13:32 Möminiñ magrajy - namaz | |
MÖMINIÑ MAGRAJY - NAMAZ
Pedagogika we edep-terbiýe
Günde bäş gezek Allanyñ huzuryna çykýan ynsan islese-islemese gündelik durmuşyna belli bir düzgün-nyzam girizmeli bolýar: ol ertir namazyndan soň işe başlaýar. Alty-ýedi sagat sonra, öýle namazyny kylmak bilen iş ýadawlygyny üstünden aýyrýar, uly ruhubelentlik bilen, ikindä çenli işleýär. Ikindi namazyny kylmak bilen ruhuna, zehinine we bedenine täzeden dynç berýär Ynsan nähili köp zada mätäç! Iň bärkisi dem alyp bilmesek, ýa bolmasa, alan demimizi çykaryp bilmesek, näderdik? Kislorod atomyndan başlap, sanardan köp nygmatlara mätäçdigimiz hakda oýlanyp görüň. Hawa, ynsan juda köp zada mätäç, erki-ygytýary şeýle az, geçmeli sepgitleriniň bolsa sany ýok. Şeýle agyr ýüki gerdeninde göterýän ynsan hökmünde, säher wagty minaralardan ýaňlanýan "Allahu Ekber, Allahu Ekber" seslerini eşiden badyňa ýeriñden zöwwe galyp, Allanyň huzurynda namaza durmak, Rebbiňe arzyňy ýetirmek isleýärsiň. Saba-säherler "Arzymy Senden başga kime aýdaýyn?! Seniň gapyňdan başga haýsy gapa gideýin?! Gapyňa gelenleri şu çaka deňiç boş gaytarmadyň. Bereniňe şükür. Saňa ýüzde-müň şükürler bolsun!” diýip, Oña içiňi dökdügiňçe ruhuň rahatlanyp, kalbyňa giňlik aralaşýar. Sen sol pursatda Beýik Ýaradana ybadat etmekligiň çäksiz lezzetiniň bardygyna magat göz ýetirýärsiň. Günortan wagty işleriň gyzgalaňly dowam edýän pursady... Günortan çagyny, adam ömrüníň ýaşlyk ýyllaryna-da meňzetse bolar. Günortan çagy ynsanyň dünýewi işlerden ýadap başlaýan wagty bolýar. Şeýle ýagdaýda ähli kynçylyklardan, gaýgy- endişelerden gutulmak maksady bilen hem- de Allanyň bagyş eden nygmatlaryna şükür etmek üçin Onuň huzuryna çykyp, "Asyl Beýik bolan Sensiň, men bolsa şeýle bir ejiz hem akly, erk-eradasy, güýji çäkli, goly gysga guluň men... Ähli işde Saňa sygynýan" díýmek ynsan ruhuna şeýle bir dynçlyk berer welin, bu rahatlygy we dynçlygy kalbynda we ruhunda duyan adam, edil, mekdepde okuwçylaryň sapakdan egbarlan mahaly arakesmä garaşyşy ýaly, namaz wagtynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşar ýörer. Ikindinara günüň batmagynyň öňüsyrasy Ikindinara adam ömrüniň gartaňlyk ýyllaryny ýatladýar. Ikindi namazyny okan mahalyň başlangyjy bolan ähli zadyň bir gün hökman soňlanjakdygyny ýatlaýarsyň. Ynha-da, namaz wagty girenden birnäçe sagat soň, Ýer ýüzüni garaňkylyk gurşap alar. Bar zat edil bozguç bilen bozulan ýaly bolar. Bularyň ählisi bize özümiziň hem baky däldigimizi ýatladar. Ýaňy bir umytsyzlyk ýakamyzdan ýapyşyp ugranda, azan sakini eşideris. Sol pursatda, "Bu pany ömri baky ömre öwürmegiň ýoluny tapdym" diýip, çaga yaly begeneris. Agşam Günüñ batan mahaly ol dünýä hakydaňy gurşap alar. El-aýak bir-biri bilen hoşlaşar; elini gözüň öňüne uzatsaň, görübilmersiň. Tümlükden ýaňa eliňdäki - lukmaňy nädip agzyňa ýetirjegiňi bilmersiň. Inrik ymykly garalanda, göýä gabyrda ýatan ýaly, eliň-aýagyň baglanar. Ähli zatdan syýrylyp, bir gün başga bir äleme göç etjekdigiňe şonda magat göz ýetirersiň. Ine şeýle halda serimsal bolup durkaň, ýene azan seslerini eşidersiň... Agşam azanynyň sesini... - Ysrafyl aleýhisselamyň kyýamat güni suruna üfläp, ölüleri oýaryşy ýaly, seni hem azan sesleri gaflat ukusyndan oýarar. Şonda sen Ybraýym aleýhisselam ýaly "La uhibbul afilin" diyeniňi duýman galarsyň. Sebäbi batyp gidenler, seniň bilen elmydama hemdem bolmayanlar, wagtlaýyn zatlar, pany we ejiz ezizler seniň derdiñe derman bolup bilmezler. Aý, Gün, ýyldyzlar ynsanyň kalbyndaky ýaralaryna melhem edip bilmezler. "Maña ebedi bolan Biri gerek, maña batmaýan, hiç wagt meni ýalňyz goýmaýan, terk etmeýän Biri gerek. Bu bolsa, elbetde, diñe Alla bolup biler. Ahad we Samad bolan Alla... Ölümden soňra täzeden direldip biljek ýeke-täk Oldur. Ýoklugy barlyga diñe Ol öwrüp biler. Bary hem Ol ýok eder. Sönen çyraglary diňe Ol ýakyp biler." Ine şu duýgulara beslenip agşam namazyny okan ynsan ruhy göýä täzeden direlen ýaly bolar. Ýassy wagty - gündiziň ýagtylygyndan nam-nyşan galmadyk tümlük wagty... Ýassy namazy ynsana gabyr durmuşyny ýatladýar. Ähli kişiniň senden umydyny üzen mahaly, hiç kimiň derdiňe derman bolup bilmejek mahaly, gabyrda ýeke özüň, ýaşan gysga ömrüň hasabyny berjek bolup, alasarmyk ýagdaýda durkaň, Rebbiňden saňa bir nama geler. Ol "Meni ýatlaň Menem sizi ýatlaýyn" diýmänmidi näme? Hawa, Rebbiň bu wadasy ýadyňa düşende kalbyň aram tapar, Rebbiňe bolan söýgiň has hem artyp, Onuň adyny her dem zikredip gezesiň geler. Gije wagty süýji ukudan turup okalýan tehejjüd namazynyň hem öz aýratyn orny bardyr. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |