20:05 Seýitnazar Seýdi | |
SEÝITNAZAR SEÝDI Seýitnazar Seýdi, takmynan 1760-njy ýylda (öňki maglumatlara görä 1775-nji ýylda) Lebap welaýatynyň häzirki Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda eneden dogulýar. ■ DÖREDIJILIGI Seýitnazar Seýdi kalbyndan joşup çykan ylhamyny halkyna bagyş eden şahyrdyr. Onuň döredijiligi ýaşan döwrüniň, at üstünde geçiren pursatlarynyň wakalary bilen sazlaşyp gidýär. Şahyryň döredijiliginde watançylyk, harby-gahrymançylyk, durmuşy, dostluk-agzybirlik temalary uly orun tutýar. ● Watançylyk, harby-gahrymançylyk temasy Daşary duşmanlara garşy göreşler Seýitnazar Seýdini taplaýar. ol ata çykyp, duşmana garşy göreşmek bilen birlikde, halky duşmana garşy aýaga galdyrmak, olaryň göwnüni götermek üçin eline galam alan şahyrdyr. Watanyň, il-günüň namysy diýip urýan şahyr kalbyndan syzylyp çykýan setirler munuň aýdyň şaýadydyr. Şahyr bu temada “Dönmenem, begler”, “Görülsin indi”, “Baraýlyň”, “Goçaklar”, “Çykyp gideliň”, “Ärsarynyň ýigitleri” ýaly goşgularyny döredipdir. Öz watanynyň tebigatyny jany-teni bilen söýen şahyr oňa bolan çäksiz söýgüsini “Sen çölüň” goşgusynda beripdir. Seýitnazar Seýdiniň “Bedew” atly goşgusy-da watançylyk, harby-gahrymançylyk temada ýazylan goşgularynyň ruhy bilen sepleşip gidýär. ● Söýgi temasy Seýitnazar Seýdiniň bu temada ýazan goşgularynyň gymmaty onuň gelin-gyzlaryň edep-ekramyny, ajaýyp gylyk-häsiýetlerini wasp edenligindedir. Bu temada şahyryň “Gel, Arzygül, görüşeli”, “Ahy-zar olar”, “Eý, ýary-Horezmi” ýaly birnäçe goşgulary bar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |