ýurtlarynda häli-häzirlerem uly şan-şöhrada eýedir. 25 ýylyñ dowamynda alyp baran göreşi onuñ ýoluny dowam etdirijileriñ ýörelgesi bolan yslam we tasawwuf häzirki günlerem Kawkaz halklaryna öz täsirini ýetirýär. Ýaşlykdan Dagystanyñ tanymal dini ulamasy Şeýh Jemaleddin Gazy Kumukydan ders alýar. 15 ýaşynda at münüp gylyç guşanýar. 20 ýaşynda birnäçe sport görnüşinde garşysyna bäsdeş çykmaga het edip bilmejek derejä gelýär. Aýratynam Nagyşbendi tarykatynda alan bilimi Şeýh Şamilde ruslaryñ Kawkazdan sylyp-süpürmek islän yslam dinini gaýtadan dogduk ýurduna ornaşdyrmagyna we barha-da ýaýmagyna, garaşsyzlyk we yslam bileleşigi ýaly garaýyşlarynyñ ösmegini we özgermegini üpjün edipdir. Patyşa Russiýasyna garşy Dagystanda başy başlan göreşini Çeçenistanda dowam edýär, hatda belli bir döwürde uruş Demirgazyk Kawkazyñ Çerkeziýa ülkesini hem öz içine alýar. Şeýh Şamile dost-doganlyk ýurtlardan gelen kömekler ruslar tarapyndan öñi baglanandan soñra ol ýurdunyñ mindan artyk göreşi dowam etdirmäge ýagdaýynyñ ýokdugyny görýär. 06.09.1859-njy ýylda 70 müñ adamlyk rus goşunyna ýanynda birnäçe ýüz atlysy galandan soñra rus tarapy bilen gepleşikleri geçirip boýun egmäge mejbur boldy. Rus Patyşasy Aleksandr II Şeýh Şamili köşgüniñ öñünde uly dabara bilen garşylaýar we onuñ gylyjyny alman oña bolan hormatyny gizlemeýär. Şeýh Şamil bir aý töweregi rus köşgünde myhman alynandan soñra, hormatly tussag hökmünde Kaluga ugradylýar. Onuñ rus patyşasy bilen aralarynda bolan şu gürrüñi bilmeýän az bolsa gerek: "Bir gün rus patyşasy Şeýh Şamili bile nahar edinmek üçin ýanyna çagyrýar. Şamiliñ işdämen nahar iýişini gören patyşa ýanyndaky çinowniklerine "bu adamyñ az salymdan bizi-de iýmeginden gorkýaryn" diýýär. Muny eşdip duran Şeýh Şamil "Gorkma, biziñ dinimizde doñuz eti haramdyr" diýip jogap berýär". Şeýh Şamil ömrüni bagyşlan göreşine ygrarly adam bolupdyr. Onuñ bu hususda enesi bilen arasynda bolup geçen waka hem dilden-dile geçip şu günlere gelip ýetiripdir: "Uruş dowam edýärka, köpçüligiñ içinden käbirleriniñ "indi boýun egeliñ, ylalaşyga geleliñ" diýenleri bolupdyr. Munuñ üçin kim boýun egmek barada gep açsa gamçy bilen urmak jezasy bellenipdir. Bu ýagdaýdan baş alyp çykmak islän halk Şeýh Şamiliñ enesiniñ ýanyna barýarlar. Enesi Şeýh Şamile boýun egmek barada aýdanynda, Şeýh Şamil öz bellän jezasyndan gaýtmyşym etmändir. Bellän jezasyny garry ejesiniñ göterip bilmejegini bilýän Şeýh Şamil jezany ogluna bermeli diýip netijä gelýär we özüni gamçyladýar. Kawkaz sebitindäki rus agalygyny ýok etmek üçin iñ uly ýardamy "jan dostum, gardaşym" diýip ýüzlenen dosty Ýunus Emre Dogandan alypdyr. Taryh kitaplarynda ady agzalmaýan bu beýik şahsyýet Ýunus Emre Dogan watanyna dolanandan soñra ybadat bilen meşgullanyp ömrüni tamamlaýar. Şeýh Şamil sürgünde 10 ýylyny geçirenden soñra rus patyşasy oña haja gidip gelmegine rugsat berýär. Emma ol gelýänçä ogly Muhammet Şefini zamun alyp galýar we haj zyýaratyndan soñra Russiýa dolanmagyny şert edip goýýar. Şeýh Şamil 1870-nji ýylda Russiýadan ýola çykyp ilki Stambula gelýär. Osmanly Soltany Abdyleziz tarapyndan köşkde garşy alynýar. Şamiliñ Stambula geldi habaryny eşiden halk köpçüligi ony görmek üçin köşk gapylaryna tarap yñdarylyp gaydanmyşyn. Şeýh Şamilden soñra onuñ müridi lak milletinden bolan Muhammet Emin ilki-ilkiler ruslara garşy üstünlik gazananam bolsa, 1859-njy ýylda Şeýh Şamiliñ boýun egmegine garamazdan Çerkeziýada göreşi dowam etdirmek kararyna gelýär we birnäçe wagtlap gümürtik ýagdaýda ýolbaşçylyk edýär. • Şeýh Şamil hakynda ýazylan käbir kitaplar: 1).Taryk Mumtaz Göztepe "Dagystanyñ Arslany"; 2). Ahmet Ýylmaz Boýunaga "Azatlygyñ göreşijisi"; 3). Myrat Ýaşyl "Kawkaz bürgüdi". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |