13:11 Atmosfera basyşy | |
ATMOSFERA BASYŞY
Geň-taňsy wakalar
Belentliklerde adamda burnuñ ganamagy, dem almagyň kynlaşmagy we başyň aýlanmagy ýaly hadysalar bolup geçýär. Bu sebäpli uçarman dem almak üçin ýörite abzallary ulanmaly bolýarlar Howa bir maddadyr. Bu sebäpli hem onuñ agramy bar. Muny ýönekeý bir mysal bilen düşündirse bolar. Mysal üçin, futbol topuny howa berseñiz, ol howa berilmedik halyndan has agyrrakdyr. Howanyň agramy bolany üçin onuñ basyşy hem bolmaly. Atmosferanyň jemi agramy 5x10 tonna barabardygy anyklanandyr. Emma biz bu aýylganç agramy asla duyamyzogam. Çünki bedenimiziň içki basyşy, bizi gurşap alan atmosfera basyşy bilen deň agramlygy saklaýar. Atmosfera basyşyndan ilkinji söz açan adam Farabydyr (870-950). Italýan Toricelli (1608-1647) has soňlar oýlap tapan barometri bilen açyk howa basyşyň ölçegini deňiziň kenarynda 76 cm Hg hökmünde hasaplapdyr. Beýige çykyldygyça atmosfera basyşy 76 cm-den aşak gaçýar. Asmana uçurylan şarlaryň belli bir beýiklige ýetensoň ýarylmagy bu sebäpdendir. Belentliklerde adamda burnuň ganamagy, dem almagyň kynlaşmagy we başyň aýlanmagy ýaly hadysalar bolup geçýär. Bu sebäpli uçarman dem almak üçin ýörite abzallar ulanmaly bolýarlar. Atmosfera basyşynyň iň uly bolan ýeri deňiz kenarydyr. Has belentlere çykyldygyça gazlaryň dykyzlygy azalyp, basyş azalar. Atmosfera basyşynyň, belentlige çykdygyňça azalýandygy Kurany-Kerimde şeýle düşündirilýär: "Alla, dogry yola salmak islän adamynyň kükregini yslama açar. Ýoldan çykarmak isläniniň bolsa kükregini şeýle daraldar we gysar welin, ol adam göýä gökde ýokary galýan adamyň haly ýaly akyşa mübtela bolar" ("Engam" süresi, 125). Atmosfera, hikmetli hasaplamalar esasynda, gazlaryň garyşmagyndan emele gelýär. Bu gazlaryň basyşy örän inçe hasaplar bilen guralandyr. Ýeri onda bu gazlar nädip Älem giňişligine çykyp dagap gidenoklar? Munuň sebäbi Ýeriň dartyş güýjidir. Şonuň saýasynda howa gatlagy, edil potolok ýaly, daş-töweregimizi gurşap alýar. Kurany-Kerimde hem bu agzalyp geçilýär: "Asmany goraýjy bir üçek etdik" ("Enbiýa" süresi, 32) Atmosfera Güniň zyýanly şöhlelerinden hem bizi goraýyşy ýaly, üstümizden daş ýagmagyndan hem bizi goraýandyr. Guýrukly ýyldyzlaryň iň kiçi doganlaryna meteorit diýilýär. Sekuntda 50 km tizlik bilen hereket edýän meteoritlar atmosferamyzdan içeri girdigi gyzyp köz bolup başlar. Ol şeýle bir ýanýar welin gyzgynlyk 2000 derejä ýetýär Guýrukly ýyldyzlaryň iň kiçi doganlaryna meteorit diýilýär. Sekuntda 50 km tizlik bilen hereket edýän meteoritlar atmosferamyzdan içeri girdigi gyzyp köz bolup başlar. Ol şeýle bir ýanýar welin gyzgynlyk 2000 derejä ýetýär. Ine, şol mahal biz olary görüp galýas we "Ýyldyz süýndi” diýýäris. Kä wagtlar bolsa juda uly meteoritlar atmosferamyzda doly ýanyp bilmän ýer ýüzüne hem gaçýar. Dünýämize iň uly meteorit 1908-nji ýylyñ 30-njy iýunynda Sibiriñ Tunguska zolagyna gaçypdy. Gaçan ýerinde ýüzlerçe kilometre barabar giňlikdäki äpet çukur peýda boldy. Bu wakanyň gohy bolsa 900 km daşlykdan hem eşidilipdi. Alymlar bu meteorit barada şeýle diýýärler: "Şeýle meteorit London ýaly ululykda bir şähere gaçan bolsady, şäherden nam-nyşan galmazdy". Her ýyl Ýer togalagyna dört müňe golaý meteorit gaçýar. Bu meteoritleriň käbiri şäherleri ýok edip biljek derejede bolsa, bizi goraýan Beýik Ýaradana näçe şükür etsek hem azdyr... Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |