13:21 Çehowyñ dramaturgiýasy | |
ÇEHOWYŇ DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Beýik rus ýazyjysy Anton Pawlowiç Çehow 1860-njy ýylda Taganrogda dogulyp, 1904-nji ýylda Germaniýanyň Badenweýler şäherinde aradan çykýar we Moskwada jaýlanýar. Ol Moskwa uniwersitetiniň medisina fakultetinde okap ýören döwründe edebiýata baş goşýar. 1880-nji ýyllarda özüniň satiriki hekaýalaryny çap etdirip ugraýar. A.P.Çehowyň döredijiligi öz döwrüniň intelligensiýasynda dörän närazyçylyklary, rewolýusiýanyň öň ýanyndaky jemgyýetiň geljege bolan gözlegleriniň ösen döwründe başlanýar. Ol özüniň powestleridir, dramalarynda şahsyýetiň azatlygyny, şahsyýetiň pikirini we duýgysyny, dünýäni kabul edişini açmaga çalşypdyr. Onuň pýesalarynda adamzada zyýan berýän ähli zatlara garşy göreş yglan edilýär. Onda-da "zehinli-paýhasly, döredijilik güýji” ulanmak netijesinde. A.P.Çehow Russiýada dowam edýän şahsyýetiň gulçylygyna, onuň ruhy dünýäsiniň syýasy we din tarapyndan depelenmegine öz pýesalarynyň üsti bilen söweş yglan edipdir. A.P.Çehowyň dramaturgiýa we teatra bolan islegi heniz giminaziýada okap ýören döwründe emele gelýär. Geljekgi ýazyjy Taganrogyň teatryna yzygiderli gatnapdyr. Öý teatrlarynda çykyşam edipdir. Onuň Taganrogyň ýaşaýyş-durmuşyny öz içine alýan sahnajyklaram öý teatrlarynda oýnalypdyr. A.P.Çehowyň "atsyz pýesalary” özüniň gowşajykdygyna garamazdan adamlaryň kemsidilmelerini, intelligensiýanyň gylyk-häsiýetlerini açmaklyga ýugrylypdyr. Onuň "atsyz pýesalarynyň” golýazmalary toplanyp 1923-nji ýylda "Çehowyň golýazmalary” ady bilen çap edilipdir. Soň şol golýazmalar "Platonow” ady bilen sahnada çykarylýar. A.P.Çehow XIX asyryň 80-90-njy ýyllarynyň dowamynda "Temmäkiniň zyýany hakynda” (1886), "Guw aýdymy” (1887), "Aýy” (1888), "Toý” (1889), "Ygtyýarsyz tragik” (1889), "Ýubileý” (1891) ýaly kiçi göwrümli wodewilleri, teatrda aktýorçylyk sungatynyň ösmegine täsir edýän maşklary (etýudlary) döredipdir. Olaryň käbirleri Russiýanyň merkezi we oba teatrlarynyň sahnasyna çykarylypdyr. 1920-nji ýylda režissýor Ý.B.Wahtangow onuň "Toýuny” sahna çykarypdyr. Meýerhold adyndaky teatrda A.P.Çehowyň "Hödürlemek”, "Ýubileý”, "Aýy” wodewilleri birleşdirilip "33 çaknyşma” (1935) ady bilen sahnada goýlupdyr. A.P.Çehow öz ýazýan wodewil žanryndaky hilegärlik bilen düzülen çaknyşyklaryna täzelik girizip, öňden gelýän adaty aýdyşyk bentlerden el çekip, öz tejribesine bil baglap, olaryň ýerine wäşi, degişme hekaýajyklary ýerleşdirip, çemlije gepleşik žanryny ulanmak arkaly aýdyňlyk girizipdir. XIX sayryň 80-nji ýyllarynyň 2-nji ýarymynda A.P.Çehowyň "Iwanow” (1887-1889) "Jyn” (1889) pýesalary peýda bolýar. Bu pýesalarda gündelik gabat gelýän ýiti graždan gylyk-häsiýetleri, intelligensiýanyň durmuşyndaky ýagdaýlar gozgalypdyr. A.P.Çehowyň bu pýesalary onuň geljekde uly dramaturg boup ýetişmegine belli bir derejede ýol açypdyr. Onuň "Jyn” komediýasy 1889-njy ýylda Mokwada Abramowanyň teatrynda sahna çykarykypdyr. "Jyn” komediýasy sahna çykarylanam bolsa, sahnada hiç hili üstünlik getirmändir. Gaýtam A.P.Çehowyň bu komediýasy şowsuz hasaplanypdyr. Komediýa şowsuz hasaplansa-da, "Wanýa daýy”atly onuň dünýä belli pýesasynyň döremegine ýol açypdyr. Sebäbi, "Jyn” komediýasy "Wanýa daýyda” geregiçe ulanylypdyr. Onuň ,,Iwanow” dramasy 1887-njy ýylda Moskwanyň Korşa teatrynda sahnasynda goýulýar. Dramada baş keşbi Iwanowy aktýor Dawydow döredýär. 1889-njy ýylda "Iwanow” daramasy Peterburgyň Aleksandrinskiý teatrynda goýulýar. Bu ýerde-de baş keşp Iwanowy Dawydow, Saşanyň keşbini Sawina, Sarranyň keşbini Strepetowa döredipdir. "Iwanowyň” Aleksandrinskiý teatrynda peýda bolmagy teatr tankytçylarynyň arasynda gyzgyn çekişmäni emele getiripdir. Dramanyň baş gahrymany Iwanowyň üsti bilen A.P.Çehow döwrüň intelligensiýasynyň jemgyýetçilik işeňňirligini gazanmakçy bolupdyr. Ol Iwanowyň keşbini durnyksyzlykda görkezmek bilen ony bulutlaryň arasynda gaýyp ýören serhoşyň arzuwlaryna çalymdaş edip görkezipdir. Sebäbi, onuň ýaşlyk arzuwçyllygyny çenden aşa begençli, joşgunly, hyýaly garaýyşly ideýalarda beripdir. Ol öz dramasynda şeýle etmek bilen dar dünýä garaýyşlary, düşünjäni döretmek arkaly şeýle hyýaly hakykatyň geljeginiň ýokdugyny, onuň hyýaly bolsadylar bilen arabaglanyşyklydygyny görkezipdir. A.P.Çehow 1895-1903-nji ýyllar aralykda özüniň meşhur dramalary bilen "Çarlagyny”, "Wanýa daýysyny”, "Üç aýal uýalaryny", "Ülje bagyny” döredipdir. Bu dramalaryň gahrymanlary-personažlary durmuşy dolulygyna päklige, arassalyga, bagtlylyga öwrüp, özleriniň ömürleriniň bihuda geçmändigini görkezmekçi bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde olaryň durmuşy päkize, arassa, bagtly edip görkezmekçi bolmalaryna durmuşyň gökezýän öz garşylyklarynam doly açmagy başarypdyr. A.P.Çehow öz döredijiliginde diňe bir sosial-durmuşy ýagdaýlaryň gurluşy däl-de, Russiýada eziji syýasatyň döreden medeniýetiniň yza galmalara, kerebe, ýönekeýje düzgünlere uçran-dygyna, bütin graždan durmuşynyň şoňa tabyndydygynam doly görkezipdir. A.P.Çehowyň "Çarlarynda” (1895-1896ý) gahrymanlar durmuş hakykatyndan daşda çuňňur ylalaşyksyz ýagdaýda suratlandyrylýar. Olaryň häsiýetlerinde we ykballarynda hakyky döredijilik ýalňyzlykda öz ýoluny tapmaýar diýen pikire bil baglamaga syrykdyrylýar. Bu ýalňyş, sütemli pese gaçmalara alyp barýar. Dramanyň gahrymany Treplewiň öz töweregini gurşap alan kereplere bolan duşmançylykly ýirgenji we onuň "täze görnüşli” ilgezek, ýürege düşgüç ideýalara bolan ymtylyşy abstakt bolup, wagtyň geçmegi bilen ony geljegi ýapyk agyr ýagdaýa alyp barýar. Dramanyň başga bir gahrymany Nina Zareçnaýa öz ykbalyndaky jebir çekmelere, ýaşaýyş durmuşynda gerekli orny tapmanlygyna garamazdan, nähilem bolsa öz edýän arzuwyna ýetmegi başarypdyr. Dramanyň gahrymany Trigorinanyň döredijiligi bir taraplaýyn we galplaşdyrylan bolmagyna garamazdan ol döwrüň çuňňur garşylyklaryny öz döredijiligindäki edebi ýörelgesini şol bir meňzeşlikde guraýar. Ýene-de bir gahryman Arkadina sungatda özüni söýýän personaž hökmünde çykyş etmek bilen bolşuny parahatlykda, hoşallykda duýýar. A.P.Çehowyň "Çarlagy” 1896-njy ýylda Peterburgiň Aleksandrinskiý teatrynyň sahnasynda goýulýar. "Çarlakda” döwrüň meşhur aktrisasy W.F.Komissaržewskaýanyň pýesanyň baş gahrymanlarynyň biri Nina Zareçnaýanyň keşbini inçeden belent, joşgunly edip döredendigine garamazdan üstünlik getirmändir. Sebäbi, A.P.Çehowyň dramaturgiýasynyň düýp mazmunyny açmakdan adaty režissura ýeterlik bolmandyr. Bu pýesanyň hakyky "ýüzüni açmaklyk” Moskwada täze açylan Çeperçilik teatry MHT-yň sahnasyndan başlanýar. "Çarlaga” W.I.Nemirowiç-Dançenko bilen K.S.Stanslawskiý režissýorçylyk edipdirler. Sahnada Arkadinanyň keşpleri Knipper Çehowa, Treplewiň keşbini Meýorhold, Ninanyň keşbini Roksanowa, Maşanyň keşbini Lilina, Şamraýewiň keşbini Artýom döredipdir. Bu spektakl täze dörän teatryň MHT-nyň ümzüginiň öňedigine ýenede bir gezek güwä geçipdir. A.P.Çehowyň "Çarlagynda” psihologik inçeligiň, sabyrlylygyň, iň bir kiçijik öwüşginiň, kiçijik duýgynyň, joşgunyň gözden salynman sahna çykarylmagy pýesa uly beýiklik getiripdir. A.P.Çehow "Wanýa daýyny” (1896) pýesasyndaky esasy sýužet professor Serebrýakowdan we oňa golaý bolan adamlar Woýniskiden, Anna Andreýewnadan, Sonýadan edilen tamanyň çykmandygy suratlandyrylýar. A.P.Çehow adamlary-tomaşaçyny şowa kör, geregiçe pikirlenip bilmeýän adamyň özüni halkyň içinde aňly-düşünjeli edip görkezjek bolyp ýörşüniň üstünden güldürýär. Serebrýakowy suratlandyrmak bilen onuň körzehin, mähirsiz, doňýürek adamdygyny suratlandyrmak bilen öz gelen netijesi arkaly jemgyýetde şeýle adamyň tutýan ornuny görkezipdir. Bu ýerde A.P.Çehow pýesasynda Serebrýakowyň garşysyna zähmetsöýer, arzuwçyl Astrowy çykarýar. Astrowyň keşbiniň töwereginde ajy pikirlenmeleri jemläp, A.P.Çehow adamlaryň bilesigeljiligini, olaryň jemgyýetiň ykbaly üçin jogapkärçiligi özünde duýup bilýän mynasyp gahrymany orta atýar. 1899-njy ýylyň oktýabr aýynda "Wanýa daýy” MHT-yň sahnasyna çykarylýar. Spektakla K.S.Stanislawskiý bilen W.I.Nemirowiç-Dançenko režissýorçylyk edipdir. Spektaklda Astrowyň keşbini Stanislawskiý, Sonýanyň keşbini Lilina, Ýelena Andreýewanyň keşbini Knipper-Çehowa, Woýniskiniň keşbini Wişnewskiý, Waflýanyň keşbini Artýom sahnada janlandyrypdyr. A.P.Çehow özüniň "Üç aýal uýalaryny" 1900-nji ýylda ýörite MHT teatry üçin ýazýar. Pýesa 1901-nji ýylda K.S.Stanislawskiniň, W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň, Lužskiniň režissýorlyk etmeginde MHT-yň sahnasyna çykarylýar. Pýesadaky esasy personažlar Maşanyň keşbini Knipper-Çehowa, Irinanyň keşbini Andreýewa (M.Gorkiniň aýaly), Olganyň keşbini Sawiskaýa, Nataşanyň keşbini Lilina, Werşininiň keşbini Stanislawskiý sahnada döredipdir. A.P.Çehow pýesada uýalar Prozorowalary, Tuzenbahy we Werşinini demokratik pikirlenmäni, azat zähmet dogrusynda arzuw etmäni başarýan intelligensiýanyň wekilleri edip suratlandyrypdyr. Pýesada uzakdan eşidilýän sesler geljekgi rewolýusiýanyň (1905-ýylda bolup geçen ilkinji rus rewolýusiýasy) çagyryşlary hökmünde kabul edilipdir. Bu ýagdaý pýesanyň birinji bölümindäki Tuzenbahyň monologynda has aýdyň duýlupdyr. Pýesada demokratik pikirli personajlaryň ruhybelent, pähimliligi suratlandyrylyp, olaryň geljek baradaky pikirleriniň amala aşmaýandygy, olaryň özlerine mynasyp ýer tapyp bilmän heläk bolýandygy çeperçilik bilen görkezilipdir. A.P.Çehow şeýle pikirli personažlary oba ýerlerindäki bolup geçýän ruhsyzlyga, ahlaksyzlyga, olaryň ýaşaýşynyň garaňkylygyna garşy goýupdyr. A.P.Çehowyň özüniň "Ülje bagynam” (1903) ýörite MHT teatry üçin ýazypdyr. Bu pýesada 1904-nji ýylyň ýanwarynda K.S.Stanislawskiý bilen W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň režissýorçulyk etmeginde sahna çykarylýar. Pýesanyň esasy gahrymanlary Ranewskaýanyň keşbini Knipper-Çehowa, Anýanyň keşbini Lilina, Lopahynyň keşbini Leonidow, Gaýewiň keşbini Stanislawskiý, Trofimowyň keşbini Kaçalow döredipdirler. A.P.Çehow "Ülje bagynda” rus halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda arzuw eden medeniýetiniň ykbalynyň jemini jemleýär. Ol pýesasynda ýazyjy hökmünde öz intelligensiýa dogrusynda eden hyýallarynyň çäklerinden çykyp, özlerini intelligent hasaplatjak bolup ýören pomeşikler Ranewskaýanyň we Gaýewiň gaýgysyz-gamsyz, ýeňilkellelik, şol bir wagtyň özünde özgeleriň hasabyna ýaşamaklyga endik edýändiklerini açyp görkezýär. A.P.Çehow bu öňe sürmelerini dowam etdirip, Lopahin ýaly buržuaz işewüriniň üsti bilen täze bir dünýäni, täze bir gurluşy emele getirmekçi bolýan düýbi boş personažy goşmak bilen wakalary ösdüripdir. Pýesanyň dowamynda demokratik pikirli talyby Petýa Trofimowy orta çykarýar. Ol şeýle etmek bilen ýaş nesili öňe alyp gitmäge bolan ynamy öňe sürse-de, şol nesiliň Russiýany azat we bagtly etmäge gurbunyň çatjakdy-gyna ikirjiňlenýär. Özüniň gahrymanlaryny düzgünsiz, gynançly, samsyk, barlyşyksyz, tagaşyksyz, gödek görkezse-de, olaryň bu ýagdaýdan çykmalydygyny, aýaga galmalydygyny, döwrüň ähli adamzat gymmatlyklaryna eýe bolmalydygynam janyýangynlylyk bilen öňe sürýär. Ol bu öňe sürmelerini komiki ýagdaýda bermek arkaly pýesa keýpiköklük, şatlyk (mažornyý) reňky çaýypdyr. Bu ýagdaý esasan Ranewskaýanyň öüýünde bolýan wakalaryň üsti bilen aýdyň edilipdir. A.P.Çehowyň öz pýesalarynda intiligensiýa aýdyň tankydy ýagdaýda garapdyr. Onuň gahrymanlary uly arzuwlara ýugrulan, özlerinde liriki-synlaýjy häsiýetleri toplan personažlar bolupdyr.Olaryň ýokary arzuwçyllygy kähalatlarda real hakykat bilen gabat gelmän ýoluny başga tarapa sowmaga-da ukyply bolupdyr. Onuň gahrymanlary elmydama kimedir birine duşmançylykly garap hakykatda özleriniň kömege mätäçdikleriniň, goragsyzdyklarynyň üstüni açypdyr. Olaryň bu boluşlary türkanalyk bilen edilýän ynanmlara, tora düşmelere, arzlara, artykmaç howplylyga, ajy degişmelere, zäherli belliklere gabat gelipdir. A.P.Çehow öz gahrymanlarynyň ykballaryna çuňňur dramatyzym bermek bilen olary hasratly-kinaýaly lirizme öwrüpdir. Ol şol bir wagtyň özünde özüne-ýazyja bolan intelligensiýanyň gaýgy-gamyny döredip, ruhy garyplygyň-gulçulygyñ, dar garaýyşlaryň garysyna durup bilýändigi üçin hormatdanam peýdalanypdyr. A.P.Çehowyň gahrymanlary ýaşaýşyň manysyna düşünmek üçin özlerinde "ýokary şahsyýeti” döredip, jemgyýetçilik ideýalarynyň manysyny özlerine tabyn etmekçi bolýarlar. Onuň gahrymanlary pýesadan pýesa ösüp, olaryň içki duýgusy, juda ýokarlandyrylan arzuwçyllygy, akyl baýlygy özlerinde esasy öwüşginleri, häsiýetleri (oberton) jemleýär. Bu ýagdaý onuň "Üç uýalarynda" has-da aýdyň duýulýar. Bu ýerde gahrymanlar daşyndan gowşak görünsede, olaryň içki dünýäsi ösen. Olaryň içki dünýäsindäki agyr göreşe bolan ymtylyş asla ýatmaýar. Olaryň maksady hiç zat bilen berkidilmedik hyýalylykdan, ynamdan daşlaşyp, dünýäni bolşy ýaly görmekçi, duýmakçy. Şol bir wagtyň özünde olar lapykeçlige, göwniçökgünlige bolan barlyşyksyz göreşem yglan edýärler. A.P.Çehowyň ösen, kämil pýesalarynda drama žanrynda öňden ulanylýan adatlar ýok. Drama žanryndaky bir ýa-da iki gahrymanyň arasynda gabat gelýän ýiti garşylyklar, çaknyşmalar, göreşler bolman, olaryň ýerine häsiýetleriň emele gelşi açylyp görkezilýär. Onuň pýesalaryny öňden gelýän endige görä komediýa atlandyrmagam bolanok. M.Gorkiniň we başga-da birnäçe edebiýatçylaryň aýtmaklaryna görä A.P.Çehowyň pýesalary liriki komediýa hem hasaplanypdyr. Onuň pýesalarynda rewolýusiýadan öňki gapma-garşylyklara ýüzlenmegi diýseň agyr we ýiti bolmak bilen dramadaky gurluşyň täzeçe esaslaryny taýýarlamaga ýugrulypdyr. Eger drama žanrynyň adatlarynda gahrymanlaryň durmuşynda peýda bolýan garşylyklaryň gözbaşy olaryň pikirleriniň üýtgäp durmagynda bolýan bolsa, A.P.Çehowyň gahry-manlarynyň häsiýetleriniň, ykballarynyň aýrylmaz arabaglanyşygy häzirki zaman umumy akyl ýetiriş şertlerine (atmosfera) bagly bolupdyr. A.N.Ostrowskiden A.P.Çehowyň aýratynlygy gahrymanlaryň özleriniň durmuşda ýaşa-maga bolan şahsy ymtylyş maksatlaryny (missiýasyny) bilmäge bolan synanyşyklaryny nygtamak arkaly, gahrymanlary durmuşda öz ýollaryny tapmaga itelemegi. Şeýle etmeklik bilen personažlarda başdan geçirmeleri emele getirip, häsiýetleri biri-biri bilen çaknyşdyrman olary uzak we durnukly durmuşa çagyrýar. A.P.Çehowyň personažlaryn her birinde wakalaryň geçýän pursadyna garamazdan, olaryň närazylyklaryny şahsy drama öwrülip, gahrymanlary gurşap alýar. Şeýle hem sýužetlerdäki birek-birege hile gurmak, birek-birege garşy çykyş etmek öz gurluş ähmiýetini ýitirýär, esasanam gahrymanlaryň ykballaryndaky garşylyklary bir ýere jemlemek başardanok. Bu ýerde adaty baglanyşyk, garaşylmadyk wakalar, pelsepeler (peripetii), ýeke-täk "zowwam geçer” (skwoznoý) gapma-garşylyklar, dawalar hereket edýän personažlaryň arasynda ýitýär. Muňa derek sahnada köp halatlarda emele gelýän "yzagaýtmalara” (poworotnyh) hadysa hökmünde garalmaýar. Şeýle hem sahnada hereket edýän gahrymanlaryň bir durmuş ýagdaýyndan beýleki durmuş ýagdaýa geçýändiginem aňlatmaýar. A.P.Çehowyň eserlerinde gahrymanlary gujurly, gaýratly (wolewoý dinamikasy) edýän özbaşdak hereketler gowşadylan. Onuň pýesalarynda gahrymanlaryň arasyndaky adaty söbetdeşlikler az. Oňa derek duýdansyz emele gelen ýagdaýda söhbetdeşlik däl-de, diňe birek-birege söz gatmak ulanylýar. Eger-de gahrymanlaryň öz aralarynda söhbetdeşlik bolaýan ýagdaýda olarda hiç hili çözgüt emele gelmeýär. A.P.Çehowyň pýesalarynda gahrymanlaryň ruhy hereketleri elmydama üýtgäp gurýar. Onuň personažlarynyň keýpleri, duýgylary töweregindäkilere geçmege ukyply. A.P.Çehowyň pýesalaryn-daky ownuk durmuşy jikme-jiklik adam duýgysyna täsir etmeklik ýaly bir zat bolup galýar. Şol bir wagtyň özünde gahrymanlarda emele ruhy hereket şertleýin içki we daşky bolup ikä bölünýär. Içki hereket gahrymanyň umumy agyr ýagdaýyny görkezse, daşky hereket gahrymanyň haýsydyr bir durmuşda üýtgeşik aýratynlygyny, hususylygyny berip bilýär. A.P.Çehowyň gahrymanlarynda käbir halatlarda emele gelen örän inçe duýgy reaksiýasy ony "öz hususy täsirine" (impressionizm-filosofiki akym) daýanýan, esaslanýan ýazyjy hökmünde görkezýär. Onuň pýesalaryndaky emele gelýän şeýle az wagtlyk guýgular sahnada uly bir möçberli hadysa bolman, zamanasynyň çeperçilik, ideýa gylyk-häsiýetlerini açmaga bolan gözlegler hasaplanýar. A.P.Çehowyň pesalaryndaky gahrymanlaryň keýpleri çylşyrymly dünýäde personažlaryň gürrüňeriniň üsty bilen olaryň gaýgy-hasratlaryny gytaklaýynam bolsa açmaklygy talap edýär. Gepleşikleriň, söhbetdeşlikleriň üsti bilen personažlaryň duýgylaryny açmaklyk, kähalatlarda olaryň daşky görnüşleri bilen gabat gelmän gaýtam olaryň garşysyna-da bolup çykýar. Şolar ýaly ýagdaýda iň oňat çykalga gapdaldan söz gatmaklyk (replika) bolup durýar. A.P.Çehow üçin iň häsiýetli zatlaryň biri gepleşikdäki garşylyklary deňeşdirip şonuň netijesinde şahyrana belentligi gazanyp bilmekden ybarat. Bu onuň eserlerinde duýgy leksikasyny güýçlendirmek, göçme manylylyk (troplary), sezewar etmeklik (inwersiýa) diewarlygyk, owadan gürlemeklik (ritorika), yzygiderli soragçyllyk, köp gaýtalamaklyk, ynamsyzlyk ýagdaýy güýçlendirmeklik arkaly berilýär. A.P.Çehowyň pýesalarynda bu täzelik onuň drama hereketlerindäki žanrlaryň guramaçylygynyň ösmegine, bir uly bitewülige öwrülmegine alyp barýap. A.P.Çehow öz pýesalary MHT-da sahna çykarylanda dramaturg hökmünde gatnaşypdyr. Ol pýesalaryny sahna çykarýan režissýorlar, keşpleri döredýän aktýorlar bilen yzygiderli hat aragatnaşygyny saklapdyr. Olar bilen duşuşypdyr. Maslahatlar beripdir. Şol bir wagtyň özünde olaryň maslahatlarynam alyp, öz pýesalaryna düzediş girizýän wagtlaram az bolmandyr. "Üç uýalarda", "Ülje bagynda” aktýorlara keşpler paýlananda onuň özem gatnaşypdyr. Öz döwrüniň ýaş dramaturglarynyň işine kömekçi bolmak bilen olaryň geljekde dramaturglar bolup ýetişmeginede ýol açypdyr. A.P.Çehowyň dramaturgiýasynyň peýda bolmagynda I.S.Turgenýewiň, A.N.Ostrowskiniň täsiri az bolmadyr. A.P.Çehowam edil öz halypalary ýaly pýesanyň gahrymanlarynda ýiti, gujurly hilegärlikli (dinamiki) häsiýetleri işläp düzmekdäki çuňňyr psihologiýasyny, gerek ýerinde hadysalaryň, wakalaryň ýerlerini çalşyp durmak tärlerinem ulanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý "gizlin, syrly” (podtekst) tär diýlip, hem atlandyrylypdyr. A.P.Çehow XIX asyryň aýaklaryndaky Günbatar-Ýewropa dramaturglarynyň käbirleriniň eserleri bilen golaýdan tanyşmagyny dowam etdiripdir. Ol G.Ibseniñ, M.Matelinkanyň pýesalaryna örän tankydy garapdyr. A.P.Çehowyň döredijiligi taryhda ilkinji bolup rus dramaturgiýasynyň, teatr sungatynyň aýgytlaýjy ýagdaýda öňe gitmegine ýol açdy. Onuň pýesalary öňden gelýän hiç wagt inkär edilmez diýen birnäçe drama teoriýasyny inkär edip dramaturgiýanyň öňünde giň gözýetimi açdy. A.P.Çehowyň döredijiligi 20-nji ýyllarda M.Gorkiniň, L.Andreýewiň döredijiligine öz uly täsirini ýetirdi. Onuň döredijilik adatlaryny sowet dramaturglary M.A.Bulgakow, A.N.Afinogenow, A.N.Arbuzow, W.S.Rozow, A.M.Wolodin ösdürdiler. A.P.Çehowyň çeperçilik tejribesini daşary ýurt dramaturglary B.Şou, O'Nil, L.Helman, J.Pristli özlerine kabul etdiler. A.P.Çehowyň dramaturgiýasy teatr sungatynyň ösmegine uly täsirini ýetirdi. Onuň pýesalary heniz diri wagtynda diňe bir MHT-da goýulman, merkezden uzakdaky ýerlerde-de teatr sahnasyna çykarylypdyr. A.P.Çehowyň pýesalary K.S.Stanislawskiniň sistemasynyň emele gelmegine-de belli bir derejede öz täsirini ýetiripdir. Sahna sungatynda "adamçylyk ýaşaýyşyň ruhunda” çuňňur psihologyýany, häsiýetleri işläp düzmekde, teatrda režissurany ösdürmekde, aktýoryň içki dünýäsindäki tebigylygy daşyna çykaryp bilmekde A.P.Çehowdan dünýä teatr sungatyna miras galan zatlar sanardan köp. Onuň dramaturgiýasy teatr sungatynda uzak ýyllaryň dowamynda şertleýin-joşgunlylyk, artykmaç hyjuwlylyk (patetiçnost) bilen dowam edip gelen deklomasiýalaryň soňuna nokat goýdy. A.P.Çehowyň "Üç uýalarynyñ" MHAT-da W.I.Nemirowiç-Dançenko tarapyndan sahna çykarylmagy uly hadysa hökmünde kabul edilýär. Şol sahnada döwrüň iň tanymal aktýorlarynyň çykyş etmekleri spektakly has-da ýokary göteripdir. Sahnada Tuzenbahyň keşbini Hmelýew, Maşanyň keşbini Tarasowa, Olganyň keşbini Ýelenskaýa, Irinanyň keşbini Stepanowa bilen Goşaýewa, Werşininiň keşbini Bolduman, Solýoniniň keşbini Liwanow, Çubutykiniň keşbini Gribow, Andreý Prozorowyň keşbini Stanisyn, Nataşanyň keşbini Georgiýewskaýa, Kulyhiniň keşbini W.A.Orlow döredipdir. Bu spektakl özünde sahna ansamblynyň aýratyn bütewiligini, göwrümliligini, psihologik çuňlugyny saklamak bilen uzak ýyllaryň dowamynda meşhurlygyny saklapdyr. A.P.Çehowyň "Wanýa daýysynyň” (1947) MHAT-yň sahnasyna täzeden çykarylmagy we onda Woýniskiniň keşbini B.G.Dobronrawowyň döretmegi sahnada gazanylan ýokary sepgit hasaplanypdyr. Bu ýerde aktýor B.G.Dobronrawow A.P.Çehowyň dramaturgiýada örän gysgançlyk bilen ulanan tärlerini (skupoý) yzarlamak bilen kakdyryp (namýok) aýtmak arkaly yşarat etmek (žestikulýasiýa), gündelik gaýtalanýan äheňleri (intonasiýalary) ulanmak bilen gahrymanyň örän dartgynly duýgularyny açmagy başarypdyr. Wanýa daýynyň (familiýasy Woýniskiý) lapykeçlikden dörän gahar-gazabyny aktýor B.G.Dobronrawowyň ýokary hilli ýerine ýetirmegi sahnada joşgunly tragizmi emele getiripdir. A.P.Çehowyň meşhurlyga eýe bolan pýesalary Sowetler ýurdynyň ähli teatrlarynda diýen ýaly sahna çykarylypdyr. Şol spektakllardan "Ülje bagy” (1946ý) Kiýewiň Franko adyndaky teatrynda (režissýory K.P.Hohlow, Ranewskiniň keşbini Užwiý), Ýerewanda Sundukýan adyndaky teatrda (1951 ý. režissýory W.M.Adžemýan), "Wanýa daýy” (1946) spektakly Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynda, Daşkendiň Hamza adyndaky teartrynda (1957ý., baş keşbi Ş.Burhanow) Kiýewiň Lesi Ukrainka adyndaky teatrynda (1960 ý., baş keşbi Romanow), "Iwanow” (1955) pýesasy Moskwanyň A.S.Puşkin adyndaky teatrynda (baş keşbi B.Smirnow) 1960-njy ýylda MHAT teatrynda, Talliniň "Estoniýa” teatrynda "Üç uýalar" (1948 ý., spektakly goýan we baş keşbi Werşinini döreden Lauter), Leningradyň Uly drama teatrynda (1965 ý., režissýory G.A.Towstonogow) ýokarda bellän pýe-salarymyz tömaşaçylara ýetirilipdir. A.P.Çehowyň, K.S.Stanislawskiniň çeperçilik tutumlary diňe bir rus teatrynyň ösüşine däl-de, eýsem Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň teatrlarynyň ösüşine uly täsirini ýetiripdir. A.P.Çehowyň dramalary dünýä teatrlarynyň repertuaryna ymykly girdi. Onuň heniz diri gezip ýören wagtynda pýesalary eus we daşary ýurt teatrlarynda sahna çykarylyp başlanýar. A.P.Çehowyň "Aýysy” Berlinde "Kiçi teatrda” režissýory M.Reýnhardt tarapyndan, "Çarlagy” (1902) Breslawl şäherinde sahnada goýlupdyr. A.P.Çehowa Bütindünýä meşhurlyk 1906-njy ýylda MHT-nyň daşary ýurtlara gastrola gitmegi bilen peýda bolýar. Şeýle meşhurlyk esasanam şondan soňky geçen iki on ýyllykda hasda ösüpdir. Režissýor Ž.Pitoýewiň 1921-nji ýylda ilki Şweýsariýada, soňam Fransiýada "Wanýa daýyny”, "Çarlagy”, Ž.L.Barronyň "Ülje bagyny” (1944) Fransiýada, L.Biskontyň "Üç uýalary” (1952) Italiýada sahna çykarylmagy A.P.Çehowyň dünýä meşhurlygyny artdyrypdyr. 30-40-njy ýyllarda Iňlis teatry "Old Wikde” A.P.Çehowa gaýta-gaýta ýüzlenilipdir. Esasanam "Wanýa daýyda” meşhur iňlis aktýorlary L.Oliwýe bilen R.Riçardsonyň keşp döretmekleri tomaşaçylary özüne çekipdir. A.P.Çehowyň pýesalaryndan düzülen iňlis teatrlarynynyň repertuarynyň ählisinde keşpler döretmek bilen çykyş eden aktýor J.Gilguda wagyzçy hökmünde tanalypdyr. Onuň pýesalary Günbatar Ýewropa ýurtlarynda, Amerikada, Ýaponyýada, Seýlonda teatr sahnalaryny bezäpdir. A.P.Çehowyň eserleri (hekaýalary) estradadan çeper okaýyş görnüşinde ýerine ýetirilipdir we häzirm ýetirilýär. Şeýle çeper okaýyşlar I.M.Moskwin, O.L.Knipper-Çehowa, A.I.Şwars, D.N.Žurawlýow, I.W. Ilinskiý we beýlekiler tarapyndan ýerine ýetirilipdir. A.P.Çehowyň hekaýalary sahna diline inissirowka edilip "Ala-mula hekaýalar” (1960) ady bilen Leningradyň Komediýalar teatrynda sahna çykarylyp. Onuň "Aýy” (1938), "Toý” (1944), "Ziňk-ziňkje gyz” (1955), "Güjüklije zenan” (1960) pýesalary ekranlaşdyrylyp kino tomaşaçylaryna ýetirilipdir. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |