09:19 Täze modanyñ döreýşi / ýumoreska | |
TÄZE MODANYÑ DÖREÝŞI
Satiriki hekaýalar
Öten agşam pensioner goñşym Söýün aga bilen köpräk gümür-ýamyr edip oturanymyz üçinmi, nämemi, başujumda gurulgy duran jañly sagadyñ gohuna-da oýanmandyryn. Ejemiñ gyryljyk sesi misli düýşümde ýaly eşidildi. - Muña bu gün ne döw çaldy, turmak, işine gitmek hyýaly ýokmuka... Baýly... Men ýatan ýerimden lañña galdym. Sähel wagtyñ içinde çalak-çulak ýuwundym, sakgalymy syrdym, eşigimi geýdim-de, goşar sagadymyñ durýan ýerine elimi uzatdym. Elime ilen aýalymyñ boýundan asylýan altyn zynjyrlyja gülýaka sagady boldy. Dökünjiräp gözläp ýörmäge wagt ýokdy. Işiñ başlanmagyna bary-ýogy bäş-on minut galypdy. Men elem-tas bolup köçä çykdym. Köçe-de näme, özüñiz bilýäñiz, ibirt-de-zibirtlik. Men ugrajak bolup duran gözelen ýaly trolleýbusa zordan aýagymyñ burnuny ildirdim. Trolleýbusyñ ýolagçylary, näme üçindir, birden maña seredip başladylar. Göwnüme bolmasa, olar maña geñirgenişýän ýalydylar. "Gyssagarada köýnegimi çöwde geýipdirin-ow..." Men assyrynlyk bilen janymy barladym. Köýnegim-ä düzüw welin... Wah... aýalymyñ gülýaka sagady boýnumda ýalpyldap durdy. Gülkünç ýagdaýa düşenimi bilip galdym. Mundan bir çykalga tapmalydy. Hernä ýaş ýigitleriñ biri ýardam edäýdi. Ol: - Agam, sagat näçe? - diýip, ýañsylaýjy sorag berdi. Men düşünmezlige saldym. Birdenem iñlisçe bilýän ýek-tük sözlerim ýadyma düşdi. Iñlisçeläp, sorag beren ýigidiñ näme diýýändigini soradym. Ýigit-de, onuñ töweregindäkiler-de üşerilişdiler. "Daşary ýurtly eken, asyl geñem gördük-le" diýen sözler gulagyma ildi. Sorag beren ýigit indi ýañky hereketini ýuwmarlajak bolýan äheñde janygyp, sagat soraýandygyny düşündirdi. - Sagat näçe diýýän, jenap - diýip, ol boýnumdaky sagada barmagyny çommaltdy. Men gülümsirän boldum-da, gülýaka sagadyñ gapagyny açýan düwmä basdym. Gyrmyzy gaşly gapak açyldy. Men sagada ümläp, göräý diýen yşarat etdim. Ýaş ýigitleriñ ýüzünde indi ýañsydan-kinaýadan nam-nyşan ýokdy, olar gözügidijilik bilen boýnumdaky sagada seredişýärdiler. Men duralganyñ ýeterine mähetdel, gyssanmaç düşmeli boldum. Işden soñ öýe baranymda institutda okaýan uly oglyn boýny gülýaka sagatly öñümden çykdy. Men geñirgenip: - O-how, ýigit, bu boýnuñdaky näme? - diýenimde, aýalym oña derek jogap berdi. - Nämäñ bar bol-a, ýene bir täze moda döräpdir, ýoldaşlary bir daşary ýurtly turistiñ boýnunda görenmişler, deñ-duşlarynyñ bary alanmyş, biz-ä haýran. Hawa, kiçiñem boýurganyp dur. Oña-da öz sagadymy beräýeýin diýdim welin, ýer ýykyp tapyp bilemok, edil guýa gaçan ýaly... Men jübimden sagady çykardym. Kem keýp bolup duran kiçi oglum ony garbap aldy. Dakyndy. Edil aýlawda aty çykan ýaly ýyrş-ýyrş etdi. Şeýlelik bilen, men täze modanyñ "döremegine" sebäp boldum. Gurbanmuhammet REJEBOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |