08:18 Şeýtan Watikan diwarlarynyñ öz içinde... | |
ŞEÝTAN WATIKAN DIWARLARYNYÑ ÖZ IÇINDE...
Jemgyýetçilik tankydy
Hiç bir zat biziñ gözümiziñ görýän we gulagymyzyñ eşidýän zatlary ýaly däl. Her bize mälim bolan zadyñ añyrsynda hökman başga-başga hakykatlar gizlenip ýatyr. Şonuñ ýaly-da hiç zat tötanleýin bolanok. Hemme zat biri-birine baglanyşykly. Türkmen aganyñ "Bendäm bendäme sebäp..." diýen aýtgysynda aýdyşy ýaly, dünýä döräli bäri, wakalar wakalara sepleşip we wakalar başga-başga wakalary doguryp gidip otyr... Dünýä taryhynyñ dowamynda taryhy öz ideýasyna görä ýoýmak we wagyz etmek, öz taglymatyndan başga taglymatlary duşman diýip yglan etmek SSSR döwründäki ýaly güýçli bolmady. Dünýäni sosialistik dünýä we kapitalistik dünýä diýip iki bölege bölüp paýlaşan kommunist zannyýamanlar we kapitalist ýalmawuzlar aldym-berdimli konkurensiýa girdiler. Ikinji jahan urşundan soñ özleri gönüden-göni garpyşmasalar-da, hersi bir halkyñ ýa-da haýsydyr bir döwletiñ häkimiýetiniñ arkasynda duran bolup, ejiz halklary biri-birine küşgürmek arkaly güýç synanyşdylar. Netijede XX asyryñ aýagyna gelinde, binýady owaldan çüýrük tutulan sosialistik sistema gumbaýrakdan ýasalan ýaly dargamaga ýüz urdy. Şeýdibem, süññi açgözlüge, kişi hakyny iýmeklige we mekirlige ýugrulan kapitalist maýadarlaryñ amansyz duşmany bolan kommunist pitneçiler taryhyñ çañlaryna garyldy. "Sowuk uruş" gutardy diýdiler. Emma has beter aýazly we şatlama sowuk garpyşyklar welin indi başlanýardy. Özüne güýçli garşydaş tapynmagyñ we ol garşydaşa garşy başga-başga ýaranlary ulanmagyñ hasabyna baýamakdan lezzet alýan başga zady bilmeýän kapitalistler bu gezegem "duşman" ýasandy. Bu gezekki duşman has ýowuz we has hyýrsyz boldy. "Duşman" näçe güýçli bolsa, olaryñ kisesine akýan pullaram şonça köp bolýar. Şonuñ üçin olaryñ bu gezekki girdejileri çen-çak ederden güýçli boldy. Bu "duşman" kim? Yslam! Hawa, öte eşdenzok. Yslam. Kapitalistik dünýäniñ häzirki döwürdäki iñ ýowuz duşmany yslamdyr, diñe yslam däl - ähli dinlerdir. Kapitalistleriñ dini-imany pul. Olar hiç bir dine ynanmaýar... Aslynda kapitalizmiñ yslama bolan hylty has öñräklerden başlady. Ähli musulmanlaryñ dogandygyny, deñligi, adalaty, hoşniýetliligi, goñşyñ aç ýatanda dok ýatmazlygy ündeýän bu diniñ kişi hakyny iýmekligi, halkyñ baýlygynyñ belli- belli az sanly toparlaryñ arasynda jemlenmegini gadagan edýändigi baradaky ideýalary kapitalizme hoş ýakmadyk bolarly. Sebäbi bu asylly ideýalar onuñ ganyna-damaryna ters. Megerem, kapitalistik dünýä sosializmiñ haýal etmän soñuna çykjagyny eýýäm geçen asyryñ 70-80-nji ýyllarynda añan bolmaly. Hut şol wagtlardanam yslamyñ aýagynyñ aşagy gazylyp başlanypdy. Ýeri gelende aýtsak, yslam fundamentalistleri we ekstremistleri şol wagtlar kapitalist maýadarlaryñ iñ ynamly ýaranlarydy. Has dogrusy aýakçylarydy. Watany azat etmek bahanasy bilen Owganystanda sowet goşunyna garşy gandöküşikli uruşlarda taplanan yslamçylaryñ hut öz eli bilen yslamyñ köküne palta saldylar. Bu günki dini baýdak edinýän ganojak yslamçy terroristleriñ ählisiniñ düýbi şol wagtky jihadistlerdir, mujahitlerdir we ýene-ýenelerdir. Dünýäniñ başyna musallat bolup inen Bin Laden hem hut şol ýyllarda amerikanlaryñ iñ söýgüli ýaranlarydy. Bu gün öz hereketlendiren terrorizm maşynynyñ haçanam bolsa bir gün öz başyna musallat bolup injegini duýmaýan (ýa-da duýsa-da owarrama urýan) global maýadarlar we kapitalistler barada näme üçin söz açdym. Aslynda bu gerekmi beri? Hudaýa şükür, gül ýaly asuda döwletimiz bar, ilimiz abat, ýurdumyz parahat. Ylaýym, şeýle-de bolsun. Bu asuda döwleti Allanyñ ýardamy bilen asudalykda saklaýan döwlet ýolbaşçylarymyzyñ, Milli Liderimiziñ janynyñ saglygyny, başynyñ dikligini diläp, azat we erkin ýurtda okap, işläp, gurup we döredip ýaşamak her bir türkmene, galyberse-de her bir türkmenistanla nesip etsin. Ýöne dünýäde öñ bolup geçen we bolup geçýän zatlary bilmek welin gerek. Döwür bizden giñ düşünjeliligi talap edýär. Gelejek bolsa bizden köptaraply ylymlylygy talap edýär. Döwür we dünýäniñ häzirki syýasy, ykdysady we medeni ýagdaýy "sen o welaýatdan", "sen bu tireden.." diýen ýaly yzagalak pikirlerde gezmegiñ halky yzagaýdyşlyklardan başga zada äkitmejekdigini añryýany bilen görkeze-görkeze gelýär. Çykalga nämede? Çykalga - diñe ylmyñ ähli pudaklaryny ösdürmekde. Ýakynda Hormatly Prezidentimiziñ Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ täze ýolbaşçysyny belläp, akademiýanyñ alymlar kollektiwiniñ öñünde goýan wezipeleri we bildiren talaplary hem hut şu aýdylanlardan gelip çykýar. Geçmiş taryhymyzyñ ähli döwürleri gylyja we at-ýaraga daýanylýan döwürler boldy. Adalaty gylyjyñ güýji bilen dünýäniñ dürli künjeginde berkarar etmegi başaran türkmen bu gün ylymda ýeten derejesi bilen dünýäni haýrana goýmagy başarmalydyr. Şu ýerde bir zady belläp geçmek gerek. Gynansakda, aramyzda ýek-tük bolsa-da, aýdylan sözden ters many gözlemäge we şol aýdylan sözüñ eýesini aýdýan zatlary bilen aýyplamaga synanyşýan hetdini bilmezler sataşýar. Bu nadanlykdan başga zat däl bolsa gerek. Mysal üçin, men häzir halkymyzyñ belli bir böleginiñ yslamdan öñki dini bolan zoroastrizmiñ kitaby bolan "Awestany" elimde saklap ýa-da okap durandygymy görseler, onam şol nadanlaryñ käbiri gören bolsa, onda-munda "pylany otparazlyga ynanýar" ýa-da "pylany otparazlygy wagyz edýär" diýip gep-gybat ýaýratjagyny anyk bilýän. Emma ol nadan bilenok "Awestada" halkymyzyñ ata-babalary bolan saklar, massagetler, margianalylar, dahlar, sogdylar, baktriýalylar, horezmliler barada hiç ýerden tapyp bolmajak gymmatly maglumatlaryñ bardygyny... Ynha, ylymsyzlygyñ alyp barjak ýekeje kiçijik mysaly... Şu ýerde ýene bir zada ünsüñizi çekmek isleýärin. Napoleon Bonapart Müsüri basyp alanda, öz ýany bilen onlarça taryhçy alymlary getirýär. Netijede hut Napoleonyñ tagallasy bilen ýegiptologiýa (müsürşynaslyk, müsür taryhyny öwreniş) ylmynyñ düýbi tutulýar. Müsüriñ gadymy taryhyna degişli bahasyna ýetip bolmajak tomlap-tomlap kitaplar ýazylýar. Fransuzlaryñ yzy bilenem nemes, iñlis we rus alymlary sürülenişip musulman ýurtlaryna eñdiler. Gündogaryñ gadymy taryhyny öwreniş diñe Müsüri öwrenmek bilen çäklenmedi, Wawilon, Assiriýa, Hettler, Urartu, Midiýa, Elam, Ahameniler, Sasanylar, Parfiýa, Gadymy Hindistan we Hytaý medeniýetleri ilik-düwme öwrenildi. Näme üçin, Napoleon we Ýewropa döwletleriniñ beýleki hökümdarlary taryhyñ muşdagymydy? Elbetde, ýok. Ýewropaly basybalyjylar basyp aljak ýurtlarynyñ taryhyny, medeniýetini öwrenmekligi özlerine hökmany borç hasaplaýardylar, häzirem şeýle. Özüñiz bir zada üns berip görüñ: biz islendik gündogar halklarynyñ taryhyna ýüzlenenimizde, ilkinji nobatda ýewropaly we rus alymlaryñ ylmy işlerine salgylanmaly bolýarys. Diýmek Günbatarda gündogarşynaslyk diýen ylym bar. Emma, nämüçindir musulman halklaryñ hiç birinde günbatary öwrenýän merkezler ýok, Näme üçin Gündogarda "günbatarşynaslyk" ýok? Dogry, Garaşsyzlygymyzy alan ýyllarymyzda Aşgabatda "Amerikany öwreniş" merkezi bardy we ol merkeziñ Amerika we onuñ taryhyna degişli gymmatly ylmy işleri ýurdumyzyñ gazetlerinde çap edilip durulýardy. Belki, ol merkez häzirem işleýändir. Gynansakda, häzir bu barada bilýän zadymyz ýok. Günbatarlylaryñ öz aýdyşy ýaly, "Gündogar - çeýe iş". Gündogar öz bagynda ýetişýän miwesini özi ýygnasa gowy. Şol sanda Günbatar bagynda hem näme ýetişýändigini, olarda ýetişýän del miweleriñ haýsysynyñ bize zyýanlydygyny we haýsysynyñ peýdalydygyny jikme-jik bilmäge borçludyrys. Eger olaryñ dünýä halklaryna iýdirmäge çalyşýan miwelerini seljerip bilsek, onda dünýäde bolup geçýän her bir wakanyñ obýektiw we subýektiw ýagdaýlaryna dogry analiz berip bileris. Şeýlelikde keseden gelip biziñ agzymyzy alartmaga hiç kimiñ güýji ýetmez. Bu aýdanlaryma geçen asyryñ 80-nji ýyllarynda bolan bir hadysany mysal getirjek. Belki-de, bu ýokarda söz açan zatlarym barada sizde dörejek sowallara mañzyña batýan jogap bolsa gerek. ♣ Şeýtan Watikanyñ öz içinde... Rim papasynyñ janyna kast etmäge synanyşan hakyna tutma türk terroristi Mehmet Aly Bagja üstünden onlarça ýyl geçenden soñra Italýanyñ "La Republica" gazetine şeýle interwýu berdi: "Poplaryñ we kardinallaryñ hemaýaty bolmazdan Rim papasyna kast edişligi gurap bilmezdim!.." M.A.Bagja Türkiýäniñ Maltepe türmesinde italýan žurnalistine bereb reportažynda şeýle diýdi: "Şeýtan Watikanyñ öz içinde. Papanyñ janyna kast edilmegine Watikanyñ özü-de jogapkärdir..." ♣ Bir özüm etdim... Agja şeýle diýdi: "Tañrynyñ karary bolan bu kast edişlikde gizlin gulluklaryñ eli ýok. Hiç kim bilenokdy. Käbir watikanly ketdeler meniñ täze Mesihdigime ynanýardy". Agja italýan metbugatyna "Papanyñ garşysyna dildüwüşlikde özüne Watikanyñ kömek edendigini" aýdýar. Şol döwürdäki sud prosesini alyp baran Priore hem: "Watikan derñew prosesi boýunça bildirilen talapnamalaryñ hemmesine başdan sowma jogap beripdi" diýdi. M.A.Bagja Papanyñ keseliniñ beterleşýändigi we italýan parlamentiniñ "Gizlin gulluklar Mitrokin komissiýasynyñ" dildüwşik boýunça sorag işlerine başlan wagtynda gaýtadan Italiýanyñ üns merkezine düşdi. Geçenlerde Şagal Karlosyñ jenaýatçylykly toparynda bolgar agentler tarapyndan taýýarlanandygy aýdylýan Agja özi hakyndaky aýyplamalary "La Republica" gazetine beren interwýusynda ýalana çykardy we ilkinji gezek şular ýaly aç-açan görnüşde Watikanyñ öz garşysyna görkezme berdi. ♣ "Watikan kömek etdi" M.A.Agja şeýle diýdi: "13.05.1981-nji ýylda entek adam oglunyñ bu dildüwşikden habary ýokdy. Käbir poplaryñ we kardinallaryñ hemaýaty bolmazdan kast edilşigi amala aşyryp bilmezdim. Şeýtan ol diwarlaryñ içinde. Meniñ eden işimi Tañrynyñ özi makullady. Rebibbia türmesinde geçiren duşuşygymda kast edilşigiñ Tañrynyñ yşaratydygyny aýdypdym. Men Papany gowy görýärdim we oña hormat goýýardym. Segseninji ýyllarda Watikanda käbir adamlar meniñ Mesihdigime ynanýardy we erkinlige goýberilmegim üçin Emanuela Orlandä garşy intriga oýlap tapdylar. Eger ýalandan dinimi üýtgedensirän bolsadym, 1983-nji ýylda meni boşatjakdylar. Meni ýa-ha Orlandi bilen çalyşjaklardy, ýa-da Prezident tarapyndan günäm geçiljekdi. Olar meniñ hristianlyga geçmegimi isleýärdiler..." Açylmadyk pynhan syrlaryny häli-häzire çenli gorap gelýän "Agja jenaýatynyñ" täzeden üns merkezine oturdylmagy üçin dildüwşik bilen baglanyşykly sud prosesine gatnaşan hukukçylar bilen duşuşdyk. Prosesiñ kazylaryndan Rosario Priore: "Komissiýadaky Karlos we onuñ topary bolan "Separat" bilen baglanyşykly maglumatlarda täze deliller ýüze çykdy. Bu delilleriñ öwrenilmegi gerek" diýdi. Priore özüniñem Agjanyñ işine seredilýärkä Eýranda bolan döwrüniñ uzak wagtlap derñelendigini aýtmak bilen birlikde, geçiren seljermeleriniñ bir ujunyñ Moskwa çenli uzaýandygyny aýdýar. ♣ "Sorag etmäge rugsat bermediler" Agjanyñ Papanyñ janyna kast etmeginde "Bu juda çökder aýyplama" diýip, käbir poplary we kardinallary aýyplamak bilen bilen birlikde, özüniñem geçmişde Watikan bilen hyzmatdaşlyk etmeginden gaçmagynyñ ýakynlygyny ýatlatdy. Priore Papanyñ garşysyna edilen jenaýaty derñeýärkä, Watikana soraga getirilmegini talap edip birnäçe güwäleri talap edendigini, emma watikanly emeldarlaryñ bu talapnamalara başdansowma jogap berendiklerini aýtdy. Priore: "Agja gaty köp zat barada görkezme berdi. Emma ol soñ bu görkezmelerinden dändi" diýdi. Ol Rim prokuraturasynyñam bu jenaýat boýunça täzeden iş açmagynyñ mümkindigini, açyljak bu işiñ "täze bolgar delilnamalaryna" esaslandyrylmagynyñ gaty ahmaldygyny öñe sürdi. Şeýle hem Papanyñ garşysyna edilen jenaýat işi boýunça derñew işlerine gatnaşandygy bilen tanalýan Ferdiando Imposimato hem "Rim prokuraturasynyñ bu boýunça gizlin derñewiniñ başlaýmagynyñ mümkindigini" aýtdy. Agja italýan parlamentindäki komissiýanyñ başlygy Paolo Guzzantiniñ garşysyna agyr aýyplamalardan doly hat ýazdy. Ol hatda şeýle diýdi: "Jenap Guzzanti, meni hakyna tutma ganhor hökmünde aýyplamakdan utanmalysyñyz. Aly Agja hakyky rewolýusionerdir. Men edil Çe Gewara ýaly diñe adamzadyñ bähbidi üçin özümi oda urdum. Men häzirem hemmelere çörek we iş kepillendiren sosializme ynanýaryn. Men ne-hä italýan prokurorlaryna, ne-de Mitrokin komissiýasyna görkezme bererin. Boşadylamda Orlandini-de erkinlige goýbertdirerin. Orlandi Günbataryñ bir ýurdunda añrybaş lýuks willada ýaşaýar. Emma ol maşgalasyna gowuşmak üçin Watikana dolanmak isleýär. Senden Watikanyñ hem jogabyny öz içine alýan hata garaşýaryn..." Italýan metbugaty ýakynda beren habarlarynda Agja we onuñ jenaýatyna degişli maglumatlaruñ "bolgar kontrrazwedkasynyñ möhürlenen otaglarynyñ birinde" saklanylýandygy ýazdy. Bu maglumatlarda jenaýatyñ amala aşyrylmagyny KGB-niñ berendigini, Şagal Karlosyñ nökerleriniñ Agjany Eýranda taýýarlandygyny, bolgar konrrazwedkasynyñ bolsa, aradagezerlik edendigini öñe sürýär".[1] _______________________________ [1] M.A.Agja barada makalada aýdylanlar Türkiýäniñ "Sabah" gazetine salgylanyldy. @Kitapçy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |