15:27 Gitleriñ melgun bilen şertnamasy | |
GITLERIÑ MELGUN BILEN ŞERTNAMASY
Geň-taňsy wakalar
2005-nji ýylda Berlinde Adolf Gitleriň hut melgunyň özi bilen baglaşan şertnamasy tapylypdy. Şertnama 1932-nji ýylyň aprel aýynda baglaşylypdyr we oňa taraplaryň ikisem öz gany bilen gol goýupdyr. Şertnama laýyklykda, melgun Gitlere diñe erbet maksatlar üçin peýdalanmak şerti bilen çäksiz hökmürowanlygy üpjün edipdir, munuň öwezine Adolf Gitler 13 ýyldan melguna öz janyny bermeli eken. Ele salnan resminamany garaşsyz bilermenleríň dördüsi öwrendi we olar Gitleriň golunyň hakykydygy baradaky netijä geldiler. Gitleriň goly 30-40-njy ýyllardaky resminamalarda goýan gollaryna gabat gelýär. Melgunyň goly hem dowzahyň hökümdary bilen baglaşylan şeýle äheňdäki şertnamalaryň aşagyndaky gollara gaty meñzeş. Şeýle resminamalar bolsa, taryhçylar üçin öňem ýat däl. - Men resminamanyň hakykydygyna ynanýaryn - diýip, garaňky güýçler bilen şeýle äheňdäki dürli şertnamalary öwrenýän doktor Greta Laýber nygtaýar: - Bu resminama fýureriň nädip Germaniýanyň hökümdary bolandygy hakdaky mataly çözmäge ýardam edýär. Özüňiz pikir edip görüň: tä 1932-nji ýyla çenli onuň edeni ugruna däldi. Ol ýokary mekdepden kowulýar, Sungat akademiýasynyň giriş synaglaryndan iki gezek ýykylýar. Hatda türmede-de oturýar. Şol wagt Gitleri tanaýanlar ony dereksiz adam hasap edýärdiler. Emma 1932-nji ýylda welin, onuň ykbaly düýbünden özgerdi - ol hökümet kürsüsine patlap düşdi, 1933-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa, ol eýýäm Germaniýany dolandyrýardy. Meniň pikirimçe, muny diñe melgun bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen düşündirip bolar. Aradan dogry 13 ýyl geçensoň, 1945-nji ýylyň 30-njy aprelinde külli adamzadyň näletine duçar bolan Adolf Gitler öz janyna kast edip, janyny melguna tabşyrdy. Fýureriň melgun bilen şertnamasy Berliniň çet-gyragyndaky birwagtlar ýangyn bolup taşlanan jaýyň harabasyndaky köne sandykdan tapyldy. Resminama häzir şäheriň taryh institutynda saklanýar. Ýazga görnetin zeper ýetipdir, emma ony her niçigem bolsa, okasa boljak. - Melgun hut şeýle hereket edýär - diýip, doktor Laýber gürrüňini dowam edýär: - Ol öz-özüni çakdanaşa gowy görýän we dünýäniň lezzetlerine höwesek, emma edeni ugruna bolmayan adamy saýlap alýar, oňa arzuwlaryny hasyl etmäge söz berýär. Netijede, adamlar üçin tükeniksiz betbagtçylyklar we melgunyň hajyk-hujugyna aldananyň özi üçinem çykalgasyzlyk döreýär. Gitleriň ykbaly muňa aýdyň mysal bolup biler. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |