Şular ýaly balakda surata düşen kakam pahyryň suratlary bar. Her döwrüň öz modasy bar, seredip otursaň gülkünç. Ýöne her döwrüň modasy bar. Dogrymy aýtsam şol modalara men-ä goşulmadym. Hiç wagt paratny eşik edip jinsi geýmedik (iş eşik hökmünde geýýän). Biz dokuzunjy klaskak gyzlar eginlerniň aşagynda maçalka goýup eşik tikdirerdiler (adyna-da birzat diýýädiler) metirke bn iki eňnini ölçeseň ýarm metr gowrak bolar. "Göroglyň egni ýaly" diýip, ýaşuly mollumymyz aýdardy. Soň bizden ýaşyrak ýaşlar moda etdi. Balakagy (iki satanynyň aýrylyşýan ýeri) aşakda. Agam ogluna sögerdi "Balagyna syçan ýaly bulup" diýip. Soň gelinler topby daňyp ugrady, kellesine bedire geýen ýaly. Aý garaz moda-da.
Soňky döwür bizde, diňe bizde-de däl, öňki Soýuza giren goňşy ýurtlarda-da şu suratdaky döwüriň modasynda aýdymlara klip almak moda boldy... Käbirler-ä erbedem däl... "Täzelik - ýatdan çykarylan könelik".
Hawa, özbek aýdymçylary Azada Nursaidowanyñ, Hamdam Sabirowyñ soñky klipleri ("Kök Žiguli", "Lada", "Jawohir", "Malohat", "Janze" we ş.m.) durşuna sowet nostalgiýasy... Adamlar şugünki durmuşyñ kynçylyklaryndan kejikýär, ertirki günde hiç hili umyt yşygyny görenok. Şeýdibem öñki sowet durmuşynyñ hakydalarda galan ýakymly ýatlamalarynyñ gaýdyp gelmegini isleýärler. Ýagdaý şundan ybarat... Ady tutulan aýdymçylaryñ youtube hasaplarynda goýan şeýle klipleriniñ prosmotrynyñ 100-200 milliondan geçmegi hem munuñ şeýledigini görkezýär.
* * *
Ol döwrüñ adamlarynyñ ýüzleri nähili ýagty... Şol döwürde ýaşaýasyñ gelýär.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]