20:48 Biziñ "Iwan agamyzdy" | |
BIZIÑ "IWAN AGAMYZDY"
Teatr we kino sungaty
…. 1938-nji ýyl. Şol ýyl Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkow Moskwadan Aşgabadyň “Türkmenfilm” kinostudiýasyna çeper ýolbaşçy hökmünde işe gelipdi. Ýewgeniý Alekseýewiçiň işe girişmegi bilen türkmen kino sungatynda ajaýyp sahypalar başlandy. TSSR-iň halk artisti SSSR-iň Döwlet baýraklarynyň laureaty Ý.A.Iwanow-Barkow 1892-nji ýylda Kostroma şäherinde dogulan. Ol 1911-nji – 1915-nji ýyllarda Petrogradyň meşhur Strogonow çeperçilik-senetçilik uçilşesinde okaýar we sungat ugrundan tälim alýar. Şol ýyllarda-da ýaş sungat-kino bilen içgin gyzyklanyp ugraýar. Ilki hudožniklik edýär. Beýik Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasyndan soň, ol kino edaralarynda işleýär. Direktorlyk, önümçilik naçalnikligi ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. 1925-nji ýyldan Iwanow-Barkow döredijilik işine, ýagny kinorežissýorlyga geçýär. Ol, režissýor I.Ý.Galiç bilen “Bulam-bujarlyk” atly filmi-goýýar. Soň 1905-1907-nji ýyllaryň galagoply wakalaryny teswirleýän – Zäher “(A.Lunaçarskiý bilen bilelikde)”, “Domnanyň gahrymanlary”, “Ýezit” filmlerinem ekranlaşdyrdy. Bu filmler tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylanan, öz döwrüniň oňat filmleridir. 1940-nji ýylyň sentýabr aýynda režissýor Iwanow-Barkow operator Boris Muratowskiý bilen Markin we Witihnoweskiniň ssenarisi bilen surata düşürilen “Dursun” atly çeper film ýurdumyzyň kinoekranlaryna çykdy. Bu çeper film “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň öz döwrüniň talabyna mynasyp döreden çeperçilik taýdan uly filmidir. Filmi dörediji režissýor Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkowyň, filmdäki baş rollary ýerine ýetiren Nina Alisowanyň (Dursun) hem Alty Garlyýewiň 8nury (1941-nji ýylyň martynda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolmaklary, “Prawda”, “Izwestiýa” we beýleki merkezi metbugatda filme ýokary baha berilmegi, millionlarça tomaşaçylaryň filmi gyzgyn garşylamaklary, filmiň beýan edýän wakalarynyň iňňän real, iňňän tasirli suratlandyrylandygynyň aýdyn subutnamasy boldy. “Dursun” – filmi güneşli ülkemiziň Sosializm gurýan zämetsöýer adamlary, olaryň bagtyýar durmuşy, şatlygy hem tolgunmalary, Sowet hökümeti tarapyndan azat edilen türkmen aýal-gyzlarynyň täze durmuşdaky uly orny, olarda täze garaýşyň döreýşi, baý-feodal düşünjeleriň galyndylaryna garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreş, maşgaladaky özara gatnaşyklar, zähmetiň täze netijeli ugurlary, sosialistik ýaryşlar barada gürrüň berýär. Filmiň materiallaryny uly jogapkärçilik bilen bir kemsiz öwrenen, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, gylyk-häsiýetlerini gowy özleşdirip, kinoeseriň iň bir uşak destalyga-da uly ähmiýet bilen garan ussat režissýor “Dursun” filminde ajaýyp obrazlaryň giden galareýasyny döretmekligi gazanypdyr. Gülkişi Gulmyradowyň döreden Aşyry, M.Goriçewanyň Ogulgeregi, Aman Gulmämmedowyň “Arslany”, Ata Durdyýewiň “Nepesi”, A.Wetrowanyň “Gezelipdir”, Sary Garryýewiň “Çarysy” we beýleki tasirli döredilen obrazlar biziň ýokarky aýdanlarymyza mysal bolup biler. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen edebiýat we sungat işgärleri öz iş-planlaryny halky ganym duşmana garşy tutanýerli göreşe galkyndyrýan eserleri döretmeklige, watançylyk temasyna bagyşladylar. Türkmen kinematografiýaçylary şeýle tema degişli kinožurnallary, kinooçerkleri, dokumental filmleri bilen bilelikde çeper filmlerem surata düşürmeklerini dowam etdirdiler. 1941-nji ýylyň ahyrynda ýurdumyzyň ekranlarynda peýda bolan - “Prokuror” atly çeper film hem şol kinoeserleriniň biridir. Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkowyň režissýorlyk eden (operatory Boris Muratowskiý) bu filmi döwrüň iň aktual temasyna, ýönekeý türkmen zenany – Ýazgül Mergenowa uly döwlet işgäri – Prokuror bolup ýetişişi barada söhbet açýar. “Prokuror” filminiň öz döwri üçin uly ähmiýetiniň bolandygy jedelsizdir. Filmde Sowet Türkmenistanyň bagtly jemgyýet gurmaga işeňňir gatnaşýan adamlarynyň obrazlary, bagtly durmuş ugrunda, sosialistik ahlak ugrunda alyp baran tutanýerli göreşleri suratlandyrylýar. Filmde baş rollarda çykyş eden RSFSR-iň at gazanan artistkasy N.Efren täze durmuş gurmak ugrunda köp iş eden türkmen zenany. Ýazgülüň ynandyryjylykly obrazyny döretmegi hötdesinden gelipdir. Şeýle hem filmde zehinli artistler Alty Garlyýew, Çary Halanowyň, Nina Alisowa Jarenina, Aman Gulmämmedow sudun başlygynyň, Suraý Myradowa Ogulbike Halanowanyň täsirli obrazlaryny janlandyrypdyrlar. 1946-njy ýylda “Türkmenistan” atly çeper-dokumental film kinoekranlaryna ýaýrady. Bu filmde Ýewgeniý Alekseýew Iwanow-Barkow ssenariçilerin biri bolup hem çykyş etdi. Filmde Türkmenistanyň tarhly yzarlanýar we onuň Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde ýeten derejesi kinokardlaryň üsti bilen teswirlenýär. ■ Ol biziň “Iwan agamyzdy” Hana, türkmen kinematografistleri, türkmen filmlaryň uludan-kiçä barysy, jany-teni bilen sungata ýugrulan, güneşli respublikamyzy, onuň sada, zähmetsoýer hem dörediji adamlaryny tüýs ýürekden söýen olaryň aladasy bilen ýaşan hem döreden bu adamy şeýle sarpa bile atlandyrypdylar. “Uzakdaky gelinlik” sazly kinokomediýasy Sowet kinosungatynyň kyrkynjy, ýyllaryň ikinji ýarymynda döreden eserleriniň iň görnüklileriniň biri boldy. Film köp milletli sowet halkynyň Beýik Watançylyk urşy ýaly ýowuz hem agyr synagda bekän, bişişen doganlyk – dostluk baradaky uly hem asylly tema bagyşlanypdy. Aşgabadyň kinostudiýasynyň önümi bolan “Uzakdaky gelinlik” atly täze film....sowet adamlarynyň päk duýgulary, halklaryň dostlugy, söýgi we ýaşlyk barada gürrüň berýär. Ýaş türkmen kinematografiýasy kolhoz obasynyň täze adamlary, olaryň ýaşaýyş hem zähmet çekişi baradaky sazly, liriki komediýany döretmek bilen, uly döredejilik üstünligini gazandylar. Bu film Sowet Soýuzynyň daganlyk edebiýatynyň we sungatynyň dynuwsyz ösýändigine, rus kinomatografiýasynyň ussatlary bilen soýuz respublikalaryň kinomatografiýasynyň ussatlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy şaýatlyk edýär – diýip, „Prawda“ gazeti 1943-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky çykan sanyna ýazypdyr. Halk häzire çenli ekrandan düşmän gelýän, entek-enteklerem hem ömri uzak bolan bu filmi döretmäge gatnaşan filmiň režissýory Ý.A.Iwanow-Barkow, operatory A.Bulinskiý, Kerimiň rolyny ýerine ýetiren Alty Garlyýew we Zaharyň roluny ýerine ýetiren. 1945-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragynyň lauraty diýen hormatly ada mynasyp boldular. “Uzakdaky gelinlik” diňe bir Soýumyzyň tomaşaçylarynyň arasynda däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hem görkezilip kinotomaşaçylaryň öwgüsini gazandy. Ýewgeniý Alekseýewiç ussat režissýor, talapkär hakyda bolmak bilen ýerli milletden bolan ussat kino işgärleriniň özüp ýetişmeginde-de uly hyzmat görkezdi. Biziň “Iwan agamyz” ine şeýle adamdy. Annameret DURDYMÄMMEDOW, Gurbanmuhammet REJEBOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |