23:50 Şahyrsumak sen | |
ŞAHYRSUMAK SEN
Goşgular
![]() Şahyrlaryñ goşgularyndan goşgy döredýän şahyrsumaklara bagyşlanýar Özün şahyr saýyp asmanda uçýar, Hakyky şahyrdan setirler tapýar, Tersine öwürip özünkä ýapýar, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Şahyr garramaýar diýip güpleýäñ, Beýniñi işledip setir tapmaýañ, Ogurlyk etmekden asla gaçmaýañ, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Juwan şahyrlaryñ sözün ýygnady, Sazlaşyga salyp ilden gizledi, Bagşysumak tapyp aýdym diñledi, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Ýygnan şygyryndan goşgular düzýär, Özün beýik saýyp suwda hem ýüzýär, Hakyky şahyra töhmetem ýazýar, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Altmyşdan geçensoñ söýgä başlady, Aýalyn gujaklap dilin dişledi, Ogurlyk şygryny oña buşlady, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Hakyky şahyra hormat goýmady, Goşgularyny okap taglym almady, Özün beýik tutup ýola gelmedi, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Şygyr sungatynyñ tankydy ýatdy, Ogurlyk goşgular köp ýere ýetdi, Internet olary öñe hem itdi, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Ogurlykdan asla asla doýmagyn, Şotland erkegi deý balak geýmegin, Lermontowy şol tarapa itmegin, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Ogry şahyrlary Meýlis görüpdi, Ogurlygy goýsun doga kylypdy, Alham, Kulhuwalla agram salypdy, Özün şahyr saýýan şahyrsumak sen. Meýlis HASAR. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |