12:56 Sosial mediýa aşa bil baglamañ | |
SOSIAL MEDIÝA AŞA BIL BAGLAMAÑ
Jemgyýetçilik tankydy
Ebru Timtikiň ölümi baradaky habaryň aşagyna ýazylan teswirlerde we bu ajy habar bilen baglanyşykly paýlaşylan bloglarda toparlanşygyň ýa-da gözegçiliksiz ýigrenjiň çäklerini aşýan warwarlygyň mysallaryny gördük. Internetde kimdir biriniň ölümine aýdylmagy uly günä hasaplap boljak gaty erbet zatlar ýaýrady. Şu hepdäniň başynda “Medyascope”-däki “5 sowal, 10 jogap” gepleşiginde “Agzybir ýaşamag-a beýlede dursun, bir ýerde bile durmaga takaty ýetmeýän köp jemgyýetli (agzala) ýurda öwrülendigimizi” aýdypdym. Her gün diýen ýaly muňa güwä geçip biljek birnäçe mysallara gabat gelýäris. Biri-birleriniň şatlygyna, gynanjyna, aladasyna, arz-şikaýatyna bigäne, biri-biri bilen ýakyndan gatnaşasy gelmeýän ýapyk toparlar emele gelýär. Bu ýagdaý üzňeleşmeler we ýapylmalar bilenem çäklenmän, garşylyklaýyn agressiwlige meçew berýän we ýykgynçylyk döredýän tutumlary-da möwjedýär. Erbetligiň şular ýaly “giň gerimde ýaýylmagyna”, bu gabahatlyga deň şäriklik edýänleriň köpelmegine aýratyn uly üns berilýär. Toparlaşdyrmagyň “üstünlikli” köpçülikleýin we syýasy netijeleri gazanmagy gapma-garşylygyň saýlawlara edýän täsirinden yabarat däl. Ýagny toparlanşyk üçin aýratyn jan edýänler, muňa meçew berýänler, munuň arkasyndan öz töwereginde jemlenen jemendeleri saklany bilenem, özlerine berilen goldawdan yňdarma tarapdar toplany bilenem çäklenmeýär. Çünki olar bu geldi-geçer şama-şaýyrdylaryň uzak wagta çekmeýändigini gowy bilýärler. Şonuň üçinem özlerini goldaýanlaryň passiw tarapdar bolmak bilen bir hatarda alyp barýan ýaramaz syýasatlarynyň gönüden-göni şärikdeşi bolmagyny, onuň jogapkärçiligini çekmegi, ýaňadan gaýtalap ulaltmagyny isleýärler. Jenaýata, dürli bidüzgünçiliklere we hapa işlere şärikdeşlik bilen gurnalan tutanýerlilik aslynda toparlaşdyrma syýasatynyň şu günki gün açan zady däl. Ähli jenaýatçylykly toparlar, dürli bikanun toparlar, her tüýsli (dini) jemagat toparlanmalary agzalaryny we tarapdarlaryny özlerine “baglamak” üçin olary “etmişe” iterýär. Mafiýa giriş proseduralarynda, gizlin jemagat inisasiýa müddetlerinde, topar ierarhiýasynda iň güýçli baglaýjy hemişe “etmişe şärikdeşlikdir.” Iňňän möhüm maksatly ýa-da iňňän girdejili iş üçin görnetin we meýletin erbetligi saýlamak, oňa şärikdeşlik etmek, sessiz gatnaşmakdan has täsirli agzalyk bolup durýar. Adalatyň gözleginden linç kampaniýalaryna, goldaw-hemaýat gatnaşyklaryndan syýasy aralyksyz awlaryna çenli hemme zadyň serişdesine öwrülen sosial mediýada bu zatlara hasam gowy syn edip bolýar. Trollingler diňe galmagal turuzyp, köpçüligiň ýüregini bulap ýa-da adamlaryň ünsüni sowup oňaýanoklar. Olaryň esasy etmeli işi – bir ýaramaz pikiriň, bir bet pygylyň, ullakan masgaraçylygyň tohumyny atmak, meçew bermek we ony öz islän taraplaryna gönükdirmekdir. Bu şeýle bir wajyp, şeýle bir täsirli rol welin, tanalýan syýasatçylar, ýerli ýolbaşçylar muňa ilgezik bolýarlar, muňa utanmagyň deregine buýsanýarlar. 2015-nji ýylyň 7-nji iýuldan 1-nji noýabra çenli aralykda professor Nejmi Erdogan şu setirleri ýazdy: “Türk jemgyýetini” bir ýere jemleýän pozitiw etiko-syýasy özen ýok bolsa, bir ýere jemleýän zat näme? Meň pikrimçe ýeke-täk jogap bolmasa-da, muňa berip boljak bir esasy jogap bar: “etmiş şärikdeşligi”. Ýer ýitremesiniň yzysüre “şol-a bolaýypdyr” diýip kürt ildeşlerimize içine daş doldurylan sellofan torbalaryň (paketleriň) ugradylmagy ýa-da bombaly teraktda gurban bolanlara görkezilen edepsiz hereketler hem muňa mysal hökmünde sanalýardy. Häzir bolsa linçden başlap her dürli jenaýatçylykly hereketi mazamlamaga het edýän giň repertuaryň sosial medýada sahnalanyşyna şaýat bolup durys. Mysal daşdan gözlemek gerek däl: aklawjy Ebru Timtik adalat we adyl sud talap edendigi üçin ömrüni pida etdi. Köp sanly hukukçynyň bileleşişi ýaly, galp şaýatlaryň görkezmelerine we delillerine esaslanýan sud edaralary, jogapkärçilikden boşatmak baradaky öz çykaran kararyny şol günüň özünde üýtgedip bilýän kazylar, derňew prosesini iki tarapa-da deň ýagdaýda alyp barmaýan ýokary sud, derňew prosesini synlap duran ähli sud edaralary, “Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym...” edip gulaklarydyr gözlerini ýumýan hemmeler bu ölüme azda-kände goşantlaryny goşdular. Emma hemmämiz jem bolup ölümine bent bolmadyk ýaş aklawjymyzyň ýitgisinden duýuljak gynançdyr, utanjy soňky bolup geçen wakalaryň eýmençligi we ýürek bulanjylygy basybildi. Bu ajy habaryň aşagyna ýazylan teswirlerde we bu habar bilen baglanyşykly paýlaşylan bloglarda toparlanşygyň ýa-da gözegçiliksiz ýigrenjiň çäklerini aşýan warwarlygyň mysallaryny gördük. Internetde kimdir biriniň ölümine aýdylmagy uly günä hasaplap boljak gaty erbet zatlar ýaýrady. Ýogsam bolmasa, ähli dini ynançlarda we adamkärçilik kada-kanunlarynda (hatda Jenaýat kodeksinde-de) söz ýa-da hereket arkaly merhuma gönükdirilen agressiw hüjümler etmişi agyrlaşdyrýan hususlar hasap edilýär we oňa has agyr jeza göz öňüne tutulýar. Bagyr awusyny göterýän enelerimize garşy meýdanlarda köpçülikleýin sözli hüjümleri etdirmek bilen başlan döwürde ölülere, mazarlara zyýan ýetirmek adaty zat boldy we sosial mediýa munuň aç-açan sergilenýän arenasyna öwrüldi. Ýakyn günlerde Kadyköýde polisiýa işgärleriniň eden-etdiçilikli hereketlerine uçran zenan babatda hem şeýle boldy. Bimaksat agressiw hereketleri sebäpli işden çykarylan polisiýa işgärleri garşylyklaýyn sosial mediýa hüjümleri arkaly weziplerine gaýdyp geldiler. Zenan zorlan jenaýatkäriň tussag edilenden soň jogapkärçilikden boşadylyşynda-da birmeňzeş ýagdaýlar gaýtalandy. Sosial mediýanyň tradision mediýanyň alternatiwi bolup biljekdigi baradaky pikiri we diňe “ýagşyny” kyn ýagdaýa salyp biljek hoşniýetliligini peseldýän mysallaryň sany barha köpelýär. Bolmanda-da jemgyýetiň (köpçüligiň) we agalyk edýän atmosferanyň doly daşynda bolmagy üçin hiç hili tutaryk ýokdy. Käbirleri agramyny gijräk duýup, az-owlak haýal girdi. Bar bolany. Sosial mediýanyň has giň gatlaklary “etmiş şärikdeşligine” iterme mehanizmi “faşizmiň söz sözleme mejburylygyna” çalym edýär. Gysyşlaryny köpçüligiň goldawyna we talabyna baglanyşdyryp kanunylaşdyrýanlar diňe sessiz-üýnsüz oturaýanoklar. Olaryň aparýan işleriniň nägilelige uçramazlygy ýa-da nägilelik bildirip biläýjekleriň ýumdurylmagyny makullamak ýeterlik däl. Olar edýän işleri üçin ýokary derejeli alkyşa, hatda çakdanaşa goh-galmagala, güwwüldä mätäçlik duýýarlar. Söz sözleme mejburylygyna meýletin eýerýänler “Allanyň bagyşlajak” gözboýagçylygynyň däl-de, aç-açan şärikdeşligiň obýekti bolýarlar. Bütin dünýäde we Türkiýede bolup geçýän käbir üýtgeşmelerde oýnaýan roly sebäpli, “öz-özünden” pozitiw aýratynlyk gazanýandygyna ynanylan sosial mediýa wagtlaýyn üstünlik we alynan oňyn netijeler arkaly düýpgöter başga dünýä gurup bilmedi. Nire näderejede erbet bolsa, bu ýerem şoderejede erbet, kim näderejede gowy bolsa, bu ýerdäkilerem şoderejede gowy. Hatda hakykatyň has aňsat ýollar bilen ýoýulýandygy we geldi-geçer şama-şaýyrdylygyň edermenlik saýylýandygy üçin has beter howply bolubam biler. Şonuň üçinem hakyky dinamikalara täsir edip biljek we hemaýat etjek derejede ähmiýeti bolan sosial mediýa şondan artyk missiýa ýüklemek samsyklykdyr. Kemal JAN. kcan@gazeteduvar.com.tr | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |