17:18 Seljuk-türkmen döwletinde ylym-bilime berlen ähmiýet | |
SELJUK-TÜRKMEN DÖWLETINDE YLYM-BILIME BERLEN ÄHMIÝET
Taryhy makalalar
Seljuk türkmen hökümdarlary öz syýasy we harby işleri bilen bir hatarda, ülkede ylym-bilimiň ösmegine, ýaýbaňlanmagyna hem uly üns beripdirler. Bu barada Togrul begiň "Özüme bir köşk saldyryp, ýanynda-da bir mesjit gurdurmasam, Alladan utanaryn" diýen meşhur sözi taryh sahypalaryna geçipdir. (Mälim bolşy ýaly, orta asyrlarda mesjitler diňe bir ybadat ýeri bolman, tälim-terbiýe ýeri bolup hem hyzmat edipdir.) Seljuk soltanlary öz ülkeleriniň çäklerindäki alymlara, bilimdarlara olary dinlerine, milletlerine görä tapawutlandyrmazdan, ýokary hormat goýupdyrlar, hemaýat edip, goldapdyrlar. Seljuk türkmenleriniň döwründe edebiýat, lukmançylyk, pelsepe, şeýle hem hukuk, tefsir, hadys we kelam ýaly ylymlar aýratyn rowaçlyk gazanypdyr. Ylymyň bu ugurlary boýunça döwrüniň meşhur alymlary ýetişipdir. Fahrüddin Gürgany, Enweri, Nyzamy ýaly ençeme edebiýatçy-şahyrlar seljuk köşgünde hut Soltanyň hemaýatynda bolupdyr. Mälik şanyň görkezmesi bilen 1075-nji ýylda gurlan obserwatoriýada Omar Haýýam, Meýmun ibn Nejip ýaly alymlar işläp, Soltan Mälik şanyň "Jelalüd-dewle lakamy" bilen baglanyşyklykda "Jelaly” diýlip atlandyrylýan senenamany (kalendar) düzüpdirler. Bu döwrüň lukmançylyk ylmy bilen meşgullanan alymlarynyň hatarynda, Soltan Sanjaryň baş tebibi Bahaweddin Muhammet ibn Mahmydy görkezmek bolar. Seljuk türkmen döwletinde ylym-bilimiň ýokary derejä ýetmeginde, Soltan Alp Arslanyň döwründe gurlup başlanan Nyzamyýe medreseleriniň orny uludyr. Seljuk türkmen döwletiniň wezirlerinden Nyzamylmülküň maslahaty bilen gurlandygy üçin "Nyzamyýe" ady bilen meşhurlyk gazanan bu medreseler Nişapur, Bagdat, Merw, Amul, Balh, Mosul, Reý, Hyrat ýaly ülkäniň dürli welaýatlarynda bina edilýär. Öz döwürdeş medreselerinden geçilýän dersleriň görnüşleri boýunça düýpgöter tapawutlanan Nyzamyýe medreseleri talyplary gündelik nahar, ýatak jaýy we okuw esbaplary bilen üpjün etmek bilen soňraky ýokary okuw mekdepleri üçin-de nusga bolupdyr. Mundan başga-da, Nyzamyýe medreseleriniň gurluşygynda ulanylan binagärlik aýratynlyklary köpleriň ünsüni özüne çekip bilipdir: ululyk, beýiklik we owadanlyk taýdan hiç bir medrese Nyzamyýe medreselerine taý gelip bilmändir. Nyzamyýeleriň gurluş meýilnamasy düzülende okuw we terbiýeçilik işiniň netijeli bolmagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Medresede ders geçilýän otaglar, ýörite nutuk zaly, juma namazy kylynýan we halka wagyz berilýän mesjit, şeýle hem ambar, hammam we naharhana bolupdyr. Nyzamyýe müderrisleri (medresede ders berýän mugallym-professor) dine bir talyplara ders bermek bilen çäklenmän, ylym-bilim we tejribelerinden halk köpçüliginiň hem peýdalanmagy üçin şert döredipdirler. Mysal üçin, nişapurly Nyzamyýe müderrislerinden Jüweýni medresede talyplara ders bermekden başga-da halkyň we döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýörite ylmy mejlisleri gurapdyr. Şunlukda medreseler yokary okuw mekdepleri bolmak bilen bir wagtyň özünde, geçirilýän wagyz-nesihat işleri arkaly halkyň arasynda bölünişige sebäp bolup biljek zyýanly pikirleriň öňüni alyp, agzybirligi pugtalandyrmakda, halkyň aň derejesini ýokarlandyrmakda hem möhüm hyzmaty ýerine ýetiripdir diýip arkaýyn aýtsa bolar. Nyzamyýe medreselerinde, döwrüniň bilim ulgamynda ýene bir täzelik hökmünde, her ders şol ugurda özüniň ussatlygy, bilim derejesiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýan mugallymlaryna berdirilipdir. Nyzamyýe medreseleriniň ählisinde uly göwrümli kitaphana bolup, kitaphana işgärleri dürli yerlere gidip, golýazmalary göçürip getirmek arkaly kitaphanany yzygiderli baýlaşdyrypdyrlar. Mundan başga-da döwlet ýolbaşçylary, alymlar hem bu kitaphanalara köp mukdarda kitap sowgat edipdirler. Seljuk türkmenleri ylym-bilim öwrenmekligiň bökdençsiz dowam etmegi üçin, medreselere ýokary girdejili gaznalar (haýyr-sahawat maksady bilen, girdejisi medreseleriň haýryna geçirilen emläkler, dükanlar, ýerler we ş.m.) bagyş edipdirler. Şunlukda, hemişelik girdejisi bolan medreseler ykdysady kuwwatlylyga eýe bolupdyrlar. Müderrisler alýan ýokary iş haklary bilen güzeran dolandyrmak aladasy bolmazdan, ähli üns we güýçlerini öz kärlerine berip bilipdirler. Talyplar ähli zerurlyklary medrese tarapyndan üpjün edilýändigi üçin, hiç hili gaýgy-aladasyz okuwlaryny dowam etdiripdirler. Şu nukdaýnazardan, Nyzamyýe medreseleri diñe bir öz döwri üçin däl, häzirkizaman ýokary okuw mekdepleri üçin-de görelde alarlykdyr. Nyzamyýe medreseleriniň okuw usulyýetiniň ýene bir aýratynlygy, talyplara islän mugallymyndan - müderrisinden ders almak mümkinçiliginiň döredilendigidir. Meşhur müderrisleriň derslerine talyplar bilen bir hatarda bilimini artdyrmak we gözýetimini giňeltmek isleýän wezirler, emirler, din alymlary gatnaşypdyr. Nyzamyýe medreseleriniň maddy-ykdysady mümkinçilikleri, şeýle hem bu ýerdäki mugallymlaryň-müderrisleriň ylym dünýäsindäki şöhraty sebäpli Yemen, Müsür, Azerbaýjan, Andalus ýaly yslam dünýäsiniň dürli künjeklerinden talyplar gelip, bu medreselerde bilim alypdyrlar. Nyzamyýe medreselerinde esasan Kuran we Kuran ylymlary, hadys, arap dili, edebiyat, taryh, geografiýa, saz sungaty, hat-ýazuw sungaty, pelsepe, mantyk, hasap ylmy, astronomiýa ýaly dersler okadylyp, bu yerlerde döwlet üçin zerur bolan hukuk, din, ykdysadyýet we döwlet dolandyrylyşy ýaly ugurlar boýunça kämil hünärmenler ýetişdirilipdir. Seljuk türkmen döwletiniň kuwwatlanmagynda we uzak ýyllaryň dowamynda öz barlygyny dowam etdirmeginde Nyzamyýe medreselerini ýokary üstünlik bilen tamamlan hünärmenleriñ hyzmaty örän uly bolupdyr. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |