18:18 Söýmek näme? | |
SÖÝMEK NÄME?
Goşgular
Söýmek näme - Adam edip aýak üste galdyran Ataňa-eneňe hormatyň goýmak. Söýmek näme, eziz jiger perzendiň Kalbyň bilen mähriňe çoýmak. Hyjuw bilen yhlas edip, der döküp Mele topraga zähmetiň çaýmak. Bu durmuşda öwrenip hem öwredip Ejize arka bolup kömegiň ýaýmak. Wepalylyk, agzybirlik edebiň Özüňi süýt bilip dostuňam gaýmak. Mekdep bolup her bir ynsana Ahlak mertebesin gursaga guýmak. Söýmek näme, bu älemi döreden Beýik Ýaradanyň gudratyn duýmak. Kalbyňda arassa ynamyň bilen Diniňe, imana, ahlaga uýmak. Söýmek näme, bu owadan dünýäniň Ýokdur, eşretinden hiç haçan doýmak. Söýgi atly şu ajaýyp duýga Meniň pikirimçe şeýleräk diýmek. Awtory: Ependi. Ýalňyşlyklar bar bolsa aşakda ýazyň agalar, haýyşym. Çünki entek kämil däl. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |