22:48 Maýor jan, gaýrat et... / ýumoreska | |
MAÝOR JAN, GAÝRAT ET...
Satiriki hekaýalar
Polisiýanyň maýory, otuz bilen kyrkyň arasyndaky deşli ýigit gapydan aladaly giren Welmämmet aga oturmaga ýer görkezdi. Onuň howul-hara aýdan habaryna anyk düşünmän diňşirgendi, elindäki owadan ruçkasyny öňünde ýaýraşyp ýatan kagyzlaryň üstüne oklap goýberdi-de, çekgesini dyrmalady. - Gaýrat et, inim, şükür, häli-şindi işimiz-ýumşumyz düşüp, iş-alada-da goýup duramzok sizi. Ynhajykga, şol köp gat jaýa göçüp baralymyz bäri, indi, hasaplap görseň on bäş ýylyň içidir, ilkinji sapar dalda isläp şu gapydan gelşimiz. Özem şol ziňňirdik jaýdaky ýaşaýan elli maşgalanyň bary, uludan-kiçä özelenişip duransoňlar geläýdim. Ýogsa ýoldaşynyň, goňşusynyň üstünden arza-şikaýat edýän ýek ýigrenýänimem weli, aý. Oslagsyz halda çykgynsyz ýagdaýa düşäýdik-dä, inim, bizem... Maýor Welmämmet aganyň aladaly ýüzüne dikanlap seretdi, sag penjesi bilen buýra gara saçlaryny arkan darady, owadan ruçkasyna ýapyşdy, ony kagyzlaryň üstünde pyr-pyr aýlady-da, uludan demini aldy... - Be... - Wah, muňa “maşyn” keseli ýolukmazyndan ozal onuň özüniňem, galanlarymyzyňam imisala, hözir-eşretine guwanyp oturmalyja günümiz bardy-la. Ine, günleriň bir bisähet güni Batdy goňşy “Welmämmet aga, söwda gezek gelende elmydama aşygym alçy gopan ýalydyr, utulmam bolmaz. Arzanjak aldym. Gelemsoň, gyrata bir syn et” diýip gitdi-de, bagryny ýere bereňkirlän bir “Meskewiji” suw sepýän maşynyň yzyna tirkäp geläýdi. Gara ýaga bulaşyp, iki sagat dümtünensoň, oňa “jan” berdi. Menem üşütme tutýan ýaly titräp duran maşyna göz aýladym-da, “Seredeniň-ä ýagşy weli...” diýip ýetişmänkäm, ol başagaýlyk bilen elini daldalap: “Mus-musuňa düşünýän, goňşy jan, alada etme, bu ellerden dür dökülýändir, eýlesine-beýlesine kakyş-kukyş ederin weli, bu janawer gopuza gaýra dur diýer!” diýip, sözümi böldi. Hawa, onsoň ýaňky jaýa ýantap, gopuz ýaly “gyratyna” demir tärimden aýmança-da etdi, “Gije-girim bükgüldäp bir ýatmaýyn-la” diýip, derwezesine kelle ýaly gulpdan üç-dördüsinem urdy, inim. “Welmämmet aga, sadagasy gitdigim ata-babalaň “Hudaýa-da ynansaň ynan weli, eşejigiňi bek duşa” diýenini edip muňa signaljagazam oturdandyryn, arkaýyn bolaýgyn” diýip, peläket, meni maşynynyň garawuly däldir öýdenok... Ilki o tilsimlerden bihabar-da bolsak, inim, signal diýilýän içigar, derrew öz ýakasyny tanatdy. Näme köp, biziň töweregimizde eýesiz-işiksiz ygyp ýören it-pişik köp. Zibilden-beýlekiden garynlaryny minnetsiz gözeýärler-de, kowalaşyp başlaýarlar-da. Şolaryň biri sähel galtaşsa-da, asyl ol izzik çaga ýaly, ulili bilen çyrlap dursa nätjek. Onsoň Batdy goňşy bäşinji gatdan dagdan inen sil ýaly, tutda-bas, inýär aşak, yzynda-da aýaly bilen ululy-kiçili sekiz çagasy, turýar bir goh, hany, onsoň her biri bäş-on baş, elli maşgala gijäniň bimahal çagy örmäbilse örmesin-dä... Maýor Welmämmet aganyň jibrinmesiniň arasyny böldi: - Aý, setanda-seýranda signalizasiýanyň şeýdäýmesem... Ýaşuly iki elini daldalap, oturan ýerinden öňe omzady: - Wah, inim, setanda-seýranda näme işlesin, Hudaýyň beren gijesi şeýle, lap edip aýdamok, asla imi-sala geçýän günümiz ýok, juda bolmasa kinodan-beýlekiden gijigişip gelýän garagol oglanlar onuň böwrüne taýak dürtüp gaçýarlar weli, şol şowhuny turuzýarlar-da garaz... A-how, inim, ynhalykga, saglyk bolsa, öz başyňyza-da geler, şonda bilersiňiz, bu ýaşda ukyň arasy bölünse, soň ýatyp bolýamy näme, onsoň ertesi kelläň Hanalyň harazy ýaly uzakly gün güwläp dur... - Aý, ol-a şeýledir öz-ä... - Wah, onsoň, inim, ýeke bü-de däl-ä çekýän jebrimiz, indi biz ertiriň arassa, sergin howasyndanam binesip bolduk... Maýor geňirgenme bilen Welmämmet aganyň ýüzüne çiňerildi. - Be, ýaşuly, o neneňsi binesip bolýaňyz? - Wah, neneňsisi bar bolsun şoň. Batdy goňşy her gün aladaňdandan “gyzdyrmaly” diýip, maşynyny ýagyr erkek ýaly bagyrdyp goýýar mojuk wagt. Penjirelerimize seredip duran “ýekegözündenem” otlyňky ýaly goýberýär gara tüssäni, äpişge-gapyny ýapyp ýetişäýmeseň, içeriňe tüsse aralaşdygy, hut Ezraýylyň bar-da, demligiňe dykylyp, hykgyldadyberýär. “batdy han, maşynyň gäkiligi azypdyr weli, aşgazany gurat däl bolara çemeli, tebibe-beýlekä görkez munyňy!” diýsem, “Wah, Welmämmet aga, muň derdi tebiplik däl, benzin harap, garýalar” diýip, gaýta ýok tükezzibana tutýar... Maýor oturan kürsüsinden arkan gaýyşdy-da, ýene ýaşulynyň gürrüňini böldi: - Ýaşuly, siziň bu maşynly derdiňiziň kyssasy ýetik eken weli, bizden näme hyzmat? - Hawa, inim, sizlik hyzmat bar. Şu gün säherde-de barymyzy Batdy goňşyň gykylygy oýardy. Ördük, seretdik. Maşynyň aýmançasy haňlap boş dur. Içi ýananyň biri äkidip bir gorpa süsdürendir-dä. Hawa, batdyň öz-ä alakjap bir tarapa sumat boldy. Maňa-da “Gaýrat et-de, polisiýa habar ýetireweri” diýdi... Polisiýanyň maýory gülmsiräp: - Ýa, ýaşuly, bar ýumşuňyz şumudy asyl, ony hökman taparys, ony derrew tapa... Welmämmet aganyň zähresi ýarylan ýaly sesi howatyrly çykdy: - Ýok, ýok, inim, bize rehimiň gelsin, seň bir sözüňe bitýär-ä, goňşular bolup nyrhy näçe bolsa ýaýdanman töläli, şoňa müňde bir razy, ýöne maşyny tapmaň. Uky, arassa howa hemmä-de gerekdir weli, gojalan adamlara has-da zerur. Ömrüň uzak bolsun, inim, şu haýyşymyzy bitir – diýip, Welmämmet aga janygyp-janygyp özelendi. Şol wagt daşardan eýmenç şakyrdy eşidildi. Maýordyr Welmämmet aga aljyraňňylyk bilen ýerlerinden turdular-da, penjireden daşary seretdiler. Tüweleý turzup duran tüsseden biri çykyp, bärligine gaýtdy. Sanlyja sekuntdanam gapy jarka açyldy: - Salawmaleýkim... Ýör, Welmämmet aga, agşam toý bolan ýerde galdyryp gaýdaýsam näme, tapdym... - Hä?! Wah! – diýdi-de, Welmämmet aga lapykeç halda özüni ýumşak kürsä goýberdi... Gurbanmuhammet REJEBOW. “Adalat” gazeti, 2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |