11:46 Soñlanmadyk aýdym | |
SOŇLANMADYK AÝDYM
Edebi makalalar
Şahyry şahyrdan tapawutlandyrýan zat onuň kitaplarynyň ady ýa sany däl. Okyjy ilki bilen goşgy setirleriniň gözelligine, akgynlylygyna üns berýär, ýöne ol diňe munuň bilen çäklenmeýär. Eger-de owadan setirleriň aňyrsynda çuň many, öz ýüregine ýakynlyk duýmasa, ol kitaby ikilenç eline almaýar. Okyjylaryň şahyry özüniňki hasap etmegi üçin olar goşgy setirleriniň aňrysynda urup duran ýüregiň gyzgynyny duýmaly. Şahyryň ýüreginiň urgusy hem okyjylary imrindirip ýa-da serpikdirip bilýär. Okyjyny owadan sözler, dilewarlyk bilen uzak aldamak mümkin däl. Okyjy elmydama, özi muny bilse-bilmese-de, goşgy setirleriniň aňyrsyndan şahsyýet gözleýär. Eger şahyryň şahsyýeti ulu, ýüregi sap bolmasa, okyjy muny iru-giç duýýar we onuň goşgularyndan sowaşýar. Käte büdür-südürräk goşgularyň okyjyny ýylmanak goşgulardan has beter özüne çekmesini-de diňe şunuň bilen düşündirip bolar. Käte entek ýokary kämillige ýetmedik setirleriň aňyrsynda gyzgyn ýüregiň howry duýulýar, tersine, kämil setirleriň aňyrsynda-da – gedem sowuklyk. Diňe sap ýürekden çykan sözler okyjyny özüne hemişelik bendi edýär. Okyjynyň goşgy setirleriň aňyrsyndaky şahsyýetiň kimdigini bilesi, ony tanasy, oňa bil baglasy gelýär. Owadan setirler, dilewarlyk bilen okyjynyň ynamyny gazanmak başardaýanda-da, bu uzaga gitmeýär. Iru-giç galplygyň üsti açylýar we adamlar owadan setirleriň arkasynda çyn şahyryň däl-de, eýse setir sazlamany, owadan gürlemäni öwrenen hünärmendiň ýatandygyny bilýärler. Diňe dörediji adamlar däl, eýse okyjylar-da mydama gözlegde. Olar täze şahyry, ýazyjyny özleri üçin ilkinji gezek açmaga höwesek. Kadaly ösýän edebiýatda okyjylar edebiýat meýdanyna gelen ýaş ýazyjy-şahyrlary ilkinji ädimlerinden synlap, döredijiligini yzarlap başlaýarlar. Ýaş şahyryň, ýazyjynyň zehinine irgözinden baha kesmäge çalyşýarlar, ondan şahyr, ýazyjy çykjagyny-çykmajagyny öňünden bilmäge ymtylýarlar. Onsoň günleriň birinde birdenkä ozal görülmedik, bilinmedik, tanalmadyk bir ýaş zehin orta çykýar. Ol ilkinji ädimden öz dogruçyllygy, ynsaplylygy, ahlaklylygy bilen okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Bu edil geljekde aýlawy baglajak bedewiň ilkinji gezek bäsleşige goşulandaky täsin duýgusyny döredýär. Atyň aýak urşundan hemmeler onuň ”hä” diýmän iň şöhratly bedewleriň hataryna goşuljakdygyny görýärler. Onsoň onuň ösüşine aýratyn üns berip ugraýarlar. Tejribeli synçylar ýaş atyň aýak basyşyndan, toýnak kakyşyndan many çykarýarlar, onuň aýlawy baglajak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar… Ýaş bedew öz geljegine uly umyt döredýär. Birdenkä-de bar güýji bilen çapyp barýn atyň ýürek damary üzülýär… …Ýaş sazanda ilkinji gezek eli tamdyraly märekäniň öňüne çykýar. Utanjaňlyk bilen birnäçe saz çalýar. Ol tolgunýar, azajyk aljyraýar, özüne agram salýar, şol sebäpden hem kümüş perdeleriň owazy aram-aram agsap gidýär. Ýaş sazandanyň eli perdeden perdä kebelekläp geçse-de, arasynda kümüş perdä degibräk gidýär, şirin owaza artyk notalar goşulýar. Emma sazdan baş çykarýanlar bu çalyp oturanyň iru-giç gaty uly sazanda bolup ýetişjekdigine onuň tamdyrany tutuşyndan, şelpe kakyşyndan aňyp otyrlar. Ýaş sazanda günbe-günden kämilleşip barýar, onuň sazy adamlary imrindirýär. Birdenem ol märekäniň gözünden hemişelik gaýyp bolýar… Duýdansyz gelen ajal ýap-ýaňyja parlap asmana galyp ugran algyr guşuň ganatlaryny gyrýar. Sazandanyň iň gowy, iň kämil sazlary çalynman galýar… Ýaş şahyr Aganyýaz Şallyýewiň goşgularyny okanymda meniň gözlerimiň öňünde hut şeýle gussaly görnüşler janlanýar. Al-asmana galkyp barýan algyr guşuň ganatlarynyň duýdansyz gyrlyşy dek, Aganyýazyň hem döredijiligi öz enaýy ugruny ýaňy belli edende, birdenkä ömri üzülýär. Ol edil çapyp barýarka ýüreginiň damary üzülen bedew kimin, duýdansyz gelen ajal sebäpli bu dünýäden biwagt ötýär. Aganyýaz neressäniň goşgularyny okanymda meni bir zat haýran edýär: ol gije-gündiz il-ulus, dogduk toprak hem özi hakda oýlanyp gezipdir. Onuň her setirinde ýaşaýşyň baky soraglaryna jogap agtarylýar. Ol ýaşaýyşyň iň inçe syrlaryny açmaga, olary şahyrana beýan etmäge ymtylypdyr, öz döwrüni ähli oňatlyklary hem ýetmezleri bilen dolulygyna akyl eleginden geçirmäge çalşypdyr. Ýaş şahyryň küýi-köçesi adamzat durmuşynyň ebedi meseleleri bolupdyr. Ol ile däl-de, ilki bilen hut özüne sabyr-takady hem kiçigöwünliligi ündäp, şeýle diýýär: Hem-ä ýanyp, hemem hiç kimi ýakman, Gezip bilen adam çyragdyr hökman. Ýokaryk dyzama, ýan-da, şugla saç, Goýmazlar çyrany ýokaryk dakman Ol “men gowy iş etdim, şonuň üçinem siz meni hökman depäňize götermeli” diýen pikirden daş duruň, gowy iş etseňiz, il-halk muny hökman görer, gadryňyz hem bilner diýýär. Aganyýazyň goşgularynda “men watanymy söýýän” diýen ýaly gönümel setirler ýok. Hakyky söýgini poeziýada beýle gönümel aňladybam bolmaz. Şahyryň öz il-ýurduna bolan söýgüsi eserleriniň süňňünden gelip çykmaly, diňe şonda ol okyjyny ynandyryp biler. Öz ýurduna garaýşy hakda gönüläp hiç zat diýmese-de, Aganyýazyň her setirinde dogduk topraga gyzgyn mähir duýulýar. Sebäbi diňe il-ýurduny tüýs ýürekden söýen kişi özi hem dogduk ili, döwri, gündelik durmuş hakda çynlakaý oýlanyp, dogruçyl pikirleri orta atyp biler. Ol pikirleri sagdyndan inçe duýga ýugrup goşgy setirlerine geçirmegi-de diňe şahyr ýürek başarar. Diňe sap ýürekli adam il-halkyň göwnüni awlajak dogruçyl hem şahyrana setirleri döredip biler. Aganyýazyň döwrümiziň iň beýik şahyry Gurbannazar Eziziň poeziýasyny köp okanlygy, ondan tälim alanlygy bildirýär. Belki, şonuň üçindir setirleriniň akgynlylygy, sazlaşygy, pikirleriniň çugdamlygy bilen Aganyýaz iň şowly goşgularynda G.Eziziň äheňine golaýlaşýar. Yşarat ýetik düşbä, Gürrüňleşýär öňňeler. *** Agaç gitse-de köýüp, Adam ýansa gowlanar. Bu sadadan ýürege ýakyn äheň türkmen poeziýasynda Gurbannazar Ezizden soň rowaç alypdy. Pikiriň çugdamlygy, äheňiň sagdynlygy, şahyryň pikiriniň aýdyňlygy we şol pikiri okyja nakyl derejesinde gysgadan düşnükli edip ýetirip bilmek öz köklerini Orta asyrlarda ýaşan we döreden klassyk şahyrlarymyzdan alyp gaýtsa-da, häzirki zaman türkmen poeziýasynda, elbetde, ol ilkinji nobatda G.Eziziň ady bilen baglanyşyklydyr. Elbetde, ýaş şahyr käte pikirlerini öz saýlap alan derejesinde poeziýa salmakda kynçylyk çekipdir. Zehinli adamyny-da ýaşlykda tejribesizlik kösäp bilýär. Zehiniň hakyky kämillige ýetmegi üçin, elbetde, wagt gerek. Iň ýiti zehinlere-de taplanmak üçin aý-ýyllar gerek, tejribe gerek. Arman, pelek Aganyýaz neressä-de, onuň zehinine maýyl okyjylara-da beýle bagty eçilmändir. Şonuň üçinem käbir goşgularda duşýan gowşaklygyň sebäbi okyja öz-özünden düşnüklidir. Aşakdaky setirlerde biz entek taplanyp ýetişmedik zehiniň önümini görýäris: Kesel ýaly yokuşýandyr saglygam, Ýaman ýaly ýokuşýandyr gowlugam. Bir beýigiň öýne ýa-da gabryna, Gabat gelseň baryp geç yüz ugruna. Bu dörtlemede şahyryň näme diýjek bolýany umuman düşnükli, ýöne entek pikir poeziýa derejesine ýeitirilmändir. Öňe sürülýän pikiriň okyja kynçylyksyz ýetmegi üçin dörtlemede kapyýalar-da, sözleriň ýerleşişi-de kämillikden has bärde galypdyr. Dogrusy, “saglyk” we “gowluk” sözleriniň kökleri asla kapyýalaşanok. Şonuň üçinem ýaş şahyr bu sözleriň goşulmalaryny kapyýalaşdyryp oňmaly bolupdyr. Bu bolsa, elbetde, dörtlemäni çeperçilik taýdan gowşadýar. Bu bellik “gabryna”, “ugruna” kapyýalaryna-da degişli. Grammatiki taýdan nädogry ulanylan “öýne” sözi-de okyjyny büdredýär. Umuman, döredijilikde bir aýdyň tendensiýa bar: kämilligi artdygyça, şahyr sözleri grammatiki taýdan ýalňyş ulanmakdan has berk gaça durýar. Sözleri grammatiki taýdan ýalňyş ýazmagyň hasabyna setirleriň bogun sanyny sazlamak, kapyýa ýasamak, umuman, kämilligiň alamaty däl. Beýle täri ussat ýazyjy-şahyrlar örän seýrek, diňe halys çykalgasyz ýagdaýda ulanýarlar. Uly şahyrlaryň bütin döredijiliginden sözleriň nädogry görnüşde ulanylyşyndan bary-ýogy bäş-üç sany mysal tapyp bolýar. Şahyr kämil boldugyça, onuň dili şonça-da düşnükli we düzüw, grammatiki taýdan dürs bolýar. Sözleri grammatiki taýdan ýalňyşly ulanmak isleseň-islemeseň-de, harsallygy, gyssanmaçlygy ýatladýar. Gowy ýeri Aganyýazyň goşgularynda bu nogsan kän däl, onuň öz setirlerini sünnälemegi söýendigi, bu meselede wagtyny, ömrüni aýamandygy bildirýär. Ýaş şahyr iň näzik duýgularyny, içki syrlaryny öz goşgularynda beýan etmäge ýykgyn edipdir. Onuňky ýöne bir goşgy ýazmak däl, ol poeziýa arkaly dünýä akyl ýetirmäge synanyşýar. Gowy näme, Erbet näme, Ýagşy näme, Ýaman näme, adamynyň beýik hem pes gylyklary nireden gözbaş alýar – ol şu zatlaryň jogabyny agtarýar. Şonuň üçinem onuň setirleri imrindirýär. Okyjy ol setirleriň şahyr ýüregiň çuňundan çogup çykýandygyny syzýar. Ýaş şahyryň öz gursagynda nähili duýgur, adalatly hem gyzgyn ýüregi göterip ýaşandygyna onuň galdyryp giden uly bolmadyk edebi mirasy bilen içgin tanşanyňda düşünýärsiň. Onuň özi-de kämillik hakda örän kän pikir öwrüpdir, kämilligiň durmuşdaky gymmatyna ol şeýle baha baripdir: Bir ynsanyň kämillige gelmegin, Çalyşmaryn dünyäň barja zadyna. Aganyýaz Şallyýewiň goşgularyny okanyňda geçen asyryň 60-80-nji ýyllar aralygyna dolanan ýaly bolýarsyň. Bu, elbetde, onuň goşgulary köne diýildigi däl. Ýok, ol goşgular täze döwrüň, XXI asyryň önümi. Ýöne goşgularyň ýürekdeşligi, mylaýym äheňi olary biziň döwrümizden geçen asyryň soňky çärýegindäki döwre golaýlaşdyrýar. Şol döwrüň iň gowy şahyrlarynyň eserlerindäki äheň bilen sazlaşýar. Öz manysy, pikiriň çugdamlygy boýunça Aganyýazdan türkmen poeziýasynyň iň gowy nusgalaryna deňleşmäge dalaş edýän käbir setirleri mysal almakçy. Eg başyňy, eý, Miweli pudak. Ýogsa miwäň üçin, Iýersiň taýak. *** Kimiň mazarynda dileg dilärsiň, Kimiňem dirisi dilege mätäç Kim ölükä diri ýaly peýdaly, Kimi dirikä öli ýaly bialaç. *** Biriniň-a garny aç, Biriniňem gözi aç, Birine-hä çäre bar, Birine-de ýok alaç. Şunuň ýaly aforizmleri ýatladýan şowly setirler Aganyýazyň goşgularynyň arasynda onlarça. Bu salykatlylyk, päkizelik, saldamly pikirler onuň döredijiliginiň häsiýetli tarapy. Olardaky ownuk-uşak ýetmezçilkler bolsa diňe şahyryň öz gysga ömründe bar güýji bilen ymtylan kämilligine entek ýetip bilmän, armanly gidenligini ýatladýan kemçiliklerdir. Aganyýazyň goşgularynda zeýrenç, öz döwrüňden nalamak ýok. Şol bir wagtyň özünde-de ol bu döwrüň nähili agyrdygyny ikileme goşgusynda takyk belläpdir: Agyr günler, gulçulyk hem kynçylyk, Derdim kändir, azaldy mümkinçilik. Agagnyýaz neresse poeziýanyň, hakyky döredijiligiň dogry ýoluna ymykly düşüpdir, şol ýoldan ädim urupdyr, öz topragyna, döwrüne şahyr gözleri bilen garap, gözüniň görýäninden netije çykaryp, ony şahyrana setirlere geçirmegiň hötdesinden gelipdir. Onuň setirleri päkize hem dogruçyl, ol setirleriň aňyrsyndan näzik hem şahyrana ýüregiň sap urgusy eşidilýär. Ýaş şahyryň döredijiligi özboluşly aýdym, arman şol aýdymyň öz ýokary çeküwine ýetmegine biwagt gelen ajal ýol bermedi. Zehinli ýaş şahyrdan öz iline soňlanmadyk aýdym galdy. Şonuň üçinem bu owadan aýdym diýseň gussaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||