- Ýeri, onsoñ Gurbyñ ýagdaýy neneñ?
- Gurbyñ ýagdaýy, "edil çaga pişigiñ güni ýaly" diýleni-dä.
- Bäh... bolawersin. Ol onsoñ bu günler näme iş edýär?
- Eşider bolsañ, ol bu günler öz ýazan senarisi boýunça öz daçasynda köp serially çeper filmi surata düşürýär. Baş gahrymanlaryñ rolunda özi bilen aýaly, ogly bilen gyzy, rollarda agtyklary gaýyn enesi, epizodlarda öz garyndaşlary, öz ilen-çalanlary...
- Gaýyn atasyna zat ýetmändir-ow?
- O näme üçin? Ol kartinanyñ direktory. Filmiñ sazyny, aýdymlaryñ sözlerinem özi ýazdy. Aýdymlarynam özi aýtdy...
- Bäh, ol film çykandan soñ, oña diñe özlerem tomaşa ederler-ow, hä?!.
- ?..