15:38 Sibirli Isa Mesih! | |
SIBIRLI ISA MESIH!
Geň-taňsy wakalar
Eýýäm 1994-nji ýyldan bäri Sibiriñ çola etraplarynyñ birinde ýaşaýan 58 ýaşly Sergeý Torop atly biri haça çüýleneninden iki müñ ýyl geçenden soñra, (oña ynananlaryñ pikiriçe) täzeden dünýä inen "Isa Mesih" hasaplanýar. Özüni Wissarion (wissioner, ýagny "gelejegi öñünden görýän weli") diýip atlandyran Torop goñşy posýoloklardan hem üýşen tarapdarlarynyñ öñünde Petropawlowskda wagyzlar bilen çykyş edýär. Ony höwes bilen diñlemäge gelýän adamlaryñ içinde dürli kärdäki intellektual adamlar bar. Hatda soñky iki ýylyñ dowamynda Russiýanyñ beýleki uly şäherlerinden, öñki Soýuz respublikalaryndan, Ýewropa ýurtlaryndan ony diñlemäge gelýänleriñ sany barha artýar. Sungat işgärlerinden, artistlerden, dürli professional hünärde zähmet çekýän tanymal kişilerden jemlenen bäş müñden gowrak adamyñ ynanýan «Церковь последнего завета» sektasynyñ (täsin ýeri ol esaslandyran sektasyny 2000-nji ýylyñ dekabrynda Russiýa Federasiýasynyñ Adalat ministrligine hasaba aldyrmagy-da başardy -H.T.) ruhany ýolbaşçysyna öwrülen Toropyñ o diýen bir öwerlik, ýüze tutarlyk terjimehaly-da ýok. Birinji aýalyndan aýrylyşyp, ýaşajyk gyza öýlenen Sergeý Torop goşunyñ hataryndan çykarylandan soñ Sibiriñ Minusinsk diýen çaklañja posýologynda polisiýa edarasyna işe girdi. Baran ýerinde aýagy ýer tutmaýan Torop polisiýada-da işläp hezil bermedi. Kän wagt geçmänkä işden çykarylan Torop şol wagtlar özünde birdenkä ylahy güýjüñ oýanandygyny duýandygy barada her kese mälim etdi. Ol munuñ bilenem çäklenmedi. Sergeý Torop duýdansyz dörän ylahy güýç arkaly özüniñ adamzada gaýtadan parahatçylygy we asudalygy getirjek Isa Mesihdigine göz ýetirendigini öñe sürdi. Hamala, Hudaý ony ýer ýüzüne, adamzada uruşyñ elhençliklerini we tebigata ýetirilýän zyýany görkezmek üçin ýörite ugradanmyş. Adamzadyñ biri-birini äjit-mäjit bolup gemrip başlandygy, tebigata öwezini dolup bolmajak zyýanlaryñ ýetirilýändigi we munuñ netijesinde Ýer togalagynyñ klimatynyñ tanalmaz derejede üýtgeýändigi (gurakçylyklar, buzlaryñ eremegi, tsunamiler, suw joşgunlary, tokaý ýangynlary, pasyllaryñ üýtgemegi, käbir ösümlikleriñ we haýwanlaryñ ýitip-ýok bolup gitmegi we ş.m..) hakykat. Muny Sergeý Toropsyzam hemmeler bilýär. Oña mundan beýläk amal edip etmezligem adamzadyñ öz ynsabyna galdy. Ýöne Sergeý Toropyñ Hudaýtarapyn iberilip iberilmändigi we onuñ "Mesihligi" jedelliligine galýar. Pygamberlik missiýasyny egnine almakdan birjik-de müýnürgemeýän Toropyñ hütdüjek agaç jaýlarda ýaşaýan müritleri (şägirtleri) günde birnäçe gezek kakylýan buthana jañlarynyñ sesini eşden batlaryna edip oturan işlerini-de goýup gelýärler we "Mesihleriniñ" öñünde dyza çöküp doga etmäge başlaýarlar. Kartalarda hem görkezilmedik kiçijik çola obanyñ ýaşaýjylarynyñ birentegi agaç jaýlarda ýaşaýar. Toropyñ müñlerçe tarapdary Sibiriñ añzakly gyşyny "Mesihlerine" ýakyn ýerde geçirmek üçin Petropawlowskiniñ golaý-goltumlaryna göçýär. Toropyñ müritleri barypýatan wegetarian. Bir gowy zady olar çilimdir spirtli içgilerdenem daşda. Täze "Mesihiñ" bir üstünlikli artykmaçlygyna göz ýumup geçmek adalatsyzlyk bolardy: Hristian dininiñ iñ esasy baýramçylyklaryny (Pasha, Roždestwo we ş.m.), hatda hossarlarynyñ patasyny-da spirtli içgiler bilen sowýan prawoslaw ruslary bular ýaly görnüşde terbiýeläp, spirtli içgilerden daşlaşdyryp biljek adam çykar diýilse hiç kim ynanmazdy. Muña Toropyñ öwgä mynasyp işi diýse bolar. Emma obanyñ golaýyndaky dagda günde üç gezek jañ kakylanda toropçylaryñ edip oturan işlerini taşlap gelip, onuñ öñünde dyza çöküp doga okaýyşlaryny göreniñde welin, özüni "Isa Mesih" yglan eden adamyñ kimdigine we düýp maksadyna düşünmek kyn... # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||