00:15 Ganhor garpyz | |
GANHOR GARPYZ
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir obada, adamlar garpyzy ganhor hasaplaýar ekenler. Olaryň pikirine görä, garpyzyň gyrmyzylygy ynsanlaryň ganyny sorýandygy üçinmiş. Bir gün, oba bir adam gelipdir. Görse, bag-bakjalar, mellekler düňderilişip ýatan garpyzlardan doly, emma hiç kim olara elini hem degrenokmyş. Sebäbini eşidip, geň galypdyr. Ol garpyzyň gan sorýan ganhor däldigini olara düşündirmegi ýüregine düwüpdir. Obalylary bir garpyz atyzyna ýygnapdyr. Gorkubraga-da, garpyz pellerine golaýlaşypdyr. Ilki garpyzlardan birini elläpdir. Obalylaryň gorkudan gözleri hanasyndan çykara gelipdir. Sähel üýtgeşiklik bolsa, gaçmaga häzir bolup duranmyşlar. Soňra, usullyk bilen bir garpyzy ýolup, gujagyna alypdyr. Hiç zat bolmandyr. Obalylaryň bilesigelijiligi has-da artypdyr. Oba täze gelen adam, bularyň ählisini göýä gorkýan ýaly edýärmişin. Soňra-da jübüsinden bir çakgy çykarypdyr. Ujuny usullyk bilen garpyza sanjypdyr. Obalylar gözlerine ynanmajak bolupdyrlar. Emaý bilen garpyzy dilimlän adam, soňra obalylara garpyzyň ganhor däldigini gürrüň beripdir. Öýlerine dolanan obalylar özleriniň ýerliksiz gorkularyna gülüp hezil edipdirler. Ol adam garpyzy eline alyp derrew dogramaga başlan bolsady, ynsanlar ony ganhoryň merkini beren has gorkunç ganhordyr öýderdiler we garpyzyň ganhor däldigine düşünmek beýlede dursun, belki-de gorkudan zähreleri ýarylardy. Ynsanlaryň ýerlikli ýa-da ýerliksiz gorkulary bolup biler. Onuň nämedigini önünden görkezmezden, oñat tanatmazdan berjek her dürli düşündirişiniz netijesiz bolar. Her döwürde, ynsanlaryň in azyndan garpyzy ganhordyr öýtmek ýaly uly ýalñyşlary we gülkünç hallary bolup biler. Ynsan we jemgyýet añyýetini göz öñünde tutmazdan, diñe öz pikirlerini kabul etdirjek, öz gepiñi gögertjek bolmak ýalñyşlaryň in ulusydyr. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |