09:12 Şiraly Nurmyradow | |
ŞIRALY NURMYRADOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Belli türkmen şahyry, Halkara Kurt Tuholsky baýragynyň we Halkara PenKlub baýraklarynyň eýesi Şiraly Nurmyrat 1945-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Bäherden etrabynyň Börme obasynda dünýä inipdi. Şol ýerde orta mekdebi gutardy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girdi. Onuň 3-nji kursundan harby gulluga gitdi hem gullakdan gelensoň, dürli sebäplere görä uniwersitetdäki okuwyny dowam etdirip bilmedi. Ara wagt salyp, Moskwanyň Edebiýat institutyny gaýybana okap gutardy. Ol studentlik ýyllaryndan döredijilik işine başlady. Metbugatda onuň goşgulary hem käbir hekaýasy çap boldy. Ol turywbaşdan köpçüligiň gözüne ildi hem hatda has ýiti täzelik gözleýändigi üçin, Berdi Kerbabaýewiň resmi tankydyna-da duçar bolupdy. Türkmenistanda dürli redaksiýalarda işledi, teatrlarda edebiýat bölüminiň müdiri boldy. Ýurtda aýdyňlyk döwrüniň başlanmagy bilen döwlet resmileri barada açyk sözüni aýdyp başlady. Bu ýurduň baştutanyna, aýratyn-da S.Nyýazowa ýaramady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda alymlar topary hem intelligensiýa wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, ýurduň döwlet ýolbaşçysy Şiraly Nurmyrady görkezip, “Men seni türmä basdyraryn” diýdi. Diýşi ýaly-da ony türmä basdylar. SSSR-iň dargamagy bilen Orsyýet türmesinden çykan Şiraly ýurda dolanyp bilmedi. Ömrüniň galan bölegini Orsyýetde hem Şwesiýada geçirdi. Onuň “Gün bize geňeşmän dogýar” atly liriki powesti, “Gurtmy – tilki” dramasy, Nobatguly Rejebow bilen bilelikde ýazan “Bally molla” komediýasy halk arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Aýratyn-da, ukypsyz döwlet ýolbaşçylary barada ýazan epigrammalary aýratyn meşhurlyga ýetdi. Ony resmi däl ýagdaýda magnit lentasy arkaly ýazgy edip, elden-ele göçürlip köpçülige ýaýradypdylar. Ol goşgulary S.Nyýazowyň özi hem diňläpdir diýen gürrüňler ýaýrady. Öz ýurduny hem il-gününi jany-teni bilen söýen şahyr hiç wagtda Watan aladasyndan özüni çetde tutmady. Ol Şwesiýada ýaşan döwründe hem esasan Watan barada eserler ýazdy. Şiraly Nurmyradow 71 ýaşynyň içinde, 2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Stokgolmda aradan çykdy. Watanyna aşyk şahyr ene topraga ýetmän dünýäden ötdi. * * * Dag başynda mesgen tutan bürgüdi Düşurip, düz ýerden ýöredip bolmaz. Bir içerä wepa bermedik äri Il-günüň derdine ýaradyp bolmaz. Bir äre dodagyn çöwren zenany Ikinjiň agzyna garadyp bolmaz. Ýeke sözden buza dönen ýüregi Gaýdyp müň söz bilen eredip bolmaz. Adamyň ykbaly Gün ýaly bir zat — Gözüň gamaşdyrar, seredip bolmaz. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |