08:31 Musulmançylykda maşgala binýady | |
MUSULMANÇYLYKDA MAŞGALA BINÝADY
Pedagogika we edep-terbiýe
Musulmançylykda Günbatardan gelyän ýaramaz endiklerden goranyp bilýän maşgala binýady bar. Hatda muny günbatarlylaryñ özleri hem boýun alýarlar. Olar: "Siziñ masgala binýadyñyz diýseñ berk, sol sebäpli günbatary aldym-berdime salan ýaramaz endikler size o diýen täsir etmändir, masgala agzalaryñyz günbatarlylaryñ ençeme yaramaz endiklerinden aman galypdyrlar" diýýärler. Munuñ bir sebäbi musulman maşgalasynda ata-enä uly hormat goýulyar. Musulman maşgalada ata-enä hemmeler boýun egýärler. Diñe ata-enäniñ musulmançylyga ters gelýän buýruklaryndan ýüz öwrülýär. Hatda ýalnyş buýruk ret edilen mahaly hem oña örän hoşamaýlyk bilen çemeleşilýär. Musulmançylykda ýalñyş buýruk sebäpli-de ata-enä gödek daramak gadagan. Ata-ene wepat bolansoñ hem olara goýulýan hormat dowam edýär, ata-enänin dostlaryna hormat-sylag edilýär. Bir adam ata-enesini hormatlamak isleýän bolsa, olaryň ýaşap ýören dostlaryna hormat-sylag etsin, göwünlerini awlasyn. Bu edil ata-enesine dirikä edilen hormat-sylag ýalydyr. Yslam taryhynda bu sözümizi tassyklayan bir waka bolupdyr. Bir gezek Hezreti Omaryñ ogly Abdylla Mekgä barýar ekeni. Önräkden barýan toparyñ hem ýoly şol tarapa eken. Yzlaryndan ýetenlerinde Abdylla olaryñ birini tanapdyr. Derrew oña öz münüp barýan eşegini beripdir. Munuñ bilen-de çäklenmän, kellesindaki selläni-de çykaryp, onuñ kellesine orapdyr. Muny görenler Abdyllaha: - Obadaşyñ ulagyny bereniñe-de müñ-de bir razy bolupdy. Sen munam az görüp selläñem berdiñ. Munyñ halys göze-başa düşmek bolaýýan-a daldir-dä herna?! - diýipdirler. Abdylla ibn Omar olara: - Bu meniñ kakamyñ dostunyñ ogly. Oña ýagsylyk etsem, edil kakama ýagşylyk eden ýaly bolýaryn. Şol sebäpli-de oña näçe ýagsylyk etsem-de azdyr - diýip jogap beripdir. Musulmançylykda ogullaryň atasy ýogalsa, onuñ ýerine maşgalada uly agasynyñ sözi geçýär. Hemmeler ona gulak asýar, hormat goýýar. Pygamberimiz (s.a.w) hem: "Aga - ata ýalydyr" diýmänmidir eýsem?! Şonuñ üçin atalaryň ogullaryna jogapkär bolşy ýaly, maşgaladaky uly doganlar hem kiçilerine jogapkärdir. Maşgaladaky gyzlar barada Pygamberimiz (s.a.w): "Üç gyzy öndürip-ösdürip öz başlaryny çarar ýaly edip ile goşmak (uly günäleri ýok bolsa) ata-enäniñ jennete girmegine sebäp bolar" diýipdir. Diýmek, gyzlary ösdürip kemala getirmek ata-enäniñ jennete girmegine sebäp bolup biljek derejede ähmiýetli işdir. Görşümiz ýaly, musulmançylykda maşgala agzalary biri-birine örän berk baglydyr. Biri-birinden aýrylyp gitjek ýerleri ýok. Birek-birege hormat-sylag örän uludyr. Şeýlelikde, maşgala agzalary biri-birlerine gözegçilik edýärler, ýalñyşlyga ýol bermeýärler. Hut şol sebäplere görä-de musulmanyň maşgala binýady mizemezdir. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |