21:15 Özümizi özümiz sylamaly dälmi? | |
ÖZÜMIZI ÖZÜMIZ SYLAMALY DÄLMI?!
Jemgyýetçilik tankydy
• Kanuny bozýanlar ýa-da ene dilimizi harlaýanlar hakynda Diýdimzor gyzyl imperiýanyň gol astynda bolnan 74 ýylyň içinde beyleki milli däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz bilen bir hatarda ene dilimiziñ-de düşen gözgyny ýagdaýy barada köp yazyldy, köp aýdyldy. Diliñ äsgerilmezligi şol halkyň äsgerilmezligidi, türkmen diliniñ sylanmadygy - türkmen halkynyň sylanmadygydy. Bu bolan ýagdaýda ähli günäni sowetler häkimiýetinin üstüne ýükläp oturmak-da juda dogry bolmasa gerek. Käbirlerimiz ýolbaşçylara "wepalydygymyzy" subut etmek üçin çagalarymyzyň öz ene diline düşünmeýändiklerini, gepläp bilmeýändiklerini aýdyp buýsandyk, gompardyk. Ýurdumyzyñ bagtyýar Garaşsyzlygyna gowşan alyp gününden bu nogsanlygy düzetmegiñ ugruna çykyldy - türkmen diline döwlet dili hukugy berildi. Türkmen diliniñ rowaç ösmegi üçin täze türkmen elipbiyine geçildi. Türkmenistanyñ Prezidenyi Saparmyrat Nyýazowyñ Permany bilen 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bütin ýurdumyz boýunça edaralarda, kärhanalarda, okuw jaýlarynda işleri, okuwlary döwlet dilinde ýöretmäge geçildi. Emma şol Permanyň ýurdumyzyň paytagty Aşgabatda berjaý edilişinde hayal-ýagallyga ýol berilýäne meñzeýär. Aşgabat şäher we şäherara, ýaşaýyş jaý we kommunal hyzmaty edaralarynda iş kagyzlary rus dilinde ýöredilýär, görkezmeler, soraglar, düşündirişler, aglaba rus dilinde ýazylýar. Bu edaralarda rus dilini bilmeýänler üçin iş kagyzlarynyň soraglaryna jogap bermegiñ uly kynçylyk döredýändigini näme üçin Aşgabat şäheriniň ýolbaşçylary bilmezlige salýarlarka? Ýagdaý paýtagtymyzyň söwda edaralarynda, ululy-kiçili dükanlarda, bazarlarda hem öwerlik däl. Satýan türkmen, satyn alýanyň ondan dokuzysy türkmen ya-da türkmen diline düşünýän, bahalar bolsa dine rus dilinde ýazylýar. Ýaňy-yakynda paýtagtymyzyň günortasynda yerleşýän «Güneşli» bazaryna, yagny "Lomay bazar" däl-de "Optom bazaryna" bardyk. Şonda bahalaryň görkezilişi lapyňy keç edýär. «Мука высш. сорт, цена...», «Мука Коне-Ургенч...», «Мука Бахарден...», «Мука Әнев...», «1 штук...», «Сахар песок Дубай...». Işimiz düşüp, Dokma senagaty ministrligine bardyk. Giren yerinde geleniñ-geçeniň habaryny alyp, ugrukdyryp oturan, sypaýy, geýnüwli yigit türkmen dilinden ýekeje söz- de bilmeýän eken. Bir ýerden gelen garry ene "şuňa düşündirip berseňizläň" diýip delmuryp dur. Ýene-de bir mysal. "Çeşme" kärhanasynyň "Berzeňňi" suwly çeşmesine ýelmän düşündirişi: "Hroniki-aşgazan, ötşmedik aşgazan ýarasy we oniki barmak içge ýillary kesellerinde içmek maslahat berýär". "Temperaturasy 5 0-dan 20 C-a çenilbelan gurak we garanky ýerden saklamaly". "Tegidy mineral duzlaryñ ujypauzja çöküdisinin balmagy mümkindir". «Bejeriş-iymit mineral suwy». Öz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň diñe sowatly, iňňän düşnükli, sada ýazylan düşündirişler, ugrukdyryjylar, gollanmalar bilen üpjün edilmelidigi ikuçsuz we jedelsiz zat weli, daşary yurtlardan gelyän, getirilýän her bir harydyň - isle ol sakgyç bolsun, isle-de iññän uludan gymmat haryt türkmen dilinde düşündirişinin bolmagyny hökmany şertleriň birine hökmany kanuna öwürmäge indi çen boldy ahyry. Bu-da özümizi özümiziň sylamagymyzyň möhüm alamatlarynyň biri bolsa gerek. Meniň Anatoliý Kuimow diýen büzmeýinli gowy tanşym bar. 1970-nji ýylda Nowosibirsk şäherinden maşgalasy bilen göçüp gelipdi. Ol eýýäm 1973-nji ýylda türkmen dilinde suwara gürläp bilýärdi. Ol "Men türkmen dilini üç ýylda öwrendim" diýýär. Meniň aýtjak bolýan zadym, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna basym 10 ýyl bolýar. Şundan uly-da arkalaşyk bolarmy? Emma weli kärhanalarda, edaralarda, köpçülige hyzmat edýän edaralarda gönüden-göni halk bilen işleşmeli bölümlerde - işe kabul edilýän bölümlerde, hasap-ykdysady bölümlerde, sorag-jogap bölümlerinde türkmen diliniñ bir sözünden "şermende" adamlar sähelçe-de müýnürgemän orunlary saklaşyp otyrlar! Bu meseläniň ýene bir tarapy bar. Nämüçindir edara-kärhanalarda iş kagyzlary doldurylanda rus diline gezek gelende ýalňyşsyz ýazyp, öz ene dillerinde bolsa nädürslige, sowatsyzlyga ýol berýärler. Bu meselede hem günäniň ulusy ýolbaşçynyň üstüne düşýär. Dil bilmeýän adama iş kagyzlaryny ya-da beyleki ýazgylary ynanmak nämä gerek?! Garassyzlygyň Türkmenistany äleme äşgär eden 10 ýylynyň içinde üç dili türkmen, rus we inlis dillerini bilýän, işine kämil hünärmenleri, edara we maliye-hasap işgärlerini ýetişdirip, halkyň islegini üpjün edip bilmedik uly-uly edara, kärhana ýolbaşçylaryna näme diýersiň? Bu diñe «işiñe sowuk-sala çemeleşmek, hallyň-sallyň garamak» bolýar. Geliñ, ene dilimizi sylalyň! Bu özümizi, il-günümizi, mukaddes Watanymyzy, syladygymyz bolýar ahyry! Ene dilimize döwlet diliniñ derejesiniň berlendigi kanun esasynda berkidilendir. Kanuny berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr. Gurbanmuhammet REJEBOW. Redaksiyadan: ene dilimiziň ulanylyşynda ýol berilýän bidüzgünçilikler, bärden gaýtmalar dogrusynda söhbet açýan makalalar gazetimiziň geçen sanlarynda hem çap edilipdi. Biz şu gün ýene şu meselä dolanmak bilen, bir hakykaty ýatlatmak isleýäris. Şu makalada gürrüňi edilýän aňrybaş bidüzgünçilikler ýurdumyzyň beýleki edaradyr kärhanalarynda-da ýeterlik. Olaryň ýolbaşçylary hem "Biziň-ä adymyz tutulmady, gören-bilen bolmaz-la" diýip, biperwaýlyga, bigeleňlige salmaly däldirler. Her bir ýolbaşçynyň hayal etmän, özüniň-ä däl, öz garamagyndaky işgärleriniň-de eziz ene dilimize biperwaý garamagyna ýol bermezligiň, hat-peteklerdäki we beýleki ýazgylardaky nädürslikleri düzetmegiň ugruna çykmalydyrlar. Biziň ene dilimiziň harlanmagyna ýol bermäge hakymyz ýokdur. "Adalat" gazeti, 20.07.2001 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |