09:30 Tygşytlylyk bilen husytlyk bir zat däl | |
TYGŞYTLYLYK BILEN HUSYTLYK BIR ZAT DÄL
Edebi makalalar
Ynsany bezeýän oňat häsiýetlerden biri bolan pespällik, erbet gylyk hasaplanýan misginsokarlyk bilen görnüşde meňzeş ýaly bolsa-da, aslyýetinde aýrybaşga zatlardyr. Agraslyk bilen ulumsylyk meňzeş ýaly görünse-de bir-birinden düýbünden tapawutly häsiýetlerdir. Hut şonuň ýaly-da, Pygamber ahlagy bolan tygşytlylyk hem husytlyk, harsydünýälik, gysyklyk, açgözlük, gysgançlyk we bahyllyk ýaly ýigrenilýän häsiýetlerden düýpgöter tapawutlanýandyr. Bu hakykaty tassyklaýan bir wakany mysal getireliň: Halyf Hezreti Omaryň iň uly ogly we sahabalaryň iň meşhurlaryndan biri bolan Abdylla ibn Omar bir gün bazara çykýar. Sahabalardan biri ymamyň ýönekeýje bir zady satyn almak üçin kyrk köpügiň üstünde satygçy bilen uzak wagtlap söwdalaşyp, çekeleşip duranyny görýär. Ol öz ýanyndan, külli yslam dünýäsiniň halyfy bolan Hezreti Omaryň oglunyň bu ýagdaýyny onuň husytlygy zerarlydyr öýdýär. Ymamyň özüne duýdurman yzyna düşüp, onuň soňraky hereketlerini synlaýar. Hezreti Abdylla bazarlyk işini tamamlap, öýüne tarap ýola düşýär. Öýüne ýetiberende, gapysynyň agzynda bir garybyň garaşyp duranyny görýär. Ymam onuň ýanynda sähel salym eglenip, öýüne girip gidýär. Soňra-da öýüniň ikinji gapysyndan çykyp ugraberjek bolanda, ol ýerde-de bir garybyň garaşyp duranyny görýär. Onuň ýanynda-da bir pursatlyk eglenip, ýoluny dowam edýär. Uzagrakdan ony synlap duran sahaba bilesigelijilik bilen ol garyp bendeleriň ýanyna baryp: - Ymam ýaňy siziň ýanyňyzda aýak çekip, näme etdi? - diýip soraýar. Olaryň ikisi-de: - Ýüz tylla teňňe berdi - diýýär. Sahaba öz ýanyndan: - Eý, Alla jan! Bazarda kyrk köpügiň üstünde uly dawa edýär. Soňra-da, iki ýüz tylla teňňäni hiç hili gypynç etmezden berip goýberýär. Bu nä hikmet boldy? - diýip oýlanýar. Hezreti Abdylla ibn Omar bilen gabatlaşanlarynda ondan: - Eý, ymam, şu işiň syryny bir düşündir, bazarda eýle, öýüň ýanynda beýle hereket etmegiň hikmeti näme? - diýip soraýar. Ymam: - Bazarda şeýle hereket etmegim tygşytlylyk düşünjäm, bazar ýeriniň kadasy bolan söwdalaşyp, mümkin boldugyça arzan almak dessury sebäplidir. Husytlyk ýa-da gysgançlyk zerarly däldir. Öýümdäki gören ýagdaýyň bolsa, köňül ýumşaklygynyň netijesidir. * * * Ymam Agzam-Ebu Hanypa hezretleri bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýýär: "Haýyr-yhsanda isrip bolmaýşy ýaly, isripde-de hiç hili haýyr ýokdur". Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||