09:21 Hudaýyň goly: birinji alamat | |
HUDAÝYŇ GOLY
Geň-taňsy wakalar
Biziň barymyz bilýäris, älem-jahandaky ähli prosesleri Alla dolandyrýar. Agaçdan gaçýan her bir ýaprakdan başlap, her bir garynjajygyň öz çöregini tapmagyna çenli. (Allanyň ýeke-täk şalyk etmeýän mekany jähennem-dowzah, ol ýerde Hudaý gerek däl. Sebäbi ol ýeriň raýatlary Hudaý ýok diýýärler, ýa-da hudaý köp diýýärler we Hudaýyň dolandyryşyna mätäç däl, ýa-da başga bir hudaýa garaşýarlar, aýdaly mysal üçin Ýehowa?) Eger Hudaý ähli zady dolandyrýan bolsa, diýmek, ol ähli zady diýseň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeli we ähli janly we jansyz jemende Oňa hyzmat etmeli? Hakykatdan-da şeýle, ähli gowy we erbet zatlar Hudaýyň Beýik Meýilnamasyna hyzmat edýär. Mysal: Hyýaly bir şäheri göz öňüne getireli, mysal üçin zynada we haramhorlukda gark bolan şäheri, Hudaý şol şäheri ýok etmegiň küýüne düşdi diýeli. Ýöne şol bir wagtyň özünde, bir ýerlerde bir goşun generaly bar diýeli. Şol general, täze çykan ýadro ýaragyny ýeriň aşagynda partlatsaň, näme boljagyny barlap göresi gelýär diýeliň. Netijede general öz ýüreginde düwen uly günäsini amala aşyrýar we ýerasty partlama bilen uly şäherde ýer yranmasyny döredýär (şäher weýran bolýar) we şobada Allanyň-da meýilnamasy amala aşyrylýar, gargyş siňen şäher ýok edilýär. Alla biziň ählimize islän güni işlerimizi amala aşyrmaga ýol berýär, emma biziň etjek ähli günä işlerimiz ýene aýlanyp gelip, Allanyň özüne hyzmat edýär. Ýene bir mysal, Musa pygamber ýewreý halkyny Müsürden alyp çykdy, ýöne şol halk gadyrbilmez bolup, Musa pygamber halky az salym taşlap giden wagty, ýewreýler altyndan göle ýasanyp, oňa çokunmaga başladylar. Elbetde adaty adam aýdar, bu halk gadyrbilmez we iň birinji amatly pursatda Hudaýdan ýüz dönderdi. Emma hakykda altyn gölä çokunup başlanlaryň ählisi öz hakyky ýüzlerini görkezdiler we olar galan ýoly Musa bilen dowam etmäge mynasyp däldiler, Alla ikiýüzli dönükleri ýüze çykaryp berdi we olardan dyndardy. Biz adamlar, nähili elhenç günä işi etsek-de, hiç bir ýagdaýda Hudaýyň adamzady düzetmekde edýän işlerine zyýan ýetirip bilemzok, gaýtam tersine, diňe Allanyň meýilnamasyna hyzmat edýäris. Men edil şu wagt oturan ýerimden turup, elime gezlik alyp, gapdaldaky çagalar bagyna girip, birnäçe çagany kesip öldürsem-de. Meniň eden ähli işim, Hudaýyň meýilnamasynyň bir bölegi bolup çykar. Matrisanyň Eýesi hiç haçan utulanok we ýalňyşanok. Biziñ hiç bir hereketimiz Onuň keýpini gaçyranok. Hatda şeýtan diýip atlandyrylýan şahsyýet, adamzada garşy nämeler etse-de, ähli zat ýene-de aýlanyp gelip, Hudaýa hyzmat edýär. Şeýtanyň hyzmaty adamlaryň içindäki gizlenip ýatan günäleri daşyna çykarmak. Elbetde, şeýtanyň özi şol bir bada öz şahsy pikirlerine gulluk edýär. Allanyň gollarynyň biri şu, biz näme iş edenimizde-de, hatda Hudaý ýok diýip gygyranymyzda-da, barybir Hudaýa hyzmat edýäris, Hudaýyň ýokdugyny subut etjek bolýan her bir alym iň soňunda özi bilmezdenem bolsa, Hudaýa gulluk edýär. | |
|