22:16

Şaja Batyrow aradan çykdy...

Taryhda şu gün
Категория: Taryhda şu gün | Просмотров: 600 | Добавил: Haweran | Теги: Şaja Batyrow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Taryhda şu gün bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Garadag  
128
Şaja Batyryň doglan obasynyň adyny gowy gördüm. Deşt obasy.

0
2 MURGAP  
1401
Kerim aganyñ Şaja Batyrowyñ ölimi hakynda ajaýyp goşgusy bolmaly.
"Sen bize nahili ýaşamdygyn däl,
Nahili ölmeldignem öwredip gitdiñ".
Goşgy ýalnyşmasam şeyle jemleýän bolmaly.

0
3 Хезретгулыев  
1504
Men häzir kapyýa tapyp biljek däl,
Ýürek rahat gerek kapyýa üçin.
Men hazir bogazma dolan gaýgymy
Ýöne ak kagyza geçirip goýjak.
Beýle wagt kapyýa nämä ýaraýar?
Onsoňam, durmuşda Seniň özüň hem
Diňe bir kapyýa gözläp gezmediň,
Sen durmuşdan uly mazmun gözlediň.
Kapyýalar bolsa uly mazmunyň
Gudratyndan ýaňa özi dörýärdi.

Ýaňam Sen agaçdan tribuna münüp,
Halkyňa seredip, dür saçyp durduň,
Indi Sen agaçdan tabyda girip,
Okara gözlerňi ýumup ýatyrsyň.
Tabydyňam äpet öz göwräň ýaly,
Ol tabyda göwräň zordan ýerleşýär.

Ynha, häzir şol tabydyň daşynda,
Birimiz buz örýas Seniň daşyňa,
Birimiz gül örýas Seniň daşyňa,
Ýaňy kümüş seçen gara başyňa
Ýüzläp adam, müňläp adam garap dur.

Janyň sagat wagty şunça il bolup,
Seniň saglygyňy goran bolsadyk,
Onda Sen tabydyň içinde bolman,
Tabyt Seniň peçiň içinde bordy.
Ýöne şeýdip goraýmakçy bolsagam,
Sen bize özuňi goratdyrmazdyň.
Ajaýyp adamlaň ykbaly şeýle.

Olar öz saglygyn goratdyrmaýar,
Olar iliň saglygyny goraýar.
Soňky demindekä ýanyna barsaň,
Ilki bilen öz saglygňy soraýar.
Ajaýyp adamlaň ykbaly şeýle.

Senem saýlap aldyň şeýle ykbaly.
Sen göreşdiň, Göreşmegi öwretdiň,
Sen işlediň. Işlemegi öwretdiň,
Sen ýaşadyň, Ýaşamagy öwretdiň.
Sen diňe nähili ýaşamagy däl,
Nähili ölmegem öwredip gitdiň.

0
4 Kovalevskiy  
1521
Gowy adamlar hakykatdan-da durmuşdan ir gidýärler. Emma olar öz eden haýyrly işleri bilen ençeme adamlaryň kalbynda ýaşaýarlar. 1965-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda 58 ýaşynda bu ýagty jahan bilen hoşlaşan Batyrow Şaja Batyrowiçe üstümizdäki ýyl 58 ýyl bolýar. Gowy adamlar hemişe ýagşylykda ýatlanýandyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]