15:06 Meteoritler dünýä howp salýar | |
METEORITLER DÜNÝÄ HOWP SALÝAR
Geň-taňsy wakalar
1908-nji ýylyñ 30-njy iýun güni gije asmany böwsüp çykan äpet ot tutuş Sibiri gündizlige öwürdi. Bu äpet oduñ Podkamennaýa Tunguska derýasynyň basseýninde bir ýere gelip düşmegi bilen dörän eýmenç partlamanyñ (1000 atom bombasynyň güýjüne barabar) netijesinde 2000 km inedördül meydany tutup duran tokaýlyk ýom-ýok boldy. Ähli janly-jandarlar öldi, agaçlar jem-tekiz boldy, garaz hemme zat yandy. Partamanyñ netijesinde asmana göterilen sary renkli radiasiýa şöhlesi Ýewropanyň käbir ýerlerinden hem görnüpdi, güýçli sarsgyn bolsa 200 km uzaklykdaky ýerlere täsir edip, 5000 km uzakdaky ýerlerde-de duýlupdy. Sebitde bir bolmasyz ýagdaýyñ bolandygy 1000 km uzakdaky Irkutskiniñ Seýsmologiýa merkezinde-de duýlupdy. Hadysanyñ syrly taraplary köp ýyllap yüze çykarylmady. Onsuzam partlamanyñ netijesinde ýaýran radiasiýa sebäpli 19 ýyllap sebite baryp bolmady. Uzak wagtlap dowam eden barlaglar gürrüni edilýän partlama kometanyň ýadrosynyň bir asteroidiñ demir böleginiñ ýa-da meteor ýagşy mahalynda ýere düşen äpet uly meteor böleginiñ (ululygy azyndan 200 metr inedördül bolan) sebäp bolandygy baradaky netijä geldi. Bu hadysa daşy demir perdeli Sowet Soýuzynyñ territoriýasynda bolandygy üçin köptaraply barlaglar alyp barmaga-da mümkinçilik bolmandy. Ýöne muña garamazdan, hadysanyñ örän elhenç bolandygy ol sebitiñ suratlaryndan-da bellidi. • Ilkinjem, soñkam däl Beyle betbagtçylyk diñe Podkamennaýa Tunguska derýasynyň basseýninde bolmady. Şu wagta çenli Ýer şaryna birnäçe gezek meteorit gelip düşdi. Munun bilen baglanyşykly geologiki delillere Arizona çölünde, Günbatar Awstraliýadaky "Wolt Greck" kraterinde we Kanadanyñ Kwebek sebitindaki "Manicouagan", "New Guebec" hem-de "Glearwater" kraterlerinde duş gelindi. NASA-nyň düzüminde iş alyp barýan astronomlar. "Meteorlaryñ Ýer şarynda döretjek betbagtçylyklary barada gürrüñ gozgalanda soralmaly zat munuñ bolup biljekdigi ýa-da bilmejekdigi däl-de haçan boljagydyr" diýýärler. Dünýäniñ dürli sebitlerinde meteorlaryň döreden oýlarynyň 200-den gowragynyň tapylmagy, millionlarça ýyllyk taryhyň dowamynda şeyle wakalaryň birnaçe gezek bolandygy meteorlaryň çakyşmagy netijesinde nesli ýiten janly-jandarlar we meteoritleriň ýykyp-ýumran obadyr şäherleri şeýle wakanyň öňümizdāki ýyllarda-da bolup biljekdiginiñ aýdyň delilidir. Häzirem Gün sistemasynda äpet meteoritleriñ onlarçasy örän ýokary tizlik bilen aylanyp ýör. Olaryñ haysysynyň Ýer şaryna tarap gaýtjakdygy bolsa hazir iñ kelleagyryly meseleleriñ biri. Amerikan Kongresi 1990- njy ýylda NASA meteoritleriñ döredip biläÿjek howpuna garşy barlag geçirmegi tabşyrdy. Häzir dünýäde meteoritleri öwrenýän we hökümetler tarapyndan goldanylýan ylmy-barlag toparlarynyň birnäçesi bar. Bu toparlaryñ hasaplamalaryna görä, potensial howp salýan meteoritleriň sany iki müñ töweregi. Olaryñ haýsylarynyň Ýer şaryna tarap ýüzüni öwrendigi bolsa heniz anyklananok. Gaway adalaryndaky howa bazasynda işleýän topar şu wagta çenli 12 sany asman jisimini anyklapdyr. Hünärmenler bularyň arasynda diametri 2 mil bolan jisimleriñ hem bardygyny belleýärler. Ylmy-barlag toparlary öňümizdāki 10 ýylyň içinde Ýere gelip düşmegi ähtimal bolan meteoritleriñ ählisine gözegçilik etmäge çalyşýarlar. Maksat döräýmegi mümkin betbagtçylyga garşy wagtynda çäre görmek. • Alaç barmyka? Astronomlar şeýle howplara garşy dürli çözgütleri hödürleýärler. Esasan-da amerikaly we orsyetli alymlar hem-de ýarag hünärmenleri soňky birnäçe ýylda bu meselä has köp üns berýärler we käbir teklipleri hödürleýärler. • Bugartmak Bu çözgüde görä meteoritiñ üstünde atom bombasy partladylar we şeýlelikde, howp aradan ayrylar. Wodorod bombasyny oýlap tapan Edward Telleriñ ýolbaşçylygyndaky alymlar topary bolsa meteoriti kinetik energiýanyň kömegi bilen daş bölegine öwrüp boljakdygyny öñe sürýärler. Bu alymlaryň hödürleýän çözgüdine görä, atom bombasynyň deregine ýörite oklar ulanmak bilen Ýer planetasyna ýetip gelýän meteoritler kiçijik böleklere bölüner. Mysal üçin sagatda 67 müñ mil tizlik bilen gelyän meteorit ýörite oka tutular. Bu oklar meteoriti eleme-deşik edip, onuñ böleklere pytramagyny üpjün eder. Ýöne bu çözgüdiñ aglaba bölegi buzdan ybarat bolan meteoritlere täsir etjekdigine ynanylýar. Dünýäni asteroidlerden goramak üçin atom bombasynyň ulanylmagyna garsy çykýanlar-da bar. Arizona uniwersitetiniñ alymy Žeý Meloş 1 gigatonluk atom bombasynyň dünýä ýetirjek zyýanynyň kosmosdaky haýsydyr bir howpdan has güýçli boljakdygyny öñe sürýär. Meloşyñ pikirine görä, ýadro ýaraglaryny ulanmazdan hem dünýäni meteroidlerden halas etmegiñ usullary bar. Bu usullaryň biri Gün energiýasyndan peýdalanmak arkaly zyýanly asman jisimleriniñ ugruny üýtgetmek pikirine salgylanýar. Bu usula görä ýuka alýuminden ýasalan äpet güberçek aýna kosmosa ýollanyp, asman jisimine ýakyn ýerde ýerleşdiriler. Aýna Günden gelyän energiýany özünde jemlär we ikinji aýnanyñ kömegi bilen-de asman jisimine ýollar. Asman jisiminiñ üstünde bir nokada jemlenen Gün şöhlesi asman jisimini partladar. Meloşyñ pikirine görä, diametri ýarym mil bolan äpet aýna bir ýyl işlän ýagdaýynda diametri iki mil bolan meteoritiere güýçli täsir edip biler. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |