12:34 Has ýokary kesilen baha | |
HAS ÝOKARY KESILEN BAHA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hezreti Ebu Bekiriň halyflyk eden döwründe Medinede gahatlyk bolýar. Halk çörek yapmak üçin bir gysym bugdaý hem tapyp bilmejek derejede kyn ýagdaýa düşýär. Bu ýagdaýy gören medineli täjirler ellerindäki ähli pula bugdaý almaga başlaýarlar. Hezreti Osman hem şol günler Şama bir kerwen iberip, ýüz düýe ýüki bugdaý getirdýär. Munça bugdaý halkyň ep-esli bölegini üpjün etmäge ýetjekdi. Käbir täjirler Hezreti Osmanyň Şamdan getirden bugdaýyny satyn almak isleýär. Bugdaýyň bir mennesine (5 kg. 12 gr. agyrlygyndaky ölçeg birligi) 4 dirhem teklip edýärler. Emma Hz. Osman täjirleriň kesen bahasyny az görýär we "Sizden has artyk berjek bar" diýýär. Täjirler teklip eden bahalaryny barha artdyryp, 7 dirheme çykarýarlar. Ýöne Hz. Osman "Sizden has artyk baha kesen bar" diýip, ýene öñki jogabyny gaýtalaýar. Kimler onuň bu bolşuna harsydünýälik diýip düşünýär. Halk şeýle mätäçlik çekýärkä, onuň özüni beýle alyp barmagyna gaharlary gelýär. Ahyry, halyf Hz. Ebu Bekire arz edýärler. Hz. Ebu Bekir olary diňläp: "Bu işde bir geňlik bar. Göwnüme bolmasa, siz Hz. Osmana dogry düşünmänsiňiz. Ol Resulallahyň giýewsi we Jennetlik dostudyr. Halkyň mätäçligini pursat bilip, jübüsini galňatjak adam däldir. Bu hereketiniñ hökman bir hikmeti bardyr. Hany, ýörüñ, bile gidip, onuñ özüni dinläliň!" díýýär. Hz. Osmanyň ýanyna baranlarynda, Hz. Ebu Bekir Hz. Osmana täjirleriň närazylygyny aýdýar. Ondan näme üçin harydyny teklip edilen bahadan satmandygyny soraýar. Hz. Osmanyň jogaby hemmeleri geň galdyrýar: "Eý Resulullahyň halyfy! Bular meniň bir menne bugdaýymy 7 dirheme satyn almak isleýärler. Ýagny, bire 7 berýärler. Emma men ony bire 700 berýän birine satmak isleýän. Beýik Alla her haýyr-sahawata derek 700-e çenli sogap berjekdigini wada bermeýärmi? Şeýle sogaply söwda barka, men näme üçin malymy bulara sataýyn?!" Hz. Osmanyň bu jogabyny eşiden täjirler ol barada ýalňyş pikir edendiklerine düşünip galýarlar. Hz. Osman soňra 100 düýe ýüki bugdaýyň ählisini-de Medinäniň ilatyna sadaka hökmünde paýlaýar. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |