11:44 "Wah, şeýlemidi..." / ýumoreska | |
"WAH, ŞEÝLEMIDI..."
Satiriki hekaýalar
Baýra dyrmaşyp ugran gölegçileriñ Oraz ikimizem orta gürpünden barýardyk. Şol pursatda bölüm müdirimiz misli gökden düşen ýaly gapdalymyzda häzir boldy. Ol: - Näme, iliñ yzynda aýagyñyzy süýreşip gelýäñiz, kömek etmeli ahyry - diýdi-de, ýüzümize hyrsyz garap, öñe okdurylyp gitdi. Badyna-da tabydyñ bir tarapyny göterip barýan deşli ýigidiñ eline ýapyşdy. Ýapy ýokary ýol, agyr tabyt labyr atyp, müdiriñ çepiksije göwresini ýegşerdýärdi, çaýşanaklaýan aýaklary bu zähmetiñ oña juda agyr degýänini has-da äşgär görkezýärdi. Öz medicine dözmedimi ýa-da merhumyñ öñündäki iñ soñky adamkärçilik borjuny berjaý etmekçi boldymy, garaz. Oraz öñden barýanlaryñ yzyndan ýetdi-de: - Ora Sapaýewiç, indi gezegi maña beräýiñ! - diýip, müdire ýüzlendi. Ora Sapaýewiç ýegşerip barşyna tutuk sesi bilen: - Özüm... - diýdi. Şondan soñ Oraz yzdakylaryñ birini çalşyp, soñ gezegi ýene birine berdi-de, meniñ bilen gapdallaşyp, ýöräp başlady. - Bu neneñsi geñ hadysa boldy-how. Ora Sapaýewiç beýle ýagdaýda öz ilen-çalanlaryna-da "ýüregim bolanok" bahanasy bilen görünýän jemende däldi-le? - diýip, Oraz geñirgendi. - Şuña menem haýran?! Merhum jaýlanýarka-da Ora Sapaýewiç ähli işe özi ýetjek bolup pelesañ urýardy, şol bir wagtda hem assyrynlyk bilen töweregine garanjaklaýardy. Ol ahyry nämüçindir ynjalman, ýene ýanymyza geldi-de: - Näme üçin Geldi Meredowiçiñ özi görnenokka? - diýdi. - Ol haýsy Geldi Meredowiç? Orazyñ garşylyklaýyn beren sowalyna müdiriñ girre gaharynyñ gelendigini hyrsyz jiñkerýän gözjagazlar habar berýärdiler. - Näme, indi direktoryñ adynam unudaýdyñmy? - Weý, ol bu ýere nädip gelsin, onuñ öz gaýyn atasy aradan çykypdyr-a - diýip, men Oraza Derek jogap berdim. - Ä, bu kim?.. - Bu bir wagt edaramyzda garawulçylyk edip, şondan pensiýä giden Mele aga, bende... Men sözümi tamamlamankam... - Wah, şeýlemidi, asyl - diýip, ol ahmyr bilen başyny ýaýkady-da, hasanaklap, märekeden saýlandy. Gurbanmuhammet REJEBOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |