08:34 "Türkmenfilm" ilkinji ýigrimi ýylda | |
"TÜRKMENFILM" ILKINJI ÝIGRIMI ÝYLDA
Teatr we kino sungaty
1. Ilkinjiler ...1926-njy ýylyň 7-nji fewraly. Şol gün türkmen kino sungatynyň taryhynyň ilkinji sahypasynyň başlanýan güni respublikamyzyň merkezi Aşgabatda şol gün "Türkmenfilm“ kinostudiýasynyň binýady goýuldy. Türkmenistanyň Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň uly şahalarynyň biri diýip, bütin dünýä jar edilenden soň bary-ýogy bir ýyldan gowrak wagtyň içinde özbaşdak kinostudiýaly bolmak ýetip bolmajal bagtdy. Ýöne, 1925-nji ýylda "Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy“ yglan edilende, Türkmenistan SSR-niň we Türkmenistan Kompartiýasynyň döredilmegine bagyşlanyp çagyrylan 1-nji uçreditel gurultaýa gatnaşmak üçin gelen M.I.Kaliniň surata düşürilmegi türkmen topragynda surata düşürilen ilkinji kinolentady. Eýýäm, 1927-nji ýylda "Türkmenfilmiň“ kinooperatorlary B.Baş we A.Seýtlin tarapyndan "Sowetlere saýlawlar“ we "Oktýabr rewolýusiýasynyň 10 ýyllygynyň Aşgabatda baýram edilişi“ ýaly dokumental lentalaryň surata düşürilmegi türkmen kinosungatynyň ymykly ýola düşendigine güwä geçýärdi. Bu kino lentalar professional taýýarlygyň kemlik edýändigine, galyberse-de planyň surata düşürilmegine garamazdan, ýaş respublika üçin uly propagentistlik roly ýerine ýetiripdi. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda "Türkmenfilm“ kinostudiýasy doly metražly kino lentalary surata düşürmäge başlady. 1982-nji ýylyň maý aýynda ekrana çykan "Ýatdan çykarmak bolmaz“ atly çeper filmde (senariýanyň awtory A.Andreýewskiý, režisýory D.Poznanskiý, operatory A.Frolow) ilkinji türkmen atýorlarynyň atlaryna gabat gelýäris. Şol filmde türkmen kinosungatynyň ilkinji wekilleriniň biri, oba mugallymy Aşyr Meläýew öz kärine mahsus obrazy – oba mugallymyzyň obrazyny döredipdir. Ýaşuly režisýorlarymyzyň biri, Türkmenistan SSR-niň sungatda at gazanan işgäri Hangeldi Agajanow Aşyr Meläýewiň kinosungatyna gelişi barada: - Meniň bir mugallymym daýym bardy. Ol, Köşüde işleýärdi. Aşyr Meläýew bolsa Bäherdende mugallymçylyk edýärdi. Ol ýygy-ýygydan kärdeşi daýymyňka gelerdi. Bir gün olar şähere gezelenje çykýarlar. Şonda biri Aşyry saklap: - Kino düşmek hyýalyň barmy? – diýip, soraýar. Ol onuň soragyna ikirlenmän "hawa“ diýip, jogap beripdir. Sebäbi Aşyr Meläýew ol adam oýun edýändir öýdüpdir. Emma, ol adam ýokardaky adyny agzan filmimizi režissýory D.Poznanskiý eken. Şelelikde, Aşyr Meläýew ilkinji roly üçin kino surata düşüpdir. Bu örän şowly çykan rol bolýar. Rol Aşyr Meläýewiň özünede ýaran bolardy. Ol, şondan soň ykbalymy kinosungaty bilen ymykly baglady – diýip, mundan altmyş ýyla golaý ozal bolup geçen wakany ýatlaýar. Şol filmde Çary Mämmedow, Sähetmyrat Göklenow, Gara Gurban, Bäşim Abdyýew, Annaberdi Geldiýew dagylar hem ilkinji gezek obraz döredipdirler. 1935-nji ýylyň sentýabr aýynda "Türkmenfilm“ studiýasy "Ýedi ýürek“ filminiň (senariýanyň awtorlary Mark Meý, N.Tihonow, režisýory N.Tihonow/ ekrana çykardy. Filmde Aşyr Meläýew Oraz Çopanyň , Annaberdi Geldiýew ýol görkeziji Nurmyradyň rollarynda oýnapdyr. „Ýedi ýürek“ filminde täze spesialistiň döwrüň iň aktual temasynyň gowy däpleri teswirlenýär, ösdürilýär. Filmiň gahrymanlary iňňän hyjuwly, örän gujurly. Doganlyk respublikalaryň wekillerinden ybarat bolan ýedi sany gaýduwsyz ýigit tutanýerlilik bilen zähmet çekip, nebit gözleýär. Filmiň ahyrynda burawlanan skwažinadan nebit käniniň sogurlyp akyp duranyny görýäris. "Ýedi ýürek“ filminiň Türkmenistanyň otuzynjy ýyllaryndaky şowly işleriniň biri bolandygyny şol döwürdäki ýerli we merkezi metbugatda, häli-häzire çenli kinoöwrenijilerdir, kinotomaşaçylar belläpdirler, belleýärler. Aşyr Meläýewiň ýerine ýetiren roly barada moskwaly kino öwreniji W.Haritonowa: - Milli kinomatografiýada ilkinji aktýor Aşyr Meläýew – ilkibaşda, diňe basmaçylardan ar almak duýgusy bilen hereket edýän bolsa, soňra onuň gahrymany köne, zyýanly adatdan kem-kemden saplanyp, geçýän wakalaryň sosial häsiýetine düşünip başlaýar – diýip, ýazýar. "Ýedi ýürek“ çeper filmi aslyýetinde örän dokumental materiallaryň arasynda döredilipdir. "Ýedi ýürek“ filminiň yz ýanyndan ekrana çykarylýan „Men gaýdyp gelerin“ çeper filmi boldy. Bu "Türkmenfilm“ studiýasynyň milli edebi žanry esasynda ekeranlaşdyran ilkinji filmi. Film görnükli türkmen şahyry Oraz Täçnazarowyň "Batrak“ poemasy esasynda surata düşürilen. Poemada sowatsyz batrak Gurbanyň rewolýusiýanyň gelmegi bilen kem-kemden aň-düşünjesiniň ösüşi görkezilýär. Bu ýagdaý filmiň esasy özeni bolup, ekranda suratlandyrylýar. Filmiň ssenariçileri A.Ledaşew, E.Şatunowskiý Oraz Täçnazarowyň kömek bermegi bilen poemadaky Gurbanyň obrazynyň ekranda has-da ösdüripdirler. Kino tomaşaçylaryň öňünde şu çeper lenta arkaly taryhyň sahypalary açylyp görkezilýär. Bu taryh diňe türkmen halkynyň geçmişem bilmän, eýsem, azatlyga çykan beýleki doganlyk halklaryňam şol döwre mahsus geçmişidi. Filmde "Gurban öz söýgüli gyzy Bibigüli haçan garyp çatmasyna getirip bilmegi baradaky arzuwlar bilen Muhat baýyň sürüsiniň yzynda uzak wagtlap gezýär. Muhat baýa bolan bergisiniň astyndan çykyp bilmedik Bibigüliň kakasy ahyry baý bilen razylaşmaly bolýar. Şeýdibem, Bibigül baý oglunyň gelni bolýar. Bibigüle ýetmek arzuwy şondan soňky ýüreginden çykmadyk Gurban basmaçylaryň baştutanynyň ortasyna ýarag salynan pagtaly ganarlaryny şähere äkitmek baradaky teklibine razylyk berýär. Ol şäher ýolunda Gyzyl Goşunyň otrýadlaryna sataşýar. Olara ýagdaýy aýdyp, otrýad bilen söweş ýollaryny geçýär. Filmiň ahyrynda bolsa, Gurban gelinligi Bibigül bilen tapyşýar. Filmde MHAT-yň artistikasy N.Olşewskaýa ähli kynçylyklary geçip, özüne düýbünden nätanyş materail esasynda, türkmen gyzy Bibigüliň ynandyryjy obrazyny döredýär. Gurbanyň roluny ýerine ýetiren bolsa, Baku şäherinden ýörite çagyrylyp getirilen artist A.Mälikow, Nurynyň rolunda türkmen drama teatryň artisti G.Hojaýew, Bibigüliň kakasy Sapar aganyň uly bolmadyk rolunda çykyş eden, heniz hiç ýerde oýnap görmedik kolhozçy Ata Pirliýew bolýar. "Men gaýdyp gelerin“ filmi uly üstünlik gazandy. - Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda elleri plakatly dürli çagyryş şygarly, orkestrli, köçeleri dolduryp kino-teatra tarap barýan tomaşaçylaryň şeýle uly koloniýasy henize çenli bolmandy – diýip, "Izwestiýa“ gazetiniň 1935-nji ýylyň 31-nji iýunyndaky sanynda uly guwanç bilen ýazyldy. Şeýle guwandyryjy habardan bir aý soň: - "Türkmenfilmiň" önümi bolan "Men gaýdyp gelerin“ kartinasy şowly çykmagy milli respublikalarda režissýor kadrlaryň, aktýorlaryň, ssenariýaçileriň ösüp gelýändigine şaýatlyk edýär. Biziň milli respublikamyzyň kinosy, esasynam Ermeni filmiň“ döreden "Pepo“ we "Türkmenfilmiň“ "Men gaýdyp gelerin“ kartinalaryndan soň, Sowet kinomatografiýasynda öňdäki sepgitlere çykdy – diýip, "Literaturnaýa“ gazetiň 1935-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky sanynda bellenipdi. Bu bolsa, türkmen milli kinosungatynyň şol döwürlerdäki öňe äden uly ädimine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. 2. Sesli filmlerde synanyşyk ... 1936-njy ýyl. Bu ýyl milli türkmen kinosungaty özüniň ikinji ömrüne gadam basdy. Öňki sessiz kino lentalaryň döremegine sesli lentalar peýda boldy. Sesli kino lentalara geçmeklik örän haýal we kynçylykly boldy. "Türkmenfilm“ kinostudiýasynyň heniz kämil enjamlaşdyrylmandygy sebäpli, filmlere ses bermeklik işi ilki Moskwada ýa-da Bakuda amala aşyryldy. Onsowam sesli filmleriň ekrana çykarylmagy ssenariýaçileriň režissýorlaryň we aktýorlaryň döredijiliginde täze talaplary öňe sürdi. Režissýor Mary Meý tarapyndan surata düşürilen "Sowet Türkmenistany“ sesli kinožurnalynyň ilkinji goýberilişi 1936-njy ýylyň aprel aýynda ekranlarda peýda boldy. Bu kinožurnal rus we türkmen dillerinde ses berilip yzygiderli çykarylmaga başlandy. "Sowet Türkmenistany“ kinožurnalynyň sýužetleriniň birinde Aşgabat-Moskwa atly ýörüşinde gatnaşan türkmen jigitleriniň görülip-eşidilmedik ýörüşi, Garagumyň gyzgyn çägesinde, Russiýanyň ummasyz sähralyklarynda duş gelen ähli kynçylyklara döz gelip 83 günde 4 müň 300 kilometrlik ýoly geçip, Moskwa baryşlary görkezilýär. Operator P.Pýatokowyň surata düşüren bu kadrlaryň esasynda režissýor G.Domidze uly, sesli dokumental film döretdi. "Kartinada obrazlaryň üsti bilen türkmen halkynyň Sosialistik gurluşygyň uly ýoluny geçendigi baradaky habarlar şol döwrüň metbugatynda yzly-yzyna peýda boldy. Şeýle hem şol filmde ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň sözlerine kompozitor A.Eýhenwaddyň döreden aýdymy ilkinji gezek türkmen kinosynda ýaňlandy. 1937-nji ýylda bolsa, "Türkmenfilmiň“ ekrana çykaran "Umbar“ atly sesli çeper filminiň görkezilişi başlandy. Filmde (awtory Anna Ýan, režissýory A.Makowskiý) komsomol çleni Umbaryň Gyzyl Goşun üçin ajaýyp at ýetişdirişi, onuň deň-duşlarynyň oňa bolan basdaşlygy, serhetden geçmekçi bolan basmaçylar bilen tutlyşyk, ýaryşda onuň ýetişdiren atynyň ozuşy, baýrak alyşy ýerlikli we ynandyryjy edişi surata düşürilipdir. 1938-nji ýyldan başlap "Türkmenfilm“ iň ajaýyp sowet filmlerini türkmen diline geçirmäge girişdi. Şeýle edilmegi bilen türkmen tomaşaçysy rus we beýleki doganlyk halklaryň medeniýeti we durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga başlady. Bu dostlugyň, doganlygyň has-da ösmegine, birek-birege golaýdan düşünişmeklige täze salnan ýoluň başlangyjydy. Bu ýol "Türkmenfilmiň“ dublin bölümi tarapyndan şu güne çenli uzaldylyp gelinýär. Ilki bilen "Partiýa biledi“, "Uzak Gündogarda“ filmleri türkmen diline geçirildi. Bu filmler türkmen diline geçirilmekdäki ilkinji synanyşyklardygyna garamazdan örän şowly çykdy. "Türkmenfilmde“ dublýaž işini ýola goýmakda Moskwada ýörite çagyrylyp režissýor W.Konstantinow we ses operatory M.Belousow uly kömek etdiler. Olar dublýaž işini ýola goýmakdan başga-da A.Geldiýew, H.Agahanow, Ý.Şamyradowa, M.Kuznesow, H.Ataýewa ýaly başlangyç režissýorlardyr ses operatorlaryny dublýaž işi boýunça ösdürip ýetişdirdiler. Tiz wagtda respublikamyzyň medeni durmuşda esasy wakalaryň biri bolan "Lenin Oktýabrda“ filmi türkmen diline üstünlikli geçirildi. H.Agahanow tarapyndan režissýoryk edilen bu filmde Leniniň rolunda ses beren häzirki SSSR-iň halk artisti M.Çerkezow boldy. Dünýä proletariatynyň Beýik akyldary W.I.Leniniň türkmen dilinde gürlemegi türkmen tomaşaçysy üçin ajaýyp uly wakalaryň birine öwrüldi. Soň "Lenin 1918-nji ýylda“, "Çapaýew“, "Tüpeňli adam“ ýaly sowet kinosynyň şol döwürdäki iň ajaýyp lentalary türkmen diline geçirildi. 1939-njy ýylda "Sowet watançysy“ (senariýasy I.Rožkow, režissýory G.Domidze) filmi surata düşürildi. Filmde Türkmenistanyň serhet ýakasyndaky raýonlarynda daşary ýurt agenturasyna garşy alnyp barylýan göreş suratlandyrylýar. Otuzynjy ýyllaryň ahyrynda "Ýedi ýürek“ filmi bilen şöhrat gazanan režissýor I.Tihonow "Sumbar jülgesiniň adamlary“ we "Ýaşaýşyň bahasy“ atly iki filmi surata düşürdi. Emma filmleriň ikisem meşhurlyk gazanyp bilmedi. Iki filmiň hem gowşak çykandygyny şol döwrüň kinotankytçylary belläp geçdiler. 1939-njy ýylda "Türkmenfilm“ studiýasy täzeden enjamlaşdyryldy. Türkmen kinemotografiýaçylary iki pawilýon, ses ýazylýan zal, ses ýazyjy kamera, ýagtyldyş parky we režisýorlar montaž üçin üpjün edildi. Şondan soň "Türkmenfilme“ şöhrat getiren "Dursun“ filmi surata düşürildi. Filme 20-nji ýyllarda Türkmenistana işlemäge gelen rus kinosynyň baýry işgärleriniň biri E.A.Iwanow – Barkow režissýorlyk etdi. Ol türkmen kinosungatynyň ussatlary Suraý Myradowanyň, Sary Garryýewiň, Gulkişi Gulmyradowyň, Ata Durdyýewiň, Meret Atajanowyň, Merýom Mafigulyýewanyň hakyky professional ekran artistleri bolup ýetişmegiňde-de az iş etmedi. Şol filmde ol Alty Garlyýewiň hakyky döredijilik talantynyň üstüni açdy. Türkmen kinomotagrafiýaçylary "Dursun“ kartinasynda ilkinji gezek täze temanyň üstünde işlediler. Filmde türkmen zenanynyň feadilizmiň galyndylarynyň garşysynda alyp barýan göreşi açylyp görkezildi. Häzirki zaman gahrymanlarynyň täze döredilen obrazlarynyň üsti bilen türkmen ýaşlarynyň geljege bolan ynamy täzeçilik bilen yzarlanyldy. Filmde esasy üns merkezi ýygymçy Dursun we onuň adamsy, obanyň iň oňat ýigitleriniň biri Nuryda. Iki sany ýaş çatyjynyň arasynda närazylyk peýda bolýar. Kem-kemden Dursun oba gelin-gyzlarynyň arasynda öňe saýlanýar. Ol barada metbugatda ýazýarlar. Dürli sylaglar gowşurýarlar. Hat-da oba bagşysy tarapyndan Dursuna bagyşlanyp aýdymçy düzülýär. Dursunyň adynyň agyza düşmegini adamsy we gaýyn enesi Ogulgerek eje oňlamaýar. Olaryň düşünişine görä gelinleri hamala geçmişiň ähli urp-adatyna razy bolup diňe adamsynyň diýeni bilen bolmalymyşyn. Gelniniň edýän hereketlerinden göwni galan Nury atyny çapdyryp çöle çykýar. At ýigidiň ýeke-täk ýoldaşy bolmalydyr hasaplaýan türkmen ýigidi Nury şol ýerde öz gaýgysyny aty bilen paýlaşýar. Filmdäki bolup geçýän şu ýagdaý çuň lirizm arkaly operator B.Muratowskiý tarapynda surata düşürildi. Nurynyň obrazyny Alty Garlyýew örän ynandyryjylyk bilen döredipdir. Filmde Dursunyň obrazyny Nina Alisowa döretdi. N.Alisowa bu obrazy döredenden kän wagt geçenden soň: "Dursunyň roluny ynandyryjy edip oýnamak üçin, milli öwüşginli, Täze durmuşy öwrenmeli boldum. Şol sebäpli-de, dürli obalarda, dürli maşgalalarda ýaşadym. Şol ýerde-de örän köp Dursunlaryň durmuşyny görmeklik başartdy-diýip, ýatlapdy. "Dursun“ çeper filminde türkmen aktýorlary G.Gulmyradow, A.Durdyýew, A.Gulmämmedow, S.Garryýew dagylar hem öz ussatlyklaryny görkezdiler. Kartinanyň ýokary çeperçilik ideýasy üçin film goýujy režissýor Ý.A.Iwanow-Barkowa, aktýorlar N.Alisowa we A.Garlyýewa SSSR-iň Döwlwt baýragynyň laurýaty diýen belent at dakylypdyr. Bu waka nägehan urşuň başlanmazynyň öňisyrasy bolupdy. 3. Ýeňişe Galkyndyran Filmler ...Kyrkynjy ýyllaryň başynda ymykly ösüş ýoluna düşen "Türkmenfilmiň“ döredijilik toparynyň sosialistik jemgyýetimizi, zähmet gahrymanlaryny wasp etjek täze-täze filmleri döretmek barada uly-uly planlary bardy. Emma, 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda faşistik Germaniýa ähtiýalanlyk bilen Watanymyzyň üstüne çozandan soň, ähli sowet adamlary ýaly türkmen kinematografiýaçiýaçylary-da döredijilik planlaryny täzeçe, harby döwre laýyklykda, guramaly boldular. Watançylyk urşunyň ilkinji günlerinden syýasy agitasiýanyň kuwwatly serişdesi bolan hem-de kinosungatynyň iňňän çalt ýaýraýan görnüşi dokumental kinohroniki esasy orun berildi. "Sowet Türkmenistany“ kinožurnaly türkmen we rus dillerinde aýda iki gezek çykarylyp başlandy. Kinožurnalyň her sanynda frontdaky gahrymançylykly söweş epizodlary, zähmetkeşleriň tyldaky zähmet frontunda görkezýän watançylyk hereketleri baradaky raportlar bilen utgaşdyryldy. Şeýle möhüm wakalaryň çalasyn surata düşürilip ekranalara çykarylmagy, halk köpçüliginde çuňňur watançylyk duýgusynyň, terbiýelenmegine ýardam etdi. 1941-nji ýylyň ahyrynda "Ýeňiş biziň tarapymyzda“ atly dokumental film öňdürilip, ekranlara ýaýradyldy. Bu filmde türkmen halkynyň ähli doganlyk halklar bilen bilelikde, Komunistik partiýanyň töweregine öňküden-de mäkäm jebisleşişi Sosialistik Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi, zannyýaman duşmana bolan gahar-gazaby beýan edildi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda dokumental filmleriň merkezi studiýasy tarapyndan yzygiderli goýberilýän "Gündelik täzeliklerde“, "Soýuzkinožurnal“ atly lentalarda, türkmen kinodokumentalçylarynyň "Watanyň goranmak fonduna“ (operatory W.Lawrow), "Ýurdumyz harby hasyly ýygnaýar“ (operatory W.Lawrow), Bütinsoýuz "Pioner“ kinožurnalynda "Ilkinji keş“, "Esgere hat“ ýaly watançylyk hereketleri beýan edýän kinosýužetleriň köp sanlysy ýerleşdirildi. Türkmen kinosungatynyň wekilleri "Sowet Türkmenistany“ kinožurnalynyň ähli sanlarynda,we beýleki dokumental filmlerde "Ähli zat front üçin“ diýen watançylyk çagyryşyna laýyklykda sowet esgerleriniň frontda görkezýän gahrymançylyklary, "Polat ýaly frontuň polat ýaly tylynyň“ bolmagyna çuňňur göz ýetirýän sowet adamlarynyň tyldaky tutanýerli zähmetini, jebisligini wasp etdiler. Beýik Watançylyk urşy köp milletli Sowet halklaryny has-da ysnyşdyrdy. Ýowuz günlerdäki doganlyk has-da bekedi. Ýetim galan çagalary türkmen, özbek, gazak, gyrgyz we bekleki doganlyk halklardan bolan eneler öz enelik mähri bilen çoýdular. Zawodlardyr fabrikler duşmanyň okkupirlän ýerlerinden uzaklara göçürildi. 1941-nji ýylyň güýzünde, doganlyk Ukrainanyň territoriýasynyň bir böleginiň duşman goşunlary wagtlaýyn eýelän pursatynda häzirki Kiýew kinostudiýasy Aşgabada göçüp geldi. Türkmen halky, paýtagtymyzyň zähmetkeşleri we döredijilik intelligensiýasy meşhur kinorežissýorlar Aleksandr Dowženkony, Mark Doiskoýi, Igor Sawçenkony, W.Brauny, operatorlar, Ý.Ýekelçigi, B.Monatyrskini köp-köp ussat aktýorlary we artistlary, tekniki işgärleri mähir bilen garşyladylar. Ukrain kinomatografiýaçylary gelen ilkinji günlerinden, türkmen kärdeşleri bilen No 9 – "Söweşjeň kino oçerk“, Nikolaý Ostrowskiniň adybir romany boýunça „Polat nähili taplandy“ (režissýory Mark Donskoý), "Ukrain sähralaryndaky partizanlar“, "Ýaşlyk ýyllary“ (režissýory Igor Sawçenko) ýaly çeper filmleri döretmäge başladylar. Belli kinorežissýor Mark Donskoýyň "Älemgoşar“ atly çeper filmi diňe bir ýurdumyzda däl, dünýäniň kinoekranlarynda hem uly üstünlik gazandy. Sowet kinosungatyna şöhrat getiren bu film "Jadyly dür“ filmini ukrain kärdeşleri bilen döretdi. Şol ýyllarda bu filmem uly meşhurlyk gazanan kinolentalaryň biridir. "Türkmenfilmiň“ montažçylary Antonina Georgiýewna Makarowa, Galina Wasilýewna Trýaşenko, Nadežda Sokolowa dagylar bolsa, şol döwürde diňe bir türkmen režissýorlarynyň döreden filmlerini däl, eýsem ukrain doganlarymyzyň Aşgabatda döreden filmleriniň montaž işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Beýik Watançylyk urşy döwründe türkmen kinosungatynyň wekilleri diňe bir "Ýeňiş galkyndyrýan filmler“ döretmän, ellerine ýarag alyp Watan goragyna gitdiler. Režissýorlar: Annamuhammet Geldiýew, Hangeldi Agahanow, Ata Saryýew, kinooperator Şadurdy Annaýew, kinoaktýorlar Sähetmyrat Göklenow, Aşyr Meläýew, dokumental kinoçy A.Frolow, A.Solodnow, ses operatorlary Hojamuhammet Ataýew, Mihail Kuznesow we ýene-de birnäçe kinosungatynyň işgärleri Watanymyzy ganym duşmandan arassalamaga, Ýewropanyň ençeme halklaryny faşistik zulumdan azat etmäge gatnaşdylar. Türkmen kinosungatynyň işgärleri režissýorlar, kinooperatorlar frontda medeni hyzmat etmäge gidýän brigadalaryň hataryna goşulyp, söweşýän türkmenistanly esgerleriň arasynda bolup geldiler. Olar barada tolgundyryjy filmler döretdiler. Watanyň azatlygy ugrunda söweşdiler. Ýeňiş gazanmaklyga we öz mynasyp goşantlaryny goşan türkmen kinematografiýaçylary söweşjeň orden medallara mynasyp boldular. "Ýaponiýanyň derbi-dagyn edilmegi" atly dokumental filmi döretmäge gatnaşan aşgabatly kinooperator A.Frolow bolsa, 1945-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Aşgabatda işlän ukrain kinematografiýaçylarynyň baý tejribesi türkmen kinematografiýaçylary üçin ýeňişe galkyndyrýan filmleri döretmekde-de, uruşdan soň hem ilhalar kinoeserlerini döretmeklige ýardam eden ussatlyk mekdebi boldy. Annameret DURDYMÄMMEDOW, Gurbanmuhammet REJEBOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |