SET PARA BEÝLE
Dünýä üçin adamzat, bolduñ awara beýle,
Beýik ýerden ýykylgan, bolar set para beýle,
Munda pynhan işleriñ, anda äşgäre beýle,
Bu döwür, bu zamana döndi küffara beýle,
Dinden çykyp, reft edip, özi ahwara beýle.
Bu dünýäniñ öterin bilmez diýsem, bilerler,
Magrur bolup dünýäge oýnaýyrlar, gülerler,
Şerigatny taşlaýyp, şerge gulak salarlar,
Ukba işin unutyp, munda bet iş kylarlar,
Haram iýip, gürleşip, dönerler şire beýle.
Säher oýgan eý gapyl, ýat et, Huda birle bol,
Başyñ satyp, dünýäde garyp-misgin köñlün al,
Tirikler murda boldy, ölenlerden ybrat al,
Ten idiñ toprak bolduñ, gabrystana nazar sal,
Ynanmagyn saglyga, hasta bimara beýle.
Dünýä iki gapyly ajap kerwen saraýdyr,
Giren geçip eglenmeý ýük ýazdyryp baraýdyr,
Düşer düýpsüz girdaba her kim mundan haraýdyr,
Tañla seniñ halyñy magşar halky göreýdir,
Anda halyñ waý bile salsalar nara beýle.
Baýlar bilen baş goşup, pakyrdan öwürip ýüz,
Otursañ pikriñ-zikriñ juwan bile gelin-gyz,
Göz kakyp, el uzadyp, nämähreme salyp ýüz,
Tañla jowap sorsalar, lal bolur dil, bolmaz söz,
Urar otly gürzüsin (sen) günäkäre beýle.
Bir gün ajal okuny nyşan edip goýarlar,
Egsükleriñ eñreşip, gara saçyn ýaýarlar,
Düşegiñde bir sagat hemra bolsun diýerler,
Halal-haram malyñy paýlaşarlar, iýerler,
Köpen donuña çolap, salarlar göre, beýle.
Seýdi diýer, jesetden şirin jany alsalar,
Dolap üç sagat köpenni dar lahatga salsalar,
Sowal üçin jan berip, Müñkür-Nekir gelseler,
Tap getirmez dowzaha, eziz jismim salsalar,
Her ne kylsa erki bar, bende biçäre beýle.
Seýitnazar SEÝDI.
Goşgular