O döwürler Özbek millet zenanlary şeýle geýindilermika? Zordan jyklaşyp otyrlar. Bolup biler. Buhara, Hywa, Samarkant, başga-da yslamy ýerler bu görgüli zenanlara zulum baryny ýagdyrandyr. Biziň öz Türkmen zenanlarymyzyň şo döwür däl, has irki, ýagny 19-njy asyryň ahyrlaryndaky suratlaryna seretseňem başlary açyk. Asyl şu döwürdenem üýtgän zatlary ýok. Her ýeriň öz döwri diýen ýaly.
Ýöne, siňe synladym welin, tahýany gaty inçe sungat bilen tikipdirler. Owadan tahýalar. Öz tahýamyzdan üýtgeşik tarapy, bulaňky dört burçrak gidýär, (wosmoklinika papak diýlişi ýaly) dört klinika. Biziňkiler diňe togalak gidýär.
Özbeklerde erkek adamlaryň tahýalarynyň nagyşy birmeňzeş, ýöne aýallarynyňkyda tapawut bar, özem her bir welaýatyňkyda özboluşly aýratynlyk bar. Özbegistan ozalky SSSR-niň düzümine girmänkä dogrudanam olarda aýallar şeýle geýinýär ekenler. men muny aýtmagymyň sebäbi özbek teleýaýlymlaryna tomaşa edenimizde taryhy kinofilimlerde, dokumental filmlerde şeýle geýinýändiklerini kän gezek gördüm. Olarda 19 asyryň başlaryna çenli Hywada, Buharada, Samarkatda medreseler köp bolupdyr we ol medreselerde esasan dini ylym berilipdir. şeýle geýinilmeginiň sebäbi hem şon dini bilim berýän okuw jaýlarynyň täsiri bolmagy mümkin.