21:37 Belent daglar, beýikligñe buýsanma | |
BELENT DAGLAR, BEÝIKLIGÑE BUÝSANMA
Edebi makalalar
Pespällik bir häsiýetdir. Ynsanyň öz-özüni tekepbirlikden, ulumsulykdan saplamagydyr, pespällik. Ýogsa-da ynsana iliň gözüne görünjek bolmak nämä derkarka? Käbir adamlar täze geýim geýip, başgalara görünjek bolýar. Alla olara geýdiren şol täze geyimini islän wagty alyp biler ahyryn. Eger-de Beýik Ýaradan bize "Üstüňizde maña degişli bolan zatlary bir tarapa aýrур, özüňize degişli zatlar barada maña hasabat beriň" diýäýse, megerem, Oňa görkezip biljek hiç zadymyz bolmasa gerek. Şeýle ýagdaýda men: "Ýa Rebbim! Men ýöne bir hiç zat. Men şeýle bir hiç zat welin, özümiň hiç zatdygymy hem Seniň bagyş eden sözlemek ukybyň bilen aýdyp bilýän. Çünki men Saňa degişli we meniň özüme degişli hiç zadym ýok” diýerdim. Pespällik ine şeýle aň-düşünjede ýaşamak diýmekdir. Eger-de ynsan şeýle düşünje bilen ýaşamagy öwrenmedik bolsa, onda oňa boýnuny burup pespäl kişisirän bolmakdan ne peýda? Beýikler beyık edýän, olardaky pespallik duygusydyr. Tekepbirlik etmek bolsa, kiçilikden nyşandyr. Allahyň resuly (s.a.w.) ynsanlar arasynda iň beýik ynsandyr. Diýmek, Onuň pespälligi-de şeýle bolmalydy... Mesjit bina edilende her kim bir kerpiç daşaýan wagty iki kerpiç daşan; öňünde aljyrap, titräp, sandyrap duran adama: "Doganym, gorkma, men hem sen ýaly enesi gury çörek iýen adam" diýip, ol kişini köşeşdiren Allanyň Resuly, hiç şübhesiz, ynsanlaryň in kiçigöwünlisi, iň pespälidir. Dürli üýşmeleňlerde, mejlislerde özlerini özgelerden beýik görkezmek üçin, aýagyny aýagynyň üstüne oturýanlara atyp psihologiýa ylmynyň haýsy bölüminde kemakyllar hökmünde garalýandygy ýadymda däl; ýöne, şeýle-de bolsa, olarda ruhy taýdan örän uly nogsanlygyň bardygyna şübhe ýokdur. Allanyň Resuly il hatarynda oturyp, özüni töweregindäkiler ýaly alyp barardy. Hawa, Onuň her hereketi edep kadalarynyň çägindedi. Ol hakyky beýikligiň, alnyňy Hakyň öňünde seždä goýmakdygyny, Haka sözüň doly manysynda gul bolmakdygyny öz nusgalyk durmuşy arkaly görkezipdir. "Kim pespäl bolsa, Alla ony beýgelder. Kim ulumsylyk etse, Alla onuň burnuny ýere berer". Kiçigöwünlilik jadyly ganat kibidir, ynsany beýiklerden beýik älemlere tarap perwaz etdirer. Allanyň Resuly pespalligi bilen, geçilmez menzillerden geçip, ebedilik adamzat nesliniň lideri bolandyr. Wagt we ýer düşünjesiniň çäklendirijiliginden saplanan bu beýik lideriň öňünde ynsanlar örän rahatlyk bilen öz köňül matlaplaryny beýan edip bilipdirler. Çünki onuň özü-de rahat ynsandy. Allanyň Resuly pespälligi özi üçin kiçilik bilmän, mertebe saýypdyr. Çünki kiçilik, mertebe pesligi Onuň düýşüne-de girmändir. Nähili girsin diýsene, ol imansyzlaryň we inkärçileriň garşysyna çykanda şire-peleňe dönýärdi. Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun!) onuň gaýduwsyzlygy barada: "Biz jeň meýdanynda asgynlan wagtymyz Allanyň Resulyny özümize pena bilerdik” diýýär. Hatda Onuň ýanynda bolmak hem ynsanlaryň kalbyna giňlik we rahatlyk berýärdi. Eger şeýle ynsan bilen adamlar örän rahatlyk bilen görşüp, baýy-gedasy dertlerini aýdyp bilýän bolsa, muny diňe Onuň pespälligi bilen düşündirse bolar. Pespäl bolmak, Öz mertebäňi kiçeltmek diýmek däldir, ulumsylyk hem salyhatlylyk bilen bir zat däldir. Müdiriň iş ornunda özüni agras alyp barmagy iş yerinde düzgün-nyzamyň saklanmagy, işgärleriň özlerine berlen tabşyryklary kemsiz ýene ýetirmekleri üçin zerur bolup biler. Emma şol müdir öýünde maşgalasynyň arasynda özüni beýle alyp barsa, bu ulumsylyk bolar. Çünki ynsan, her kim hem bolsa, öýünde wagty özüniň maşgala agzalarynyň biridigini unutmaly däldir. Pespällikde hem iň kämil nusga Allahyň Resulynyň (s.a.w.) durmuşydyr. Her kim Ony (s.a.w.) beýiklerden beýik hasaplap biler. Ol (s.a.w.) bolsa: "Hiç kim öz amaly bilen Jennete girip bilmez.” diýýär. "Sen hem girip bilmezmiň, ýa Resulallah?" diýip soranlara-da: "Hawa, men hem. Eger Alla rehmeti bilen gurşap almasa" diýip jogap berýär. Ol (s.a.w.) jemgyýetíň her gatlagyndan ynsanlaryň arasynda bolmagy özi üçin kiçilik bilmeýär. Bu bolşy bilen, hakyky kiçiligiň özüňi özgelerden ýokary saýmak, adaty ynsanlar bilen oturyp-turmagy özüňe peslik bilmekdigine yşarat edýär. Ahmet ibn Hanbal Ebu Hureýreden şu rowaýaty gürrüň berýär: "Allanyň Resuly Jebraýyl bilen söhbet edýärdi. Jebraýyl Onuň in sadyk dostudy. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) birnäçe günden bäri agzyna ýeke lukmalyk zat almandy. Haçan-da ol bu ýagdaýy Jibrile aýdanda, birdenkä gök gümmürdisine çalymdaş bir ses eşdildi. Bu perişdäniñ perýadydy (Taberany onuň Ysrafyl alaýhyssalamdygyny aýdýar). Jebraýyl alaýhyssalam Pygamberimize (s.a.w.) bu perişdäniň ýer ýüzüne ilkinji gezek gezek inendigini habar berýär. Perişde Hak tagaladan salam getiripdir. Allahutagala (j.j.) bu meleginiň üsti bilen söýgüli Pygamberimizden: "Hökümdar Pygamber bolmak isleýärmiň ya-da gul pygamber?" diýip soraýar. Allanyň Resuly ilki Jebraýyla seredýär. Jebraýyl Allanyň Resulyna şeýle diýýär: "Eý Allanyň Resuly! Rebbiň öňünde pespäl bol!" Onsuz hem, Hak tagala-da Kuranda Resulyna pespälligi ündeýärdi (Tuara 26/215). Allanyň Resulynyň jogaby-da şu bolýar: "Gul pygamber bolmak isleýärin". Kuran aýatlarynyň birnäçesinde Onuň gullugy beyan edilýär. Musulmanlar-da kelimeýi-şahadat getirenlerinde (kelemelerini öwrenlerinde), Onuň Allanyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärler. (...Eşhedu enne Muhammed-en abduhu we Resulüh - Muhammet Allanyň guludyr we Resulydyr). Hawa, Ol owaly bilen - Allanyň guly, soňra-da, Resulydyr. Gulluk resullykdan öňde gelýändir. Her kim kimdir biriniň, haýsydyr bir zadyň guly bolup ebiler. Hezreti Muhammet (s.a.w.) - bolsa, owal-ahyr Allanyň guly bolandyr, Allaha gulluk edendir. Ol ömrüniň hiç bir pursatynda Alladan başgasynyň öňünde bil büküp, boýun egip, dyz epmeýär. Bu gün, minaralarda günde bäş gezek Onuň gullugy beýan edilýär, tutuş jahana Onuň Resullygy bilen bir sanda, gullugy-da ykrar edilýär. Çünki ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, Onuň gullugy resullygyndan owalda gelýär. Kuranyň Allanyň kelamydygyny düşündirýän we bu mowzukda şübhesi bolanlara ýüzlenýän şu aýatda-da, Oňa "Gul" diýilýär: "Gulumyz Muhammede indiren Kuranymyzdan şübhe edýän bolsaňyz, siz hem şoňa armeňzeş bir sure dörediň. Eger ň dogry sözli bolsaňyz, Alladan gaýry bil baglaýanlaryňyzy-da kömege çagyryň. (Barybir) Başarmarsyňyz. Şu halda, inkär edenler üçin taýýarlanan we ýangyjy ynsanlar bilen daşlar bolan ataşdan ägä boluň." (Bakara, 2/23-24). Magraç wakasy bilen baglanyşykly şu aýatda-da Onuň gullugy nygtalýar: "Guly Muhammedi, oňa käbir aýatlarymyzy görkezmek üçin, bir gije Mesjid-i Haramdan Mesjid-i Aksa äkiden Allanyň şany beýikdir. Dogrusy, Ol Semidir, Basirdir (Barça zady eşidýändir we görýändir), (Isra, 17/1)"... Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||