00:46 Rus genisiniň aladalary we şatlygy | |
RUS GENISINIÑ ALADALARY WE ŞATLYGY
Edebi makalalar
• Gökdepe galasynyň synmagynyň 130 ýyllygyna «Gökdepe alyndy, tekeler derbi-dagyn edildi, entek ählisi boýun egmedigem bolsa, biziň ýeňşimiz şübhesizdir. Jemgyýet we metbugat şowhun edýärler. Mundan öňräk bolsa jemgyýetde hem-de metbugatda bu işe örän parhsyz seredipdiler. Aýartynam general Lomakiniň şowsuzlygyndan soň hem-de ikinji hüjüme taýýarlanylýan wagtlarda: “Aslynda ol ýer biziň nämämize gerek, ol Aziýada biziň näme işimiz bar, özümizde açlyk, difterit bar wagtynda mekdepler ýok we gaýrylar” diýlipdi. Hawa, şeýle pikirler ýaýradylýardy, biz bolsa olary diňleýärdik. Eýsem hemmeler şeýle pikirdemidiler – ýok, ýok – ýöne nähilem bolsa düşünmek gerek. Biziň Aziýa hüjüm ediji syýasatymyza soňky döwürde gaty köpler ýakymsyz garaýyşda boldular.» Bu setirler dünýä belli rus ýazyjysy F.M.Dostoýewsikiniň galamyna degişli. Ol ýazyjynyň 1984-nji ýylda Moskwada çapdan çykan doly eserler toplumynyň 27-nji tomunyň 32-nji sahypasyndan alyndy. Onuň ýazylanyna laýyk 130 ýyl boldy. Bu ýazyjynyň Gökdepe galasynda gazanyljak ýeňşe uzak garaşan bolmagy mümkin. Iň bolmanda, beýle islegiň 1879-njy ýylyň awgustyndan soň has güýçlenendigini aýdyp bolar. Sebäbi şol ýylyň 28-nji awgustynda general Lomakiniň ýolbaşçylygyndaky goşun ahal tekeleriniň berkitme galasy Gökdepede ýeňlişe sezewar bolupdy. Olar örän sada ýaraglanan hem regulýar goşuny bolmadyk tekelerden ýeňildiler hem yza gaçdylar. Ruslaryň “ýeňilmez goşuny” baradaky şowhun ýalana çykypdy. Günbatar, aýratyn-da Angliýa, Russiýanyň üstünden gülüpdi. Bu ýagdaý öz milletini aşa söýýän F.M.Dostoýewskä gaty agyr täsir eden bolsa gerek. Aradan iki ýyl geçenden soň, ýazyjynyň şol arzuwy hasyl boldy. Rus gylyjy Aziýada adam maslygyndan depeler döretdi. Muňa çäksiz şatlanan ýazyjy öz ýurdunyň talaňçylygynyň hem basybaljylygynyň Russiýanyň geljegi üçin iňňän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýdýardy. «Skobelewiň ýeňşi bilen tutuş Aziýanyň iň çet künjeklerine çenli: “Ine, ýene bir, hamana, gazaply hem boýunegmezek dindar halk ak patyşa boýun boldy” diýen gopgun gaty çalt ýaýrady. Goý, ol millionlap halklar, tä Hindistana çenli, hatda Hindistanyň özünde hem ak patyşany ýeňip bolmaýandygy we onuň gylyjynyň synmazdygy baradaky ynam össün. Ýogsam bolmasa general Lomakiniň şowsuzlygyndan soňra, tutuş Aziýada biziň gylyjymyzyň sarsmazlygy barada şübhäniň döremegi gürrüňsiz bolup biljekdi we ruslaryň abraýy, megerem, şübhe astyna düşerdi. Hut şonuň üçin hem biz bu ýolda saklanyp bilmeýäris. Ol halklaryň öz hanlary, emirleri bolup biler… Goý, halyf bolsun, ýöne ak patyşa halyfyň hem patyşasydyr. Hut şeýle ynamy hem ornaşdyrmalydyrys. Ol ornaşdyrylýar hem-de ýyl saýyn ösýär, bu biziň üçin örän zerur, çünki geljegi taýýarlaýar.» (27; 33-sah.) F.M.Dostoýewskiý bu işinde şol uruşlaryň nämä gerekdigi baradaky pikirini ösdürip, ýene şeýle diýýär. «Indi tas iki asyra golaý ýewropalylaryň bizi aziýaly saýyp gelmeginiň özi utançdyr» diýip, ol belleýär. Bu “utançdan” gutulmak üçin, ol şeýle diýýär: «Onsoň biz näme-nämeler etmeli welin, Ýewropa bizi özüniňki saýmaly, ýewropalylara degişli diýmeli, diňe ýewropalylara degişli, emma tatara degişli däl.» Rus ýazyjysy munuň sebäbini şeýle düşündirýär. “Türkler, semitler bize, arilere garanda, olar ruhy taýdan golaýdyrlar.» (27; 35-sah.) Ýazyjynyň bu pikirleri Sowet Soýuzynyň başky ýyllarynda giň köpçülige aýan däldi. O zatlary bilmek üçin, ýörite kitaphanalaryň arhiwini görmek gerekdi. Ahyrynda 1984-nji ýylda F.M.Dostoýewsikiniň eserler toplumunyň doly ýygyndysynyň 30 tomlugy “Nauka” neşirýaty tarapyndan çap edildi. F.M.Dostoýewskiniň şu pikirleri halk köpçüligine ýaýraýan döwürde Türkmenistanyň resmi ýolbaşçylary: “Türkmenler Russiýa meýletin birikdiler” diýen ideýany öňe sürüp, bu barada ýörite kitap çykarypdylar hem ýadygärlik daşyny oturdypdylar. Soňra bolsa şol pursady dabaralandyrjak ýadygärlikler toplumyny döretmegiň aladasyny etdiler. Çeşme: F.M.Dostoýewsjiý. Doly eserler ýygyndysy. 1984. tom 27. Ýanwar 13, 2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |