11:39 Sähram | |
SÄHRAM
Goşgular
Dört diwar suslugy irizdi meni, Çilim ysly kabinetden ýadadym. Sähram, söýmezlige ýok meniñ hakym, Çünki söýgüsi sen barça adamyñ. Seniñ begres gollaryña aşyk men, Şahyr kalbym gül düzüñe bendiwan. Kerwen geçen egrem-bugram ýollañda, Aýdymlaryñ iñ ilkinji bendi bar. Şeýle näzik müñ aýdym bar gursakda, Saña bolan gyzgyn söýgimden nyşan. Göz ýetirdim, maña sensiz dünýäde, Maña sensiz ömür-de ýok, eý aman! Parahat deñiz deý gök asmanyñda, Erkana bürgüt deý gaýyp uçsadym. Ýagmyr ýagyp, derman suwun täzelän, Kaklaryñdan ýatyp-ýatyp içsedim. Per ýassyk deý eziz gerşiñ ýassanyp, Çopanlañ goşunda ajy çaý süzsem. Syzlaşýança baldyrlaryñ damary, Şemalyña döşüm açyban gezsem. Sähram, Sen bir myhmansöýer gojasyñ, Ine, men señ giñ gujagña dolaryn. Selmeli, syrkynly goluñ gujaklap, Señ göwsüñde surat bolup galaryn. Wagt geler, Ýene dolanaryn men. Öz keşbimi seniñ bilen barlaryn. ...Birden bir wagt kemlik tapsam özümden, Sähra meñzäp bilmänime aglaryn. Annameret DURDYMÄMMEDOW. "Oktýabryñ ýalkymy" gazeti, 13.02.1982 ý. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |